Hasan Ruhani,
Eýran Yslam Respublikasynyň
Prezidenti
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňize hem-de dostlukly we doganlyk Türkmenistanyň halkyna gün senenamasy boýunça täze ýylyň gelmegini alamatlandyrýan we biziň halklarymyzyň köpasyrlyk umumy medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan Nowruz baýramy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy ibermäge şatdyryn.
Umumy gymmatlyklarymyzyň köp dürlüdigine buýsanjymy beýan etmek bilen we biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň üýtgewsiz pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, Beýik Taňrydan Siziň Alyhezretiňize we Türkmenistanyň halkyna mundan beýläk-de üstünlikler gazanmagyny we täze belent sepgitlere ýetmegini dileg edýärin.
***
Giorgiý Margwelaşwili,
Gruziýanyň Prezidenti
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Hormatly jenap Prezident,
Nowruz bahar baýramy mynasybetli meniň tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy kabul ediň.
Nowruz baýramy gaýtadan döremegiň nyşany bolmak bilen, täze ýylyň gelmegini, täze başlangyçlary alamatlandyrýar. Goý, bu bahar baýramy Siziň halkyňyzyň bähbidine Türkmenistanyň has-da gülläp ösmegini rowaçlandyrsyn.
***
Mahmud Abbas,
Palestina Döwletiniň
Prezidenti
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňiz!
Palestina Döwletiniň, onuň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Sizi we Türkmenistanyň halkyny röwşen bahar baýramy Nowruz mynasybetli gutlaýaryn, bu baýram türkmen halkyna rowaçlyk, abadançylyk we gülläp ösüş getirsin.
Pursatdan peýdalanyp, biziň ýurtlarymyzy we halklarymyzy baglanyşdyrýan ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklaryň geljekde hem pugtalandyryljakdygyna ynam bildirýärin.
Siziň Alyhezretiňiz, biziň çyn ýürekden çykýan gutlaglarymyzy we berk jan saglyk, bagtyýarlyk we üstünlikler baradaky arzuwlarymyzy kabul ediň.