R.Meredow 3-4-nji martda Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýe Respublikasyna boljak resmi saparyna görülýän taýýarlyk hakynda hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, nobatdaky ýokary derejedäki türkmen-türk gepleşikleri netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge ýardam etmäge gönükdirilendir. Onuň esasynda türkmen hem-de türk halklarynyň mizemes dostluk we doganlyk gatnaşyklary, medeni hem-de ruhy däpleriniň umumylygy durýar. Gepleşikleriň jemleri boýunça döwletara hyzmatdaşlygynyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny has-da berkitjek ikitarpalaýyn resminamlara gol çekmek göz öňünde tutulýar.
Söwda-ykdysady ulgamda türkmen-türk gatnaşyklary çalt depginler bilen ösýär. Ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň artmagy munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär. Şunuň bilen birlikde, gumanitar-medeni, şol sanda bilim ugry boýunça döwletara gatnaşyklaryna hem netijeli häsiýet mahsusdyr.
Saparyň maksatnamasynda milli Liderimiziň Stambula baryp görmegi göz öňünde tutulýar. Şol ýerde Türkmenistanyň Halkara maýa goýum maslahaty geçiriler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň netijeli daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmek arkaly, dünýäniň ähli ýurtlary bilen gatnaşyklaryny parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde guraýar we geljekde hem şol ugra eýerjekdigini aýtdy.
Abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösýän döwletara türkmen-türk gatnaşyklaryna ýokary baha bermek bilen, milli Liderimiz soňky ýyllarda däbe öwrülen şol hyzmatdaşlygyň söwda-ykdysady ulgamda, şeýle hem medeni-gumanitar ulgamlarda täze kuwwatly itergä eýe bolandygyny belledi.