Ýaponiýada iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Ýaponiýanyň Milli uniwersitetler korporasiýasynyň Hirosaki uniwersitetiniň ýolbaşçysyny we ylmy toparynyň wekillerini kabul etdi. Duşuşyk döwlet Baştutanymyzyň kabulhanasy ýerleşen Metropolitan myhmanhanasynda geçirildi. Milli Liderimiz Ýaponiýanyň Sendaý şäherine BMG-niň tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak babatdaky III Bütindünýä maslahatynyň işine gatnaşmak üçin geldi.
Hirosaki uniwersitetiniň rektory jenap Kei Sato wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýokary okuw mekdebiniň işgärleriniň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň Hormatly doktory diýen alymlyk adynyň berilmegi bilen gutlap, bu adyň türkmen Lideriniň we ajaýyp alymyň iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga, dünýä ylmyny ösdürmäge goşan aýratyn goşandynyň ykrar edilmeginiň nyşany bolup durýandygyny nygtady.
Jenap Kei Sato Ýaponiýada lukmançylyk we ykdysady ylymlaryň doktory, professor Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan giň möçberli ylmy-barlag işi barada bilýändiklerini hem-de oňa ýokary baha berýändiklerini belledi. Türkmen Lideri köp ýyllaryň dowamynda saglygy goraýyş pudagyna gözegçilik etdi we saglygy goramak hem-de ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşi ulgamyndaky döwlet syýasatynyň ylmy esaslaryny işläp taýýarlady.
Biziň uniwersitetimizde muzeý bar, şol ýerde Türkmenistan baradaky kitaplar jemlenendir. Onda Siziň ýurduňyzyň lukmançylygy, ykdysadyýeti, milli mirasy, taryhy we medeniýeti baradaky ylmy işleriňiz möhüm orun eýeleýär. Bu işler dünýäniň dürli dillerine, şol sanda ýapon diline terjime edildi. Olaryň ählisi Hirosaki uniwersitetiniň talyplary we mugallymlary üçin gymmatly ylmy çeşme bolup durýar diýip, uniwersitetiň ýolbaşçysy aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz özüniň ylmy işine berlen ýokary baha üçin minnetdarlyk bildirip, soňky ýyllarda ýola goýlan, ähli möhüm ugurlar boýunça, şol sanda ylym we bilim ulgamynda okgunly ösýän türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanmak bilen belledi.
Hormatly Prezidentimiz ýokary derejede gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň ylym-bilim ulgamynda, işgärleri taýýarlamakda gatnaşyklary ösdürmek, şol sanda ýörite okuwlary guramak hem-de dürli pudaklaryň işgärleri üçin tejribe alyşmak arkaly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin ähli amatly şertleri döredýändigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilelikde netijeli işlemek üçin uly kuwwatyň hem-de giň mümkinçilikleriň bardygyny belläp, Hirosaki uniwersitetiniň, Ýaponiýanyň beýleki abraýly ylym we bilim merkezleriniň hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda giň gatnaşyklary ýola goýmagyň, bilim ulgamynda tejribe alyşmagyň we bilelikdäki barlaglary geçirmegiň wajypdygyny nygtady. Türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, bilimiň çägi ýokdur. Ýaponiýa aň-bilim, ylym kuwwaty bilen bütin dünýä meşhurdyr. Munuň özi Türkmenistanda, aýratyn hem ýaş hünärmenleri taýýarlamakda we ýokary tehnologiýalar ulgamynda taslamalary durmuşa geçirmekde uly gyzyklanma döredýär.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gün energiýasyndan peýdalanmak, Garagum çölünde ummasyz gorlary bolan kremniniň esasynda gün batareýalarynyň önümçiligini ýola goýmak ýaly möhüm ugurlarda ýapon alymlary bilen işi dowam etmegiň möhümdigini belledi. Şeýle hem himiýa senagatynda we dökün öndürmekde, ekologiýa ulgamynda ylmy hyzmatdaşlygyň geljeginiň uludygy nygtaldy.
Häzirki döwrüň ählumumy meselelerini çözmekde ertir açylýan BMG-niň Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak atly III Bütindünýä maslahatyna uly ähmiýet berilýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu wajyp ugurda alymlaryň bilelikdäki işiniň ornuny nygtady.
Ýaponiýanyň ylym wekilleriniň beýan eden gyzyklanmasyny nazara almak bilen, diňe bir Ýaponiýada däl, eýsem, bütin dünýäde iň abraýly okuw mekdepleriniň biri bolan Hirosaki uniwersitetiniň we Türkmenistanyň esasy ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçilikleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Düýpli we amaly ylymlary ösdürmäge, dürli ulgamlarda ylmyň gazananlaryny ulanmaga ýardam edýän maslahatlaryň çäklerinde bilelikdäki barlaglary hem-de duşuşyklary geçirmegiň maksada laýyk boljakdygy bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda Hirosaki uniwersitetiniň wekilleri Türkmenistanyň Baştutanyna ylym babatda hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, türkmen Liderine berk jan saglyk we giň möçberli döwlet hem-de ylmy işinde täze üstünlikleri arzuw etdiler.