15.9 C
Aşkabat
22.11.2024
DURMUŞ

Bag Ekmek Çäresine Badalga Berildi

Paýtagtymyzda uly ýowara öwürlen bu çärä hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Ir bilen hormatly Prezidentimiz Bagt köşgüniň ýanyndaky belent Baýdak sütüniniň ýanynda guralan köpçülikleýin ýowaryň geçirilýän ýerine geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Mejlisiň başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, ýurdumyzda işleýän daşary ýurt ilçihanalarynyň hem-de halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, hormatly ýaşulylar we eneler, köpsanly aşgabatlylar garşyladylar. 

Bu ýere ýygnananlar ir bilen ýowara gatnaşmaga gelen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy uly şatlyk-şowhun bilen garşyladylar. 

Belent heňde uly joşgun bilen ýaňlanýan aýdym-sazyň owazy kalplara şatlyk paýlap, ol baharyň hoştap howasynda mylaýym öwüsýän şemal alyslara ýaň salýar. Bu günki guralan ýowar milli bahar baýramymyz bolan Halkara Nowruz baýramy bilen utgaşyp gelensoň, ol has-da dabaraly görünýär. 

Hormatly Prezidentimiz ýowara gatnaşmaga gelen adamlary mähirli mübärekläp, ilki bolup bag ekmek bilen, şu ýylky ýazky bag ekiş möwsümine badalga berdi. 

Milli Liderimiziň göreldesine eýerip, ýowara gelen beýleki adamlar agaç nahalyny ekmäge girişdiler. Hemmeleriň agzybirlik bilen ýaş agaç nahalyny oturdyp, bitirýän bu işi geljekki nesillerimiziň abadançylygyna, şol bir wagtda-da ýurdumyzyň ekologiýa taýdan arassalygynyň üpjün edilmegine goşant bolmagyna gönükdirilendir. 

Hormatly Prezidentimiziň häli-şindi bag ekmäge gatnaşmagy bu işe hut özüniň hakyky görelde görkezýändigi bilen birlikde hemmeleri geljek bähbitli şunuň ýaly asylly işe çagyryş bolup durýar. 

Bag – durmuşyň gözelligi, bezegi. Bagy-bossanlykly ýerleriň tämiz howasy saglyk üçin şypa. Mähriban Watanymyzy şeýle bagy-bossanlyga, gülzarlyga, gözellik dünýäsine öwürmek üçin Döwlet Baştutanymyz tagallasyny gaýgyranok. Munuň şeýledigine paýtagtymyzyň degre-daşynda, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda agaç nahallaryny ekmek ýaly döwletli işleriň giňden ýaýbaňlandyrylýandygy şaýatlyk edýär. Şeýle işleriň yzygiderli alnyp barylmagy üçin ýurdumyzda döwlet Maksatnamasy kabul edildi we ol durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz bu baradaky meseleler bilen yzygiderli gyzyklanyp durýar we gözegçiliginde saklap, hemişe degişli tabşyryklaryny berýär. 

Milli bahar baýramy—Halkara Nowruz baýramy bilen utgaşyp gelen bu günki ýowar oňa gatnaşanlaryň toý ruhuny has ýokary göterdi. Munuň şeýle bolmagyna mylaýym howada öwüsýän şemal hem-de töwerege belent heňde ýaň salýan ajaýyp mukam hem uly ýrdam berdi. 



Hormatly Prezidentimiz ýaş agaç nahallarynyň ekilýän pursatynda, ekilip bolnandansoň, il sylagly ýşulylar we eneler bilen söhbetdeş bolup, olar bilen bilelikde ýaş agaç nahalyny oturtdy. Ýaşuly nesliniň wekilleri hormatly Prezidentimizi bu günki baýramçylyk bilen tüýs ýürekden gutlap, iň päk arzuwlaryny aýtdylar. Olar bag ekmegiň sogap işdigini belläp, milli Liderimiziň şeýle işlere uly üns berýändigi hem-de alyp barýan il-gün bähbitli beýleki ähli işleri, şol sanda ýaşulylar hakda edýän tagallalary üçin hoşallyk bildirdiler. Döwlet Baştutanymyz olara gutlaglary we päk arzuwlary, mähirli sözleri üçin minnetdaryk bildirip, häzirki ekilen baglaryň geljekde ýurdumyzy hakyky bagy-bossanlyga öwürjekdigini aýtdy hem-de bu işleriň ählisiniň biziň nesillerimiziň eşretli, abadan, görkana durmuşda ýaşamaklary, ýurdumyzyň arassa howasynyň üpjün edilmegi üçin alnyp barylýandygyny nygtady. Türkmen topragynyň gözelligini gorajak we baýlaşdyrjak, diýmek, ähli hakyň bagtyny we abadançylygyny üpjün etjek bu asylly işe işjeň gatnaşmak her bir raýatymyzyň mukaddes borjudyr diýip, milli Liderimiz aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz şy ýerde MinistrlerKabinetiniň Başlygynyň orunbasary Durdylyýewe hem-de Aşgabat şäheriniň häkimi Nurmämmedowa ýüzlenip, ekilýän baglaryň oňat boý almagy üçin, ozalky ekilen baglara bolsa zerur idegleriň alnyp abrylmagy üçin hemme çäreleri görmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzy mundan beýläk-de bagy-bossanlyga öwürmek, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy. 

Soňra milli Liderimiz bu ýerden ugramazynyň öňýany, ýowara gatnaşan daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçilerine we halkara guramalarynyň Aşgabatdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylaryna ýurdumyzda ähmiýetli wakalardyr çärelere, şol sanda bu günki ýowara gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi. Olar özleriniň Türkmenistanda işlemek bilen şunuň ýaly ajaýyp ýurduň diňe gülläp ösüşlere eýe bolýandygynyň, Aşgabadyň bolsa binagärlik babatda aýratyn öwüşgine eýe bolup, dünýäniň iň owadan paýtagtlarynyň birine öwrülýändiginiň hakyky şaýatlary bolýandyklaryny bellediler. Şeýle hem olar ýurtda ekologiýa taýdan arassaçylygyň üpjün edilmegine uly üns berilýändigine belläp, bu babatda Türkmenistanda nusga alarlyk işleriň giň gerim bilen yzygiderli durmuşa geçirilýändigini aýtdylar. Bu işleriň ählisinde hormatly Prezidentimiziň hut özüniň tagallasynyň örän ulydygyny aýratyn belläp, olar şeýle ähmiýetli işleriň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistany barha gülledip ösdürýändigini nygtadylar. 

Adamlaryň mahal-mahal tebigata çykmaklary, bagy-bossanlyklara gezelenç etmekleri ynsan durmuşyny bagçylykdan, tebigy gözelliklerden üzňe göz öňüne getirp bolmaýandygynyň subutnamasydyr. Berkarar Döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe bag nahallaryny ekmekligiň milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagy haýyr hasaplanyp, sogap saýylýan döwletli işleriň barha rowaçlanýandygyndan nyşandyr. Şeýle asylly maksatlaryň durmuşa geçirilmegine badalga berip, hut özüniň uly görelde görkezmek bilen bu işlerde tagallasyny gaýgyrmaýan hormatly Prezidentimiziň jany hemişe sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri mundan beýlägem rowaç alsyn. 

Soňra hormatly Prezidentimiz ýowara gatnaşanlar bilen mähirli hoşlaşyp bu ýerden ugrady. 

Köpçülikleýin bag ekmek çäresi dowam etmek bilen, ol paýtagtymyzyň dürli künjeklerinde, şol sanda Köpetdagyň ýaşyl begrese beslenen eteklerinde hem guramaçylykly alnyp baryldy. Bu asylly işe ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, paýtagtymyzyň edara-kärhnalarynyň işgärleri we beýleki adamlar agzybirlik bilen gatnaşyp, ýurdumyzy bagy-bossanlyga büremek işlerine öz mynasyp goşantlaryny goşdular. Raýatlarymyzyň agzybirlik bilen bag ekmek çäresine gatnaşmaklary, olaryň ýurdumyzda bu ugurda alnyp barylýan işlere, şol sanda geljegimiziň abadançylygyna, ekologiýa taýdan arassaçylygyň üpjün edilmegine gönükdirilen asylly başlangyçlary goldaýandyklarynyň aýdyň alamtyny ýüze çykardy. 

Bir az salymda agaç nahallarynyň müňlerçe düýbi ekildi. Şeýle işi häzirki wagtda müňýyllyklaryň dowamynda toplan tejribesine daýanyp, geljege tarap ynamly barýan döwletimiziň täze durmuşy tutanýerli we maksada okgunly gurýandygyny alamatlandyrýan özboluşly deňeşdirme hökmünde görkezip bolar.

Degişli makalalar

Uruş Weteranlaryna Minnetdarlyk Bilen

syrach

“Merkezi Aziýa Üçin Öňüni Alyş Diplomatiýasy Boýunça Sebit Merkezi: Sebitde Parahatçylyk we Gülläp Ösüş Maksatlarynda Merkezi Aziýa Bilen 10 Ýyl Hyzmatdaşlyk” Atly Halkara Maslahaty

Disneýiň «Fantaziýasy» Resul Gylyjowyň Simfoniki Orkestriniň Beýanynda