Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel Ýaponiýa bardy.
İki gün dowam etjek resmi saparynyň çäginde paýtagt Tokýoda çykyş eden Merkel Germaniýanyň 2-nji jahan urşundan soň başdan geçirenlerini gürrüň berdi.
Merkel söweşe we ýehudi gyrgynçylygyna garamazdan Germaniýanyň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan kabul edilmeginde goňşylarynyň beren goldawyna minnetdarlyk bildirdi.
Angela Merkel Ýapon imperatory Akihito we Ýaponiýanyň Premýer ministri Şinzo Abe bilen duşuşdy.
Abe duşuşykda Ukraina krizisiniň parahatçylykly ýagdaýda we diplomatiýa arkaly çözülmegi üçin Russiýanyň uly jogapkärçiligi öz üstüne almagy meselesinde Merkel bilen şol bir garaýşa eýedigini aýtdy.
İki lider ÝB bilen Ýaponiýanyň arasynda üstümizdäki ýylyň ahyryna çenli erkin söwda şertnamasynyň baglaşylmagy barada ylalaşyk gazandy.
Merkeliň saparynyň çäginde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar bilen birlikde sebitara we halkara meseleleriň gün tertibine getirilmegine garaşylýar.