Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda ykdysadyýetimiziň pudaklaryny we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça şu ýylyň iki aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine, şeýle hem döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meselelerine we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe hasabat bermek üçin söz berdi.
Ol şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň netijeleri barada hasabat berdi. Şu döwürde gazanylan makroykdysady görkezijileriň milli ykdysadyýetimiziň durnukly we yzygiderli ösdürilýändigine hem-de hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýändigi bellenildi.
Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 110,1 göterime, jemi öndürilen önümiň ösüş depgini bolsa 110,2 göterime barabar boldy. Geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, ýanwar-fewral aýlarynda bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 15,4 göterim artdy.
Şeýle hem hasabat döwründe iri önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygynyň alnyp barlandygy hem-de geçen ýyldaky görkeziji bilen deňeşdireniňde, maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna düýpli maýa goýumlaryny özleşdirmek boýunça ösüş depgininiň 105,1 göterime barabar bolandygy barada aýdyldy. Düýpli maýa goýumlarynyň möçberiniň jemi içerki önüme bolan gatnaşygy 36,2 göterim möçberde emele geldi.
Şeýle hem wise-premýer rejelenen görnüşdäki Milli özgertmeler maksatnamasyna laýyklykda, iki aýyň jemleri boýunça ýurdumyzda durmuş maksatly desgalaryň 194-siniň, 959,7 müň inedördül metrlik ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de inženerçilik-tehniki ulgamlaryň we desgalaryň gurluşygynyň alnyp barylýandygyny habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda maýa goýumlarynyň 15,9 göterim köp özleşdirilendigi bellenildi.
Ýanwar-fewral aýlarynyň netijeleri boýunça ýurdumyzyň Döwlet býujeti üstünlikli berjaý edildi. Onuň girdeji bölegi 103,6 göterim, çykdajy bölegi 90,7 göterim möçberinde ýerine ýetirildi. Býujet serişdeleriniň 79 göterimi durmuş ulgamynyň ösdürilmegine gönükdirildi. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary bellenilen möhletlerde tölenildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de sazlaşykly ösdürmek, milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda durnukly ösüş depginlerini saklamak, halkymyzyň ýokary derejli durmuşyny üpjün etmek üçin bar bolan kuwwatdan we mümkinçiliklerden has netijeli peýdalanmak maksady bilen, toplumlaýyn çäreleriň görülmeginiň möhümdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz işleriň ýagdaýyny we ähli pudaklar boýunça gazanylan netijeleri yzygiderli seljermegiň zerurdygyny belläp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryna degişli tabşyryklary berdi.
Soňra wise-premýer Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmagyň 2013-2016-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna şol maksatnamany amala aşyrmagyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde hususylaşdyrmak üçin hödürlenýän döwlet kärhanalarynyň we desgalarynyň sanawy berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmagyň meselelerine ünsi çekip, bazar gatnaşyklaryna mahsus şertlerde bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti döretmek, hususy ulgamyň maýa goýumlaryny işjeň çekmek bilen baglylykda şu ugurda alnyp barylýan işleriň uly ähmiýete eýedigini aýtdy. Milli Liderimiz umuman, döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmak boýunça hödürlenen sanawy oňlap, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça şu ýylyň iki aýynda Mejlis tarapyndan alnyp barlan işleriň netijeleri barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, şu döwürde Türkmenistanyň kanunlarynyň 25-si we Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlarynyň 15-si kabul edildi. Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary nazara alnyp we hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan hukuk özgertmeleriniň çäklerinde Türkmenistanyň kanunlarynyň taslamalary taýýarlanylýar.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça işler dowam etdirilýär, onuň taslamasynyň üstünde işlenilýän döwürde gelip gowuşýan teklipleri seljermek boýunça iş toparynyň maslahatlarynyň jemi 11-si geçirildi.
Parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan “Türkmenistanyň halk atşynasy” diýen hormatly ady döretmek boýunça geçirilen işler barada habar berip, onuň döşe dakylýan nyşanynyň görnüşlerini döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, durmuş-ykdysady özgertmeleri okgunly ilerletmegiň we türkmen jemgyýetini mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmagyň bähbidine milli kanunçylyk biýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça parlamentiň işini işjeňleşdirmegiň wajypdygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanyň halk atşynasy” diýen hormatly ady döretmek meselesine degip geçip, ýurdumyzyň atçylygyny mundan beýläk-de goldamagyň, türkmen halkynyň gadymdan gelýän bu pudagynyň däplerini baýlaşdyrmagyň möhümdigini nygtady.
Türkmenistanda behişdi bedewler bilen işlemegi durmuş ýörelgesine öwren, bu ugurda belent sepgitlere ýeten adamlar az däldir. Olar uly hormat-sarpa mynasypdyr diýip, milli Liderimiz bu teklibi goldady.
2013-2017-nji ýyllarda ýurdumyzyň daşary syýasat konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň barşynda Daşary işler ministrliginde geçen iki aýyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän giň işjeň hyzmatdaşlyk ugruna eýermek bilen, Bitarap Türkmenistan döwletara derejesinde bolşy ýaly, köpugurly esasda, abraýly halkara guramalarynyň hem-de düzümleriniň çäklerinde ýola goýulýan dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny üstünlikli ösdürýär.
Ýurdumyzyň daşary döwletler bilen söwda-ykdysady we medeni-gumanitar gatnaşyklarynyň sazlaşykly ösüşi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Hasabat döwründe Daşary işler ministrliginiň üsti bilen Türkmenistana daşary ýurtlaryň 71 wekiliýeti geldi. Şol bir wagtyň özünde daşary ýurtlara ýurdumyzdan 94 wekiliýet ugradyldy. Şeýle hem daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde dürli derejedäki çäreleriň 26-sy geçirildi.
Daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli geçirilýän ikitaraplaýyn geňeşmeler, Bilelikdäki hökümetara toparlarynyň işi Türkmenistan bilen dünýäniň dürli ýurtlarynyň arasynda netijeli we dostluk gatnaşyklarynyň berkidilmegine gönükdirildi.
Medeni-gumanitar ulgamdaky däp bolan hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugry bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen sebitiň we dünýäniň beýleki döwletleriniň arasynda ýola goýulýan gatnaşyklaryň işjeň häsiýete eýe bolandygy bellenildi.
Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy hasabatynyň çäklerinde Eýran Yslam Respubliksynyň Prezidentiniň şu ýylyň 10-11-nji marty aralygynda ýurdumyza boljak döwlet saparyna görülýän taýýarlyk işleri barada aýtdy. Ýokary derejede geçiriljek türkmen-eýran gepleşikleriniň barşynda söwda-ykdysady ugurda bolşy ýaly, medeni-gumanitar pudakda yzygiderli ösdürilýän döwletara gatnaşyklarynyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň üstüni ýetirjek ikitaraplaýyn resminamalar toplumyna gol çekmek meýilleşdirilýär. Bu ugurda Bilelikdäki hökümetara toparynyň işine möhüm orun degişlidir.
Şeýle hem şu ýylyň 12-14-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa boljak iş saparyna görülýän taýýarlyk barada aýdyldy. Ýaponiýanyň Sendaý şäherinde BMG-niň tebigy heläkçilikleriň töwekgelçiligini peseltmek baradaky III halkara maslahaty geçiriler.
Milli Liderimiziň BMG-niň, şol sanda “Rio+20” bütindünýä sammitiniň münberlerinden, şeýle hem beýleki möhüm maslahatlarda öňe süren halkara başlangyçlarynyň möhümdigi we ähmiýetlidigi bellenildi hem-de olaryň dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna mynasyp bolandygy aýdyldy. Olaryň hatarynda sebitleýin we ählumumy möçberde durnukly ösüş üçin zerur şertleri üpjün etmek maksady bilen halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilen netijeli teklipler bar. Geçen ýylyň sentýabrynda Hazarýaka döwletleriniň baştutanlarynyň Astrahanda geçirilen IV sammitiniň jemleri boýunça gol çekilen Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olary aradan aýyrmak ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyk hut şu maksada gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk-de ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly sebitara we halkara guramalarynyň, düzümleriniň ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdüriljekdigini, häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň oňyn çözgüdiniň taýýarlanylmagyna işjeň gatnaşjakdygyny belledi.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň daşary sysaýat strategiýasyny durmuşa geçirmek babatda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň we diplomatik wekilhanalarynyň öňünde möhüm wezipeleriň durýandygyna ünsi çekip, ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara peýdaly gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak hem-de giňeltmek üçin bar bolan mümkinçilikleriň durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen halkara başlangyçlarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza boljak döwlet saparynyň üstünde durup geçmek bilen, ýyl-ýyldan täze mazmun bilen üsti ýetirilýän türkmen-eýran gatnaşyklarynyň däp bolan dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk häsiýetine eýedigini kanagatlanma bilen belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu barada aýtmak bilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli möhüm ugurdarda, şol sanda ykdysadyýetde sazlaşykly ösdürilýändigini belledi. Dürli pudaklarda birnäçe bilelikdäki iri taslamalaryň ýerine ýetirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmenistanyň we Eýranyň halklaryny baglanyşdyrýan köpasyrlyk, taryhy, ruhy-medeni gatnaşyklary mynasyp dowam etdirýän gumanitar ulgamdaky hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklarynyň möhüm bölegidir. Döwlet Baştutanymyz aýdylanlary jemläp, türkmen-eýran gepleşikleriniň ýokary derejede geçirilmelidigini belledi we bu babatda wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň biziň ýurdumyza boljak döwlet saparyna ykjam taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýa boljak sapar barada aýtmak bilen, häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň çözgüdini tapmakda işjeň orun eýeleýän Türkmenistanyň ählumumy abadançylyga hyzmat edýän anyk başlangyçlary öňe sürmek bilen, bu ugurda yzygiderli çäreleri durmuşa geçirýändigini nygtady.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň BMG-niň tebigy heläkçilikleri peseltmek baradaky III halkara maslahatyna gatnaşmagy ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň ählumumy adamzadyň abadançylyk ýörelgelerine laýyk gelýän netijeli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn giňeltmäge taýýardygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna Ýaponiýa boljak iş saparyna taýýarlyk babatda degişli tabşyryklary berdi. Munuň özi soňky ýyllarda ösüşinde kuwwatly itergä eýe bolan döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir.
Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz N.Şagulyewi Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky (Er-Riýad şäheri), Kuweýt döwletindäki, Bahreýn Patyşalygyndaky, Oman Soltanlygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, hem-de Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýanynda Türkmenistanyň Hemişelik wekili wezipelerinden boşadyp, ony Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky (Minsk şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek hakyndaky degişli Permanlara gol çekdi. Şeýle hem milli Liderimiziň Karary bilen N.Şagulyýew Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň tertipnamalaýyn we beýleki edaralarynyň ýanyndaky Hemişelik Doly ygtyýarly wekili wezipesine bellenildi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň iki aýynda geçirilen işleriň netijeleri we ýurdumyzda oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Oba hojalyk toplumynda önümçiligiň jemi möçberiniň ösüş depgini 101,7 göterime barabar boldy. Şunda bu görkeziji Oba hojalyk ministrligi boýunça 103,1 göterime, Suw hojalyk ministrligi boýunça 110,2 göterime, Tebigaty goramak minisrtligi boýunça 104,6 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 125,4 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 102,8 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 106,1 göterime, Döwlet maldarçylyk birleşigi boýunça 116,7 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 165,8 göterime deň boldy.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň welaýatlarynda gowaça ekişine taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, güýzlük bugdaýa ideg etmek, olary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri geçirilýär. Haşal otlara garşy degişli çäreler görülýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýazky oba hojalyk işlerini takyk we guramaçylykly, öz möhletinde geçirmek üçin ähli çäreleri görmegi tabşyrdy. Şunda ekerançylykda agrotehniki kadalaryň ählisiniň berjaý edilmegine berk gözegçiligi üpjün etmegiň wajypdygyny nygtady. Munuň özi bugdaýdan we gowaçadan beýleki oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almagyň möhüm şertidir.
Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk toplumyna ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny, täze, serişdeleri tygşytlaýan tehnologiýalary ornaşdyrmak we oba hojalyk pudagyny üstünlikli ösdürmegiň möhüm şerti hökmünde ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmak babatda hem wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň iki aýyndaky işleriň netijeleri barada aýdyp, hasabat döwründe dürli çäreleriň, şol sanda döwlet baýramçylyklaryna gabatlanyp durmuş-medeni binalaryň we desgalaryň açylyş dabaralarynyň geçirilendigini belledi.
Medeniýet boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň çäklerinde Mary welaýatynyň merkezinde 2015-nji ýylda Mary şäheriniň türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabara geçirildi, Aşgabatda amerikan filmleriniň görkezilişi boldy. Şu günler türkmen paýtagtynda Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günleri dowam edýär, ýurdumyzda we daşary döwletlerde türkmen Bitaraplygynyň 20 ýyllygy hem-de 2015-nji ýylyň Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreler üstünlikli guralýar. Muzeý işgärleri daşary ýurtlarda geçirilen dürli sergilere gatnaşdylar.
Hasabat döwründe Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan kitap önümleriniň 50 görnüşi, şol sanda okuw kitaplarynyň we gollanmalarynyň 32 görnüşi, belli türkmen ýazyjylarynyň çeper eserleri neşir edildi. V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde “Türkmençe-arapça sport sözlügi” çap edildi. Bu neşirler “Galkynyş” kitap merkezi tarapyndan ýurdumyzyň kitaphanalaryna ýetirilýär.
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň işi barada hem aýdyldy.
Şeýle hem hasabat döwründe Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň hem-de Azerbaýjanyň iri habar beriş agentlikleriniň arasynda baglaşylan Ylalaşyklar barada hem habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milletimiziň ruhy gymmatlyklaryny aýawly saklamakda, ýaşlary ahlak taýdan terbiýelemekde, Türkmenistanyň häzirki döwürde gazananlaryny daşary ýurtlarda wagyz etmekde möhüm orny eýeleýän medeniýet ulgamynyň edaralarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň örän möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ilatyň medeni derejesini has-da ýokarlandyrmak, medeni düzümi mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meselelere wise-premýeriň ünsüni çekdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynda şu ýylyň iki aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, nebitiň gaz kondensaty bilen çykarylyşynyň ösüş depgini 109,2 göterime, tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşynyň ösüş depgini 105,2 göterime, daşary ýurtlara ugradylan tebigy gazyň möçberiniň ösüş depgini bolsa 107,6 göterime barabar boldy. 2014-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende nebit önümleriniň birnäçe görnüşleriniň, şol sanda awtomobil benzininiň, polipropileniň, tehniki çalgy ýaglarynyň, suwuklandyrylan gazyň öndürilen möçberleri artdy. Buraw işleriniň möçberi hem 1,8 esse ýokarlandy.
Şeýle hem ýurdumyzda tebigy gazyň harçlanylyşyny hasaba almak ulgamyny ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler barada-da habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmäge gönükdirilen wezipelere ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak we täze tehnikalar bilen üpjün etmek, geljegi uly ýangyç ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmegi çaltlandyrmak, täze düzümleýin desgalary gurmak babatda anyk tabşyryklary berdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, olaryň ählisi ýurdumyzda ýangyç serişdeleriniň çykarylyşynyň, içerki we dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan nebit önümleriniň öndürilişiniň möçberleriniň yzygiderli artdyrylmagyny üpjün eder.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B. Ereşow Türkmenistanyň senagat toplumynyň ministrliklerinde we pudak edaralarynda 2015-nji ýylyň ilkinji iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.
Senagat ministrligi boýunça şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda önüm öndürmegiň meýilnamasy 126 göterim ýerine ýetirilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ösüş depgini 118,4 göterime deň boldy. Sement öndürmek boýunça 112 göterim, magdan däl serişdeler boýunça 135,8, keramzit we gurnama demir-beton önümlerini öndürmekde degişlilikde 110,4 we 112 göterim ösüş gazanyldy.
Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 110,8 göterim ýerine ýetirilip, ösüş depgini 105,1 göterime barabar boldy. Şol sanda nah ýüplüginiň öndürilişi boýunça 114,8 göterim, nah matalaryň öndürilişi boýunça 111,8 göterim, taýýar tikin we trikotaž önümleriň öndürilişi 105,6 göterim, ýüpek matalaryň öndürilişi boýunça 109,3 göterim ösüş üpjün edildi. Dokma önümlerini ýerlemekden 11 million manat peýda gazanyldy.
“Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň kärhanalary boýunça 2015-nji ýylyň başyndan bäri önüm öndürmegiň meýilnamasy 114,1 göterim ýerine ýetirilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ösüş depgini 115,5 göterime deň boldy. Pudagyň kärhanalary tarapyndan alty ýarym müň inedördül metrden gowrak haly önümleri dokalyp, ösüş depgini 108,3 göterim üpjün edildi.
Wise-premýer “Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat bermek bilen, ösüş depgininiň 219,3 göterime deň bolandygyny habar berdi.
Hasabat döwründe Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komiteti boýunça umumy ösüş depgini 101,7 göterim boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty jemläp, Türkmenistanda halk hojalygyny senagatlaşdyrmagyň iri möçberli maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň ykdysadyýetiň senagat böleginiň ýokary depginler bilen ösdürilmegini, önümçiligiň möçberleriniň ýokarlandyrylmagyny we ýurdumyzda öndürilýän önümleriň iň ýokary talaplara we dünýä ölçeglerine laýyk gelmelidigini olaryň görnüşleriniň artdyrylmagyny talap edýändigini nygtady.
Milli Liderimiz gurluşyk serişdeleriniň önümçiligindäki ösüş depginleri belläp, himiýa we dokma pudaklarynyň, balyk hojalygynyň önümçiligindäki işleriň ýagdaýyna nägilelik bildirdi. Milli Liderimiz wise-premýerden gözegçilik edýän pudaklaryndaky ýagdaýy içgin seljermegi talap edip, bu babatda anyk tabşyryklar berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň iki aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Şu döwürde Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça haryt dolanyşygynyň umumy möçberiniň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 121,2 göterim üpjün edildi, şol sanda bölek satuw-haryt dolanyşygynyň ösüş depgini 107,4 göterime, lomaý haryt dolanyşygynyň ösüş depgini bolsa 129,1 göterime barabar boldy. Ministrligiň kärhanalary boýunça ösüş depgini 117,1 göterim üpjün edildi. Hasabat döwründe ministrlik boýunça maýa goýumlaryny özleşdirmegiň ösüş depgini 108,9 göterime deň boldy.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça hasabat döwründe 39 birža söwdasy geçirildi we umumy bahasy 16 milliard 737 million manada deň bolan 3 müň 208 şertnama hasaba alyndy. Şunda import-eksport şertnamalarynyň bahasy 3 milliard 167 million manada, gurluşyk şertnamalarynyň umumy bahasy 12 milliard 509,9 million manada barabar boldy. Daşary ýurt pulunda gelip gowşan serişdeleriň möçberi 6 million 234,5 müň amerikan dollaryna deň boldy we 102,3 göterim ösüş depgini gazanyldy. Girdejileriň ösüş depgini 23,9 göterim artdy.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy boýunça hasabat döwründe hyzmat işlerini amala aşyrmagyň ösüş depgini 131,9 göterime, alnan peýdanyň ösüş depgini 137,7 göterime, ýerine ýetirilen hyzmatlardan gelip gowşan daşary ýurt pulunyň möçberiniň ösüş depgini 123 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe 3 sergi we 4 maslahat geçirildi.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça senagat önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgini 121 göterime, oba hojalyk önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgini bolsa 165 göterime barabar boldy. Ýerine ýetirilen gurluşyk-gurnama işleriniň möçberi 12 göterim artdy. Söwda haryt dolanyşygynyň ösüş depgini 151 göterim, hyzmat ulgamynda bolsa ösüş depgini 142 göterim üpjün edildi.
Wise-premýer şu ýylyň 17-18-nji martynda Aşgabat şäheriniň Sergi köşgünde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 7 ýyllygy mynasybetli sergini we maslahaty geçirmek boýunça alnyp barylýan guramaçylyk işleri barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, paýtagtymyzdaky Sergi köşgünde ýaýbaňlandyryljak sergä Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda işleýän ýurdumyzyň hususy kompaniýalarynyň 180-e golaýynyň wekilleri gatnaşar. Sergide gurluşyk, dokma we halyçylyk pudagynda, oba hojalygynda we azyk senagatynda, şeýle hem beýleki köpsanly ulgamlarda işleýän telekeçiler öz önümlerini we hyzmatlaryny hödürlär.
Maslahatda içerki bazaryň täze ugurlaryny üstünlikli özleşdirýän we halkara derejesine çykýan ýurdumyzyň kiçi we orta işewürliginiň gazananlaryny hem-de artýan kuwwatyny ara alyp maslahatlaşar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň söwda toplumynyň ösdürilmeginiň diňe bir haryt teklipleriniň ugurlaryny giňeltmek we içerki bazary harytlardan doldurmak boýunça wezipeleri däl, eýsem, öňdebaryjy guramaçylyk usullarynyň esasynda pudagyň dolandyryşyny kämilleşdirmek, bu ulgamda işjeň halkara gatnaşyklaryny ösdürmek meselelerini hem öňe çykarýar.
Milli Liderimiz milli ykdysadyýeti bazar gatnaşyklaryna geçirmek işinde telekeçilige möhüm orun berilýändigini aýtdy. Şoňa görä-de, döwletimiz mundan beýläk hem işjeňlik, hojalygyň täzeçe dolandyrylmagy üçin amatly işewürlik ulgamyny döretmek maksady bilen, zerur çäreleri görer we hususy önüm öndürijileri Türkmenistanyň durmuş-ykdysady strategiýasynyň möhüm wezipelerini çözmäge gönükdirer. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisiniň we maslahatynyň ýurdumyzyň işewürliginiň gazanýan üstünliklerini görkezmelidigini hem-de maýa goýum we innowasion işjeňligini ýokarlandyrmagyň möhüm ugurlaryny şöhlelendirmelidigini belläp, olaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi barada anyk tabşyryklary berdi.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýere bu çärä sebitdäki ýurtlardan myhmanlaryň çagyrylmagyny üpjün etmek, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň türkmen telekeçileriniň kuwwaty barada aýdyň düşünje almagy üçin olaryň ýurdumyzyň hususy ulgamynyň gurýan dürli senagat we beýleki önümçilik desgalaryna baryp görmegini, olar üçin tanyşdyryş çärelerini guramak barada degişli anyk görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda okuw gollanmalarynyň we okuw kitaplarynyň 120-si çapa taýýarlanyldy we çapa iberildi. Şolaryň 38-si çap edildi. Mundan başga-da, 2012-2014-nji ýyllarda neşir edilen okuw gollanmalarynyň elektron görnüşleri ýerlerde okuw ulgamyna ornaşdyrmak üçin Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň baş bilim müdirliklerine ugradyldy.
Fewral aýynda orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda okuw dersleri boýunça we “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly taslama bäsleşikleriniň Aşgabat şäher we welaýat tapgyrlary geçirildi. Şeýle hem ýurdumyzyň mekdep okuwçylary şu ýylyň başyndan bäri halkara paýhas oýunlary bäsleşiklerine gatnaşyp, 11 medala, şol sanda 1 altyn, 5 kümüş we 5 bürünç medallara mynasyp boldular.
Şu ýyl aspirantura 21 adam, ylymlaryň kandidaty derejesine dalaşgärlige 42 adam, ylymlaryň doktory alymlyk derejesine bolsa 9 adam kabul edildi.
Şeýle hem degişli düzümlerde gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň ýaglaýy barada habar berildi. Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi boýunça 10 we syýahatçylyk toplumyna degişli iki bina gurulýar.
Hasabat döwründe ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleri boýunça milli derejedäki ýaryşlaryň 32-si, köpçülikleýin sport çäreleriniň 17-si geçirildi. Biziň türgenlerimiz halkara bäsleşikleriniň 19-syna gatnaşdylar. Olar jemi 45, şol sanda 5 altyn, 10 kümüş, 30 bürünç medallara eýe boldular.
Wise-premýer döwlet Baştutanymyza dünýäniň iri ylmy merkezleri, halkara guramalary we gaznalary bilen gumanitar hyzmatdaşlygyň çäklerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Germaniýa Federatiw Respublikasy bilen bilim ulgamynda gatnaşyklar alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Nemes akademiki alyş-çalyş gullugy, Germaniýanyň pedagogik alyş-çalyş gullugy we Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk jemgyýeti bilen bilelikde durmuşa geçirilýän maksatnamalar boýunça 2015-nji ýyl üçin özara gatnaşyklaryň meýilnamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere ähli gözegçilik edýän düzümleriniň ýolbaşçylary bilen bilelikde alnyp barylýan işleri seljermegi we birnäçe ugurlar, ilkinji nobatda bolsa, bilim ulgamynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz ýaşlarymyza dünýä ölçeglerine laýyk gelýän derejede bilim bermegiň döwrüň möhüm talabydygyny belledi. Munuň üçin dünýäniň öňdebaryjy tejribeleriniň, şol sanda peýdaly işläp taýýarlamalary we Germaniýanyň orta hem-de ýokary bilim ulgamynyň kämil usullaryny peýdalanmak möhümdir. Döwlet Baştutanymyz bu babatda alnyp barylýan işleriň yzygiderli dowam etdirilmeginiň möhümdigine ünsi çekip, milli bilim maksatnamasyny durmuşa geçirmekde halkara hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerini doly peýdalanmagyň, hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet bermegiň zerurdygyny aýratyn nygtady.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Aşgabat şäheri boýunça 2015-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. 2015-2016-njy ýyllarda paýtagtymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň wezipelerini ýerine ýetirmek boýunça işlere badalga berildi. Şu maksat bilen, Aşgabat şäher häkimliginiň degişli gulluklar bilen bilelikde ýerine ýetirmeli işleriniň, paýtagtymyzy abadanlaşdyrmagyň we şäheriň çäklerinde gök zolaklary döretmegiň meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy.
Şu ýylyň iki aýynyň jemleri boýunça Aşgabat şäheriniň häkimligi tarapyndan maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna maýa goýumlary özleşdirmegiň meýilnamasy 145 göterim ýerine ýetirildi. Bu görkeziji boýunça ösüş depgini 112,6 göterime deň boldy. Şu döwürde merkezleşdirilen býujetiň serişdeleriniň hasabyna meýilnama 133,4 göterim deň bolup, ösüş depgini 126,1 göterim boldy.
Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maýa goýumlarynyň özleşdirilişi 143,3 göterime deň boldy. Şunda, ösüş depgini 2014-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 1o2 göterime barabar boldy. Aşgabat şäher häkimliginiň öz serişdeleriniň hasabyna maýa goýumlarynyň özleşdirilişi 233,7 göterime deň boldy. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwründäkiden 12 esse ýokarydyr. Ilatly ýerleri abadanlaşdyrmak boýunça maksatlaýyn ýygymlaryň hasabyna ýerine ýetirilen işleriň möçberi 156,6 göterime barabar boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, toplumlaýyn milli maksatnamalarda kesgitlenen ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda ýurdumyzyň baş şäheri Aşgabady ýakyn ýyllarda ösdürmegiň meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegine möhüm ornuň degişlidigini belledi. Milli Liderimiziň paýtagtymyzy we onuň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan işleriň öz wagtynda hem-de ýokary hilli ýerine ýetirilmegi ugrunda hereket edýän gulluklaryň utgaşykly, maksadalaýyk işiniň ýola goýulmagynyň möhümdigine ünsi çekip, bu babatda wise-premýere birnäçe degişi tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda geçirilen işleriň jemleri baradaky hasabat bilen çykyş etdi.
Wise-premýeriň habar berişi ýaly, hasabat döwründe ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 108,7 göterim ýerine ýetirilip, ösüş depgini 113,9 göterime barabar boldy.
Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirlen işleriň ösüş depgini 105,5 göterime deň boldy. Bu görkeziji ýük daşamakda 100,1 göterime, ýolagçy gatnatmakda 101,3 göterime deň boldy.
Şeýle hem içerki demir ýollarynyň, inžener-tehniki desgalaryň döwrebaplaşdyrylýandygy aýdyldy. Atamyrat-Ymamnazar-Akina halkara demir ýolunyň gurluşygy ýokary depginde dowam edýär, Balkanabat şäheriniň demir ýol menzili ulanmaga berildi.
Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça hasabat döwründe hyzmatlaryň ösüş depgini 125,2 göterime ýetirildi.
Aragatnaşyk minstrligi boýunça 2015-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 107,5 göterim boldy. Degişli döwürde aragatnaşyk hyzmatlaryna bolan islegleri kanagatlandyrmak maksady bilen ýurdumyzda 103,2 müň telefon belgileri, şol sanda 94,8 müň öýjükli, 4,1 müň radiotelefon we 4,2 müň ýerli telefon belgileri gurnalyp, meýilnama 2,3 esse ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde 464 kilometr aragatnaşyk ulgamlary çekildi.
“Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy boýunça ýanwar-fewral aýlarynda hyzmatlaryň ösüş depgini 126,1 göterime deň boldy. Bu görkeziji degişlilikde ýük daşamakda 108,6 göterime, ýolagçy gatnatmakda 100,9 göterime barabar boldy.
Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirililen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 132,9 göterim ýetirildi.
Şeýle hem Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat-Farap demir ýol köprüsiniň, Aşgabatda we Türkmenabatda täze halkara howa menzilleriniň, Türkmenbaşy şäherinde halkara deňiz portunyň gurluşygynyň alnyp barylýandygy bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda ulag we aragatnaşyk pudaklaryny ösdürmegiň maksatnamasynyň yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň, bu ulgamlaryň öňünde goýlan ähli meseleleri çözmäge hemmetaraplaýyn oýlanyşykly çemeleşmegiň we häzirki döwrüň meýillerini hasaba almagyň möhümdigini belledi. Milli Liderimiz Türkmenistanyň örän iri halkara ulag merkezleriniň biri hökmündäki derejesini pugtalandyrmak üçin ähli bar bolan mümkinçilikleri herekete getirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Biziň ýurdumyz yklymyň taryhy taýdan emele gelen örän möhüm söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşýär we onuň möhüm halkara ulag geçirijisi hökmündäki ähmiýeti häzirki wagtda aýratyn möhüm häsiýete eýe bolýar. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda täze tehnologiýalaryň yzygiderli ornaşdyrylmagynyň, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen peýdaly innowasiýa işläp taýýarlamalary babatynda tejribe alyşmagyň zerurdygyny belläp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Artykow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça hasabat döwründe öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň umumy möçberiniň ösüş depgini 138,7 göterime deň boldy.
Energetika ministrligi boýunça 2015-nji ýylyň iki aýynda öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň umumy möçberiniň ösüş depgini 139,3 göterime, elektrik energiýasyny öndürmegiň ösüş depgini bolsa 103,7 göterime barabar boldy.
Jemagat hojalygy ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň umumy möçberiniň ösüş depgini 110,2 göterim üpjün edildi.
“Türkmenawtoýollary” döwlet konserni boýunça hasabat döwründe bu görkeziji 103,2 göterime barabar boldy. Döwlet ähmiýetli Türkmenbaşy-Farap, Aşgabat-Daşoguz awtomobil ýollaryny, ýokary tizlikli Aşgabat-Türkmenbaşy awtobanynyň tapgyrlaýyn döwrebaplaşdyrmak, Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat-Farap awtomobil köprüsiniň we beýleki desgalaryň gurluşygy barada hem hasabat berildi.
Wise-premýer milli Liderimiziň garamagyna Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň Türkmen bölegini döretmek hem-de onuň düzümini tassyklamak hakyndaky kararyň taslamasyny hödürledi. Bu toparyň birinji mejlisini şu ýylyň 14-nji martynda geçirmek göz öňünde tutulýar. Habar berlişi ýaly, onuň işiniň barşynda ýangyç-energetika toplumynda, saglygy goraýyşda, oba hojalygynda, senagatda, ylym-bilim we syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlyk meselelerine garalar.
Şeýle hem Aşgabat şäheriniň Köşi ýaşaýyş jaý toplumynda birinji gaty dükanly 4 gatly 30 öýli iki sany we 4 gatly 40 öýli iki sany döwrebap ýaşaýyş jaýyny gurmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimiziň gurluşyk pudagynda öňegidişlikleriň gazanylandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz gazanylan üstünlikleri berkitmek we pudagyň ösüşini çaltlandyrmak üçin guramaçylyk çärelerini güýçlendirmegiň wajypdygyny nygtady. Bu çäreler bolsa ýurdumyzyň gurluşykçylary tarapyndan ýerine ýetirilýän işleriň ýokary derejesini gazanmaga toplumlaýyn çemeleşmegi üpjün etmelidir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow awtomobil ýollarynyň düzümini ösdürmek barada aýdyp, ýurdumyzyň bütin taryhynyň dowamynda entek awtomobil ýollaryny gurmak boýunça täze taslamalaryň şeýle giň gerimde amala aşyrylmandygyny nygtady. Häzirki döwürde dünýä ölçeglerine laýyklykda, Farap-Türkmenbaşy, Aşgabat-Daşoguz awtomobil ýollary gurulýar. Bu desgalaryň gurluşygyna bildirilýän esasy talaplar hem işleriň ýokary hilli üpjün etmek we öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak bilen baglanyşyklydyr.
Milli Liderimiz wise-premýere Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň birinji mejlisini geçirmäge jogapkärli çemeleşmek babatda anyk tabşyryklary berip, degişli resminama gol çekdi.
Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň gurluşyk senagatyny täze sepgitlere çykarmak üçin ähli şertleri döredýändigini, iri pudaklaýyn taslamalary durmuşa geçirmäge ägirt uly maýa goýum serişdelerini gönükdirýändigini belläp, “Aşgabat şäherinde döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny gurmak hakynda” karara gol çekdi we M.Artykowa ýurdumyzyň gurluşykçylary tarapyndan ýerine ýetirilýän işleriň ýokary derejesini gazanmaga toplumlaýyn çemeleşilmegini üpjün etjek guramaçylyk çärelerini güýçlendirmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz geçirilen işleriň netijelerini ara alyp maslahatlaşylmalary jemläp, şu ýylyň iki aýynda ýurdumyzda amala aşyrylan işleriň netijeleri ykdysadyýetimiziň ýokary depginler bilen ösýändigine şaýatlyk edýändigini aýtdy. Geçen iki aýyň netijeleri boýunça jemi içerki önümiň ösüş depgini durnukly bolmagynda galýar we bu görkeziji 10,1 göterime deň boldy. Şu döwürde içerki önümiň düzüminde senagatyň ösüşi 12,7 göterime, gurluşyk pudagynyň ösüşi 8,5 göterime, ulag we aragatnaşyk pudagynyň ösüşi bolsa 6,8 göterime barabar boldy. Ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklary hem ýokary depginler bilen ösýär.
Ýurdumyzda dürli desgalaryň gurluşygy giň gerim bilen alnyp barylýar. Umumy bahasy 50 milliard amerikan dollaryndan gowrak bolan bu desgalaryň köpüsi durmuş maksatly desgalardyr.
Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz ykdysadyýetimiziň käbir pudaklarynda entek çözülmän galan meseleleriň hem bardygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýer B.Ereşowa ýüzlenip, onüň gözegçilik edýän ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, ýagny «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň, Döwlet balyk hojalygy komitetiniň, şeýle hem aýry-aýry görkezijiler boýunça Dokma senagaty ministrliginiň iki aýyň netijeleri boýunça bellenen tabşyryklary ýerine ýetirip bilmändigini belledi.
Milli Liderimiz ýangyç-energetika toplumynyň pudaklaýyn edaralarynyň «Türkmengaz» döwlet konserniniň, «Türkmennebit» döwlet konserniniň we Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň tabşyryklaryny öz wagtynda ýerine ýetirmän gelýändigini aýdyp, bu ulgama gözegçilik edýän Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary B.Hojamuhammedowa nägilelik bildirdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz wise-premýer Ş.Durdylyýewe ýüzlenip, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň gurluşyk kärhanalarynyň hem berlen tabşyryklary ýerine ýetirip bilmändigini nygtady.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary P.Taganowa daşary söwda dolanyşygynyň möçberiniň pese düşendigini, daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň möçberiniň azalandygyny, ýurdumyza daşyndan getirilýän önümleriň möçberiniň hem kemelendigini görkezdi.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz daşary söwda dolanyşygynyň möçberleriniň pese düşmeginiň sebäplerini seljermegiň, bar bolan kemçilikleri düzetmek boýunça ähli zerur çäreleri görmegiň wajypdygyny nygtady. Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň möçberini artdyrmak we ýurdumyza gelip gowuşýan daşary ýurt pulunyň möçberini yzygiderli köpeltmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, aýratyn hem welaýatlara gözegçilik edýän orunbasarlara welaýat häkimleri bilen bilelikde daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçiligi gysga wagtyň içinde ýola goýmak, bu möhüm meseläni hemişe berk gözegçilikde saklamak barada görkezme berdi. Milli Liderimiz şeýle hem ýurdumyzda özgertmeleriň talaba laýyk geçirilmegine, gözegçilik edýän pudaklaryna degişli desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işlerine gözegçiligi güýçlendirmegi talap etdi.
Döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäherini ösdürmek we ilatymyzy ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine aýratyn üns bermegi tabşyryp, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan ähli işleri berk gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny nygtady.
Milli Liderimiz türkmen paýtagtyny ösdürmek boýunça kabul edilen Maksatnama barada durup geçip, indi Ministrler Kabinetiniň her mejlisinde etraplara jogapkär bellenen wise-premýerleriň özlerine berkidilen etraplarda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berjekdigini belledi.
Soňra hormatly Prezidentimiz her ýylyň 8-nji martynda giňden we dabaraly bellenilip geçilýän Halkara zenanlar gününi baýram etmek meselesine geçip, türkmen topragyny ýaşyl begrese besläp gelen bahar paslynda bellenýän bu baýramyň möhüm ähmiýetini nygtady. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, zenanlara sarpa goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak halkymyzyň gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan asylly däpleriniň biridir. Bu ajaýyp däp-dessurlar häzirki döwürde has-da kämilleşdi we täze many-mazmuna eýe boldy.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe zenanlarymyzyň jemgyýetde tutýan orny has-da belentdir diýip, milli Liderimiz belledi. Häzirki döwürde mähriban zenanlarymyza döwletimiz tarapyndan hemmetaraplaýyn goldaw berilýär. Olaryň erkana ýaşamaklary, bilim almaklary, öz saýlap alan hünärlerini öwrenmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şoňa görä-de, mähriban zenanlarymyz döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda yhlasly we netijeli zähmet çekýärler. Berkarar Watanymyzyň kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Şunda milli Liderimiz giň dünýägaraýyşly, watançy, päk ahlakly we sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek wezipesiniň, ilkinji nobatda, maşgala ojagynyň asylly däp-dessurlaryny belentde saklaýan zenanlarymyzyň paýyna düşýändigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz türkmen döwletiniň geljekde hem mähriban zenanlarymyz barada hemişe alada etjekdigini, olaryň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döretjekdigini nygtap, eziz enelerimizi, gözelligiň nusgasy bolan mähriban gelin-gyzlarymyzy ýurdumyzda giňden bellenýän ajaýyp baýram Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de iň gowy arzularyny beýan etdi.
Döwlet Baştutanymyz ýygnananlara ýuzlenip, mähriban zenanlarymyzyň döwlet we jemgyýetçilik işinde, ýaş nesillerimize döwrebap edep-terbiýe bermekde bitirýän aýratyn hyzmatlaryny nazara alyp, «Halkara zenanlar güni mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakyndaky» Permana, «Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyny dakmak hakyndaky» Permana hem-de «Halkara zenanlar güni mynasybetli dynç gününi geçirmek hakyndaky» Permana çol çekendigini aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Mejlisiň başlygy A.Nurberdiýewa we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary M.Ýazmuhammedowa döwlet sylaglaryna we hormatly atlara mynasyp bolan zenanlara hem-de köp çagaly enelere döwlet sylaglaryny, ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny hem-de beýleki gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurmagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň käbir beýleki meselelerine hem garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.