Ýakynda daşary ýurtlylar üçin niýetlenen hytaý diliniň binýadyny öwrenmek boýunça Asman okuw kitabynda çap edilen bäsleşigiň netijeleri boýunça iň ýokary bahalary toplan talyplaryň üçüsiniň fotosuratlary ýerleşdirilipdir. Bäsleşige ýokary okuw mekdepleriniň ýanynda döredilen taýýarlaýjy dil kurslarynyň diňleýjileriniň üç ýüzden gowragy gatnaşdy.
Bu fotosurat ýygyndysyny biziiň ýurudumyzyň wekili häzirki wagtda bilim ugry boýunça halkara ylalaşyklaryň çäklerinde Hytaý Halk Respublikasynyň Fuçžou şäheriniň Lukmançylyk uniwersitetinde okaýan Leýli Nazarowa açýar. Ol indiki baýrakçydan 40 utuk bilen öňdeligi eýeläp, 255 ball bilen bäsleşikde ýeňijileriň özboluşly reýting tablisasynda öňdeligi eýelemegi başardy.
Leýli Lebap welaýatynda eneden boldy. Ol çagalykdan lukman bolmagy arzuw edýärdi. Hytaýyň ýokary okuw mekdebine okuwa girmezden ozal Leýli ene dilinden başga hem iňlis, rus we türk dilleriniň hem gowy bilýärdi. Biziň ildeşimiz hytaý dilini öwrenmegiň ilkinji üstünlikleri barada “Hytaý halk gazetiniň” sahypalarynda gürrüň berdi.
Daşary ýurt okuw mekdeplerinde okaýan biziň talyplarymyz üçin türkmen halkynyň taryhy, özboluşly däp-dessuryna, baý medeniýetine bagyşlanan döredijilik tanyşdyrylyşyny geçirmek asylly däbe öwrüldi. Leýli Nazarowa hem Türkmenistanyň medeniýet günleriniň çäklerinde Fuçžau şäheriniň Lukmançylyk uniwesitetinde tanyşdyrylyş agşamyny gurady. Bu agşamda HHR iň gowy ýokary okuw mekdepleriniň köp milletli bu ýokary okuw mekdebi biziň ýurdumyzyň saz we tans däp-dessurlary, türkmen halkynyň aşhana sungaty bilen tanyşmaga, şeýle hem ýurduň garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan köp sanly üstünlikleri barada bilmäge mümkinçilik aldy.