4.9 C
Aşkabat
25.11.2024
DURMUŞ

Türkmenistanyň sungaty we arhitekturasy.

2015-nji ýylda Mary şäherine türki dünýäsiniň medeni paýtagty derejesiniň berilmegi Gündogaryň bu iň gadymy medeni, ylym, edebiýat, sungat we arhitektura medeniýetiniň gadymy merkeziniň taryhy mirasynyň möhümdiginiň ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär. Şu hem beýik ösüşleri, çeper senetçiligiň özboluşly däplerini, edebiýatyň, sazyň, gadymy binagärligiň ajaýyp eserlerini dörediji türkmen halkynyň döredijilik akyl-paýhasynyň ýene bir tassyklanmasydyr. Milli sungaty we arhitekturany mundan beýläk-de öwrenmegiň, saklamagyň we ösdürmegiň meseleleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýurdumyzyň häzirki zaman medeni syýasatynyň wajyp ugry hökmünde kesgitlendi. 

27-nji ýanwarda Maryda şähere berlen hormatly derejä laýyklykda geçirmek bellenilen çärelere badalga berildi. Bu waka bagyşlanyp, “Türkmenistanyň sungaty we arhitekturasy” tapgyryndan makalalaryň ýygyndysynyň üçünji sany çapdan çykdy. Ol Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri gorap saklamak, öwrenmek hem-de dikeltmek baradaky milli müdürliginiň hem-de Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň her ýylky ylmy maglumatlaryny çap etmegi dowam edýär. 

Hünärmenleriň toparlarynda eýýäm meşhur bolan neşir türkmen halkynyň şöhratly geçmişine, medeni mirasynyň egsilmejek baýlygyna hem-de döwürdeşlerimiziň ussat döredijiligine barha artýan gyzyklanma jogap bolup durýar. 

Neşir Türkmenistanyň gadymy we häzirki zaman sungatyny öwrenýän sungaty öwrenijileriň, binagärligiň taryhçylarynyň we arheologlaryň mowzuklarynyň köptaraplylygyna we gyzyklanmalaryna şaýatlyk edýär. Olaryň makalalarynda ünsli okyjy Köneürgenjiň orta asyr keramikasy we türkmen halyçylygynyň däpleriniň dowam edişi barada, reňkiň özboluşly manylary we onuň dürli halklaryň şekillendiriş sungatyndaky orny hakynda, Türkmenistanyň žiwopisiniň häzirki wagtdaky natýurmort žanry barada ençeme täze gyzyklanmalary tapyp biler. 



Neşiriň şu sanynda “Arhitektura mirasy” diýen bölüm has tutumly boldy. Bu hem ýöne ýerden däldir. Soňky ýyllarda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary boýunça binagärlik, gurluşyk işleri görlüp-eşidilmedik derejede ýaýbaňlandyryldy. Bu ugurda döwlet Baştutanymyza aýratyn hyzmatlary üçin 2013-nji ýylda “Türkmenistanyň at gazanan arhitektory” diýen hormatly at dakyldy. Milli Liderimiziň diňe bir häzirki zaman binagärligini has-da ösdürmäge däl, eýsem, geçmişiň ýadygärliklerini goramak we gaýtadan dikeltmek meselelerine, şeýle hem bu işde ylmy pikiriň we tehniki ösüşiň iň täze gazananlaryny peýdalanmak meselelerine nähili uly üns berýändigi hemmelere bellidir. Alymlar öz gezeginde, binagärlik mirasyny öwrenmek ulgamynda öz gözleglerini işjeňleşdirdiler. Bu bolsa, hususan-da, neşiriň sahypalarynda hem beýanyny tapýar. 

Nobatdaky ýygynda Günorta Türkmenistanyň gadymy we orta asyr binagärliginde kemala geliş tapgyrlarynyň hem-de däpleriň yzygiderliliginiň, Köne Nusaýyň Parfiýa binagärliginiň bölekleriniň biri baradaky, Sarahs sebitlerinde Seljuk eýýamynyň gidrotehniki desgalary, Ýylgynlydepede arheologlar tarapyndan açylan eneolit eýýamynyň dini däp-dessurlary ýerine ýetirýän gadymy toplumlary, türkmen halk binagärliginiň adalgalary boýunça täze maglumatlar hem-de Merw sebitiniň demirgazygyndaky çölde ýakynda tapylan orta asyr kerwensaraýlarynyň ikisi baradaky barlaglara bagyşlanan makalalar girdi. “Ylmy miras” diýen bölümde türkmen diline terjime edilen Sankt-Peterburg uniwersitetiniň professory W.A.Žukowskiniň 120 ýyl mundan ozal ýazan we ylmy-taryhy ähmiýetini häzire çenli ýitirmedik “Gadymy Merwiň harabalyklary” atly nusgawy işinden bölekleriň ýerleşdirilmegi binagärlik baradaky gürrüňiň özboluşly dowamy bolup durýar. 

Awtorlaryň arasynda ýurdumyzyň hünärmenleri we olaryň dünýäniň dürli ýurlaryndan bolan kärdeşleri bar. Olar häzirki zaman türkmen žiwopisi, heýkeltaraşlygy, grafikasy, dizaýny, amaly-haşam sungatynyň milli görnüşleri (keramika, zergärçilik, halyçylyk), şeýle hem iň täze döwrüň binagärliginiň aýratynlyklary barada ýazýarlar. Şeýle habarlar ýokary okuw mekdepleriniň diňe bir degişli hünärleriniň alymlary we talyplary üçin däl, eýsem, Türkmenistanyň hem-de Orta Aziýanyň maddy we ruhy medeniýetiniň, umuman, döreýşi we ösüşi bilen gyzyklanýanlaryň ählisi üçin peýdaly bolup biler. 

Daşary ýurt barlagçylarynyň Türkmenistanyň gadymy hem-de häzirki zaman sungatyna we binagärligine bolan ünsüni göz öňünde tutup, neşir halkara okyjylaryna niýetlenendir hem-de Amerikanyň, Ýewropanyň we Aziýanyň iri ylmy merkezleriniň kitaphanalaryna iberilýär, häzirki wagtda bolsa neşiriň elektron görnüşi taýýarlanýar. Ol okyjylara Internet ulgamy arkaly elýeterli bolar. 

Watançylygyň belent duýgularynyň kemala getirilmeginde, ýaş nesilleriň ahlak hem-de estetiki taýdan terbiýelenmeginde milli sungatyň we binagärligiň bahasyna ýetip bolmajak orny bar. Hut şonuň üçin olary mundan beýläk-de öwrenmek, saklamak we ösdürmek meselelerine möhüm milli maksatnamalaryň derejesinde garalýar. 

Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ylym we döredijilik işleri üçin zerur enjamlar bilen üpjün edilen muzeýleriň we teatrlaryň döwrebap binalarynyň gurulmagy gumanitar ulgamda milli Liderimiziň syýasy ugrunyň görnükli netijelerine öwrüldi. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde täze görnüşli kitaphanalar bina edildi. XXI asyryň tehnologiýalaryndan ugur alan döwlet bilim maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň institutlarynyň ýaýraw ulgamynyň ylmy-barlag işleri innowasion derejä çykaryldy, kitap neşir etmek işi ösdürilýär, Internet ulgamynda milli ugurlar köpelýär. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy we goldawy bilen ýurdumyzda halkara maslahatlary, şol sanda medeni mirasa bagyşlanan halkara maslahatlar yzygiderli geçirilýär.

Degişli makalalar

Ýol howpsuzlygy hemmämiziň işidir.

syrach

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Migrasiýa Hakynda

turkmenhabargullugy

Türkmenistan Büyük İpek Yolu’nun Kalbi İstanbul’da Tanıtılacak

turkmenhabargullugy