2009-njy ýylyň iýunynda Hazar deňziniň kenarynda «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda täze binalaryň açylyş dabarasy geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan başy başlanan «Awaza» taslamasy geljekki onýyllyklar üçin ýurduň strategiki meýilnamasynda aýratyn orny tutýar, şonuň üçin ol dünýä arhitekturasynyň we inžener-tehniki pikirleriniň iň öňdebaryjy üstünliklerini, döredijilik ideýalary özünde jemlemäge mynasypdyr. Häzirki wagtda bu ýerde gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň bahasy 1,5 milliard ABŞ dollaryndan artdy. Gurluşygyň ikinji tapgyrynyň çäginde ýene-de 10-15 sany dünýä derejesindäki sanatoriýalar we myhmanhanalar ulanylmaga berler.
Dynç alyş we göwün açyş industriýasynyň akwaparklaryň, ýaht we sport klublaryň, restoranlaryň, kempingleriň, dürli görnüşdäki attraksionlaryň we söwda merkezleriniň gurluşygyna aýratyn üns beriler. Häzirki wagtda ýedi kilometrlik emeli derýa kurortyň bütin meýdanyny kesip geçýär. Bu gidrotehniki desganyň iki tarapynda hem abadanlaşdyrylan dynç alyş zolagy ýerleşer, bu ýerde baýdarkada, kanoeda sport bäsleşikleri we ýelkenli regata geçiriler.
Türkmenbaşy şäherinde täze aeroport ulanylmaga tabşyryldy, «Awaza» awtomobil ýoly çekmek, kuwwatly gazturbina elektrostansiýany, deňiz suwuny süýjediji desgasyny, arassalaýjy desgany gurmak, agyz suwy ulgamyny çekmek boýunça işler güýçli depginde alnyp barylýar. Deňiz menzili doly kämilleşdiriler, deňiz kruizy üçin täze teplohodlar, ýahtalar we beýleki gämiler bilen flotuň üsti ýetiriler. Türkmenbaşy şäheri Ýewropa bilen Günorta Aziýa döwletlerini gysga ýol boýunça birleşdirmek üçin gurulýan «Demirgazyk-Günorta» halkara ulag geçelgesiniň demir ýol merkezine öwrüler. Syýahatçylyk zolagynyň çägi giňeldilip, onuň meýdany bäş müň gektara çenli giňeldildi. Bu taslamanyň üçünji tapgyrynda birnäçe kazinoly we göwün açyş merkezli özboluşly türkmen «Las Wegasy» peýda bolar. Türkmenbaşy şäherine täze durmuş geler, köne şäher täze ýere göçüriler. Onuň ýanynda ähli gerek bolan infrastrukturaly, şertleri oňaýly döwrebap ýaşaýyş jaýly täze şäher gurlar.