17.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

2014-nji ýylyň ylym-bilim ulgamy.

Häzirki zaman şertlerde islendik döwletiň üstünlikli ösüşi ozaly bilen, bilimiň we ylmyň ösüş derejesi bilen kesgitlenýär. Şonda jemgyýetiň intellektual mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak möhüm şert bolup durýar. Öňdebaryjy ylmy gazanylanlary peýdalanmak bolsa ösen döwletleriň hereket etmeginiň aýrylmaz şertidir. 

Galyberse-de, ykdysady taýdan ösen ýurtlaryň bir tarapdan düýpli we amaly barlaglary geçirmek babatda, beýleki tarapdan bolsa olaryň netijelerini önümçilige ornaşdyrmak babatda öňdebaryjylygy gazanmaga ymtylmasy täze döwrüň tapawutly aýratynlygy, häsiýetli alamaty bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Baştutanynyň häzirki zaman türkmen ylmyny işjeň ösdürmek başlangyjy ýurdumyzy innowasion tehnologiýalary işläp taýýarlaýjynyň ornuna dalaşgärleriň hataryna çykarmak bilen çäklenmän, eýsem, durmuş-ykdysady ähmiýete eýe bolýar. 

Hormatly Prezidentimiz, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, ykdysady ylymlaryň we lukmançylyk ylymlarynyň doktory Guranguly Berdimuhamedowyň „Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň döwlet kadalaşdyrylyşy” atly giň göwrümli ylmy işinde belleýşi ýaly, „iň öňdebaryjy tejribeleri özüne siňdiren häzirki zaman jemgyýetiniň hakyky gymmatlygy baýlyklarda däl-de, adamlarda, olaryň ylmynda, biliminde, hünär derejesinde hem-de zähmetiniň netijesinde jemlenýär”. Şu nukdaýnazardan, milli Liderimiziň döwleti gurnamak, dolandyrmak we ösdürmek baradaky ylmy pragmatizme ýugrulan taglymatynda esasy orun innowasiýalara we bilimlere esaslanan ykdysadyýetlere berilýär. Sebäbi aýratyn ýurduň halk hojalyk toplumynyň ýa-da dünýä ykdysadyýetiniň hil taýdan täze derejelere çykmagyna ylmyň täze ugurlarynyň, ýokary tehnologiýaly pudaklaryň, nazary, amaly ylymlaryň we innowasion tehnologiýalaryň ösmegi gönüden-göni täsir edýär. 

Ylma döwlet tarapyndan berilýän goldaw ýylsaýyn giňelýär, geljegi uly barlaglary, tejribe-synag we tehnologik işleri maliýeleşdirmek gowulanýar. Döwletimiz ylmy işleri ösdürmek we barlaglaryň gerimini giňeltmek, ylmy-barlag işleri toplumlaýyn geçirmek we olaryň netijelerini tejribä ornaşdyrmak üçin zerur bolan ähli şertleri döredýär. Ylmy edaralaryň we ýokary okuw mekdepleriň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär, olaryň işine täze maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary, şol sanda Internet arkaly maglumatlaryň dünýä bazasyna we elektron kitaphanalaryna ýokary tizlikli elýeterlilik giňden ornaşdyrylýar. 

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda şu ýylyň 12-nji iýunynda Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi ulanmaga berildi. Bu merkez ýurdumyzyň innowasion ykdysadyýetini emele getirýän esasy düzüjileriniň biridir. 

Tehnologiýalar merkezi adam kapitalyny we “bilimleriň ykdysadyýetini” ösdürmäge, Türkmenistanyň ykdysady we tehnologik howpsuzlygyny üpjün etmäge ýardam berip, ylmy çözgütleri, amaly işläp taýýarlamalary we olary önümçilige ornaşdyrmagy bir bitewi ulgama birleşdirýän esasy edara bolup durýar. 

Tehnologiýalar merkeziniň çözgütleri bir bütewi ulgamy emele getirýän ylmy-barlaglaryň, tejribe-konstruktorçylyk, tejribe-tehnologik, marketing barlaglaryň we utgaşykly alnyp barylýan beýleki işleriň geçirilmeginiň netijesinde taýýarlanylýar. Onuň düzümine ylmy-barlag barlaghanalar, taslama-konstruktorçylyk, patent-maglumat bölümler, tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak we beýleki bölümler girýär. 

Merkeziň barlaghanalarynda bio-, nano-, maglumat we himiýa tehnologiýalar ulgamynda toplumlaýyn barlaglar, maddalary fiziki-himiki taýdan düýpli öwrenmek, biomateriallary, uglewodorod çig mallary molekulýar we atom derejede derňemek bilen bagly ylmy işläp taýýarlamalar amala aşyrylar. 

Şeýle hem 12-nji iýunda Tehnologiýalar merkeziniň uly maslahatlar zalynda “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ylym, bilim ulgamynyň wekilleri bilen bir hatarda, dünýäniň dürli döwletleriniň 50-den gowragyndan alymlar we hünärmenler gatnaşdylar. 

Bölümler boýunça geçirilen mejlisleriň barşynda täze ylmy işleriň netijeleri bilen tanyşdyryldy, ylmy jemgyýetçiligiň ünsüne mynasyp bolan özboluşly pikirler we nazaryýetler öňe sürüldi, Bilimler we tehnologiýalar ulgamynyň dünýä meýillerine, ykdysadyýetiň we önümçilik pudaklarynyň öňünde durýan wezipeleri çözmekde ylmy-tehnologik merkezleriň tejribesine garaldy. 

Halkara nebit we gaz uniwersitetinde “Energetikada, himiýa we ýangyç senagatynda, maglumatlar-kommunikasiýa ulgamynda innowasion tehnologiýalar” diýen bölüm boýunça işler geçirildi. Bu bölümde edilen çykyşlarda köp ýurtlaryň ylmy-barlag we tejribe-gurluş merkezleriniň üstünlikli amala aşyrylan taslamalaryna, şol sanda ekologik taýdan howpsuz bolan täze materiallary, şeýle hem ylmy işleri köp talap edýän önümçilik işlerini alyp barmak üçin gurallary işläp taýýarlamak bilen bagly taslamalara seredildi. 

Alternatiw energetikasyny ösdürmek, şol sanda gün energiýasyny peýdalanmak, geljegi uly bolan bu pudak üçin iri möçberli önümçilikleri döretmegiň mümkinçilikleri maslahata gatnaşyjylaryň sereden esasy mowzuklarynyň biri boldy. 

Şeýle hem seýsmiki taýdan durnukly gurluşyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, hususan-da, türkmen paýtagtynyň mysalynda beýleki birnäçe döwletlerde şunuň bilen baglanyşykly wezipeleri çözmegiň tejribelerine garaldy. 

Dürli ugurlarda informasion tehnologiýalara degişli çykyşlaryň uly toplumy bagyşlandy. Bu babatda Aşgabat şäherinde täze Tehnologiýalar merkeziniň binýadynda Tehnologiýalar transferiniň Merkezi Aziýa platformasyny döretmekde, şeýle hem maglumatlar meýdançasy hökmünde intellektual eýeçiligiň Merkezi Aziýa biržasyny guramakda Türkmenistanyň eýeleýän ornuna garaldy. 

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde maslahata gatnaşyjylar tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak we ekologiýa işleri hem-de obasenagat toplumynda innowasion tehnologiýalar meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. 

Daşary ýurtly alymlar tarapyndan Türkmenistanda Ýeriň täsin ekoulgamlary hökmünde çölleriň ylmy-tehnologik klasterini döretmek teklibi öňe sürüldi. Çykyşlaryň birnäçesi dünýäde howanyň üýtgeýän şertlerinde klimatalogiýany ösdürmegiň möhüm meselelerine bagyşlandy. Maslahata gatnaşyjylaryň nygtaýşy ýaly, ösýän düzümli Türkmenistan hem-de howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmek boýunça Sebitara merkez bu ugurda hünärmenler üçin we halkara hyzmatdaşlygy üçin özüne çekýän ýere öwrülip biler. Şol merkezi döretmek başlangyjy bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir. 

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda “Lukmançylyk we dermanlaryň öndürilişi” diýen bölüm boýunça mejlis geçirildi. Bu ýerde kliniki lukmançylyk we derman önümçiligi babatda ýöriteleşdirilen esasy ylmy merkezleriň we institutlaryň ylmy- barlaglarynyň we innowasion işleriniň netijeleri bilen tanyşdyryldy. 

Täze tehnologiýalary lukmançylyk işine, innowasion derman serişdelerini işläp taýýarlamaga, keseli anyklaýyş enjamlaryň önümçiligine hem-de saglygy goraýyş üçin IT-çözgütlerine ornaşdyrmak bu bölümde çykyşlaryň içinden erş-argaç bolup geçdi. Maslahata gatnaşyjylar Aşgabat şäherinde Tehnologiýalar merkeziniň açylmagy lukmançylyk ylmyny ösdürmekde uly ädim boldy diýip bellediler. Täze merkeziň binýadynda diňe saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin innowasion çözgütler synagdan geçirilmän, eýsem, ýokary lukmançylyk mekdebiniň özboluşly tehnologik kafedrasynda işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak işleri hem geçiriler. 

Dünýäniň ylmy bileleşiginiň wekilleri öz türkmen kärdeşleri bilen bilelikde Türkmenistanyň ýaş alymlarynyň we talyplarynyň arasynda geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyna hem gatnaşyp, ylmy hereketiň işjeň ösýändiginiň şaýatlary boldular. Şol hereket bolsa Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini, türkmen halkynyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyny ugur edinýär. 

Häzir bu merkeziň alymlary milli ykdysadyýetimiziň durli pudaklarynda ylmy işleri köp talap edýän wezipeleri çözmäge işjeň gatnaşýarlar. Asfalt-beton örtüklerinde kükürdi ulanmak; halk hojalygynda kükürdi peýdalanmagyň tehnologiýalaryny işläp düzmek, ýerasty suwlarynyň, nebitiň, gazyň, kondensatyň we dag jynslarynyň düýpli barlagyny geçirmek; Türkmenistanda ösýän dermanlyk ösümliklerinden öndürilýän dermanlyk serişdeleriniň klinika çenli barlaglaryny geçirmek; ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilýän gowaçanyň, gawunyň we beýleki ekinleriň sortlarynyň we düzüminiň arassalygyny öwrenmek, “Altyn asyr” Türkmen kölüniň suwuny peýdalanmagyň tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak; ýurdumyzyň geografik maglumatlar ulgamyny döretmek; ýerli çig maly peýdalanmak bilen oda durnukly serişdeleri öndürmegiň ylmy esaslaryny işläp düzmek – ine, şular milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň alymlarynyň öňünde goýan wezipeleriniň doly bolmadyk sanawy bolup, alymlar olary halk hojalygynyň dürli pudaklaryny mundan beýläk-de üstünlikli ösdürmek maksadynda çözýärler. 

Şu ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň mejlisler zalynda “Energiýanyň dikeldilýän çeşmelerini ulanmakda innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahat geçirildi. 

Iki günlük maslahata türkmen tarapyndan hünärmenler, bilermenler, görnükli alymlar, professorlar gatnaşdylar, olar Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň pudaklaýyn ylmy-barlag institutlaryna, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine, ugurdaş döwlet düzümlerine wekilçilik edýärler. Gatnaşyjylaryň hatarynda “Türkmengaz”, “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleri, Gün energiýasy instituty, Seýsmologiýa instituty, Türkmenistanyň Biologiýa we derman ösümlikleri instituty, Himiýa instituty we beýlekiler bar. 

Maslahata gatnaşmak üçin Aşgabada gelen köpsanly daşary ýurt wekiliýetleriniň düzüminde Russiýadan, Belarusdan, Bolgariýadan, Ýaponiýadan, Koreýadan, Latwiýadan, Eýrandan, Fransiýadan we beýleki ýurtlardan alymlar, ylymlaryň kandidatlary, professorlar, inženerler, daşary ýurt ylmy we ylmy-barlag institutlarynyň, edaralarynyň, ugurdaş guramalarynyň tehnologlary, bilermenleri we pudaklaýyn kärhanalaryň, kompaniýalaryň hünärmenleri bar. 

Türkmenistan energiýanyň dikeldilýän çeşmelerini giňden peýdalanmak üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýedir. Bu bolsa senagatyň daşky gurşawa we adam saglygyna zyýanly täsirini, daşky gurşawa zyňyndylaryň möçberini peseltmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzyň milli ylmynyň dünýä ylmy giňişligine goşulyşmagy bu ugurda ylym we tehnologiýalar ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmekde we pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýedir. 

Hormatly Prezidentimiz şu ýyl 20-nji oktýabrynda Türkmenabatda geçirilen Ýaşulularyň maslahatynda: „Ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, biz Ylymlar akademiýasynyň garamagynda innowasion ugurlar boýunça bilim berjek inžener-tehnologik uniwersiteti döretmegi göz öňünde tutýarys” diýip belledi. 

Türkmenistanyň inžener-tehnologik uniwersitetiniň açylmagy milli ykdysadyýetiň mundan beýläk hem ösmegi üçin uly itergi bolar. Häzirki wagtda alymlaryň hünärini ýokarlandyrmak, dünýäniň iri ylym-bilim merkezleri, halkara guramalar we gaznalar bilen uzakmöhletli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin mümkinçilikler görnükli artdy. Muňa, hususan-da, Aşgabatda hem-de welaýatlaryň merkezlerinde yzygiderli geçirilýän halkara maslahatlar, sergiler, ylym işgärleriniň we terbiýeçileriň duşuşyklary şaýatlyk edýär. Olara dünýäniň dürli ýurtlaryndan köpsanly myhmanlar işjeň gatnaşýarlar. 

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň esasy wezipeleriniň biri düýpli we tejribe ähmiýetli ylmy-barlaglary höweslendirmek, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň gaýragoýulmasyz wezipelerini çözmäge gönükdirilen has möhüm ylmy-barlaglary gyradeň geçirmek bolup durýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň goldawy netijesinde ylmy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary boýunça geçirilýän ylmy-barlag işleri döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýär. 

Türkmenistanda toprakdan we suwdan aýawly peýdalanmak, ekin dolanyşygyny kämilleşdirmek we ekinleri etraplar boýunça paýlamak, ylmy esasda oba hojalyk ekinleriniň /pagta, däne ekinleri we beýlekiler/ hasyllylygyny ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleri kämilleşdirmek, Aral we Hazar deňizleriniň, Garagum çölüniň, Köýtendagyň ekologiýasyny, “Altyn asyr” Türkmen kölüniň hem-de onuň zeý akabalarynyň töweregindäki ösümlik we haýwanat dünýäsiniň bioköpdürlüligini ylmy esasda öwrenmek, oba hojalygy, ulag we aragatnaşyk pudaklary, şähergurluşygy we beýleki ulgamlar üçin geografik maglumatlar ulgamyny döretmegiň ylmy ensaslaryny işläp taýýarlamak, ýurdumyzyň tebigatyny goramak, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak, ýerli çig maldan senagat we durmuş ähmiýetli önümleriň önümçiligi, ekologiýa taýdan arassa, galyndysyz, energiýa we serişde tygşytlaýjy tehnologiýalary işläp taýýarlamak, täze usullar esasynda nebithimiýa önümlerini, gazy, mineral serişdeleri gaýtadan işlemek boýunça tehnologiýalary döretmek, keselleriň öňüni alyş, olary anyklamak we bejermek, senagatda, energetikada, ekologiýada düýpli meseleleri çözmek – ýurdumyzyň akademiki, pudaklaýyn hem-de ýokary okuw mekdepler bilen şu we ençeme beýleki meseleleri çözmäge gönükdirilendir. 

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň işgärleri ýurdumyzyň tebigatyna, baýlyklaryny rejeli peýdalanmaga, daşky gurşawy goramaga we ençeme beýlekilere degişli dürli meseleler boýunça barlaglary geçirýärler. Türkmen alymlary tarapyndan “Altyn asyr” Türkmen kölüniň hem-de onuň zeýakabalarynyň suwlarynyň gidrohimiýasyny öwrenmegiň usullary işlenip taýýarlanyldy. Olar kesgitli şertlerde synaglary geçdi. Türkmen kölüniň suwunyň himiki düzüminiň üýtgemegine üznüksiz gözegçilik amala aşyrylýar. Bu barlaglar kölüň suwuny arassalamaga we peýdalanmaga degişli netije çykarmaga mümkinçilik berýär. Ýurdumyzyň alymlary “Altyn asyr” Türkmen kölüni, onuň zeýkeşlerini hem-de töweregindäki ýerleri oba hojalygynda we durmuş-ykdysady pudakda netijeli peýdalanmagyň tehnologiýalaryny döretmek boýunça degişli işleri alyp barýarlar. 

Tebigy baýlyklara, şol sanda oba hojalyk ekinleriniň, ylmyň we tehnikanyň täze gazananlaryny nazarda tutup, ýurdumyzyň dürli tebigy-geografik sebitleriniň ekologiýa ulgamlaryna baha bermek üçin geografik maglumatlar ulgamyny döretmek, älem giňişliginden düşürilen suratlary peýdalanmak bilen, dürli kartalary düzmek boýunça işler alnyp barylýar. 

Häzirki Gün batareýalarynyň önümçiligi hemme wagtdakydan zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, Garagumyň çägesinden kremniý öndürmegiň, şeýle hem ýerli çig maldan seýrek duşýan serişdeleri almagyň tehnologiýasyny işläp taýýarlamaklyk alnyp barylýar. Deslapky ylmy-barlaglaryň görkezişi ýaly, Türkmenistanyň çäginiň agramly bölegini eýeleýän Garagum çölüniň çägesiniň düzüminde kremniý maddasynyň uly mukdary saklanylýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen alymlarynyň öňünde möhüm wezipäni – Garagumuň çägesinden kremniý almagyň netijeli tehnologiýasyny işläp taýýarlamak boýunça wezipäni goýdy. 

Häzir bar bolan usullar bilen, çägeden kremniý almagyň tehnologiýasy gymmat düşýändigi, köp energiýa sarp edijiligi hem-de ekologiýa taýdan zyýanlydygy bilen tapawutlanýar. Häzirki wagtda türkmen alymlary ýapon hünärmenleri bilen bilelelikde çägeden kremniý almagyň dünýäde iň arzan, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýasyny döretmegiň üstünde işleýärler. Çägäniň ýokary temperaturalarda /Selsiýa boýunça + 1800 gradusda/ eräp, köp energiýa sarp etmegi bilen baglylykda, ýurdumyzyň ylmynyň öňünde kremnini senagat taýdan almak maksady bilen, Garagum çägesini gyzdyrmagyň täze, az harajatly usullaryny işläp taýýarlamak barada wezipe goýuldy. 

Häzirki wagta çenli senagat taýdan önümçilikde Garabogaz aýlagynyň ýerasty duzlary peýdalanyldy. Hünärmenleriň pikirine görä, ol dünýäde deňiz duzlarynyň, aýratynda-da mirabilitiň iri ýatagy hasaplanýar. Ýurdumyzyň alymlary ýeriň ýüzündäki duzly erginleriň fiziki-himiki düzümini kesgitlediler hem-de barlaghana şertlerinde erginleri toplumlaýyn gaýtadan işlemegiň usullaryny işläp taýýarladylar. Netijede ýokarky erginlerden natriý sulfaty, epsomit, nahar duzy, bişofit, deňiz duzy, kaliý sulfaty alyndy. Alnan ähli önümler döwlet standartlarynyň talaplaryna laýyk gelýär. 

Häzir ylmy edaralaryň işgärleri seýsmiki howpy çaklamagyň usullaryny işläp taýýarlamak we baha bermek, Türkmenistanyň çäklerini, şäherleri we şäherçeleri seýsmiki sebitlere bölmek hem-de olaryň seýsmiki kartalaryny düzmek, geofiziki gözegçiligi kämilleşdirmek, ýurdumyzyň çäklerinde ýer gabygynyň ösüşi bilen baglanyşykly fiziki hadysalaryň ýüze çykmagyny, seýsmogen we tehnogen ýertitremeleri öwrenmek boýunça işleri amala aşyrýarlar. 

Türkmen hünärmenleri, şeýle hem Hazar deňziniň düýbünden turbageçirijilerini gurmagyň innowasion tehnologiýalaryny işläp taýýarladylar. Şeýle hem geçirilen barlaglaryň netijesinde Hazar deňziniň çuň bolmadyk we düz ýerlerinden, pes seýsmiki zolaklarynda we palçykly wulkanlaryň ýok ýerinde gaz geçirijilerini çekmegiň geljegi uly bolan ugurlary kesgitlendi. 

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynda we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen halkynyň kemala gelşiniň we ösüşiniň meselelerini, onuň dünýäniň medeni ösüşindäki ornuny, Türkmenistanyň gadymy, orta asyr, täze we iň täze taryhyny, Garaşsyzlyk döwrüni we hemişelik Bitaraplygyň hukuk derejesini düýpli öwrenmek boýunça işler alnyp barylýar. 

Häzirki zaman taryhy we arheologiýa barlaglarynyň tassyklaýşy ýaly, Türkmenistan gadymy döwürlerde dünýä ösüşiniň ösen merkezleriniň biri bolupdur. Müňlerçe ýyllaryň dowamynda kemala gelen adamzadyň maddy-ruhy gymmatlygynyň genji-hazynasyna giren türkmen halkynyň ylmy we medeni mirasy häzirki wagtda dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginiň üns merkezinde durýar. Nusaýda, Dehistanda, Merwde, Köneürgençde, Sapahsda, Amulda, Abiwerdde, Änewde we beýleki taryhy-medeni ýadygärliklerde tapylan arheologik tapyndylar gadymy döwürlerde häzirki Türkmenistanyň çäginde ylmyň, medeniýetiň, sungatyň gülläp ösendigine şaýatlyk edýär. Bu ugurda geçirilýän barlaglar ata-babalarymyzyň astronomiýada, biologiýada, fizikada, geometriýada, lukmançylykda, edebiýaty, dili öwrenmekde we beýleki ylymlarda çeken zähmetleri netijesinde giň meşhurlyga eýe bolandygyny doly tassyklaýar. 

Şu ýylda “Abiwerd” döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň çäklerinde Ýylgynlydepede /Ahal welaýaty/ ýerleşen eneolit /mis-daş asyry/ eýýamynyň täsin ýadygärliginde öz barlaglaryny alyp barýan bilelikdäki türkmen-rus arheologiýa ekspedisiýasynyň haýran galdyran tapyndylary dünýä derejesindäki açyşa öwrüldi. Bu ýerde arheologik barlaglaryň barşynda türkmen halkynyň gadymy ata-babalarynyň maddy medeniýetiniň täsin toplumy—biziň eramyza çenli V müňýyllyga degişli bolan ownuk toýunsow heýkeltaraşlyk önümini taýýarlamak boýunça ýöriteleşdirilen ussahana ýüze çykaryldy. 

2014-nji ýylda ylym-bilim ulgamyndaky möhüm wakalar barada aýtmak bilen, bu ýylyň hem döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan, innowasion bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen şanly ýyllaryň biri bolandygyny bellemek gerek. 

Hünärmenleri taýýarlamagyň kämil ulgamyny döretmek Türkmenistanyň häzirki zaman ylym we bilim mekdebini mundan beýläk-de özgertmegiň maksady bolup durýar. Ol ýaş nesliň wekilleriniň ukyplaryny irki döwürlerde ýüze çykarmaga we ösdürmäge, olary öňdebaryjy dünýä tejribesine hem-de halk terbiýesiniň baý mirasyna daýanyp, terbiýelemäge mümkinçilik berýär. Munuň özi olardan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ägirt uly meýilnamalaryny amala aşyrmagy üstünlikli dowam edýän ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak maksadyna gönükdirilendir. 

12 ýyllyk bilime geçilmegi bilim prosesine gatnaşyjylaryň öňünde täze wezipeleri goýdy. 2013-2014-nji okuw ýylynyň başlanmagyna çenli umumy bilim berýän mekdepleriň on iki ýyllyk okuwa geçmeginiň Maksatnamasyna laýyklykda halkara ülňülerine ýakynlaşdyrylan hem-de milli terbiýeçilik mekdebi tarapyndan toplanan terbiýe bermegiň köpasyrlyk tejribesini göz öňünde tutýan esasy okuw meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy we tassyklanyldy. Orta okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we mugallymlary üçin okuw – usulyýet kurslary we seminarlary täzelenen okuw meýilnamalary we maksatnamalary boýunça geçirilýär. 

Çagalar üçin halkara derejesinde dürli festiwallar we forumlar yzygiderli guralýar. Ine, şu ýylyň awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda zehinli çagalaryň “Awaza – dostluk mekany” atly V halkara festiwaly bolup geçdi. Çagalaryň döredijiligini, dürli halklaryň ýaş nesilleriniň arasynda medeni özara alyş-çalşyny, olaryň ruhy ýakynlygyny goldamak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz tarapyndan başy başlanan bu taslama birnäçe ýylyň içinde meşhurlyga eýe boldy. 

Sentýabryň üçünji ongünlüginde Hazaryň ajaýyp türkmen kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň Mekdep medeni-sport festiwaly geçirildi. Medeni-sport çäresiniň maksady dürli halklaryň çagalarynyň arasynda dostlugy we doganlygy pugtalandyrmak, ýaş türkmenistanlylaryň özleriniň daşary ýurtly deň-duşlary bilen sport aragatnaşyklaryny giňeltmegi, beden taýdan sagdyn nesli terbiýelemek, şeýle hem ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has-da artdyrmak bolup durýar. Munuň özi türkmen döwletiniň dünýä bilen açyk gatnaşyklara ymtylýandygynyň ýene-de bir aýdyň ýüze çykmasydyr. Şu babatda milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, ýaş nesilleriň sesi aýratyn orny tutmalydyr. 

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň bilim ulgamyny ösdürmek boýunça ägirt uly işler geçirildi. Ýurdumyzda okatmagyň iň öňdebaryjy tehnologiýalaryna eýe bolan onlarça iň döwrebap okuw-terbiýeçilik edaralary açyldy. Olaryň gurluşygy 2014-nji ýylda hem güýçli depginler bilen dowam etdi. Ýylyň dowamynda dolandyryş mekezlerinde bolşy ýaly, uzakdaky obalarda hem bilim ulgamynyň köpsanly desgalary—çagalar baglary we umumy bilim berýän orta mekdepler ulanmaga tabşyryldy. 

2014-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda ýurdumyzda umumymilli derejede bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününde paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda täze ýokary okuw mekdebi bolan Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň açylyş dabarasy boldy. 

Döwlet Baştutanymyz bu wakanyň wajypdygyny nygtap, munuň özi biziň ýurdumyz üçin hakykatdan-da taryhy waka bolup durýar diýip belledi. Ol milli ýokary bilimi ösdürmekde bolşy ýaly, bu ugurda netijeli halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek babatda hem uly ähmiýete eýedir. 

Ýokary okuw mekdebi her ýylda 300 töweregi talyby kabul eder. Olar hünärleriň 14-si: filosofiýa, sosiologiýa, halkara jemgyýetçilik hukugy, halkara hususy hukugy, halkara gatnaşyklary we dünýä syýasaty, žurnalistika, halkara ykdysadyýet, halkara täjirçilik, halkara maliýe, ätiýaçlandyryş işi, halkara menejment, kompýuter tehnologiýalar, kompýuter ulgamynyň maksatnama üpjünçiligi, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary hünärleri boýunça bilim alarlar. 

Täze ýokary okuw mekdebinde okuwlar iňlis dilinde we tölegli esasda alnyp barlar. Şunuň bilen baglylykda, geljekki hünärlere laýyklykda iňlis dilini bilmegi kämilleşdirmegiň hem-de hünärmentçilik adalgalaryny öwrenmegiň bir ýyllyk okuwy göz öňünde tutuldy. Dil bölümi şu ýyl ilkinji talyplary kabul etdi. Umuman, täze uniwersitetde 5 fakultet hereket eder. Olaryň binýadynda 13 kafedra döredildi. 

Ýokary okuw mekdebiniň şäherçesi esasy okuw toplumyny özünde jemleýär, şonda bir wagtyň özünde talyplaryň 2 müňüsi bilim alar, 800 talyp üçin niýetlenilen umumy ýaşaýyş jaýynyň üç binasy, 300 orunlyk naharhana, 240 adam üçin tomaşaçylar münberleri bilen üsti ýapyk sport toplumy, woleýbol, basketbol, tennis oýnamak üçin açyk meýdançalar hem-de beýlekiler, şeýle hem tehniki bloklar we awtoduralga bar. 

Ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň ulgamynda düýbünden täze, öňdebaryjy usulyýet çemeleşmelerinde okuwyň barşyny ýokary tehnologiki derejede guramak boýunça bu ýokary okuw mekdebiniň döredilmegi ýurdumyzyň bilim ulgamyny dünýä derejesine çykarmagyň ýolunda nobatdaky ädim boldy. 

Orta mekdepleriň, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleriniň şu günüň ýokary talaplaryna laýyk gelýän täze binalary gurulýar we ulanylmaga berilýär, şolarda ylmyň gazananlary, öňdebaryjy tehnologiýalar, şol sanda kompýuter tehnologiýalary giňden ornaşdyrylýar. Alymlaryň, professorlaryň we mugallymlaryň, tejribeli hünärmenleriň gatnaşmagynda döwrebap okuw kitaplary we okuw gollanmalary işlenip taýýarlanylýar. 2014-nji ýylda metbugat önümleriniň 188-siniň çap edilendigini belläp geçmeli. 

Bilimler we talyp ýaşlar gününde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersieti bilen bir hatarda, tutuş ýurdumyzda mekdepleriň 60-a golaýy we çagalar baglarynyň 20-den gowragy, şol sanda paýtagtymyzda dikeldiş merkezli okuw-terbiýeçilik toplumy açyldy, şonda beden mümkinçilikleri çäkli çagalar bilim hem-de zerur ähli kömegi alýarlar. 

Mümkinçilikleri çäkli çagalar üçin okuw-terbiýeçilik toplumy öz binagärlik keşbi bilen ertekiler köşgüni ýada salýar. Ol 53 müň inedördül metrden gowrak meýdany eýeleýär. Desga ýurdumyzyň hususy kärhanasy tarapyndan Aşgabat şäheriniň häkimliginiň düýpli gurluşyk müdirliginiň buýurmasy boýunça guruldy. Desganyň taslamasyny düzmäge potratçy kompaniýanyň hünärmenleri bilen bilelikde Salygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Bilim ministrliginiň wekilleriniň, şeýle hem ýöriteleşdirilen mekdepleriň işgärleriniň toplum gurlan mahaly mümkinçilikleri çäkli bolan çagalaryň bilim almagy we bejerilmegi boýunça ähli zatlaryň nazara alynmagy üçin gatnaşandyklaryny belläp geçmeli. 

Täze edara sekiz binadan ybaratdyr. Olaryň birinde lukmanlaryň otaglary, dermanhana, sagaldyş merkezi, okuw-önümçilik ussahanalary, sport zaly, üsti ýapyk suw howuzy, naharhana we başgalar ýerleşýär. Beýlekilerinde psihofiziologiki aýratynlyklaryny nazara almak bilen gurlan ýöriteleşdirilen bölümler ýerleşýär. Olar üçin göwnejaý ýagdaýda gurnalan ýaşaýyş otaglary we okuw synp otaglary bar. 

Çagalar üçin ýörite kompýuterleriň, noutbuklaryň we maksatnamalaýyn üpjünçiligiň kömegi bilen kompýuter boýunça sowatlylylygy okatmak hem göz öňünde tutuldy, “Drafsman” şekilleýin abzallar görüşi pes bolan çagalara surat çekmek endiklerini öwrenmäge, Braýlyň depderi bolsa hat ýazmak we görmeýän çagalara okamak endiklerini kämilleşdirmäge kömek eder. 

Braýlyň elipbiýinde göçürmek üçin şwed printerleri, “Gepleýän kitaplar” atly abzallar hem-de çagalara daşky gurşawyň ähli köptaraplylygyna we baýlygyna akyl ýetirmäge mümkinçilik berýän relýefleýin globuslar bularyň hemmesiniň üstüni ýetirýär. “Gepleýän kalkulýatorlar” matematiki hasaplamalaryň ýörelgelerini özleşdirmäge kömek eder. Hereketlendirijisi kinniwanja bolan “Grafika” kysymyndaky tiflo abzallar el hereketinde bozulma bolan çagalar üçin niýetlenendir. 

Inklýuzitiw bilimi ulgamyny ösdürmek milli bilim ulgamyny özgertmegiň we ösdürmegiň aýrylmaz ugurlarynyň biridir. Mümkinçilikleri çäklendirilen çagalaryň oňat hilli bilime deňhukuklary almak üçin hukuklary Türkmenistanyň kanunçylygy bilen berkidilendir. 

Mundan başga hem orta mekdepleriň, A.Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň, Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň we paýtagtymyzda 500 orunlyk türkmen-türk mekdebiniň, Balkanabat şäherinde Ýokary mugallymçylyk mekdebiniň we beýleki ençeme bilim edaralarynyň gurluşygy dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ähli welaýatlarda mümkinçilikleri çäklendirilen çagalar üçin sagaldyş we bilim-terbiýe beriş toplumlaryny gurmagy göz öňünde tutýan iri durmuş maksatnamasy durmuşa geçirilýär. 

Ýeri gelende aýtsak, bilim edaralarynyň şeýle köpsanlysy şunuň ýaly gysga wagtyň içinde dünýäde hiç ýerde açylmaýar. Bularyň hemmesi bilim beriş özgertmeleriniň köp maksatly häsiýetine, türkmen halkynyň ruhy däplerine we bilimi ösdürmegiň dünýädäki meýillerine, onuň ýokary hil ölçeglerine laýyk gelýän açyk ulgamy döretmäge ýokary ynsanperwerlik taýdan ugur alanlygyna laýyk gelýär. 

2014-2015-nji okuw ýylynda 6 müň 861 adam ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 1-nji ýyl talyplary boldular, olaryň köpüsi abraýly milli we halkara bäsleşikleriniň hem-de ders olimpiýadalarynyň ýeňijileridir. 

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çözgüdine laýyklykda, ýokary okuw mekdepleriň köpüsine talyplary toplamak artdy, şeýle hem ýurdumyzyň işläp gelýän ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenleri taýýarlamagyň täze 19 ugry peýda boldy. Olaryň hatarynda türkmen ýokary okuw mekdepleri üçin täze hünärleriň 11-si bar. 

Mysal üçin, Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynda hünärmenleri taýýarlmagyň ugurlarynyň sany “şäher gurluşygy we hojalygy”, “şäher gurluşyk” hünärleriniň hasabyna artdy. Türkmenistanyň döwlet energetika institutynda “däp bolmadyk we dikeldilýän energiýa çeşmeleri” hem-de “gaz turbina enjamlary we hereketlendirijileri” ýaly ugurlar boýunça talyplary taýýarlamak başlandy. S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda “mekdebe çenli bilim we terbiýe” atly täze hünär peýda boldy. Halkara nebit we gaz uniwersitetinde “gaz terbina enjamlary we gaz kompressor beketleri” atly hünär boýunça talyplary ilkinji gezek seçip almak geçirildi. Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda “nyrh gesiş işi” atly täze hünär boýunça, Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde “dikeldiş we däp bolmalyk lukmançylyk”, Türkmen oba hojalyk institutynda “tehniki taýdan hyzmat edişi guramak we onuň tehnologiýasy” atly hünär boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. 

Orta hünär bilimi ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmegiň beýleki möhüm ugry bolup durýar. Şu ýyl Türkmenistanyň ýörite hünärment okuw mekdepleriniň 37-si ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, kärhanalaryň we guramalaryň buýurmalaryna laýyklykda 7 müň 716 adamy okuwa kabul etdi, munuň özi geçen ýyldaka garanyňda 1194 adam köpdür. Şol sanda 970 okuwçy täze hünärment mekdeplerinde okaýarlar. Olaryň hatarynda Türkmenabadyň orta derýa hünär mekdebi, Türkmenbaşynyň orta deňiz hünärment mekdebi, Mary şäherinde jemagat hojalygy orta hünär mekdebi bar. 

Türkmen ýaşlarynyň okamaga iberilýän daşary ýurt okuw mekdepleriniň çäkleri her ýyl giňelýär. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistandan iberilenleri okatmak gazanaylan hökümetara ylalaşyklarynyň esasynda ýurdumyzyň Bilim ministrliginiň, pudak ministrlikleriň we edaralaryň ýollamalarynyň boýunça amala aşyrylýar. 

2014-2015-njy okuw ýylynda Türkmenistanyň ýaş ýigitleriniň we gyzlarynyň müňlerçesi Belarusuň, Hytaýyň, Malaýziýanyň, Azerbaýjanyň, Russiýanyň, Rumyniýanyň, Türkiýäniň, Horwatiýanyň we beýleki döwletleriň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň talyplary boldy. Şeýle hem Türkmenistanyň halkara ýokary okuw mekdepleri dünýäniň dürli ýurtlaryndan talyplary okuwa kabul edýär. Biziň ýurdumyzda Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň işleýändigini ýatlap geçmeli. Şu ýyl oňa ýokarda ýatlanyp geçilen Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti goşuldy, şonda talyplary okatmak bakalawrlary taýýarlamagyň maksatnamasy boýunça alnyp barlar. 

Biziň ýurdumyzyň hil taýdan täze derejä çykan bilim ulgamy bagtly geljege tarap barmagyň täze depginini aýdyň görkezýär: bilimleriň, tehnologiýalaryň, ýurdumyzyň intellektual we döredijilik serişdeleriniň işjeň dolanyşygy boýunça täze taryh başlanýar. Şu ýyl Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň halkara ders olimpiadalarynyň 139 medalyna, şol sanda 23 altyn we 34 kümüş medala mynasyp bolandygy muňa şaýatlyk edýär, daşary ýurt intellektual ýaryşlaryna we internet-olimpiadalara gatnaşan talyplar bolsa 68 medala mynasyp boldular, şolaryň 18-si altyn we 18-si kümüş medallardyr. 

“TEMPUC-TACIC” we beýlekiler ýaly Halkara bilim beriş maksatnamalarynyň çäklerinde dürli taslamalary durmuşa geçirmek ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň hem-de dünýäniň esasy ylmy-bilim beriş merkezleriniň arasynda netijeli gatnaşyklary ýola goýmagyň aýdyň subutnamasy bolup durýar. 

Hyzmatdaşylygyň iş ýüzündäki netijeleri hünärmenleriň işjeň alyş-çalyş edilmegi, talyplaryň tälim alyş okuwlary dil öwretmegiň häzirki zaman işjeň usullaryna degişli meseleler boýunça seminarlary hem-de maslahatlaşmalary geçirmek, ýurdumyzyň dürli ýokary okuw mekdeplerinde terjime merkezleriniň hem-de ýörite iş otaglarynyň açylmagy bolup durýar. Türkiýäniň iri halkara ýokary okuw mekdebi bolan Fatih uniwersitetinde Magtymguly Pyraga bagyşlanan ylmy maslahat geçirildi, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şol uniwersitetiň hormatly doktorydyr. D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda şu ýyl ýapon dilini öwrenýän talyplaryň arasynda dürli döredijilik bäsleşikleri boldy, Türkmen oba hojalyk instititytynyň talyplary üçin fewral aýynda Ýaponiýanyň “Komatsu” kompaniýasynyň hünärmenleri tarapyndan bilim beriş seminarlary we başga çäreler geçirildi. 

Şu ýylyň 11-13-nji noýabrynda “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilim we sport” atly halkara ylmy maslahaty we sergi boldy. Maslahata gatnaşyjylaryň hatarynda ABŞ, Italiýa, Germaniýa, Hytaý, Türkiýe, Malaýziýa, Belarus, Litwa, Gazagystan we beýlekiler ýaly ýurtlardan guramalaryň hem-de kompaniýalaryň onlarçasynyň wekilleri bar. 

Her ýyl geçirilýän serginiň esasy maksady döwlet durmuş syýasatynyň möhüm ugurlary hökmünde bilim ulgamyny, bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge ýardam etmek, şeýle hem bu ugurlarda möhüm ugurlar hem-de esasy meýiller bilen tanyşmak, okatmagyň hilini, bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň köpçülikleýin häsiýetini ýokarlandyrmaga ýardam edýän häzirki zaman tehnologiýalaryny ösdürmek we öňdebaryjy usulyýetleri ornaşdyrmak bolup durýar. 

Şeýlelikde, 2014-nji ýylda ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamynda gazanylan üstünlikleri, şeýle hem milletimiziň öňünde duran ägirt uly wezipeleriň amala aşyrylmagyny nazara almak bilen, bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleriň döwletimizi hemmetaraplaýyn ösdürmegiň esasy maksatnamalarynyň biri boljakdygyny, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň mundan beýläk-de öňe gadam urmagy üçin işgärler binýadyny üpjün etjekdigini ynam bilen aýtmak bolar. (THG)

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Saýlanan Prezidentini Gutlady

turkmenhabargullugy

Türkmen Geologiýa Inženerçilik Geologiki Gözleg Işlerini Geçirýärler

syrach

Ykjam El Telefonlary Ulanmaklygyň Zyýanyndan Goranmaklyk Üçin

turkmenhabargullugy