Awstriýa Respublikasynyň paýtagtynda Türkmenistanyň dokma, haly we zergärçilik önümleriniň sergisi öz işini tamamlady. Üç günläp dowam eden owadan sergi diňe bir biziň sergimiz ýaýbaňlanan muzeý mähellesiniň tomaşaçylarynyň däl, eýsem, Awstriýanyň, şeýle hem beýleki ýurtlaryň resmi hem-de işewür toparlarynyň wekilleriniň hem ünsüni çeken aýdyň baýramçylyk boldy.
Söwda-senagat edarasy tarapyndan Türkmenistanyň pudaklaýyn ministrlikleri we pudak edaralary bilen bilelikde guralan sergi Wena boýunça syýahatçylyk ugurlary üçin başlangyç nokat, onuň ýaşaýjylarynyň söýgüli dynç alýan ýeri we medeni durmuşyň iri merkezi bolup hyzmat edýän bu ägirt uly muzeý toplumynyň «21-nji mähellesindäki» görkeziş zallarynyň birini eýeledi. Bütindünýä meşhur Sungatyň taryhy muzeýiniň we Tebigy-ylmy muzeýiň, Hofburg imperator köşk toplumynyň golaýynda amatly ýerde ýerleşmeginiň, şeýle hem giňişleýin mahabatlandyryş çäresiniň guralmagynyň türkmen Sergisiniň örän uly gyzyklanma döretmeginde oňyn orny eýeländigini belläp geçmek gerek.
Dünýäniň dürli ýurtlardan bolan köp sanly myhmanlaryň we wenalylaryň özleriniň ykrar etmegi boýunça türkmen milli sergisi olar üçin biziň milli sungatymyz, däplerimiz we hünärlerimiz hakynda, Türkmenistanyň häzirki zaman medeniýeti we şu günki güni hakynda ýakyndan bilmek duýgusyny oýaran hakyky açyş boldy, mälim bolşy ýaly, olary bolsa haýran galdyrmak aňsat däldir. Owadan el keşdesi bilen keteniden taýýarlanylan özboluşly önümler, nusgawy gölli halylar, zergärçilik sungatynyň eserleri tomaşaçylarda aýratyn gyzyklanma döretdi. Iň esasysy bolsa ajaýyp zatlara beletleriň we sarpa goýýanlaryň ünsüni çeken ýagdaý türkmen amaly-bezeg sungatynyň eserleriniň özboluşlylygydyr, aýdyň beýan edilen milli ussatlygydyr. Şeýle hem milli gymmatlyklar bolmak bilen bir hatarda, eýsem, biznes-gepleşikleriň meselelerine öwrülen bu önümleriň ählisiniň ajaýyp hilidir.
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi we «Türkmenhaly» döwlet paýdarlar korporasiýasy, Türkmenistanyň Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministrligi hem-de Döwlet neşirýat gullugy, Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komiteti hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy boýunça komitet, Gymmat bahaly metallaryň we gymmat bahaly daşlaryň döwlet gaznasy, Söwda-senagat edarasy hem-de ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň hususy ulgamy Awstriýanyň paýtagtynda öz mümkinçiliklerini we geljegini görkezdiler.
Sergi-ýarmarkasy diňe bir ýurdumyzyň kärhanalarynyň harytlaryny, telekeçi halyçylaryň önümlerini, ussat zergärleriň eserlerini görkezmegi däl, eýsem, dürli ulgamlarda — maýa goýum, söwda-ykdysady, syýahatçylyk, medeni ulgamlarda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin mümkinçilikleri giňden tanyşdyrmagy hem özünde jemledi. Onuň çäklerinde Awstriýanyň işewür-agentliginde we Federal ykdysady palatada ikitaraplaýyn duşuşyklar we maslahatlar boldy.
Şol duşuşyklarda, hususan-da, awstriýa tarapy şeýle Sergileriň geçirilmeginiň ykdysady aragatnaşyklary işjeňleşdirmäge, biziň ýurtlarymyzyň arasynda maglumatlary alyşmaga, biziň halklarymyzyň arasyndaky dostlugy pugtalandyrmaga hem-de hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge ýardam etjekdigini aýratyn belledi.
Türkmen kärhanalary bilen özara gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak tegelek stoluň başyndaky duşuşyklaryň barşynda geçdi, eýsem, serginiň gönüden-göni stendleriniň öňünde mümkin bolan hyzmatdaşlar önüm ibermegiň şertleri bilen jikme-jik gyzyklandylar, pudaklaýyn kuwwatlyklary döwrebaplaşdyrmak we giňeltmek boýunça taslamalar hem-de biziň ýurdumyzda öndürilýän önümleriň eksport möçberleri bilen tanyşdylar. Daşarky bazarda olara bolan islegiň artýandygyny bolsa häzirki wena forumy ýene-de bir gezek tassyklady.
Serginiň ýapylyş dabarasyna Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky ilçihanasynyň wekilleri, bu ýurtdan bolan hormatly myhmanlar, Türkmen-awstriýa dostluk jemgyýetiniň agzalary we beýleki köp sanly adamlar gatnaşdylar. Dabaranyň barşynda Sergä gatnaşyjylara Hormatly diplomlar we sertifikatlar gowşuryldy we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edildi. Şonda bu forumy geçirmäge döredilen mümkinçilik, biziň ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň we onuň halkynyň rowaçlygynyň, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň we ösüşiň hatyrasyna ähli asylly başlangyçlar üçin milletiň Liderine çäksiz hoşallyk beýan edilýär.
Wenalylaryň hakydasynda Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda Türkmenistan bilen duşuşykdan iň mähirli täsirler galdyran sergi tamamlandy. Öňde täze meýilnamalar we taslamalar bar. Olaryň hatarynda geljek ýyl Awstriýa Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmegi görkezmek bolar.
Biziň awstriýaly dostlarymyz sergini guraýjylary we oňa gatnaşyjylary uly üstünlik bilen gutlap, özlerini maýyl eden türkmen sungaty, gatnaşyklar üçin we özara baýlaşdyryjy alyş-çalyş üçin açyk ýurt, onuň sahy we başarjaň halky bilen täze duşuşyklara sabyrsyzlyk bilen garaşjakdyklaryny ynandyrdylar.
Wena dünýäniň iň muzeýe baý şäherleriniň biridir. Bu ýerde «ruhy gymmatlyklaryň ybadathanalarynyň» 200-den gowragy bar, şolarda geçmişiň beýik ussatlarynyň genji-hazynalary bir-iki bolman, tutuş zallary eýeleýär. Emma Wena şäherine geçmişiň beýik kompozitorlarynyň, nusgawy operanyň we gadymy sungatyň şäheriniň abraýy mahsusdyr. Ol medeni innowasiýalaryň, halkara goşulyşmagyň şäheri we özara gatnaşyklaryň täze görnüşleri kemala gelýän ýewropa merkezi hökmünde özüni ynamly görkezýär.
Hut şu şäherde, muzeýleriň altysyny we medeniýet ugrundaky guramalaryň onlarçasyny özünde jemleýän meşhur Muzeý mähellesinde Türkmenistanyň dokma, haly we zergärçilik önümleriniň sergisiniň üstünlik bilen geçmeginde çuň many we Türkmenistan bilen Ýewropanyň gatnaşyklarynda täze tapgyr üçin ajaýyp başlangyç bar. Sebäbi biziň ýurtlarymyzyň ykdysady gatnaşyklaryna täze depgin berjek tamamlanan sergi diňe bir täjirçilik taslamasy däldir. Şular ýaly forumlaryň medeniýeti we baý milli mirasy, döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň kuwwatly serişdesine öwrülýändigi has düýpli ýagdaýdyr.
referans: www.turkmenistan.gov.tm