8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
TEHNOLOGİÝA

Internetiň Her Bir Raýat Üçin Elýeterli Bolmagy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 20-nji martda bolan mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow telekommunikasiýalar ulgamynda ýokary tehnologiýaly ulgamlaryň bolmagynyň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň we üstünlikli halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm şertidigini belläp, bu pudaga iň täze tehnikalary, enjamlary we innowasion tehnologiýalary çekmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda Internetiň we häzirki haman aragatnaşyk serişdeleriniň her bir raýat üçin elýeterli bolmagy üçin ähli şerleriň döredilýändigini nygtap, telekommunikasiýalary yzygiderli ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini belledi.

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň “Türkmentelekom” elektroaragatnaşyk döwlet kärhanasynda TDH-nyň habarçysyna gürrüň berişleri ýaly, häzirki wagtda Internete ýokary tizlikli girmegi üpjün edýän simsiz aragatnaşyk ulgamyny giňeltmek boýunça işler ýokary depginde alnyp barylýar. 

Hususan-da, şu günler golaýda Aşgabatdaky “Berkarar” söwda merkezinde açylan Wi-Fi formatynyň ulgamyna ulanyjylaryň birikmeginiň mümkinçilikleri artýar. “Berkarar” sebitde söwda meýdançalarynyň we dynç alyş merkezleriniň iri toplumydyr. Aşgabatlylaryň we paýtagtymyzyň myhmanlarynyň iň gelim-gidimli ýerleriniň biri bolan “Aşgabat” seýilgähiniň çäginde hem ýokary tizlikli Wi-Fi ulgamynyň elýeterliligini üpjün etmek üçin enjamlary gurnamak boýunça işler alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça bu seýilgähiň durky doly täzelendi we döwrebaplaşdyryldy. 

Türkmen paýtagtynda Wi-Fi ulgamyny döretmek işi geçen ýylyň sentýabrynda geçirilen telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel-2014” atly VIII halkara sergisiniň öňüsyrasynda geçirilip başlandy. Şu döwrüň içinde Wi-Fi ulgamy “Ylham” seýilgähini, TMsell öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň operatory bolan “Altyn asyr” kompaniýasynyň merkezi edarasyny, paýtagtymyzdaky demir ýol we halkara awtomobil menzillerini, Aşgabadyň halkara howa menzilini gurşap aldy. Şeýle hyzmatlar dynç alyş merkezleriniň we aragatnaşyk bölümleriniň hem birnäçesinde hödürlenilýär.

“Türkmentelekomyň” Wi-Fi ulgamlarynda hasaba alynan ulanyjylaryň sany müňlerçedir. Aragatanşyk kärhanasynda habar berişleri ýaly, ulanyjylar simziz ulgamyň hyzmatyndan 12 müň gezekden gowrak peýdalandylar. Bu sanlar günsaýyn artýar. Paýtagtymyzyň ýokarda agzalyp geçilen söwda merkezi bolsa ulgamdan ulanyjylar üçin iň meşhur ýere öwrüldi. Şol ýerde gije-gündiziň dowamynda birikmeleriň sany durnukly ýüzden geçýär. 

Ýokary tizlikli Wi-Fi ulgamlaryny kemala getirmek üçin zerur bolan tehnologiki ulgamlary gurnamak boýunça işler “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň myhmanhanalarynda we iri desgalarynda hem alnyp barylýar. Şeýle ulgamlar ýurdumyzyň Arçman, Mollagara, Baýramaly ýaly şypahanalarynda we beýleki ýerlerinde hem dörediler.

Degişli makalalar

Işjeň Öý Kömekçisi-«Bot Handy»

Informasiýanyň mukdary we ölçeg birlikleri.

syrach

Elekt­rik ener­gi­ýa­sy de­ňiz­den ge­ler

syrach