8.9 C
Aşkabat
24.11.2024
YLYM

Gelejegi Uly Bolan Gatnaşyklar

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti (Türkmenistan) hem-de Raýta adyndaky döwlet uniwersiteti (ABŞ) hyzmatdaşlyk barada Memoranduma gol çekdiler. Bu resminama, ilkinji nobatda, mugallymlar we talyplar düzümi derejesinde bilim babatda alyş-çalyşa, bilelikdäki gözleg maksatnamalaryny işläp taýýarlamaga we guramaga we beýleki özara gyzyklanma bildirilýän geljegi uly bolan hyzmatdaşlyga gönükdirilendir. 

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde biziň ýurdumyzyň ýokary bilim ulgamynyň taryhynda talyplary okatmak ilkinji sapar diňe iňlis dilinde alnyp barylýar. Okuw işlerini guramak halkara bilim standartlary – tehniki taýdan üpjün etmegiň iň ýokary derejesinde gurulandyr. Okuw otaglary we merkezleri öňdebaryjy maglumatlara, şol sanda internet-ulgamlaryna hem, häzirki zaman multimediýa enjamlaryna eýedir. 



Bu uniwersitetiň bäş fakultetinde – ynsanperwer ylymlary; halkara hukugy we halkara gatnaşyklary; halkara ykdysadyýeti we halkara menejmentligi; maglumatlar tehnologiýalary; hünär kämilleşdiriş ýaly fakultetlerinde hünär taýýarlygynyň on dört ugry hereket edýär. 

Ýokary okuw mekdebiniň okuw maksatnamasy Bolon işiniň talaplaryna esaslanýandyr. Bir ýyllyk dil okuwyndan soňra talyplar bakalawriat ulgamy boýunça dört ýyllap taýýarlyk geçerler. Iki ýyllyk magistratura ýaly soňky basgançak hem göz öňünde tutulandyr. 

Häzirki wagtda bu türkmen ýokary okuw mekdebi ýakyn we uzak daşary ýurtlaryň beýleki ylym-bilim merkezleriniň birnäçesi bilen geljegi uly bolan gatnaşyklaryň wariantlarynyň üstünde işleýär.

Degişli makalalar

Bürünç medal.

syrach

Üstünlige Tarap Ýol

Bäsleşik Tamamlanýar: Haýsy Eserler Öňdäki Orunlarda?