2015-nji ýylyň 16-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-hytaý geňeşmeleri geçirildi. Hytaý tarapynyň wekiliýetine Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Ýörite wekili Gao Ýuýşen wekilçilik etdi.
Gepleşikleriň dowamynda strategiki hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň sanawy ara alnyp maslahatlaşyldy, hususan hem geljekde Türkmenistanyň we Hytaýyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň berkidilmeginiň ýollaryna seredildi.
Duşuşykda syýasy, ykdysady, energetika we gumanitar ulgamlaryndaky, şol sanda halkara guramalarynyň çägindäki hyzmatdaşlygynyň meselelerine üns berildi. Parlamentara gatnaşyklarynyň ösdürilmeginiň we berkidilmeginiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň täze many bilen doldyrylmagynyň tagallalaryna uly ähmiýet berýändiklerine üns çekdiler.
Taraplar iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky geňeşmelerine döwletara gepleşikleriniň ähmiýetli bölegi hökmünde garaýandyklaryny bellediler.