Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Halifa Bin Ahmad Al Suwaidini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
Wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ilçi milli Liderimize Katar Döwletiniň Emiriniň mähirli salamyny ýetirdi. Şunda ol iki dostlukly ýurduň arasynda geçen ýyllaryň dowamynda emele gelen netijeli gatnaşyklary dowam etmäge we giňeltmäge aýratyn gyzyklanmanyň bardygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz öz gezeginde Katar Döwletiniň ýolbaşçysyna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, ilki başdan deňhukuklylyk, özara hormat we erk-isleg ýörelgelerinde guralýan döwletara gatnaşyklarynyň netijeli häsiýetini belledi.
Duşuşygyň barşynda dürli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň geljegi hakynda pikir alşyldy. Türkmenistanyň we Kataryň giň gerimli özara bähbitli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklamak bilen, döwlet Baştutanymyz we myhman söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmekde, haryt dolanyşygyny artdyrmak, energetika howpsuzlygy, üstaşyr-ulag geçelgeleri babatda, sport hem-de syýahatçylyk ulgamlarynda we beýleki ugurlarda netijeli işewür gatnaşyklaryny giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Şeýle hem ösýän gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup durýan ynsanperwer-medeni ulgamda däbe öwrülen gatnaşyklary hemmetaraplaýyn berkitmegiň ähmiýeti nygtaldy.
Hormatly Prezidentimiz we Katar Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hoşlaşanlarynda döwletara gatnaşyklarynyň täze mazmun bilen baýlaşdyrylyp, geljekde hem iki halkyň bähbidine pugtalandyryljakdygyna we giňeldiljekdigine ynam bildirdiler.