Türkmen küştçileri iri halkara ýaryşlarynda nobatdaky üstünlige eýe boldular. Golaýda Reşt şäherinde (Eýran Yslam Respulikasy) tamamlanan Hazaryň kubogy ýaryşynda ildeşlerimiz iki medalakümüş we bürünç medallara, şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň paýtagtynda geçirilen Moskow-open ýaryşynda Maksat Atabaýew halkara grossmeýsteri diýen ada mynasyp boldy. M.Atabaýew şeýle ýokary sport derejesine eýe bolan Türkmenistanyň iň ýaş türgenidir.
Eýranyň Hazarýaka şäherinde geçirilen ýaryşa Russiýadan, ABŞ-dan, Fransiýadan, Ukrainadan, Latwiýadan, Litwadan we beýleki ýurtlardan türgenleriň 500-e golaýy gatnaşdy. Olar medallar ugrunda dört toparda bäsleşdiler. Türkmenistanlylar C toparda medala mynasyp boldular. Bu toparda FIDE-niň ussady Bahar Hallaýewa hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykmagy başardy. Türkmenistanyň häzirki çempiony şweýsar ulgamy boýunça 9 döwde geçirilýän ýaryşyň barşynda 9 utuk toplap, diňe ýer eýeleriniň wekilinden utuldy.
Biziň türgenlerimiziň ýene-de biriFIDE-niň ussady Gözel Atabaýewa hem şonça utuk toplap, bürünç medala mynasyp boldy. Eger-de dünýäniň 12 ýurdundan uly ýaşly küştçiler bilen deň bäsleşip, iň oňat üç türgeniň hataryna girmegi başarandygyny göz öňünde tutanyňda, ýaş küştçiniň üstünliginiň ähmiýeti artýar.
Şol toparda biziň ildeşimiz Meňli Öwezowa 6,5 utuk toplap, dördünji orna mynasyp boldy.
Erkekleriň arasynda küştçüleriň 200-den gowragy medallar ugrunda göreşen B toparynda FIDE-niň ussady Haýrulla Haýtbaýew oňat netije görkezdi. Kazanda geçirilen Uniwersiada-2013-e gatnaşan türgenimiz mümkin bolan dokuz utukdan ýedi utuk toplap, 4-12-nji orunlara mynasyp bolan türgenleriň hataryna girdi. Türkmenistanly türgene medal almak üçin bary-ýogy 0,5 utuk ýetmedi.
Reşt şäherinde nusgawy küşt boýunça ýaryşlardan başga-da, çalt oýnamak boýunça bäsleşik geçirildi. Onuň düzgüni boýunça bir döwe her göçümden soň 2 sekund goşulmak bilen 3 minut berilýär. Bu ýaryşda biziň toparymyzyň düzüminde Merjen Ýalkanowa tapawutlandy. Ol halkara ýaýryşlarynyň iň güýçli türgenleriniň bäşigine girmegi başardy.
20 ýaşly Maksat Ataýew ýokary derejeli Moskow-open ýaryşynda halkara grossmeýstriniň normatiwini ýerine ýetirdi. Aprel aýynda Abu-Dabide (Birleşen Arap Emirlikleri) Halkara küşt federasiýasynyň (FIDE) kongresi geçiriler. Şol ýerde M.Atabaýewiň bu ýokary sport adyna eýe bolandygyny tassyklaýan resmi sertifikata gol çekiler.
Ýokary grossmeýster görkezijisinden başga-da, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Orazly Annageldiýewiň şägirdi erkekleriň arasynda ýurdumyzyň ýokary ligasynyň çempionatynda ýeňiş gazanan iň ýaş küştçi bolup durýar. Ol ilkinji gezek milli derejedäki ýaryşda 15 ýaşynda ýeňiji boldy, şondan bäri hem üç gezek ýeňiş gazandy.
Moskwada geçirilen ýaryşlaryň barşynda Halkara küşt federasiýasynyň wekilleri dürli ugurlar boýunça 30-dan gowrak ýurtdan gelen tälimçileri synagdan geçirdiler. Şeýlelikde, O.Annageldiýewe FIDE-niň guramaçysynyň sertifikaty gowşuruldy. Bu resminama indiden beýläk Türkmenistanyň ýygyndysynyň uly tälimçisiniň halkara derejesindäki islendik ýaryşlary, şol sanda dünýäniň we Aziýanyň çemionatlaryny guramaga gatnaşyp bilýändigini tassyklaýar.
Tälimçi Aýdogdy Atabaýew synaglaryň ikisinden geçmegi başardy. Şol synagalar bolsa ony FIDE-niň emini we FIDE-niň tälimçisi hökmünde kesgitleýär. Mundan beýläk türkmen tälimçisi emin hökmünde küşt boýunça islendik halkara ýaryşlaryna hyzmat edip biler we dünýäniň islendik ýurdunda tälimçi bolup işläp biler.
…Bary-ýogy iki aý mundan ozal täze açylan Aşgabadyň Küşt we şaşka mekdebinde 22-nji fewralda ilkinji gezek milli ýaryşlaryň10,12,16 we 18 ýaşa çenli küşçüleriň arasynda Türkmenistanyň birinjilikleriniň birbada dördüsi badalga aldy. Medallar ugrunda ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden ýaş küştçüleriň 150-ä golaýy göreşýär. Ýeňijiler we baýrakly orunlara mynasyp boljaklar 1-nji martda kesgitlener.