4.9 C
Aşkabat
25.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidenti we Eýranyň Prezidentiniň Arasyndaky Gepleşikler

Türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen düýn döwlet sapary bilen ýurdumyza gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhanini arasynda gepleşikler geçirildi. 

Ir bilen belent mertebeli myhmanyň awtoulagy atly hormat garawulynyň ugratmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguzhan” Köşkler toplumyna geldi. Bu ýerde esasy girelgäniň ýanynda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini Türkmenistanyň Prezidenti mähirli garşylady. Iki döwletiň Baştutanlary mähirli salamlaşanlaryndan soň, “Oguzhan” zalyna girýärler, bu ýerde belent mertebeli myhmany resmi garşylamak dabarasy boldy. 

Hormat garawulynyň serkerdesi iki ýurduň Liderlerine hasabat berýär. Eýran Yslam Respublikasynyň we Türkmenistanyň Döwlet senalary ýaňlanýar. Iki döwletiň Baştutanlary hormat garawulynyň esgeleriniň öňünden geçýärler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmany Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary hem-de ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary bilen tanyşdyrýar. Öz nobatynda EYR-niň Prezidenti Türkmenistanyň Baştutanyny Eýran Yslam Respublikasynyň hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar. 

Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde däp boýunça resmi taýdan surata düşmek dabarasy tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz kärdeşini ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirilýän zala çagyrýar, bu ýerde ikiçäk görnüşdäki gepleşikler geçirildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, Türkmenistanyň hem-de Eýranyň arasyndaky asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan we soňky ýyllarda işjeň ösdürilýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ýokary derejesini belledi. Şol gatnaşyklar dostlugyň we doganlygyň, birek-birege hormat goýmagyň baý tejribesine esaslanandyr.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, şu ýylyň fewralynda Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 23 ýyl doldy. Şol ýyllaryň içinde iki ýurduň arasynda syýasy, söwda-ykdysady, medeni-gumanitar we beýleki ugurlarda netijeli döwletara gatnaşyklar ýokary derejede berkidilýär we kämilleşdirilýär. 

Hormatly Prezidentimiz halkara guramalarynyň çäklerinde Türkmenistanyň we Eýranyň netijeli hyzmatdaşlygy barada aýtmak bilen, halkara syýasatynyň ençeme meseleleri boýunça, ozaly bilen dünýäniň ähli döwletleriniň hem-de halklarynyň howpsuzlygyny we durnukly ösüşini üpjün etmek babatda garaýyşlarynyň ýakyndygyny belledi. 

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, ýurtlarymyzyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary çalt depginler bilen ösýär, nebitgaz, ulag-aragatnaşyk, suw hojalyk, elekroenergetika we käbir beýleki pudaklarda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-eýran toparynyň ähmiýetli ornuny belledi. 

Milli Liderimiz iki ýurduň arasyndaky gumanitar gatnaşyklaryň ýokary derejesini aýratyn nygtap, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda ýakynda geçirilen Medeniýet günlerini, şeýle hem ylym we bilim, sport we syýahatçylyk ulgamynda geçirilýän bilelikdäki uly işleri mysal getirdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge goşýan şahsy goşandy üçin Prezident Hasan Ruhana minnetdarlyk bildirip, Eýranyň doganlyk halkyna parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi. 

Goňşy döwletiň Baştutany Hasan Ruhani mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, goňşy Türkmenistanda, türkmen topragynda saparda bolmak mümkinçiligine şatdygyny aýtdy. 

Belent mertebeli myhmanyň nygtaýşy ýaly, şözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmen-eýran gatnaşyklary bu gün täze mazmuna eýe boldy. Munuň özi iki dostrlukly ýurtlaryň we halklaryň gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary hem-de hyzmatdaşlygyň artýan mümkinçilikleri we özara bähbitleriň esasynda üstünlikli ösýän hyzmatdaşlyk bilen şertlendirilendir. 

Şunuň bilen baglylykda, Prezident Hasan Ruhani diňe soňky bir ýarym ýylyň içinde onuň EYR-niň Prezidenti wezipesinde işläp gelýän döwründe iki dostlukly ýurduň Baştutanlarynyň Tähranda, Duşenbede, Astrahanda, Inçeburunda duşuşyklarynyň bolandygyny belledi. Şol ýerde Gazagystan-Türkmenistan-Eýran halkara demir ýoluny iki tarapdan sepleşdirmek dabarasy boldy. Eýranyň Baştutany şu gezekki duşuşygygyň hem şol hyzmatdaşlygy täze sepgitlere çykaryp, ony täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilendigini belledi. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-eýran toparynyň işiniň hem bu hyzmatdaşlygy anyk ugurlarda sazlaşykly ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi. 



Prezident Hasan Ruhani esasy halkara meseleleriniň birnäçesi boýunça taraplaryň nukdaýnazarynyň gabat gelýändigine ünsi çekip, Eýranyň Türkmenistanyň dünýäde özara düşünişmek hem-de ynanyşmak ýagdaýyny ýola goýmaga we saklamaga gönükdirilen halkara başlangyçlaryny goldaýandygyny belledi. Eýranyň Baştutany Türkmenistanyň daşary syýasy ugruna hem-de Bitaraplyk derejesine ýokary baha berip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Bitaraplyk syýasaty: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy” atly halkara maslahatyna hem-de baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin şu ýylyň dekabrynda ýurdumyza sapar bilen gelmek baradaky çakylygyny hoşallyk bilen kabul etdi. 

Belent mertebeli myhman Aşgabat şäherinde geçiriljek gepleşikleriň jemleri boýunça gol çekiljek ikitaraplaýyn resminamalaryň ähmiýetini nygtap, taryhy we medeni ýakynlygyň mäkäm binýadynda guralýan özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmegiň möhümdigi barada pikirini beýan etdi hem-de däbe öwrülen hyzmatdaşlygyň iki halkyň bähbidine has-da ösdüriljekdigine ynam bildirdi. Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti sözüniň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidentine mähirli kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, tutuş türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. 

Duşuşygyň barşynda döwletara hyzmatdaşlygynyň ençeme meseleleri, şeýle hem özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara syýasatynyň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Soňra gepleşikler “Soltan Sanjar” zalynda giňişleýin düzümde – iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhana ýurdumyza döwlet sapary bilen gelip görmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanda häzirki duşuşyga iki ýurduň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge uly itergi berjek möhüm waka hökmünde baha berilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz anyk ugurlar boýunça netijeli ösýän türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň has-da berkejekdigine we hil taýdan täze mazmuna eýe boljakdygyna ynam bildirdi. 

Şu saparyň öň ýanynda Aşgabatda bilelikdäki möhüm çäreleriň birnäçesi geçirildi diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Olar ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran toparynyň iş duşuşygy, Konsullyk, serhet we gümrük meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisi, şeýle hem türkmen-eýran işewürler maslahatydyr. Şonuň ýaly-da, Aşgabat şäherinde Eýran Yslam Respublikasynyň X ýöriteleşdirilen sergisi we Eýranyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri ýokary derejede geçirildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň we Eýranyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň göşbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan taryhy kökler bar. Häzirki döwürde ikitaraplaýyn gatnaşyklar hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bilen tapawutlanyp, ol dostlukly we netijeli häsiýete eýedir. Milli Liderimiz Eýran Yslam Respublikasynyň ilkinjileriň hatarynda Türkmenistanyň döwlet garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny ykrar edip, diplomatik gatnaşyklary ilçihana derejesinde ýola goýandygyny hem-de türkmen döwletiniň Bitaraplygyny goldandygyny belläp, eýran tarapyna ýurdumyzyň daşary syýasatyna we möhüm başlangyçlaryna hormat bilen garaýandygy hem-de goldaýandygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilenine 20 ýylyň dolýandygyny belledi. Bu şanly sene mynasybetli 2015-nji ýyl ýurdumyzda “Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly” diýlip yglan edildi. Döwlet Baştutanymyz pursatdan peýdalanyp, eýranly kärdeşini şanly waka mynasybetli 2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda türkmen paýtagtynda geçiriljek baýramçylyk dabaralaryna hem-de “Bitaraplyk syýasaty: parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş ugrunda halkara hyzmatdaşlygy” atly ýokary derejeli halkara maslahatyna gatnaşmaga çagyrdy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky uzak möhlete niýetlenen ýakyn hyzmatdaşlygyň, geljegi uly bolan möhüm ugurlary öz içine alýandygyny we iki döwletiň milli bähbitlerine laýyk gelýändigini belledi. Milli Liderimiz bu gatnaşyklaryň parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, durnukly ösüşiň we halklaryň abadançylygynyň bähbidine hyzmat edýändigini nygtap, ýokary derejedäki duşuşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri döretjekdigine ynam bildirdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçirilen ikiçäk gepleşikleriň netijeli bolandygyny nygtap, Türkmenistanyň hem-de Eýranyň parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek ýaly möhüm meseleler boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygyny ýa-da gabat gelýändigini kanagatlanma bilen belledi. Biziň döwletlerimiz halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Häzirki zamanyň möhüm meseleleri boýunça biziň öňe sürýän başlangyçlarymyza eýran tarapy hemişe uly gyzyklanma bildirip, ýakyndan goldaw berýär. 

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan energiýa serişdelerini howpsuz we ygtybarly üstaşyr geçirmek boýunça 2008-nji we 2013-nji ýyllarda iki kararnama kabul edildi. Şeýle hem Türkmenistanyň teklibi bilen 2014-nji ýylyň dekabrynda “Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny” hakyndaky kararnama kabul edildi. Doganlyk Eýran döwleti kabul edilen bu kararnamalaryň awtordaşlarynyň biri hökmünde çykyş etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, halkara syýasatynyň möhüm meseleleri bilen bagly Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlaryny hemişe goldaýandygy üçin eýran tarapyna minnetdarlyk bildirdi. 

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan hem Eýran Yslam Respublikasynyň halkara tekliplerine we başlangyçlaryna uly hormat bilen garaýandygyny belledi. 

Milli Liderimiz sözüni dowam edip, iki döwletiň Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi ýaly halkara guramalarynyň we beýleki abraýly guramalaryň çäklerinde ýakyndan hyzmatdaşlyk edýändiklerini aýtdy. Häzirki zamanyň howplaryna, ilkinji nobatda, halkara terrorçylygyna, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşmek bilen, Türkmenistan we Eýran bu howplaryň öňüni almakda tagallalary birleşdirip, alnyp barylýan göreşiň netijeli bolmagy ugrunda çykyş edýärler. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda alnyp barylýan bilelikdäki işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hazar deňzi bilen bagly meseleleriň üstünde aýratyn durup geçmek bilen, Türkmenistan bilen Eýranyň bu ugurda 20 ýyldan gowrak wagt bäri netijeli hyzmatdaşlyk edip, Hazaryň parahatçylyk we hoşniýetli goňşuçylyk deňzi bolmagyny gazanmak ugrunda çykyş edýändiklerini belledi. 

Milli Liderimiz Türkmenistanyň we Eýranyň Hazar deňziniň hukuk derejesini kesgitlemek boýunça alnyp barylýan gepleşiklere işjeň gatnaşýandyklaryny aýtdy. Iki ýurduň öňe süren başlangyçlary esasynda Hazarda kenarýaka döwletleriň arasyndaky dürli ugurlar boýunça alnyp barylýan gatnaşyklary düzgünleşdirýän berk şertnama-hukuk binýady kemala gelýär. Hazar sebitinde howpsuzlyk, adatdan daşary ýagdaýlar, söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, ekologiýa we beýleki möhüm ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze görnüşleri döredilýär. Bu bolsa kenarýaka ýurtlaryň arasynda ynamyň berkemegine getirýär, olaryň özara arkalaşykly hyzmatdaşlyk etmegi üçin amatly şertleri döredýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, döwletlerimiziň arasyndaky hyzmatdaşlygyň oňyn ösüşini ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň möçberi hem aýdyň görkezýär. Bu bolsa, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna şaýatlyk edýär. 

Türkmenistan we Eýran dünýäde energiýa serişdelerini, ilkinji nobatda, nebiti we tebigy gazy köp öndürýän döwletleriň hataryna girýär. Bu bolsa dünýäde we sebitde energiýa howpsuzlygyny berkitmekde netijeli hyzmatdaşlyk etmäge mümkinçilik berýär. 

Dünýä energiýa howpsuzlygy milli, sebit we ählumumy derejedäki howpsuzlyk bilen berk baglydyr. Şoňa görä-de, türkmen tarapy energiýa serişdelerini dünýä bazaryna bökdençsiz we üznüksiz çykarmak meselesini Birleşen Milletler Guramasynyň köptaraplaýyn halkara-hukuk resminamasy bilen berkitmegiň tarapdary bolup çykyş edýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, bu ugurda eýran tarapy bilen bilelikde giň möçberli taslamalaryň üstünde işlemek, olary geljekde durmuşa geçirmek barada pikirini beýan etdi. 

Goňşy ýurtlar ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda hem netijeli hyzmatdaşlygy ösdürýärler. Muňa mysal hökmünde «Tejen–Sarahs–Maşat» demir ýoluny, «Körpeje–Gurtguýy» we «Sarahs–Hangeran» gaz geçirijilerini, «Dostluk» suw howdanyny, şeýle hem bilelikde gurlan ençeme senagat desgalaryny görkezmek bolar. Amala aşyrylan işleriň ählisi halklarymyzyň bähbidine we doganlyk gatnaşyklarymyzy berkitmegiň bähbidine hyzmat edýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara ulag-aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň möhüm ähmiýetine ünsi çekip, döwletleriň we sebitleriň geografik taýdan amatly ýerleşmeginiň, tehniki we tehnologiki kuwwatlyklaryň birleşdirilmeginiň ählumumy ulag strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýändigini nygtady. 

Türkmenistan geoykdysady strategiýasynda döwrebap ulag ulgamyny döretmäge möhüm ähmiýet berýär. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda goňşy döwletler bilen sebit we yklym derejesindäki iri taslamalaryň amala aşyrylýandygyny aýdyp, döwletimiziň halkara ulag geçelgelerini döretmek baradaky başlangyçlaryna goldaw berýändigi üçin eýranly doganlarymyza tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. 

Iri halkara taslamalarynyň hatarynda «Demirgazyk–Günorta» ugry boýunça geçen ýylyň ahyrynda işe girizilen «Gazagystan–Türkmenistan–Eýran» demir ýoly nusga alarlyk mysaldyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu demir ýoluň işe girizilmeginiň hoşniýetli goňşuçylyk we barha berkeýän dost-doganlyk gatnaşyklaryň miwesidigini belledi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, «Gazagystan–Türkmenistan–Eýran» demir ýoly tutuş Ýewraziýa giňişliginiň ulag ulgamyna oňyn täsir edýär. Bu ýol Ýewropa ýurtlaryna Baltika deňzindäki portlardan Ýakyn we Orta Gündogar ýurtlaryna hem-de Hindi ummanynyň kenaryndaky döwletlere çykmaga mümkinçilik berýär. 

Hormatly Prezidentimiz ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen – eýran toparynyň işini giň gerim bilen alyp barmagynyň zerurdygyny belledi. Çünki bu toparyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryna garalýar we ençeme oňat başlangyçlara ýol açylýar. Şunuň bilen birlikde, ýeňil senagat, maşyn gurluşygy, oba hojalygy, gaýtadan işleýän senagat, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk pudaklary boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň uly geljegi bar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gumanitar ulgamda döwletara hyzmatdaşlygynyň möhümdigini belläp, türkmen-eýran dostlukly gatnaşyklarynyň umumy medeni-ruhy gymmatlyklardan gözbaş alýandygyny aýtdy. Milli Liderimiz meşhur taryhy şahsyýetlerimize, ilkinji nobatda bolsa, alymlarymyzyň we şahyrlarymyzyň döredijilik mirasyna bagyşlanyp, bilelikde geçirilýän medeni çäreleriň we ylmy maslahatlaryň halklarymyzyň ruhy taýdan özara baýlaşmagy üçin oňat mümkinçilikleri döredýändigini nygtady. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüniň ahyrynda türkmen-eýran dost-doganlyk gatnaşyklarynyň parahatçylygyň we gülläp ösüşiň bähbidine mundan beýläk-de berkidiljekdigine we giňeljekdigine berk ynam bildirdi. 

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentine söz berilýär. 

Belent mertebeli myhman türkmen Liderini mähirli hem-de doganlarça mübärekläp we mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Baştutany bilen geçirilen gepleşikleriň netijeli häsiýete eýe bolandygyny belledi. 

Şunuň bilen baglylykda, Eýranyň we Türkmenistanyň dürli meselelerde sebit hem-de halkara derejesinde birek-birege golaý garaýyşlara eýe bolan iki döwlet, goňşy ýurt bolup durýandygy bellenildi. 

EYR-niň Baştutany Türkmenistanyň sebit boýunça goňşularyny tüýs ýürekden guwandyrýan üstünlikleiine haýran galýandygyny nygtap, eýran tarapynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli şu ýyl geçirilýän çärelere işjeň gatnaşmagy maksat edinýändigini aýtdy. 

Eýranyň Prezidenti ykdysady gatnaşyklary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezmek bilen, şu günki duşuşygyň netijeleriniň iki halkyň we sebitiň halklarynyň bähbidine hyzmat etjekdigine ynam bildirdi. Iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy geçen ýyl 3,7 milliard dollara deň bolan bolsa, öňümizdäki 10 ýylyň dowamynda bu sany 60 milliard dollara çenli ýetirmek barada pikirimizi beýan etdik. 

Prezident Hasan Ruhani Eýranyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy onuň esasy ugurlary boýunça giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, gol çekmäge taýýarlanýan resminamalaryň diňe türkmen we eýran halklarynyň däl-de, eýsem, tutuş sebitiň halklarynyň bähbidine amala aşyrylýan bilelikdäki taslamalary çalt wagtda amala aşyrmaga ýardam etmäge gönükdirilendigini belledi. 

Nebitgaz pudagyndaky taslamalar möhüm taslamalaryň hatarynda görkezildi. Eýran Lideri biziň ýurtlarymyzyň nebitgaz pudagynda nebitgaz öndüriji uly döwletleriň hataryna girýändigini, bu ugurda hyzmatdaşlygymyzyň geljekde has-da giňeljekdigine ynam bildirdi. Türkmenistanyň öz nebitini we gazyny Eýranyň üsti bilen beýleki ýurtlara geçirmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Eýrana iberilýän gazynyň mukdaryny has-da artdyrmak barada pikir alşyldy. 

Eýran energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmäge, şol sanda türkmen elektrik energiýasynyň iberilmegine gyzyklanma bildirýär diýip, Prezident Hasan Ruhani sözüni dowam etdi. 

Eýranyň Prezidenti ulag ulgamyny netijeli hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezmek bilen, iki ýurduň arasynda demir ýol arkaly ýük daşalyşyny bir ýylda 10 million tonna ýetirmek, şeýle hem Oman-Eýran-Türkmenistan-Özbegistan ýük ulag geçelgesini işjeňleşdirmek barada ylalaşyklaryň gazanylandygyny belledi. Eýran Lideriniň nygtaýşy ýaly, bu mesele iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary has-da ösdürmek babatda aýratyn ähmiýete eýe bolýar. 

Prezident Hasan Ruhani Hazaryň hukuk binýadyny kämilleşdirmek meselesi boýunça bilelikdäki işleri türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde görkezdi. Ol, hususan-da, deňizdäki nebitgaz ýataklarynda bilelikdäki gözleg işlerini geçirmek mümkinçiliklerini kesgitlemäge ýardam berer. 

Eýranyň Baştutany nebithimiýa ulgamynda we beýleki pudaklarda dürli desgalary gurmagyň bilelikdäki taslamalaryny amala aşyrmak barada pikirini beýan etdi. 

Prezident Hasan Ruhaniniň nygtaýşy ýaly, iki ýurduň telekeçilerini söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlyga işjeň çekmegiň uly ähmiýeti bardyr. Ol işewürler üçin degişli ýeňillikleriň döredilmegini göz öňünde tutýar. 

Döwletara gatnaşyklarynda ekologiýa ulgamynda özara gatnaşyklara uly orun berilýär. Arassa howa, arassa toprak, arassa suw, Hazar deňzi biziň esasy şygarymyza öwrülmelidir diýip, Eýranyň Baştutany belledi. 

Eýran Lideriniň nygtaýşy ýaly, ýurtlarymyzyň diňe bilelikdäki tagallalar bilen, halkara guramalary bilen ysnyşykly gatnaşyklary saklamak arkaly dünýä bileleşigini tolgundyrýan häzirki döwrüň howplaryna we wehimlerine – halkara terrorçylygy, guramaçylykly jenaýat, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy ýaly wehimlere garşy üstünlikli göreşip boljakdygy barada hem nukdaýnazarlary gabat gelýär. 

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani sözüniň ahyrynda geçirilen netijeli gepleşikler üçin Türkmenistanň Prezidentine hoşallyk bildirip, dostlukly türkmen halkyna parahatçylyk we rowaçlyk arzuw etdi. 

Soňra “Seljuk han” zalynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. 

Türkmenistanyň Hökümeti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Jenaýat işleri boýunça özara hukuk kömegini bermek hakyndaky Ylalaşyga; Azatlykdan mahrum etmäge iş kesilenleri bermek hakyndaky Teswirnama; Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2015-2020-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Maksatnama; Daşky gurşaw babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşky gurşaw departamentiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2015-2018-nji ýyllarda medeniýet, sungat, ylym we bilim babatda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna; Türkmenistanyň Maliýe ministrligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Ykdysady aragatnaşyklar we maliýe ministrliginiň arasynda jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi bilen baglanyşykly maliýe maglumatyny alyşmak boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň “Türkmenawtoýollary” döwlet konserni bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşyk ministrliginiň arasynda “Sarahs-Sarahs” gözegçilik-geçiriş nokadynda täze awtoulag köprüsini gurmak barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Awtoulag ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Elektrik energetikasy pudagynda mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Himiýa senagaty üçin harytlary we önümleri ibermek babatda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Oba hojalyk pudagy üçin harytlary we önümleri ibermek babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Demir ýol pudagy üçin harytlary we önümleri ibermek babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Harytlary we önümleri ibermekde Türkmenistanyň hususy pudagynyň kärhanalaryna we kompaniýalaryna ýardam bermek barada Türkmenistanyň Hökümeti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Halkara bilim we ylmy barlaglar merkeziniň arasynda gadymy golýazmalar, resminamalar we ylmy barlaglar babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň häkimligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Horasan Şamali welaýatynyň häkimliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň häkimligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň häkimliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Mary welaýatynyň häkimligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Horasan Rezawi welaýatynyň häkimliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilýär. 

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň Türkmenistana döwlet saparynyň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama kabul edilýär. 

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, iki ýurduň Liderleri “Magtymguly” zalyna geçdiler we bu ýerde metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler. 

Hormatly Prezidentimiz gepleşikleriň netijelerini teswirlemek bilen, olaryň netijeli häsiýete eýe bolandygyny belledi. Ýokary derejedäki duşyşygyň çäklerinde döwletara gatnaşyklaryny berkitmäge, geljekde hyzmatdaşlyk etmek üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilen resminamalaryň toplumyna gol çekildi. 

Türkmen Lideriniň nygtaýşy ýaly, iki ýurduň halklaryny asyrlar dowam edip gelýän dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däpleri taryhyň we medeniýetiň umumylygy baglanyşdyrýar. Bu gün şol gatnaşyklar täze mazmun bilen baýlaşdy. Diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýlan gününden geçen 23 ýylyň dowamynda Türkmenistanyň we Eýranyň arasynda dürli ugurlarda emele gelen netijeli hyzmatdaşlyk munuň aýdyň subutnamasy bolup hyzmat edýär. 

Şu gün geçirilen gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi, özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara syýasatynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, geljekki gatnaşyklaryň anyk ugurlary kesgitlendi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz sebitde howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça tagallalary birleşdirmek babatda iki ýurduň garaýyşlarynyň meňzeşdigini kanagatlanmak bilen belledi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, Türkmenistan we Eýran Yslam Respublikasy abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde özara düşünişmek we goldaw bermek esasynda netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Eýran Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny hemişe goldap, olaryň iş ýüzünde amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşýar diýip, milli Liderimiz belledi.

Hazar deňziniň hukuk derejesini kesgitlemek, Hazar sebitinde halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek meseleleri gepleşikleriň möhüm bölegine öwrüldi. Bu ugurda Türkmenistan we Eýran möhüm ähmiýetli teklipleri we başlangyçlary öňe sürýär, şol sanda Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň Astrahanda geçirilen IV duşuşygynda öňe sürüldi. Biziň ýurtlarymyz Hazar deňziniň derejesini kesgitlemek babatda hukuk binýadyny döretmek, ekologiýa ulag we aragatnaşyk, energetika ulgamy ýaly ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlyk üçin zerur bolan ähli şertlere eýedir diýip, döwlet Baştutanymyz iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky geňeşmeleriň yzygiderli alnyp barylmagy we bu işiň mundan beýläk-de dowam etdirilmegi barada pikirini beýan etdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow metbugatyň wekillerine ýüzlenip, şu gün geçirilen gepleşikleriň dowamynda özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmek, iri taslamalary amala aşyrmak üçin täze mümkinçilikleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň möçberiniň geçen ýylyň jemleri boýunça 27 göterim artandygy bellärliklidir. Milli ykdysadyýetleriň dürli pudaklarynyň sazlaşykly ösmegini nazara almak bilen, özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin hem ähli mümkinçilikler bar. 

Ulag we aragatnaşyk ulgamy döwletara gatnaşyklarynyň geljegi uly ugurlarynyň biri bolup durýar. «Gazagystan–Türkmenistan–Eýran» halkara demir ýolunyň gurluşygynyň üstünlikli tamamlanmagy munuň aýdyň subutnamasy bolup, onuň işe girizilmegi ikitaraplaýyn gatnaşyklary, şeýle hem tutuş sebitde ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly itergi berdi. Oman-Eýran-Türkmenistan-Özbegistan üstaşyr-ulag geçelgesiniň döredilmegi hem muňa ýardam eder. 

Türkmenistanyň we Eýranyň halklaryny öňden gelýän dostluk, birek-birege hormat goýmak gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Şonuň üçin ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasyny düzýän ylym we bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär diýip, milli Liderimiz aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni jemlemek bilen, Eýranyň Baştutanynyň Türkmenistana sapary iki ýurduň döwletara gatnaşyklaryny ösdürmekde täze tapgyry alamatlandyrdy diýip belledi. Hormatly Prezidentimiz gazanylan ylalaşyklara ýokary baha berip, EYR-niň Prezidenti Hasan Ruhanä açyklyk we özara düşünişmek ýagdaýynda geçirilen netijeli gepleşikler üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň doganlyk halkyna abadan we bagtyýar durmuş, parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw etdi. 

Soňra žurnalistlere Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhani ýüzlendi. 

Eýranyň Prezidenti köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň öňünde söz sözläp, gepleşikleriň netijelerini teswirlemezden öň, türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Belent mertebeli myhman Türkmenistana amala aşyran şu sapary ýokary derejedäki duşuşygyň aýratyn ähmiýeti bilen şertldendirilendir diýip bellemek bilen, biziň ýurdumyza gelip görmek baradaky çakylyk üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. 

Prezident Hasan Ruhani iki doganlyk halkyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň möhümdigine ünsi çekip, türkmen we eýran halklarynyň köpasyrlyk dotsluk däplerine esaslanan medeniýetleriň özara baýlaşmagynyň ählumumy bähbitleriň hatyrasyna özara gatnaşyklary berkitmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi. 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Tähranda, Duşenbede, Astrahanda, şeýle hem Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň açylyş dabarasynda bolan duşuşyklary bu babatda bellärliklidir diýip, eýran Lideri nygtady. Eýranyň Baştutany Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň gurluşygynyň tamamlanmagynyň diňe taslama gatnaşýan ýurtlar üçin däl-de, eýsem, tutuş sebit üçin taryhy ähmiýetiniň uludygyny belledi. 

Mälim bolşy ýaly, şu ýyl Türkmenistanda Eýranyň Medeniýet günleri, Eýran Yslam Respublikasynyň önümleriniň ýöriteleşdirilen sergisi, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge bagyşlanan türkmen-eýran işewürler maslahaty geçirildi. 

Geçirilen gepleşikleriň netijelerini häsiýetlendirmek bilen, Eýran Lideri şu günki duşuşygyň barşynda döwletara hyzmatdaşlygynyň ençeme meseleleriniň, şeýle hem özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara syýasatynyň käbir meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny habar berdi. 

Nebitgaz ulgamynda alnyp barylýan üstünlikli işler oňyn mysal hökmünde görkezildi we gepleşikleriň barşynda bu ugurda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek barada pikir alşyldy. 

Ulag-aragatnaşyk pudagynda, hususan-da, demir we awtomobil ýollary pudagynda hyzmatdaşlyk türkmen-eýran gatnaşyklarynyň ýene bir möhüm ugry hökmünde görkezildi. Hususan-da, demir ýolda daşalýan ýüküň möçberini 3 esse we awtomobil ulaglarynda 2 esse artdyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Çaklamalar boýunça iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy geljek 10 ýylda ABŞ-nyň 60 milliard dollaryndan geçer. Bu sanlar doly esaslandyrylandyr we iki ýurduň mümkinçiliklerine gabat gelýär diýip, Eýranyň Prezidenti belledi. 

Ykdysady meselelere degip geçmek bilen, myhman eýran tarapynyň bilelikdäki özara bähbitli taslamalaryň, şol sanda howa menzillerini, nebithimiýa we sement hawodlaryny, senagat düzüminiň beýleki desgalaryny gurmagyň taslamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýar diýip belledi. Biz şeýle hem inženerçilik-tehniki hyzmatlary teklip etmäge we Türkmenistanda zerur bolan önümleri getirmäge taýýardyrys. 

Geljekde diňe goňşy ýurtlara däl-de, has alys künjeklere iberiljek türkmen elektrik energiýasy barada aýtmak bilen, eýran tarapy elektrik beketlerini gurmakda hem ýardam etmäge taýýardygyny beýan etdi. 

Hazarda köpugurly hyzmatdaşlyk gepleşikleriň aýratyn meselesine öwrüldi. Ol Hazarýaka döwletleriň arasyndaky parahatçylyk, dostluk, doganlyk deňzi bolup durýar we Eýran bu ugurda halkara – hukuk usullary arkaly, şeýle hem bu deňziň serişdelerini ulanmagyň çäklerinde, gämi gatnawy babatda gatnaşyklary ösdürmegi maksat edinýär diýip, Prezident Hasan Ruhani belledi. Halkara ekologiýa kadalarynyň berjaý edilmegi ýaly, ähmiýetli ýagdaýa üns bermek bilen, eýran Lideri ekologiýa ulgamynda gatnaşyklaryň iki döwlet üçin hem möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygyny belledi. 

Syýahatçylyk ulgamynda hem netijeli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikler bar. 

Omanyň, Eýranyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň içinden geçjek Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesiniň näderejede möhümdigini bilýäris diýip, belent mertebeli myhman onuň döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmäge, haryt dolanyşygynyň artmagyna ýardam etmäge täze itergi bermäge gönükdirilendigini belledi. 

Gepleşiklerde parahatçylygy, durnukly ösüşi we howpsuzlygy berkitmek ýaly halkara häsiýetli meselelere aýratyn üns berildi. Bu babatda taraplar özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara syýasatynyň möhüm meselelerini, hususan-da, terrorçylyga we ekstremizme garşy göreşmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Preziden Türkmenistanyň we Eýranyň halkara durmuşynyň köp meseleleri boýunça garaýyşlarynyň meňzeşdigini belledi. Bu bolsa dünýä giňişliginde iki ýurduň netijeli hyzmatdaşlygynyň möhüm şerti hökmünde çykyş edýär. 

Şu ýylyň Türkmenistan üçin hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 20 ýyllygyna beslenendigini bellemek bilen, Eýranyň Baştutany Aşgabatda geçiriljek dabaralara gatnaşmagy göz öňünde tutýandygyny aýtdy. 

Metbugat maslahaty tamamlanandan soň iki döwletiň Baştutanlary “Magtymguly” zalyndan çykýarlar. 

Günüň ikinji ýarymynda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül çemenini goýdy. Asylly däbe görä, Eýran Yslam Respublikasynyň Lideri iki ýurduň we halkyň arasyndaky mizemez dostlugyň nyşany hökmünde Garaşsyzlyk seýilgähindäki Hormatly myhmanlaryň seýilbagynda agaç nahalyny oturtdy. 

Soňra EYR-nyň Baştutanynyň awtoulag kerweni “Mizan” işewürlik merkezine barýar. Bu ýerde Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Hasan Ruhaniniň gatnaşmagynda türkmen-eýran işewürler maslahaty geçirildi. 

Soňra Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Gypjaga bardy, bu ýerde ol Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň ýadygärligini hormatlap, kümmete gül çemenini goýdy we Ruhy metjide baryp gördi.

Agşam Türkmenistanyň Prezidenti belent mertebeli myhmanyň hormatyna resmi agşamlyk naharyny berdi. 

Soňra Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Aşgabadyň Halkara howa menziline geldi we bu ýerden Watanyna ugrady.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Balkan welaýatyna ugrady.

syrach

Göç İdaresi: Turizm Amaçlı Kısa Dönem İkamet İzni Uygulaması

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi