13.9 C
Aşkabat
21.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine we käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine garaldy. 

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe söz berdi. Wise-premýer şu ýylyň ýanwar aýynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň makroykdysady görkezijileri baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Habar berlişi ýaly, hasabat döwründe milli ykdysadyýetimiziň yzygiderli depginli ösüşi bellenildi. 

2014-nji ýyl üçin Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň gutarnykly ösüşi barada habar berip, wise-premýer milli ykdysadyýetiň esasy görkezijisi bolan jemi içerki önüm öndürilişiniň ösüşiniň geçen ýylda 110,3 göterim derejesinde üpjün edilendigini belledi. Geçen ýyl daşary söwda dolanyşygy boýunça görkeziji 2013-nji ýyl bilen deňeşdirilende 104,2 göterim boldy. Bu bolsa “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda” göz öňünde tutulandakydan 28,1 göterim ýokarydyr. Maýa goýumlaryny özleşdirmek boýunça ösüş 6,1 göterim boldy. Munuň özi Prezident maksatnamasynda göz öňünde tutulanyndan 34,5 göterim ýokarydyr. 

2015-nji ýylyň ýanwar aýyndaky makroykdysady görkezijiler barada hasabat berip, wise-premýer jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 110,1 göterim bolandygyny aýtdy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bölek-satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 12,5 göterim artdy. 2020-nji ýyla çenli döwre niýetlenen Milli özgertmeler maksatnamasyna laýyklykda, durmuş ähmiýetli desgalaryň 195-siniň, 951,3 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlarynyň, şeýle hem inžener-aragatnaşyk düzüminiň desgalarynyň gurluşyklary amala aşyrylýar. 

Wise-premýer Türkmenistanyň döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, onuň girdeji böleginiň 102,7 göterim, çykdajy böleginiň 90,3 göterim ýerine ýetirilendigini habar berdi. Zähmet haklary, döwlet kömek pullary, pensiýalar we talyp haklary doly möçberli tölenilýär. 2014-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ortaça aýlyk iş haky 10 göterim ýokarlandy. 

Wise-premýer hasabatynyň çäklerinde, Türkmenistan bilen Halkara walýuta gaznasynyň arasynda baglaşylan degişli Ylalaşyga laýyklykda, şu aýda ýurdumyzda HWG-niň wekiliýetiniň iş saparynda bolýandygyny aýtdy. HWG-niň bilermenleri özgertmeler maksatnamalaryny, ykdysady we maliýe özgertmelerini durmuşa geçirmekde Türkmenistanda gazanylan makroykdysady görkezijilere we üstünliklere ýokary baha berip, ýurdumyzda geljekki ýyllarda jemi içerki önümiň öndürilişiniň ösüş depginlerine degişli oňyn çaklama berdiler. Şeýle hem sarp ediş harytlarynyň we ilata edilýän hyzmatlaryň nyrhlarynyň görkezijileriniň 2015-2016-njy ýyllarda pes derejede saklanyljakdygy nygtaldy. Döwlet goldawynyň we döredilen amatly şertleriň netijesinde hususy ulgam ösdüriler, bu hem oňyn netijeleri berer. 

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna HWG-niň wekiliýeti tarapyndan jemgyýetçilik üçin taýýarlanan hem-de milli ykdysadyýetiň ýokary ösüş depginlerine, Türkmenistanyň halkara abraýynyň has-da ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýän maglumat habary hödürlendi. Bu habary halkara walýuta gaznasynyň Internet sahypasynda ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar. 

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmak we halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýandygyny nygtady. Şu babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň yzygiderli depginli ösüşini üpjün etmek maksady bilen toplumlaýyn çäreleri görmegiň möhümdigine ünsi çekip, wise-premýere şu babatda birnäçe degişli tabşyryklary berdi. 

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, Halkara pul gaznasynyň jemgyýetçilik üçin taýýarlan maglumatynda ykdysadyýetimiziň ösüşi boýunça gowy netijelere garaşylýandygyny belledi. Emma, muňa garamazdan, biz ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek we ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça alyp barýan işlerimizi mundan beýläk hem netijeli dowam etmeli. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, pudaklarda özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmaga, mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga gönükdirilen maksatnamalarymyzy durmuşa geçirmek boýunça alyp barýan işlerimiziň depginini birjik-de gowşatmaly däl. 

Ýurdumyzyň ykdysadyýeti dünýä ykdysadyýetiniň aýrylmaz bir bölegi bolup durýar. Şoňa görä-de, dünýäde bolup geçýän ähli oňyn we ýaramaz ýagdaýlar biziň ýurdumyza hem gönüden-göni täsir edýär diýip aýtmak bilen, milli Liderimiz bu baradaky meselä ýene-de bir gezek ünsi çekdi. 

Dünýäde nebitiň we gazyň bahalarynyň birden pese düşmegi bilen bagly dörän ykdysady çökgünlik sebäpli, biz hem adaty bolmadyk çäreleri görmeli bolduk diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Harytlaryň we hyzmatlaryň aýry-aýry görnüşleriniň nyrhlaryny az-kem ýokarlandyrdyk. Manadyň erkin ýörgünli daşary ýurt puluna görä hümmetini biraz peseltdik. Emma, muňa garamazdan, şu ýylyň başyndan ähli işgärleriň zähmet haklary, pensiýalar we döwlet kömek pullary artdyryldy. Bu bolsa, nyrhlaryň ýokarlanmagy bilen bagly ilatymyzyň çykdajylarynyň belli bir derejede öwezini dolmaga mümkinçilik berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe ýüzlenip, dünýä ykdysadyýetinde emele gelen ýagdaýlary düýpli seljermegi, ýurdumyzyň ykdysadyýetinde ýaramaz ýagdaýlaryň ýüze çykmagynyň öňüni almaga mümkinçilik berýän çäreleri görmegi tabşyrdy. Wise-premýere bu ugurda geçirilmeli işleri seljerip, öz wagtynda degişli teklipleri bermek tabşyryldy. 

Bu babatda milli Liderimiz ýakyn ýyllarda halkymyz hiç hili kynçylyk çekmän, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşar ýaly, Türkmenistanyň ýeterlik möçberde halkara we içerki ätiýaçlyk serişdeleriniň bardygyny belledi. Emma, muňa garamazdan, biz arkaýynlaşmaly däldiris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de dünýäde ykdysady çökgünligiň dowam edýän häzirki şertlerinde ýurdumyzyň ykdysadyýetini üstünlikli dolandyrmak maksady bilen, Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmelidigini nygtady. Göz öňünde tutulmadyk çykdajylaryň, şonuň ýaly-da, dolandyryş edaralary üçin edilýän artykmaç çykdajylaryň möçberlerini azaltmak boýunça zerur çäreleri görmeli. Şu ýyl gurluşygyna başlamak göz öňünde tutulýan binalaryň we desgalaryň sanawyna hem gaýtadan seretmeli diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. 

Ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmaga gönükdirilen maksatnamany hem işläp taýýarlamaly we kabul etmeli diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Öň hem bellenip geçilişi ýaly, döwlet dolandyryş edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça geçirilýän özgertmeleriň depginini güýçlendirmeli. Ýurdumyzyň pul-karz we maliýe ulgamlarynda bazar usullaryny has giňden ornaşdyrmaly. Ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin zerur işleri amala aşyrmaly, şeýle hem ykdysadyýetde hususy pudagyň paýyny artdyrmak boýunça hem netijeli işleri durmuşa geçirmeli. 

Şu babatda döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýeti ösdürmäge hususyýetçileriň işjeň gatnaşmagyny gazanmak maksady bilen ähli çäreleri görmelidigini nygtady. Geçiriljek bu çäreler ýakyn ýyllarda dünýä ykdysadyýetinde üýtgäp durýan ýagdaýlara garşy ygtybarly usuly döretmäge, ýurdumyzda ykdysady durnuklylygy gazanmaga mümkinçilik berer. Bu çäreler alyp barýan makroykdysady syýasatymyza halkymyzyň ynamyny has-da berkider, milli pulumyz bolan manadyň hümmetini zerur bolan çäklerde saklamaga ýardam eder diýip belläp, milli Liderimiz ýokarda aýdanlaryny jemledi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow 2013-2017-nji ýyllar üçin ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň konsepsiýasyny amala aşyrmak we döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek babatda şu ýylyň ýanwar aýynda DIM-niň alyp baran işleriniň netijeliri hakynda hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Bitarap Türkmenistan giň hyzmatdaşlyk strategiýasyny ikitaraplaýyn, hem-de köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara we sebit guramalarynyň hem-de düzümleriniň çäklerinde yzygiderli durmuşa geçirýär. 

Munuň şeýledigini 2015-nji ýylyň ilkinji aýynyň wakalary hem aýdyň tassyklaýar. Olaryň hatarynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň Türkmenistana döwlet sapary hem bar. Biziň ýurdumyzyň daşary döwletler bilen söwda-ykdysady we ynsanperwer-medeni gatnaşyklaryna okgunly we netijeli häsiýet mahsus boldy. Ýanwar aýynda DIM-niň üsti bilen Türkmenistana daşary yurt wekiliýetleriniň 25-si geldi. Şol bir wagtda daşary döwletlere ýurdumyzdan wekiliýetleriň 38-si ugradyldy. 

Hasabat döwründe Türkmenistanda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde guralan hem-de dürli ugurlarda netijeli gatnaşyklary ösdürmäge ýardam eden çäreler geçirildi.Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň üstüni ýetiren resminamalaryň 7-sine gol çekildi. Şonuň bilen birlikde, Daşary işler ministrikleriniň arasynda geňeşmeler we hyzmatdaşlyk boýunça ikitaraplaýyn hökümetara toparlarynyň mejlisleri geçirildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň geljekde hem netijeli hyzmatdaşlyk ugruna üýtgewsiz eýerip, sebitde we dünýäde ählumumy parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmek, durnukly ösüş üçin oňaýly şertleri döretmek bilen bagly möhüm meseleleri çözmek babatda dünýä bileleşiginiň tagallalaryna işjeň gatnaşjakdygyny nygtady. 

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz häzirki ýagdaýlary we geljek üçin mümkinçilikleri nazara almak bilen, gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary has-da giňeltmek üçin bar bolan mümkinçilikleri ulanmagyň möhümdigine ünsi çekdi. 

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilen 2015-nji ýylda eziz Watanymyzyň bitaraplyk derejesiniň 20 ýyllygynyň hormatyna ýurdumyzda we daşary döwletlerde geçirilmegi meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada anyk tabşyryklary berdi. 

Milli Liderimiz Türkmenistanyň dürli ugurlarda, şol sanda strategiki energetika ulgamynda, ulag pudagynda hem-de beýleki ugurlarda giň özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen döredijilikli başlangyçlaryny has-da ilerletmek we iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça yzygiderli çäreleri görmegiň möhümdigini aýdyp, bu babatda degişli görkezmeleri berdi. 

Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzyň kanunçylygyny has-da kämilleşdirmek, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, şol sanda parlamentara gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň çäklerinde hyzmatdaşlygy berkitmek we şu maksat bilen daşary ýurt döwletleriniň parlamentleri bilen parlamentara dostluk toparlaryny döretmek boýunça alnyp barlan işler barada habar berdi. 

Mejlisiň ýolbaşçysy ýanwar aýynda döwlet Baştutanymyzyň deputatlar bilen duşuşygynda beren maslahatlaryny we sargytlaryny nazara almak bilen, täze kanunçylyk namalarynyň birnäçesiniň, şol sanda notariat we notarial işine, rieltorçylyk işine, Söwda-senagat edarasynyň işine, paýdarlar jemgyýetlerine, demir ýol ulagyna we beýlekilere degişli kanunlaryň taslamalarynyň, hereket edýän kanunlary kämilleşdirmegiň üstünde işlenendigini aýtdy. Iş topary ýurdumyzyň Esasy Kanunyny kämilleşdirmek boýunça gelip gowuşýan teklipleri seljermek babatda işleri dowam etdi. 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Parlamentara dostluk toparlaryny döretmek boýunça işleri alyp barýandygy hem bellenildi. Şol toparlaryň işi bolsa parlamentara we döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de netijeli ösdürmäge, halklaryň dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny has-da giňeltmäge gönükdirilendir. 

Milli Liderimiz habary diňläp, demokratik we goşulyşmak çärelerini has-da çuňlaşdyrmagyň, Türkmenistanyň dünýäde eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň we onuň başlangyçlaryny halkara giňişliginde ilerletmegiň, döwletara gatnaşyklaryny hem-e özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň deputatlaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga baglydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidenitmiz türkmen deputatlarynyň Türkmenistanyň daşary syýasat ulgamyndaky işinde milli ileri tutulýan ugurlar we bähbitler öz beýanyny tapmalydyr diýip aýtdy. 

Döwlet Baştutanymyz Mejlisiň ýurdumyzy mundan beýläk-de üstünlikli ösdürmäge, halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga, türkmen jemgyýetiniň ruhy we ahlak esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen gaýragoýulmasyz wezipeleri çözmek maksady bilen jemgyýetçilik guramalary we gyzyklanma bildirýän edaralar bilen hemişe aragatnaşyk saklamagynyň wajypdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna we neşekeşlige garşy aýgytly göreşmek, neşe söwdasyny edýänler babatda jeza çäresini güýçlendirmek maksady bilen milli kanunçylygy kämilleşdirmegiň möhümdigine deputatlaryň ünsüni çekdi. Neşe serişdeleri adamzadyň howpsuzlygynyň düýpli esaslaryna zyýan ýetirmäge, ahlak, durmuş, syýasy, ykdysady sütünleri, milletiň genefonduny weýran etmäge ukyplydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri hem-de paýtagtymyzdaky maýa goýum-gurluşyk işleriniň görkezijileri barada hasabat berdi. 

Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlarynyň ösüş depgini 108,1 göterim üpjün edildi. Şol sanda merkezleşdirilen býujet serişdeleriniň hasabyna özleşdirilen möçberi 100, 8 göterim, döwlet serişdeleriniň hasabyna özleşdirilen möçberi 109,5 göterim ýerine ýetirildi, şäher häkimliginiň öz serişdeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlarynyň möçberiniň ösüş depgini 6 esse ýokarlandy. 

Häzirki wagtda Aşgabat şäherinde dürli maksatly binalaryň we desgalaryň gurluşygy, şol sanda Aşgabat şäheriniň häkimliginiň buýurmasy boýunça 226 desganyň gurluşygy dowam edýär. Şu ýyl ulanylmaga berilmeli desgalaryň tassyklanan sanawyna laýyklykla toplumlaýyn işler alnyp barylýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, öňde goýlan maksatlaryň we wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň dünýäniň gözel we ýaşamak üçin amatly şäherleriniň biri, sebitiň we dünýäniň halkara durmuşynyň merkezi hökmünde Aşgabat şäheriniň derejesini berkitmäge gönükdirilendigini belledi. 

Döwlet Baştutanymyz ak mermerli paýtagtymyzda senagat we durmuş maksatly desgalary ulanmaga tabşyrmagyň möhletlerini, gurluşyk işleriniň hiliniň birkemsiz üpjün edilmegini, ulanyş häsiýetnamalarynyň döwrüň ölçeglerine kybap gelmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

Bularyň hemmesi paýtagtymyzy has-da ösdürmäge we abadanlaşdyrmaga toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigini görkezýär. Milli Liderimiz Aşgabat şäheriniň ýokary amatlylyk ölçeglerine laýyk gelmelidigine ünsi çekip, degişli ugurda işleri guramaçylykly alyp barmak boýunça wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow gözegçilik edýän pudaklarynda 2015-nji ýylyň birinji aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. 

Tutuş oba hojalyk toplumy boýunça önümçiligiň umumy möçberiniň ösüş depgini 100,2 göterime barabar boldy. Şunda Oba hojalyk ministrligi boýunça bu görkeziji 106,7 göterime, Suw hojalyk ministrligi boýunça 111,6 göterime, Tebigaty goramak ministrligi boýunça 104,3 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 122,1 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 102,3 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 102,8 göterime, Döwlet maldarçylyk birleşigi boýunça 157,4 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 145,8 göterime barabar boldy. Oba hojalyk toplumyna degişli ministrlikler we pudaklar boýunça maýa goýumlaryny özleşdirmegiň meýilnamasy 134,2 göterim ýerine ýetirildi. 

Wise-premýer şeýle hem welaýatlarda güýzlük bugdaýa ideg etmek we gowaça ekişine taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bugdaýyň, pagtanyň we beýleki ekinleriň bol hasylynyň binýadyny goýýan ähli möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda geçirilmeginiň wajypdygyny nygtap, bu işleriň ylmy taýdan esaslandyrylan agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilmegini üpjün etmek babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi. 

Soňra döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde oba hojalygynda önümleriň 92 göterimden hem gowragynyň döwlete degişli bolmadyk kärhanalar tarapyndan öndürilýändigini belläp, wise-premýerler A.Ýazmyradowa we A.Goçyýewe oba hojalyk toplumyny dolandyrmak boýunça özgertmeleri durmuşa geçirmegi has-da kämilleşdirmäge degişli teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow 2015-nji ýylyň ýanwar aýynyň netijeleri boýunça ýangyç-energetika toplumynda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada hasabat berdi. 

Hususan-da, nebitiň gaz kondensaty bilen çykarylyşynyň ösüş depgini 106,2 göterime, tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşynyň ösüş depgini bolsa 107,6 göterime barabar boldy. Daşary ýurtlara ugradylan tebigy gazyň ösüş depgini 111,1 göterime deň boldy. 2014-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende nebit önümleriniň birnäçesiniň, şol sanda awtomobil benzininiň, dizel ýangyjynyň, polipropileniň, ýangyç mazudynyň, suwuklandyrylan gazyň möçberleri artdy. Buraw işleriniň möçberleri 35,9 göterim ýokarlandy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz toplumynda alnyp barylýan işleriň häzirlikçe o diýen öwerlik däldigini belläp, pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň örän wajyp wezipedigini nygtady hem-de wise-premýere nebitgaz toplumynyň dolandyryş düzümini kämilleşdirmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak boýunça degişli çäreleri görmegi tabşyrdy. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa şu ýylyň ýanwar aýynda ýolbaşçylyk edýän ulgamyndaky işleriň netijeleri baradaky hasabat bilen çykyş etdi. 

Wise-premýer hasabat döwründe ýurdumyzyň sungat ussatlary tarapyndan edebi-çeper we aýdym-sazly çykyşlaryň köpsanlysynyň geçirilendigini aýtdy. Muzeýleriň, kitaphanalaryň, teatr toparlarynyň işlerini kämilleşdirmek boýunça işler alnyp baryldy. Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan kitaplaryň dürli görnüşleri, şol sanda okuw edebiýatlary çap edildi. 

Medeniýet babatda halkara hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmek maksady bilen, Aşgabatda amerikan kinofilmleriniň görkezilişi boldy. 27-nji ýanwarda Mary welaýatynyň merkezinde 2015-nji ýylda Mary şäheriniň türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaralar geçirildi we şähere berlen derejä laýyklykda, geçirmek bellenilen çärelere badalga berildi. Dabara türki halklaryň wekilleriniň köpsanlysy gatnaşdy. 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda medeniýet ulgamyny üstünlikli ösdürmezden durmuş-ykdysady ösüşleri gazanmagyň, raýatlaryň durmuşynyň mynasyp derejesini we hilini üpjün etmegiň, halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň mümkin däldigini belledi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, täze döwür bu möhüm ugurda işlemegiň täze görnüşlerini we serişdelerini tapmagy, ýurdumyzda bolup geçýän ägirt uly özgertmeleriň ählisine jogapkärli çemeleşmegi, olara döredijilikli akyl ýetirmegi we şol özgertmeleri mynasyp beýan etmegi talap edýär. 

Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzda durmuşa geçirilýän beýik işleriň many-mazmunyny açyp görkezmek maksady bilen, bu ugurdaky işleri kämilleşdirmek barada wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamyndaky işleriň ýylyň ilkinji aýyndaky netijeleri barada hasabat berdi. 

Bu aý, däp bolşy ýaly, Täze ýyl dabaralary we mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş döwri başlanýar. Şol döwürde Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinden çagalaryň 3413-si dynç aldy. Ýanwar aýynda türkmen okuwçylary halkara ders bäsleşiklerinde medallaryň 8-sini / bir altyn, iki kümüş we bäş bürünç/ gazandylar. 

Şu döwrüň dowamynda Bilim ministrliginiň ugry boýunça okuw kitaplarynyň we gollanmalarynyň 142 görnüşi çapa taýýarlanyldy, olaryň 7-si neşir edildi. Şeýle hem bilim ulgamynyň usulyýet esasyny kämilleşdirmek, mekdepde bilim berlişinde we hünär taýýarlygynda täze terbiýeçilik usullaryny ornaşdyrmak boýunça işler dowam edýär. 

Hasabatda ýanwar aýynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň institutlarynda, şol sanda dil öwreniş, taryh we beýleki ugurlar boýunça institutlarda geçirilen işleriň netijeleri barada aýdyldy. Wise-premýer milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň hünärmenleri tarapyndan işlenip taýýarlanylan “Türkmen diliniň düşündirişli sözlügini” neşir etmäge görülýjän taýýarlyk barada habar berdi. Neşir edilmeziniň öň ýanynda täze sözlük düzüminde ýurdumyzyň abraýly dilçi alymlary we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bolan ýörite topara seljermäge hödürlener. 

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýsasynyň Milli golýazmalar institutynyň hazynasynda saklanylýan çeşmeleriň we onuň alymlarynyň daşary ýurtlara iş saparlarynyň barşynda öwrenen maglumatlarynyň esasynda halkymyzyň taryhy-medeni we ruhy mirasyna degişli türkmen dilinde dört kitap çapa taýýarlanyldy. 

Hasabat döwründe, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň institutlarynyň hünärmenleri tarapyndan işlenip taýýarlanan birnäçe tehnologiki reglamentler we taslamalar önümçilige ornaşdyryldy. 

Saglygy goraýyş ulgamynyň we syýahatçylyk pudagynyň desgalarynyň gurluşyklarynyň barşy barada habar aýdyldy. Ýanwar aýynda 6370-den gowrak syýahatçylara hyzmat edildi. 

Hasabat döwründe Türkmenistanda içerki ýaryşlaryň ýedisi we köpçülikleýin–sport çäreleriniň bäşisi geçirildi. Türkmen türgenleri, şu döwürde halkara ýaryşlarynyň bäşisine gatnaşdylar. Şolarda medallaryň 11-sini–2 altyn, 2 kümüş we ýedi bürünç medallary gazandylar. 

Hormatly Prezidentimiz ýokary hilli bilim bermek, aň-paýhas taýdan ösüşe ýaşlary sagdyn-durmuş ýörelgeleri ruhunda terbiýelemek, ösüp gelýän nesli bedenterbiýe-sport hereketine çekmek baglydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady hem-de bu ugurlarda işleri işjeňleşdirmek boýunça görkezmeleri berdi. 

Milli Liderimiz saglygy goraýyş, bilim we ylym, sport we syýahatçylyk pudaklaryny has-da ösdürmek boýunça bellenilen meýilnamalary amala aşyrmagy üns merkezinde saklamagy, ösüşlere beslenen özgertmeleriň depginini talap etdi. Gürrüň diňe bir düzümleri ösdürmek barada barman, eýsem, ýaş işgärleri, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, halkara hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerini, BMG we onuň düzümleri, hususan-da, UNESKO ýaly guramalar bilen hyzmatdaşlygy netijeli peýdalanmak barada barýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli bellenilen çärelere ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görmek barada degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleriň birnäçesini berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň birinji aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň dokma senagatynyň önümçilik düzümini has-da döwrebaplaşdyrmak boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. 

Hasabatda bellenilişi ýaly, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende Senagat ministrligi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 109 göterim ösüş depgini bilen ýerine ýetirildi. Hususan-da, bu görkeziji sement öndürmekde, 109, 3 göterime, magdan däl serişdeler boýunça 112 göterime, keramzidiň öndürilişi boýunça 109,2 göterime we gurnama demir-beton önümleriniň öndürilişi boýunça 102,3 göterime deň boldy. 

Dokma senagaty ministrligi boýunça 2015-nji ýylyň ýanwar aýynda meýilnama 109,2 göterim ýerine ýetirildi. Önümçiligiň ösüş depgini 102, 7 göterime, şol sanda nah ýüplügiň hem-de nah matalaryň öndürilişi boýunça ösüş depgini degişlilikde 112,1 göterime we 104,5 göterime, tikin we örme önümleriň öndürilişi boýunça–108,5 göterime, ýüpek matalaryň öndürilişi boýunça–105,1 göterime, gön önümleri boýunça–102,1 göterime deň boldy. Pudak boýunça önümleri ýerlemegiň ösüş depgini 2014-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 107,1 göterime barabar boldy. 

“Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça şu ýylyň ýanwar aýynda öndürilen önümleriň möçberi boýunça ösüş depgini 100,7 göterime deň boldy. Şu döwürde pudagyň kärhanalary tarapyndan haly we haly önümleriniň 3 müň inedördül metrden gowragy dokalyp, ösüş depgini 100,6 göterim üpjün edildi. 

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanalarynda hasabat döwrüniň jemleri boýunça önüm öndürmegiň ösüş depgini iki esse artyp, degişlilikde 203, 6 göterime deň boldy. Hususan-da, mineral dökünleriň öndürilişiniň ösüş depgini 195,6 göterime, tehniki ýoduň öndürilişi 104,5 göterime barabar boldy we natriý sulfatynyň öndürilişinde 108,6 göterim ösüş depgini gazanyldy. 

Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komitetiniň kärhanalary ýanwar aýynyň ahyryna çenli meýilnamadan ep-esli öňe geçip işlediler. Pudak boýunça önüm öndürmegiň ösüş depgini 2,2 esse ýokarlanyp, 215,3 göterime deň boldy. 

Wise-premýer hasabatyny dowam edip, dokma toplumlaryň biriniň binýadynda ýylda 2,5 million jübüt jorap öndürjek täze önümçiligi döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, jorap pudagyny ösdürmek içerki bazary zerur bolan harytlardan doldurmak, şeýle hem ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň sargydyny ýerine ýetirmek wezipeleri bilen şertlendirilendir. Häzirki wagtda täze önümçilik üçin daşary ýurtlardan ýokary tehnologiýaly enjamlary getirmek boýunça tekliplere garamak boýunça degişli işler geçirilýär. 

Wise-premýer jorap önümleriniň dürli görnüşlerini döwlet Baştutanymyza görkezip, harby we hukuk goraýjy edaralary bilen birlikde, ilatyň möwsümleýin geýmegi üçin niýetlenen joraplar öndürilende ýurdumyzyň aýratyn howa şertleriniň göz öňünde tutuljakdygyny habar berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gaýtadan işleýän senagatyň esasy pudaklarynyň çalt depginler bilen ösdürilmeginiň türkmen ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyplylygyny we eksport kuwwatyny ep-esli berkitmäge mümkinçilik berjekdigini nygtady. Şol maksatlara ýetmek üçin öňdebaryjy we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň esasynda çykarylýan önümleriň hilini gözegçilikde saklamak, öndürilýän möçberini we görnüşlerini artdyrmak zerurdyr. 

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz dokma senagatynyň ösüş depgininiň ýokarlanandygyny belläp, onuň önümçilik kuwwatlygynyň ilatyň uly isleg bildirýän ýokary hilli taýýar tikin we örme önümleriniň, şol sanda jorap önümleriniň dürli görnüşlerini özleşdirmäge mümkinçilik berýändigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmegiň, harby gullukçylary ýurdumyzyň möwsümleýin howa aýratynlyklaryna gabat gelýän egin-eşikler bilen üpjün etmegiň möhümdigine ünsi çekip, bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Artykow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. 

Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça degişli döwrüň meýilnamasy 123,9 göterim ýerine ýetirildi, ösüş depgini 102,6 göterime barabar boldy. 

Energetika ministrligi boýunça 2015-nji ýylyň ýanwar aýynda öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň ösüş depgini 131,4 göterime, elektrik energiýasynyň öndürilişiniň ösüş depgini bolsa 103,2 göterime deň boldy. 

Jemagat hojalygy ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň ösüş depgini 110 göterime barabar boldy. “Türkmenawtoýollary” döwlet konserni boýunça bu görkeziji hasabat döwründe 100,4 göterim üpjün edildi. 

Hasabatyň çäklerinde döwlet ähmiýetli “Türkmenbaşy-Farap”, “Aşgabat- Daşoguz” täze awtomobil ýollaryny gurmak we tapgyrlaýyn döwrebaplaşdyrmak, Türkmenabat-Farap awtomobil köprüsini gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada hem habar berildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletimiziň iri pudaklaýyn taslamalary durmuşa geçirmäge ägirt uly serişdeleri gönükdirmek bilen, ýurdumyzyň gurluşyk senagatyny täze sepgitlere çykarmak üçin ähli şertleri döredýändigini belledi. Diňe bir senagat kuwwatyny artdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň gurluşykçylary tarapyndan ýerine ýetirilýän işleriň ýokary derejesini gazanmaga toplumlaýyn çemeleşmäni üpjün etjek guramaçylyk çärelerini güýçlendirmek hem wajypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. 

Hormatly Prezidentimiz awtomobil ýollarynyň düzümini ösdürmek barada aýdyp, häzirki döwürde awtomobil ýollaryny gurmak boýunça täze taslamalaryň giň gerimde amala aşyrylýandygyny nygtady we wise-premýere ýol-ulag düzümini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly wezipeleri ýerine ýetirmekde degişli düzümleriň sazlaşykly işlemegini üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganow gözegçilik edýän pudaklarynda ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. 

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça jemi haryt dolanyşygynyň ösüş depgini hasabat döwründe geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 117,2 göterime deň boldy. Bölek-satuw haryt dolanyşygy boýunça bu görkeziji 107,1 göterim, lomaý haryt dolanyşygy boýunça 122,7 göterim derejesinde üpjün edildi. Maýa goýumlaryny özleşdirmekde 103,4 göterim ösüş depgini gazanyldy. 

Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda ýanwar aýynda 15 sany birža söwdasy geçirildi. Daşary ýurt puluna gelip gowşan serişdeleriň möçberi 3 million 58,4 müň amerikan dollaryna deň boldy. Girdejiniň ösüş depgini bolsa 136,7 göterime barabar boldy. 

Söwda-senagat edarasy boýunça hasabat döwründe hyzmat işlerini ýerine ýetirmegiň ösüş depgini 110 göterime deň boldy. Daşary ýurt pulunda gelip gowşan serişdeleriň ösüş depgini 125 göterime barabar boldy. 

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça hasabat döwründe senagat önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 129 göterime, oba hojalyk önümleri—138 göterime deň boldy. Telekeçiler tarapyndan ýerine ýetirilen gurluşyk-gurnama işleriniň ösüş depgini 9 göterime barabar boldy. Şunda jemi haryt dolanyşygynyň ösüş depgini 161 göterime, ilata edilen hyzmatlaryň möçberi – 147 göterime deň boldy. 

Soňra wise-premýer 5-nji fewralda Aşgabat şäherinde Türkmen-horwat işewürler maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Onuň gün tertibine nebitgaz pudagy, energetika, ulag, gurluşyk, maliýe-bank ulgamy, ylym, medeniýet we bilim ýaly ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri giriziler. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, söwda ulgamynda işleriň ýagdaýyna geçirilen seljermäniň onuň ösüşiniň depginlerini saklamak üçin goşmaça ätiýaçlyklary döretmäge mümkinçilik berýändigini aýtdy. Şol ätiýaçlyklary ykdysady we senagat ösüşinde açylýan mümkinçilikleri, iri pudaklaýyn taslamalary, milli maksatnamalaryň we halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň strategiki maksatlaryny nazara almak bilen ulanmak möhümdir. Milli Liderimiz bu babatda birnäçe görkezmeleri berip, wise-premýere bellenilen meýilnamalaryň hem-de söwdanyň döwrebap netijeli görnüşlerini ösdürmäge, ýurdumyzda öndürilýän önümleri daşary ýurt bazarlaryna ibermäge we halkara işewür gatnaşyklaryny giňeltmäge gönükdirilen çäreleriň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

Şunuň bilen bagşlylykda, milli Liderimiz ikitaraplaýyn işewürler maslahatlarynyň geçirilmegine hem-de söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparlary ýaly bilelikdäki düzümleriň işine uly ähmiýetiň berilýändigini belledi. Şeýle duşuşyklar we çäreler netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň ýolunda geljekki ädimleri kesgitlemäge, haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmaga, özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge ýardam berer. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. 

Degişli makalalar

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Azyk Howpsuzlygy Hakynda

17-nji Fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kasam Kabul Ediş Dabarasy Bolar

Seulda Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Arasynda Diplomatik Gatnaşyklaryň Ýola Goýulmagynyň 25 Ýyllygyna Bagyşlanan Halkara Maslahat Geçirildi