Şu gün 3-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna resmi sapary başlanýar.
Ankarada ýokary derejede geçiriljek ikitaraplaýyn duşuşygyň doganlyk iki halkyň netijeli hyzmatdaşlygynyň köp asyrlyk senenamasyna möhüm ähmiýetli täze sahypa bolup ýazyljakdygyna hem-de soňky ýyllarda iki ýurduň ykdysadyýetleriniň biri-biriniň üstüni ýetirýän häsiýeti netijeli döwletara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna we hemmetaraplaýyn ösdürilmegine ýardam berjekdigi ikuçsyzdyr.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 27-nji fewralda geçirilen mejlisinde ýokary derejedäki nobatdaky türkmen-türk gepleşikleriniň netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürilmegine ýardam berilmegine gönükdirilendigi, şol hyzmatdaşlygyň dostlugyň hem-de doganlygyň mizemez gatnaşyklaryna, taryhyň dowamynda türkmen we türk halklarynyň medeni we ruhy däp-dessurlarynyň kemala gelen umumylygyna esaslanýandygy bellenildi.
Mälim bolşy ýaly, döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan sebitde hem-de dünýäde durnuklylyga we ösüşe ýardam berilmegine gönükdirilip ýöredilýän daşary syýasatyň möhüm ugry bolup durýar. Asyrlaryň dowamynda emele gelen doganlyk türkmen-türk gatnaşyklarynyň häzirki taryhy eýýamda hil taýdan täze many-mazmuna eýe bolmagy muňa aýdyň subutnama bolup biler. Özara düşünişmek, ynam we berk dostluk iki halkyň belent gymmatlylygyna öwrülip, ikitaraplaýyn, hem-de köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda iri halkara guramalarynyň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän netijeli we köpugurly hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly binýady döretdi.
Döwletara gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýe bolmagy esasan, iki döwletiň Liderleriniň bu gatnaşygyň ösdürilmegine aýratyn üns bermegi bilen şertlendirilendir. Iki döwletiň Liderleriniň özara saraplary yzygiderli hem-de netijeli häsiýete eýe bolup, Türkmenistanyň we Türkiýäniň köpugurly hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi hem-de söwda-ykdysady we gumanitar gatnaşyklary işjeňleşdirmegi maksat edinýändigini görkezýär.
Geçen ýylyň noýabrynda Türkiýe Respublikasynyň täze Prezidentiniň Aşgabada resmi sapary türk tarapynyň dostlukly gatnaşyklaryň we özara peýdaly hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigini aýdyň görkezýän subutnama öwrüldi. Ýeri gelende aýtsak, Rejep Taýip Ärdogan döwlet Baştutany hökmünde Orta Aziýadaky ýurtlaryň arasyndan ilki bilen Türkmenistana geldi.
Geçen ýyllarda türkmen-türk diplomatik gatnaşyklaryny ösdürmegiň barşynda halkara hukuk binýady döredildi, şol binýat ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyndan ybarat bolup, şolara laýyklykda tutuş sebitiň yzygiderli ösüşi we rowaçlygy üçin uly ähmiýete eýe bolan bilelikdäki möhüm taslamalaryň onlarçasy üstünlikli durmuşa geçirildi hem-de olary amala aşyrmak dowam etdirilýär. Bilelikdäki desgalaryň sanawynda Türkmenbaşy şäherindäki täze Halkara deňiz portunyň, Aşgabatda Halkara howa menziliniň, döwrebap lukmançylyk edaralarynyň, iri dokma toplumlarynyň, paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginiň, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda düzüme degişli birnäçe desgalaryň gurluşygynyň taslamalary we beýlekiler aýratyn orny eýeleýär.
Soňky 20 ýylda doganlyk Türkiýäniň işewür toparlary daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň we maýadarlaryň ünsüni çekýän türkmen bazarynda özlerini tanatmagy başardylar. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça giň gerimli maksatnamalaryň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşýan daşary ýurt kompaniýalarynyň Türkmenistanda bellige alnan sanynyň agramly bölegi türk maýasynyň gatnaşmagyndaky kompaniýalardan ybaratdyr, munuň özi ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň barha artýandygyny görkezýär.
Özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparynyň hem-de Türkmen-türk işewürlik geňeşiniň işine, şeýle hem işewürlik maslahatlarynyň we sergileriň yzygiderli guralmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Olar möhüm ähmiýetli ulgamlaryň ählisinde diýen ýaly, ilkinji nobatda, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk we beýleki pudaklar boýunça üstünlikli ösdürilýän hyzmatdaşlygy has-da sazlaşykly giňeltmek üçin örän oňaýly mümkinçilikleriň bardygyny görkezýär.
Türkmen Lideriniň saparynyň çäklerinde Türkiýäniň iri işewürlik merkezi hasaplanýan Stambul şäherinde Türkmenistanyň Halkara maýa goýum maslahatynyň guralmagy tötänden däldir. Oňa gatnaşmak üçin Türkiýäniň işewür toparlaryna wekilçilik edýänleriň 600-e golaýy hem-de dünýädäki ýurtlaryň 40-dan gowragynyň, halkara guramalarynyň we bank edaralyrynyň wekilleri çagyryldy. Bu maslahat türkmen ykdysadyýetinde gazanylýan üstünlikleri, maýa goýumlary babatdaky mümkinçiliklerini aýdyň görkezip, dünýäniň işewür toparlary bilen ysnyşykly we işjeň gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna ýardam bermelidir.
Ýeri gelende aýtsak, maýa goýum maslahatynyň öňüsyrasynda türkmen wekiliýeti BOSB iri senagat zolagyna baryp görer hem-de ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirer. Eksport edijileriň halkara assosiasiýasynda özara bähbitleri hem-de milli ykdysadyýetleriň biri-biriniň üstüni ýetirmegini göz öňünde tutup, ýola goýlan netijeli işewürlik hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň geläegini ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.
Türkiýeli hyzmatdaşlar ýurdumyz tarapyndan öňe sürlen beýleki başlangyçlary, şol sanda şanly senä Türkmenistanyň hemişelik, oňyn Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 20 ýyllygyna taýýarlyk görmek bilen bagly çäreleri işjeň makulladylar, Bitaraplyk baýramçylygy halkara derejeli ähmiýete eýe boldy. Bitaraplyk we parahatçylyk ýylyna bagyşlanyp, Ankaradaky kitap sergisi Türkmenistanyň açyk gapylar syýasatyna hem-de giň halkara hyzmatdaşlygyna ygrarlydygyny aýdyň görkezýän dabaralaryň birine öwrüler.
Ýeri gelende aýtsak, bu şanly senä bagyşlanyp, soňky döwürde daşary ýurtlaryň, şol sanda Türkiýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde köpsanly makalalar çap edildi. Türkiýäniň Bosfor atly meşhur hepdelik gazetiniň täze sanynyň sahypalarynda 2015: Türkmenistanda Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly atly aýratyn makala esasy orun berildi.
Bu makalada halkara gatnaşyklarynyň ulgamyna degişli edara hökmünde Bitaraplygyň taryhynda täze sahypany açan türkmen Bitaraplygynyň özboluşlylygy seljerilip, Türkmenistanyň ählumumy ösüş gazanmak boýunça dünýä bileleşigine görelde görkezýändigi hem-de munuň hyzmatdaşlygyň we ählumumy parahatçylygy gazanmagyň täze ýörelgesiniň esasyna öwrülendigi barada aýdylýar. Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynda uly dabaralar geçiriler, olaryň Türkmenistanyň halkara derejesindäki at-abraýynyň has-da artmagyna, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzy sebitde parahatçylygyň döredilmegine syýasy täsirini ýetirýän hem-de Aziýada we tutuş dünýäde ykdysady taýdan durnukly we medeni taýdan özüne çekiji merkezleriň birine öwrülmegine gönükdirilen strategiýasynyň amala aşyrylmagyna degerli ýardam berjekdigi şübhesizdir.
Daşary ýurtlaryň, aýratyn-da türk metbugatynyň ýokary derejede geçiriljek duşuşyga şeýle içgin üns bermegi kanunalaýyk ýagdaýdyr. Žurnalistler, syýasaty öwrenijiler, işewür toparlar bu sapara däbe öwrülen hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň ýolundaky nobatdaky ädim hökmünde baha bermek bilen çäklenmän, özara gyzyklanma bildirilýän ugurlary giňeltmegiň hem-de dostlukly iki ýurduň döwleti ösdürmek boýunça ilkinji nobatdaky wezipeleri göz öňünde tutmak arkaly, olary iş ýüzünde amala aşyrmagyň döwrüň talaplaryna laýyk gelýän has netijeli usullaryny gözlemek hökmünde garaýarlar.