Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň binasynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi, onda 2015-nji ýylyň ilkinji iki aýynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň işiniň jemleri beýan edildi we bu düzümleriň işini kämilleşdirmek hem-de maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça wezipeler kesgitlenildi.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa nobatdaky mejlisi geçirmäge taýýardygy barada hasabat berýär.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty kabul edip, binanyň eýwanyna ýygnanan harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen salamlaşýar.
Mejlisde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary milli Liderimiziň ozal beren anyk tabşyryklary bilen baglylykda, şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdiler.
Ilki bilen Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýewiň hasabaty diňlenildi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna hormaty Prezidenitmiziň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan giň möçberli harby özgertmäniň çäklerinde amala aşyrylýan düýpli özgertmeler, Milli howpsuzlyk ministrligi tarapyndan milli bähbitleri goramak, ýurdumyzda parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, kabul edilen goranyş häsiýetli Harby doktrina laýyklykda, döwlet tarapyndan milli goşunyň kuwwatyny berkitmäge, Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň özüniň Bitaraplyk derejesine hemişe ygrarly boljakdygyny nygtady. Bitaraplyk derejesi bolsa döwletimiziň amala aşyrýan parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň hemmetaraplaýyn goldawa eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Mizemez hoşniýetli goňşuçylyk we ynsanperwerlik ýörelgeleri Bitaraplyk derejesiniň esasyny düzýär.
Döwlet Baştutanymyz Milli howpsuzlyk ministrligi tarapynlan geçirilýän işiň örän wajypdygyny aýdyp, döwletimizde we jemgyýetimizde raýat asudalygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly tabşyryklary berdi.
Soňra Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy M.Yslamowa söz berildi. Ol, öz nobatynda, şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işler, hususan-da, döwlet Baştutanymyzyň ata Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň goralmagyny güýçlendirmek we serhetçileriň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça beren jogapkärli tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň dürli künjeklerinde serhetçiler üçin täze desgalar edara binalary, serhet galalary we ýaşaýyş jaýlary yzygiderli gurulýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň özüniň goranmak kuwwatyny berkitmek we degişli düzümleri tehniki taýdan döwrebaplaşdyrmak boýunça maksada laýyk işleri mundan beýläk-de dowam etdirjekdigini belläp, Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň serhetleriniň ygtybarly goralmagyny üpjün etmek maksady bilen, serhet goşunlarynyň düzümlerinde tertip-düzgüniň berk berjaý edilmeginiň wajypdygyny nygtady.
Soňra Türkmenistanyň goranmak ministri B.Gündogdyýew ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini yzygiderli kämilleşdirmek, onuň harby-tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda esgerleriň watançylyk terbiýesine, harby işgärleriň söweşjeň we gumanitar taýýarlygynyň ýokarlandyrylmagyna, şeýle hem harby gullukçylaryň gullugy we ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly şertleriň döredilmegine aýratyn üns berilýär. Munuň özi amala aşyrylýan harby özgertmeleriň möhüm ugurlary bolup durýar.
Milli Liderimiz geçirilýän giň möçberli işlere kanagatlanma bildirip, ýurdumyzda parahatçylygyň we durnuklylygyň, tutanýerli zähmeti bilen mukaddes döwlet Garaşsyzlygynyň esaslaryny berkidýän raýatlarymyzyň asudalygynyň we abadançylygynyň daýanjy bolup durýan milli goşuny güýçlendirmegiň möhümdigini ýene bir gezek nygtady.
Döwlet Baştutanymyz harby ussatlygy has-da ýokarlandyrmaga we alnan bilimleri iş ýüzünde kämilleşdirmäge mümkinçilik berýän harby okuwlaryň yzygiderli geçirilmeginiň wajypdygyny nygtap, watan goragçylarynyň hemişe Garaşsyz Türkmenistanyň ygtybarly galkany boljakdyklaryna ynam bildirdi.
Soňra Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikow ýolbaşçylyk edýän ministrliginiň şu ýylyň iki aýynyň dowamynda alyp baran işleriniň jemleri barada hasabat berdi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu düzümiň öňünde belent maksatlar goýuldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň yzygiderli ösmeginiň we göz öňünde tutulan durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň möhüm şerti bolan içerki durnuklylygy üpjün etmekde Içeri işler ministrliginiň aýratyn ornuny belläp, düzgün bozmalaryň, şol sanda ýurdumyzyň awtomobil ýollaryndaky düzgün bozmalaryň öňüni almagyň hem-de ýangyn howpsuzlygynyň kadalarynyň üpjün edilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem ýurdumyzda Sagdynlyk we bagtyýarlyk ady bilen geljek aýda geçiriljek biraýlygy ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça degişli tabşyryklary berdi.
Türkmenistanyň Baş prokurory A.Hallyýew kanunçylygyň gyşarnyksyz berjaý edilişine berk gözegçiligi amala aşyrmak boýunça prokuratura edaralary tarapyndan geçirilýän anyk çäreler we hususan-da, ýanwar-fewral aýlarynyň dowamynda aýry-aýry ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işine geçirilen barlaglar barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň kuwwatynyň we rowaçlygynyň köp babatda jemgyýetiň aň-düşünjesiniň derejesine baglydygyny belläp, hereket edýän milli kanunçylygyň bozulmagynyň islendik synanyşyklarynyň öňüni almagyň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem prokuratura işgärleri üçin gulluk we durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak, olar üçin oňaýly ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça işleriň dowam etdirilmegini tabşyrdy.
Belent Serkerdebaşymyz gulluk borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin J.Walihanowy Ahal welaýatynyň prokurory wezipesinden boşatmak hakyndaky Permana gol çekdi.
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy B.Çaryýew, öz nobatynda, hasabat döwründe döwlet Baştutanymyzyň milli kazyýet ulgamyny kämilleşdirmek boýunça öňde goýan wezipelerini çözmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz kazylaryň öz işinde degişli Kanunlaryň we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň düzgünlerinden ugur almalydygyny belläp, işgärleri seçip almaga örän jogapkärli we talabedijilikli çemeleşmegiň, ähli derejedäki kazyýet işgärleriniň hünärini yzygiderli ýokarlandyrmagyň zerurdygyny ýene-de bir gezek nygtady.
Türkmenistanyň adalat ministri B.Muhammedow ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, dünýäniň oňyn kanun çykaryjylyk tejribesiniň hem-de täze taryhy eýýamyň talaplaryna laýyklykda işlenip taýýarlanylýan we yzygiderli kämilleşdirilýän ýurdumyzyň kanunçylyk binýadynyň esasy ýörelgeleriniň seljerilmegi bu ulgamda üstünlikli amala aşyrylýan özgertmeleriň möhüm şerti bolup durýar diýip belledi.
Soňra Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Hojamgulyýew döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça soňky iki aýda alnyp barlan işler, şol sanda gözegçilik edýän düzümleriniň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Hususan-da, milli Liderimize geçen ýylyň güýzünde Aşgabadyň eteginde açylan Halkara gümrük terminalynyň işi, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Daşoguz welaýat müdirliginiň täze edara binasynyň gurluşygynyň we tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşynyň tamamlanandygyny, onuň gullukçylary üçin ýaşaýyş jaýynyň gurlandygy habar berildi.
Döwlet Baştutanymyz gümrük nokatlarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň, Türkmenistanyň serhedinden geçirilýän ýükleriň ygtybarly gözden geçirilmegine mümkinçilik berýän iň täze tehnologiýalardan has doly peýdalanmagyň wajypdygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gullugyň işgärleriniň sazlaşykly işi bilen Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösdürilmegine hem-de milli ykdysadyýetimiziň pugtalandyrylmagyna ýardam edýändigini nygtady.
Soňra Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň başlygy A.Osmanow Neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek hem-de neşe serişdelerine we psihotrop maddalara garaşly adamlara kömek bermek boýunça 2011-2015-nji ýyllar üçin iş Meýilnamasynyň çäklerinde hasabat döwründe alnyp barlan işler hakynda hasabat berdi.
Şeýle hem ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna aprel aýynda badalga alýan Göknar-2015 çäresine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berildi. Onuň çäklerinde şahsy düzüm ýörite okuwlary geçdi.
Döwlet Baştutanymyz neşekeşlige garşy göreşmek we onuň öňüni almak boýunça geçirilýän giň möçberli işleriň wajypdygyny nygtap, bilielikdäki möhüm taslamalary hem-de maksatnamalary durmuşa geçirmekde hemişe hyzmatdaş hökmünde çykyş edýän abraýly halkara we sebit guramalary bilen has netijeli gatnaşyklary ýola goýmagyň zerurdygyny nygtady. Häzirki döwürde neşekeşlige garşy göreşmäge we onuň öňüni almak boýunça geçirilýän işlere hukuk goraýjy edaralaryň we saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleri, şeýle hem giň jemgyýetçiligiň wekilleri gatnaşýarlar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow görülýän çäreleriň netijeliliginiň köp babatda tagallalaryň utgaşdyrylmagyna baglydygyny belläp, bu ugurdaky işleri güýçlendirmegi tabşyrdy. Munuň özi türkmen jemgyýetinde agzybirligi we bitewüligi pugtalandyrmaga, milletimiziň ruhy we beden saglygyny berkitmäge ýardam eder.
Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy D.Baýramow giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerini giňden ýaýmaga ýardam edýän bu gullugyň hasabat döwründe ýerine ýetiren işleri barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz ýokary hünärli we öz işiniň ussady bolan işgärleri taýýarlamak meseleleri barada aýratyn durup geçip, bu babatda gullugyň başlygyna degişli tabşyryklary berdi.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde Belent Serkerdebaşymyz Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy D.Baýramowa polkownik harby adyny dakmak hakyndaky Permana gol çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini kämilleşdirmäge we harby we hukuk ulgamlarynda özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine gönükdirilen wezipeleriň doly ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyna Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň ünsüni çekdi. Şunda milli Liderimiz şahsy düzümiň arasynda düzgün-nyzamy berkitmegiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň, ýaş nesli watançylyk we mukaddes harby borja wepalylyk ruhunda terbiýelemegiň wajypdygyny aýratyn nygtady.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň ählisine hünärmenleriň söweşjeň we gumanitar taýýarlygyna, harby gullukçylaryň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga hemişe uly üns bermek babatda tabşyryklar berildi.
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we türkmen halkynyň abadan we bagtly durmuşyny goramak boýunça alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň binasynyň eýwanynda döwlet Baştutanymyza Hormat garawulynyň, şeýle hem harby atlylar toparynyň täze lybaslarynyň nusgalary görkezildi.
Milli Liderimiz harby lybaslaryň görkezilen nusgalaryny üns bilen synlap, harby lybaslaryň daşky görnüşinden başga-da, olaryň oňaýly bolmalydygyny, iň gowy milli däpleriň hem-de ýurdumyzyň howa şertleriniň aýratynlyklarynyň nazara alnyp taýýarlanylmalydygyny nygtady we bu ugurda işleri dowam etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryna harby düzümleriň işini kämilleşdirmek, bu ugurda alnyp barylýan işleri döwrüň talabyna laýyk derejede guramak, şeýle hem düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryna degişli tabşyryklary berip we olara alyp barýan jogapkärli işlerinde üstünlik arzuw edip, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň binasyndan çykyp, Oguzhan köşkler toplumyna tarap pyýadalap ugrady.
soňky habar