6.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow täze ýylda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň ilkinji mejlisini geçirdi, onda geçen 2014-nji ýylda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işiniň jemleri we düzümleriň öňünde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Mejlisde ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň hasabatlaryny diňledi, olar özlerine ynanylan düzümde 2014-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri hem-de döwlet Baştutanymyz tarapyndan berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdiler. 

Ilkinji bolup geçen ýylda geçirilen işler hakyndaky hasabat bilen Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, ýurdumyzyň Milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew çykyş etdi. Döwlet Baştutanymyz tarapyndan başy başlanan uly möçberli harby özgertmäniň üstünlikli dowam etdirilmeginde möhüm utgaşdyryjy orny eýeleýän Döwlet howpsyzlyk geňeşiniň köptaraplaýyn işi, milli howpsuzlygy pugtalandyrmak hem-de ýurdumyzda asudalygy we abadançylygy saklamak maksady bilen Milli howpsuzlyk ministrligi tarapyndan durmuşa geçirilýän çäreler barada habar berildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, tutuşlygyna alnanda, garaşsyz Türkmen döwletiniň geljekde-de goranyş kuwwatyny ýokarlandyrmak, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hem-de pugtalandyrmak, hünärli harby işgärleri taýýarlamak, şeýle hem watan goragçylarynyň üstünlikli gulluk etmegi, göwnejaý durmuşy we dynç alşy üçin ähli şertleri döretmek hakynda yzygiderli alada etjekdigine ünsi çekdi. 

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna türkmenistanlylaryň parahat we bagtly durmuşyny üpjün etmek, Harby doktrinany yzygiderli berjaý etmek boýunça ähli hukuk goraýjy we harby edaralaryň sazlaşykly işine geljekde-de üns bermek tabşyryldy. 

Döwlet Baştutanymyz içerki jemgyýetçilik-syýasy durnuklylygy saklamak işinde Milli howpsuzlyk ministrliginiň möhüm ornuna ünsi çekip, türkmen jemgyýetiniň parahatçylykly, döredijilikli başlangyçlaryny, milletimiziň agzybirligini we jebisligini Türkmenistanyň mundan beýläk-de ykdysady hem-de ruhy rowaçlygynyň aýrylmaz şerti hökmünde yzygiderli pugtalandyrmagyň zerurdygyny belledi. 

Soňra Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy M.Yslamow 2014-nji ýylda Döwlet serhet gullugynda alnyp barlan işleriň netijeleri, serhetdäki ýagdaý, garamagyndaky düzümde desgalaryň gurluşygynyň barşy, şeýle-de mähriban Watanymyzyň mukaddes araçäklerini dostluk serhedine öwürmek we gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça görülýän yzygiderli çäreler barada hasabat berdi. 

Belent Serkerdebaşymyz hasabaty diňläp, ata Watanymyzyň guryýer we deňiz serhetleriniň howpsuzlygyny üpjün etmegiň, şeýle hem möhüm desgalaryň gurluşygynyň barşyna berk gözegçiligi amala aşyrmagyň zerurdygyny aýtdy. 

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň dünýäniň beýleki ýurtlary bilen dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak hem-de ösdürmek işine önjeýli goşant goşýan serhet goşunlaryny tehniki taýdan üpjün etmek, täze döwrebap serhet galalaryny we abadanlaşdyrylan ýaşaýaş jaýlaryny gurmak boýunça yzygiderli alnyp barylýan işiň geljekde hem dowam etdiriljekdigini aýtdy. 

Türkmenistanyň goranmak ministri B.Gündogdyýew Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy tarapyndan berlen jogapkärli tabşyryklar mynasybetli ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň hatarlarynda geçen ýylyň dowamynda geçirilen uly, köp taraply iş, şeýle hem şu aýda belleniljek Watan goragçylarynyň gününe taýýarlyk görmek barada hasabat berdi. Hususan-da, toplumlaýyn harby özgertmeleriň barşy we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň gazanan beýik üstünlikleriniň goragynda durýan milli goşunymyzda şol özgertmeleriň çäklerinde başy başlanan düýpli özgertmeler barada-da hasabat berildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň üstünde durup geçmek bilen, özbaşdak döwlet hökmünde Türkmenistanyň asudalygynyň hem-de türkmen halkynyň parahat, döredijilikli durmuşynyň daýanjy bolan milli goşunymyzyň ýokary söweş ukybyny üpjün etmek hakynda yzygiderli alada etmelidigini nygtady. 

Milli Liderimiz Harby doktrinanyň diňe goranyş häsiýetini ýene-de bir gezek nygtap, şu günüň talaplaryna doly laýyk gelýän Watanymyzy goramagyň döwrebap ulgamyny döretmegiň zerurdygyny belledi. Şu maksat bilen geljekde-de milli goşunymyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak boýunça iş dowam etdirilmelidir. Harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak hem özgertmeleriň möhüm ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. 

Döwlet Baştutanymyz ýetip gelýän Watan goragçylarynyň gününe taýýarlyk görmek meselesiniň üstünde durup geçmek bilen, bu baýramçylygy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy. 

Soňra Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikow geçen ýylda Içeri işler ministrliginiň işiniň jemleri, ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, raýatlaryň kanuny hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, şeýle hem hukuk düzgünleriniň bozulmalarynyň öňüni almak maksady bilen görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, aýratyn-da, paýtagtymyzda ulaglaryň sazlaşykly hereketini üpjün etmek, ähli ýerlerde ýangyn howpsuzlygyny pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän giň möçberli çäreler barada aýdyldy. 

Belent Serkerdebaşymyz içeri işler edaralarynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi. Çünki jemgyýetçilik tertibini saklamakda olara uly jogapkärçilik degişlidir. IIM-niň ýolbaşçysyna ýangyna garşy göreş howpsuzlygyny üpjün etmek we ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilmegine gözegçilik edýän Döwlet ýol gözegçilik gullugynyň işini kämilleşdirmek boýunça çäreleri güýçlendirmek tabşyryldy. 

Şunuň bilen baglylykda, paýtagtymyzda awtoulaglaryň sazlaşykly hereketini ýola goýmak, awtoduralgalaryň işini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň içeri işler ministrine ähli düzümler bilen bir hatarda ýangyna garşy göreş gullugyny döwrebap derejede ösdürmek, düzümler üçin ýokary taýýarlykly hünärmenleri taýýarlamak işlerine örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi. 

Türkmenistanyň Baş prokurory A.Hallyýew 2014-nji ýylyň dowamynda edilen işler barada hasabat berdi. Hereket edýän milli kanunçylygyň berjaý edilmegine gözegçilik etmek şol işleriň möhüm ugry bolup durýar. 

Ozal berlen tabşyryklara laýyklykda, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň birnäçesiniň düzümleýin edaralarynda, şeýle hem ýerli ýerine ýetiriş häkimiýetiniň edaralarynda geçirilen barlaglaryň netijesinde ýüze çykarylan köpsanly düzgün bozmalar barada döwlet Baştutanymyza hasabat berildi. Mälim bolşy ýaly, 9-njy ýanwarda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz parahorluga, düzgün bozmalara garşy berk göreşmek barada tabşyryklary berdi. Şonuň esasynda geçen, 2014-nji ýylda ýurdumyzyň sebitleriniň durmuş-ykdysady ösüşiniň netijelerine bagyşlanyp, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda geçirilen maslahatlarda düzgün bozmalara we parahorluga, beýleki ýaramaz ýagdaýlara garşy göreşmek meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kanunlaryň berk berjaý edilmeginde we düzgün bozmalaryň islendik görnüşleriniň öňüni almakda prokuratura edaralaryna uly ornuň degişlidigini nygtap, kanunçylygy we düzgün-tertibi üpjün etmek maksady bilen, ýurdumyzyň sebitlerinde alnyp barylýan işlere geçirilýän seljermeleri güýçlendirmegi tabşyrdy. Häzirki wagtda welaýatlarda iri möçberli maýa goýum taslamalary durmuşa geçirilýär hem-de obalaryň döwrebap durmuş-ykdysady düzümini döretmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. 

Döwlet Baştutanymyz prokuratura edaralarynyň işgärleriniň üstüne ägirt uly jogapkärçiligiň düşýändigini aýdyp, işgärleri seçip almak we ýerli-ýerinde goýmak boýunça düýpli işleri geçirmegi tabşyrdy. Olar öz hünär bilimlerinden başga-da, giň gözýetime eýe bolup, häzirki zaman jemgyýetde parahatçylygyň hem-de jebisligiň esasy bolup hyzmat edýän kanunçylygyň we düzgün-tertibiň goragynda berk durmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi. 

Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy B.Çaryýew geçen ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň, şol sanda ýurdumyzyň halkara ölçeglerine kybap getirilýän kazyýet ulgamyny ösdürmek we kämilleşdirmek babatda tabşyrygyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi. 

Belent Serkerdebaşymyz kanunçylygyň berjaý edilmegine we hususan-da, kazylaryň işiniň kämil derejede alnyp barylmagyna berk gözegçiligi üpjün etmegi talap edip, Ýokary kazyýetiň başlygyna netijeli kazyýet işleri üçin ähli şertleri döredip, kazylaryň hünär derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna uly üns bermegi tabşyrdy. 

Soňra Türkmenistanyň adalat ministri B.Muhammedow 2014-nji ýylda edilen işler hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent maksatlaryny we wezipelerini gazanmaga ýardam etjek täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçirilýän hukuk özgertmeleriniň wajypdygyna ünsi çekmek bilen, olaryň çäklerinde milli kanunçylyk binýadynyň halkara hukugynyň kadalaryna laýyk getirilmelidigini belledi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň raýatlaryna kabul edilýän we hereket edýän kanunlary düşündirmegiň möhümdigini nygtap, olara ýokary derejeli hünärmenleriň hukuk kömeginiň berilmelidigi barada ministre anyk görkezmeleri berdi. 

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ministrligiň düzümlerinde alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna laýyk gelmeýändigini belläp, oňa nägilelik bildirdi hem-de wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Adalat ministri B.Muhammedowa berk käýinç yglan etdi we degişli resminama gol çekdi. 

Soňra Türkmenistanyň Döwlet gümrük güllugynyň başlygy A.Hojamgulyýew 2014-nji ýylyň esasy netijeleri we özüne ynanylan düzümde işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Düzümiň işleri halkara ýük gatnawlarynyň artmagy netijesinde soňky ýyllarda has-da işjeňleşdi. Bu bolsa Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň durnukly we sazlaşykly ösýändigine hem-de dünýäniň ykdysady giňişligine üstünlikli goşulyşýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ykdysady bähbitlerini, ilatyň saglygyny we durmuşyny goramak işinde gümrük işgärleriniň uly goşandyny belläp, geljekde hem gümrük hyzmatlarynyň hilini gowulandyrmaga, gümrük kanunlarynyň berk berjaý edilmegi bilen serhetden geçýän ýüklere we ulag serişdelerine degişli gözegçiligiň amala aşyrylmagyna uly üns bermegi tabşyrdy. 

Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň başlygy A.Osmanow neşe serişdeleriniň we psihotrop maddalarynyň bikanun ýaýradylmagynyň öňüni almak, adamlary, esasan-da, ýaşlary sagdyn durmuş ýörelgeçine işjeň çekmek boýunça 2014-nji ýylda alnyp barlan işler hakynda hasabat berdi. 

Döwlet Baştutanymyz ele salnan neşeleriň uly tapgyrlaryny ýok etmek boýunça geçirilýän giň gerimli çäreleriň, ilatyň arasynda wagyz-nesihat, düşündiriş işlerini geçirmek bilen, howply nägehana garşy alnyp barylýan göreşiň, ýöriteleşdirilen halkara guramalary bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylýan maksatnamalaryň neşeleriň bikanun dolanyşygynyň öňüni almaga, seri dumanladyjy serişdelere garşy göreşmäge, milletimiziň ruhy we beden taýdan saglygyny goramaga ýardam edýändigine ünsi çekip, bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreleriň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak üçin zerur çäreleri görmek barada anyk tabşyryklary berdi. 

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň başlygy A.Osmanowa berk käýinç yglan etdi we degişli resminama gol çekdi. 

Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy D.Baýramow geçen ýylda ýerine ýetirilen işler, hususan-da, Türkmenistana gelýän daşary ýurtlaryň raýatlaryny hasaba almak hem-de bikanun migrasiýanyň öňüni almak boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi. 

Milli Liderimiz dünýäniň dürli döwletleri bilen dostluk gatnaşyklaryny we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda Migrasiýa gullugynyň işgärleriniň goşandyna ýokary baha berip, degişli ugurda öňdebaryjy dünýä we halkara tejribesini işjeň ornaşdyrmagyň, öňde durýan jogapkärli wezipelere üstünlikli amal etmek üçin ýaş hünärmenleri taýýarlamagyň möhümdigini belledi. 

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby we hukuk goraýjy edaralaryň 2014-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Döwlet Howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde bu düzümleriň öňünde durýan wezipeleriň ýurdumyzyň abadançylygyny, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz 2015-nji ýyl üçin kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda harby düzümleriň ýolbaşçylaryna birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň öňünde goýlan wezipeleriň möhümligi her bir ýolbaşçydan netijeli işlemegi, özüne tabşyrylan işe jogapkärli çemeleşmegi talap edýär diýip belledi. 

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna garamagyndaky düzümlerde desgalaryň, şol sanda täze döwrebap harby şäherçelerdäki, bölümlerdäki, serhet galalaryndaky desgalaryň we ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň barşyna berk gözegçilik etmek tabşyryldy. Şol desgalar we binalar ýokary hilli gurlup, tabşyrylmaly möhletinde ulanmaga berilmelidir. 

Şol bir wagtyň özünde döwlet Baştutanymyz goşunyň öňünde goýlan wezipeleriň aýratyn möhümdigini we jogapkärlidigini nazara almak bilen, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň hatarlarynda düzgün–nyzamy we harby tertibi yzygiderli pugtalandyrmagy, ýaş esgerleriň harby taýýarlygyny we watançylyk terbiýesini ýokarlandyrmak boýunça geçirilýän işi güýçlendirmegi talap etdi. 

Hormatly Prezidentimiz harby doktrinanyň diňe goranyş häsiýetine eýedigini hem-de dünýädäki häzirki harby-syýasy ýagdaýy nazara almak bilen işlenip taýýarlanandygyny we harby ulgamda bitewi döwlet syýasatyny kemala getirmäge gönükdirilendigini, onuň biziň döwlet ösüşimiziň esasy ýörelgelerine laýyk gelýändigini ýene-de bir gezek nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz döwletimiziň mundan beýläk hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak, harby gullukçylaryň gullugy we ýaşaýyş-durmuşy üçin has oňaýly şertleri döretmek üçin maksadalaýyk çäreleri görjekdigini belledi. 

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul. 

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň ahyrynda harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şahsy düzümine Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň parahatçylygyny we asudalygyny, çäk bitewüligini, türkmen halkynyň abadan we bagtly durmuşyny goramak boýunça alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga Gol Çekdi

Türkmenhimiýa Döwlet Konserni Ýuwujy Serişdeleri Öndürýän Zawody Gurar

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Wideoşekilli Iş Maslahatyny Geçirdi

syrach