2015-nji ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Ilçihanasy Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatiýany öwreniş instituty bilen bilelikde “Türkmenistanyň Bitaraplyk tejribesi” atly tegelek stoly geçirdi.
Tegelek stoluň işine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory B.Zahyrow çagyryldy. Şeýle hem, Diplomatiýany öwreniş institutynyň rektory doktor Abdulkerim Bin Hamud Ad Dahil, bu Institutyň Aziýa ýurtlary departamentiniň müdüri Ibrahim A1 Figgi, Saud Arabystanyň Daşary işler ministrliginiň diplomatlary we birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary gatnaşdylar.
Maslahatyň açylyş dabarasynda rektor B.Zahyrow we Ilçi N.Şagulyýew çykyş edip, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ähimiýeti barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çykyşlar tamamlanandan soňra tegelek stoluň işi açyk diskussiýalar bilen dowam etdirildi. Onuň dowamynda tegelek stola gatnaşyjylar Turkmenistan özüniň Hemişelik Bitarap statusyna eýe bolmagy üçin Türkmen döwletiniň tejribesi barada giňişleýin gürrüň berdiler, mundan başga-da Türkmen-Saud gatnaşyklary we ony ösdürmegiň mehanizmleri, şol sanda energiýa serişdeleriň roly barada gürrüň dowam etdirildi.
Tegelek stolyň ahyrynda Turkmenistan barada we birataplygyň miweleri bolan Türkmenistanyň ösüşlerini teswirleýän wideo film görkezildi.