15.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň öňünde duran ileri tutulýan wezipelere hem-de döwlet syýasatynyň beýleki meselelerine, şeýle hem aýry-aýry resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

 

Ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew häzirki döwürde özüniň gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň maliýe-bank düzümleriniň işini yzygiderli kämilleşdirmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, halk hojalygymyzy depginli ösdürmek boýunça degişli düzümleriň sazlaşykly işini ýola goýmak, ýurdumyzda makroykdysady görkezijileri degişli derejede pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn çäreler barada aýdyldy.  


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp,  milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynyň, ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk pudagynyň mümkinçiliklerini, kuwwatlyklaryny doly derejede durmuşa geçirmekde maliýe-ykdysady ulgama möhüm ornuň degişlidigini belledi. Döwlet Baştutanymyz häzir  ýurdumyzda durmuşa geçirilýän oňyn ykdysady özgertmeleriň netijeliligini gazanmak üçin ähli mümkinçilikleri peýdalanmak zerurdyr diýip aýtdy. 

 

Döwlet Baştutanymyz  Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna taýýarlyk görmek boýunça türkmen paýtagtynda ýerine ýetirmeli işleriň meýilnamasyny durmuşa geçirmek meselelerine ünsi çekip, Ruhabat etrabynda düzümleýin desgalaryň gurluşygynyň we durkuny täzelemegiň ýokary depginini üpjün etmegiň wajypdygyny belledi. 


Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmeleriň kanunçylygyny üpjün etmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleri barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki zamanyň ýagdaýlaryny we ýurdumyzyň döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Şeýle hem kabul edilýän kanunçylyk namalarynyň mazmunyny ilat arasynda düşündirmek boýunça Mejlisiň deputatlarynyň ýerlerde ýerine ýetirýän işleri barada aýdyldy. 

 

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösdürilmegine, türkmen jemgyýetiniň mundan beýläk-de demokratik esasda ösdürilmegine, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň bähbidine gönükdirilen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginde Mejlisiň kanunçykaryjylyk işiniň uly ähmiýetiniň bardygyny belledi. Ýurdumyzyň  kanunçylyk işinde dünýäniň öňdebaryjy tejribeleriniň öwrenilmeginiň we ornaşdyrylmagynyň möhümdigini aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz parlamentara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine hem-de milli kanunçylygyň halkara kadalary bilen utgaşmagyna ähmiýet berilmelidigini belledi.


Mejlisiň deputatlarynyň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm orny eýeleýändigi barada aýdyp, milli Liderimiz parlamentiň we onuň düzümleriniň saýlawçylar, jemgyýetçilik guramalary we beýleki düzümler bilen ýygjam gatnaşygy ýola goýmagynyň zerurdygyna ünsi çekip, bilelikdäki işiň täze kanunçylyk taslamalaryny taýýarlamakda, möhüm durmuş meselelerini çözmekde has-da wajypdygyny nygtady.

Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmeler adamlaryň abadan we amatly durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirmelidir diýip bellemek bilen, Aşgabat şäheriniň Abadan etrabynda alnyp barylýan abadanlaşdyryş işleri bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe gözegçilikde saklanylmalydygyny aýtdy. 

 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň ekin meýdanlarynda alnyp barylýan işler hakynda hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, 27-nji martda il içinde hormatlanýan ýaşulularyň, ussat daýhanlaryň, tejribeli hünärmenleriň, alymlaryň we mehanizatorlaryň gatnaşmagynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýurdumyzyň Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda gowaça ekişine hem-de Balkan welaýatynda gök-bakja ekinleriniň ekişine  ak pata berildi. Ekiş möwsümini bellenen möhletlerde ýokary guramaçylykly geçirmek maksady bilen welaýatlarda ýörite toparlar döredildi we geçirilmeli meýilnamalaýyn çäreler kesgitlendi. Şeýle hem häzirki günlerde gallaçy babadaýhanlarymyz tarapyndan bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri, suwaryş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, himiki serişdeleri ulanmak işleri dowam etdirilýär.


 

Wise-premýer şeýle hem ýetip gelýän “Suw damjasy-altyn dänesi” baýramçylygyna taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 2-5-nji aprelde geçirilmegi meýilleşdirilen dabaralaryň çäklerinde paýtagtymyz Aşgabatda «Suw serişdelerini tygşytly we netijeli peýdalanmagyň hem-de daşky gurşawy aýawly saklamagyň möhüm meseleleri» atly halkara suw maslahatyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Maslahata gatnaşyjylaryň «Altyn asyr» Türkmen kölüne baryp görmekleri guralar. Mundan başga-da paýtagtymyzda Merkezi Aziýa döwletleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda Döwletara suw hojalyk utgaşdyryjy toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmek göz öňünde tutulýar.


 

Baş dabarany Aşgabat şäherinde, Garagum derýasynyň kenarynda taýýarlanan ýörite meýdançada geçirmek meýilleşdirilýär. Bu ýerde ýurdumyzyň suw hojalyk ulgamynda gazanylýan üstünlikleriň, obasenagat toplumynyň hem-de amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergilerini, ýurdumyzyň welaýatlarynyň folklor toparlarynyň edebi-sazly çykyşlaryny, sportuň we milli oýunlarymyzyň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary geçirmek şeýle hem baýramçylyk mynasybetli dabara gatnaşyjylar tarapyndan bag ekmek çäresi meýilleşdirilýär. Çäräniň çäklerinde ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertiniň geçirilmegi meýilleşdirilýär.


 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gowaça, gök we bakja ekinleriniň ekişini takyk we guramaçylykly, gysga möhletde geçirmek üçin ähli çäreleri görmegi talap etdi. Döwlet Baştutanymyz geljekki hasylyň ykbalynyň babadaýhanlarymyzyň ussatlygyna, gujur-gaýratyna bagly bolup durýandygyny belläp, wise-premýere bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.


Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň birinji ýekşenbesinde giňden bellenilýän «Suw damjasy—altyn dänesi» baýramçylygynyň ähmiýetini aýratyn belledi. Bu baýramçylyk türkmen halkynyň gadymdan gelýän däplerini beýan edýär diýip, milli Liderimiz biziň halkymyzyň köp müňýyllyk taryhynyň dowamynda suwa gymmat bahaly peşgeş hökmünde aýawly garap gelendigini belledi.

 

Suw serişdelerini netijeli peýdalanmak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. Bu syýasat ilkinji nobatda obasenagat toplumyny çalt depginler bilen ösdürmegiň, daşky gurşawy goramagyň we ilaty arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmegiň wezipelerini çözmek bilen baglydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýyşy ýaly, biziň ýurdumyz bu meselelerde örän işjeň orun eýeläp, degişli ugurda sebit we halkara hyzmatdaşlygyny yzygiderli giňeldýär.


Milli Liderimiz mundan beýläk-de ýurdumyzda döwrebap suw tygşytlaýjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, suw serişdelerini tygşytlamaga ýardam edýän öňdebaryjy dünýä tejribesini, innowasion ylmy-tehniki işläp düzmeleri öwrenmek we işde ulanmak meselelerine aýratyn üns bermegi talap etdi.

 

Hormatly Prezidentimiz “Suw damjasy-altyn dänesi” baýramçylygy mynasybetli meýilleşdirilen ähli çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.


Döwlet Baştutanymyz wise-premýerler A. Ýazmyradowa we M.Ýazmuhammedowa olaryň gözegçilik edýän Aşgabat şäheriniň Arçabil etrabyny abadanlaşdyrmak bilen bagly anyk tabşyryklary berip, bu ýerde alnyp barylýan işleriň barşyny berk gözegçilikde saklamagy talap etdi.

 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýurdumyzda elektron kitaphana ulgamyny döretmek boýunça milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly,  häzirki döwürde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagynda 230 kitaphana bar, olaryň 76-synyň merkezi derejesi bar. Kitaphana gaznalarynda saklanylýan neşir önümleri boýunça  maglumatlaryň jemleýji elektron binýady emele getirilip, olar öz aralarynda birleşdiriler. Munuň özi kitaphanalaryň arasynda edebiýaty çalyşmak üçin şertleri döreder, olaryň işini täze derejede guramaga mümkinçilik berer.  


Kitaphanalarda zerur tehniki enjamlary, degişli maksatnamalary oturtmak we ýokary tizlikli aragatnaşyk ulgamyny üpjün etmek boýunça potratçy diýlip “Nokat kompýuter” kompaniýasy seçilip alyndy. Şunuň bilen baglylykda “Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky merkezi kitaphanalarda elektron kitaphanalaryň bir bitewi ulgamyny döretmegiň meseleleri hakynda” Kararyň taslamasy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.   

 

Soňra wise-premýer öňde boljak milli baýramlar — «Suw damjasy—altyn dänesi» baýramçylygy, Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli dabaralara görülýän taýýarlyk hakynda hasabat berip, aprel aýynda bellenilen çäreleriň medeni maksatnamasy hakynda habar berdi. Şanly seneler mynasybetli işlenip taýýarlanylan maksatnamanyň çäklerinde ugurdaş  sergiler guralar, aýdym-sazly çykyşlar, sahna oýunlary, döredijilik bäsleşikleri, halkara ylmy maslahatlary, sport çäreleri ýaýbaňlandyrylar. Paýtagtymyzda gurlup ulanmaga berilýän desgalaryň açylmagy mynasybetli ýörite dabaralar guralar. 


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki zaman tehnologiýalaryny medeni ulgama işjeň ornaşdyrmagyň, hususan-da, elektron kitaphana ulgamyny döretmegiň möhümdigini belläp, şonda milli mirasy we däpleri wagyz etmek, iň oňat dünýä tejribesini hem-de häzirki zaman guramaçylyk çemeleşmelerini ornaşdyrmak boýunça  wezipeleri utgaşdyrmak bilen medeni-köpçülik işlerine döredijilikli çemeleşmegiň möhümdigine ünsi çekdi we degişli Karara gol çekdi.  

 

Döwlet Baştutanymyz öňde boljak baýramçylyklaryň ähmiýeti hakynda söz açyp, olaryň ägirt uly watançylyk we terbiýeçilik ähmiýetiniň bardygyny hem-de şonuň üçin şanly seneler mynasybetli  dabaralaryň hemme ýerde ýokary derejede geçirilmelidigini belledi. Milli Liderimiz olarda many-mazmun bilen şol şanly baýramçylyklaryň her biriniň ideýa manysy açylmalydyr diýip, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi. 


Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow ýangyç-energetika toplumynyň düzümlerindäki işleriň ýagdaýy, şeýle hem bu ugurdaky işleriň depginini ýokarlandyrmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Wise-premýer ýakynda Owganystanyň paýtagty Kabulda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyna   gatnaşýan döwletleriň degişli ýolbaşçy düzümleriniň nobatdaky mejlisiniň geçirilendigini, onda bu giň möçberli taslamany durmuşa geçirmek babatda wezipeleriň kesgitlenendigini habar berdi.     

Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-koreý toparynyň bäşinji mejlisine taýýarlyk görlüşi barada aýdyldy. Bu mejlisi 10-njy aprelde Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seul şäherinde geçirmek meýilleşdirilýär. 

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, beýleki döwletler we dünýäniň işewür toparlary bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek Türkmenistanyň energetika syýasatynyň wajyp ugry bolup durýandygyny nygtady. Şol gatnaşyklary däp boýunça biziň ýurdumyz hoşniýetli erk we özara bähbitlilik ýörelgelerinde guraýar. Milli Liderimiz türkmen energiýa serişdelerini dünýäniň sarp ediş bazaryna üstaşyr ugratmagyň köptaraply ulgamyny döretmek hem-de energiýa howpsuzlygynyň dünýä möçberinde täze gurluşyny kemala getirmek boýunça Türkmenistanyň halkara başlangyçlarynyň mundan beýläk-de öňe ilerledilmegi bilen baglanyşykly ilkinji nobatdaky wezipelere bu ýere ýygnananlaryň ünsüni çekdi.


Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, şunda Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygy boýunça uly möçberli taslamany amala aşyrmaga aýratyn orun berilýär. Bu bolsa öz gezeginde TOPH taslamasyna gatnaşyjy ähli ýurtlaryň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrylmaga ýardam berer, esasy bolsa sebitde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmakda möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy hem-de wise-premýere TOPH taslamasynyň üstünde işlenmegini çaltlandyrmaga degişli birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

 

Döwlet Baştutanymyz türkmen-koreý gatnaşyklarynyň meseleleriniň üstünde durup geçip, onuň ösýän depginini hem-de dürli pudaklarda netijeli özara hereketleri diwersifikasiýalaşdyrmak üçin bar bolan köptaraply mümkinçiligi kanagatlanmak bilen nygtady. Türkmenistan Aziýa-Ýuwaş umman ýurtlary, şol sanda Koreýa Respublikasy bilen hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge uly ähmiýet berýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, häzirki wagtda söwda-ykdysady ulgamda, energetika pudagynda, gurluşykda we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin uly mümkinçilikler bar. Işläp düzmekde we ornaşdyrmakda Koreýa Respublikasynyň ägirt uly üstünlikleri gazanan öňdebaryjy ýokary tehnologiýalar pudagy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde atlandyryldy. 


Bilelikdäki Hökümetara toparlarynyň ähmiýetli ornuny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle işleriň özara bähbitlilik we uzakmöhletleýin esasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygy ýygjamlaşdyrmagyň netijeli guraly hökmünde özüni oňat görkezendigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz öňde boljak türkmen-koreý toparynyň mejlisiniň gün tertibine girizilen meseleler boýunça birnäçe tekliplerini we belliklerini aýdyp, bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Wise-premýer B.Hojamuhammedowa gözegçilik edýän Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynda amala aşyrylýan abadanlaşdyrmak we bagy-bossanlyga büremek, dürli ähmiýetli desgalaryň durkuny täzelemek bilen  baglylykda hem degişli tabşyryklar berildi.  

 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow ýurdumyzyň senagat pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň çig mal serişdeleriniň ulanylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, önümçilik, tehnologik we üpjünçilik işlerini utgaşdyrmak boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer ýurdumyzyň senagat ulgamynyň düzümleriniň işini kämilleşdirmek, pudaga degişli kärhanalara dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini, häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak hem-de pudagyň eksport kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça alnyp barylýan giň möçberli işler barada hasabat berdi.


Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň çäklerini abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada berlen hasabatyň çäklerinde etrabyň çäginde bar bolan köçeleriň birnäçesinde yşyklandyryjylary, hojalyk ulgamyna degişli desgalary döwrebaplaşdyrmak, gök zolaklary döretmek işleriniň alnyp barylýandygy aýdyldy. 

 

Senagat pudaklarynyň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  senagat pudagynda bar bolan önümçilik kärhanalarynyň kuwwatlyklaryny hem-de pudagyň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy wise-premýerden talap etdi. Şeýle hem hojalygy ýöretmegiň oňyn görnüşlerini we usullaryny ornaşdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekip, milli Liderimiz bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi. 


Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabyny abadanlaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň üstünde durup geçmek bilen, meýilleşdirilen işleriň durmuşa geçirilişiniň ähli tapgyrlaryna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.  

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganow gözegçilik edýän söwda toplumynyň işi, daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, türkmen önümleriniň daşary ýurtlara ugradylyşynyň möçberlerini artdyrmak boýunça, Türkmenistanyň iri halkara sergilerinde, maslahatlarda we işewür-forumlarda wekilçilik etmegi, beýleki işewür çäreleri guramak babatda milli Liderimiziň tabşyryklaryndan ugur alnyp geçirilýän işler barada hasabat berdi. 

 

Wise-premýer hasabatyň barşynda häzirki döwürde ýurdumyzyň söwda we hyzmatlar ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň düzümleriniň önümçilik kuwwatlyklaryny we eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler we öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meseleler barada aýtdy. 


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini döwrüň talabyna laýyk derejede ösdürmek, telekeçileriň işini höweslendirmek we olaryň önümçilik kuwwatlyklarynyň möçberini artdyrmak, şeýle hem söwda-ykdysady ulgamyň düzümlerini sazlaşykly  ösdürmek bilen baglanyşykly işlere örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi.  

Döwlet Baştutanymyz pudagyň düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna gözegçiligi  gowşadandygy üçin wise-premýeriň işine nägilelik bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganowa berk käýinç yglan etdi we degişli resminama gol çekdi. 

 

Soňra gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işler hakynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew hasabat berdi. Wise-premýer hususan-da, paýtagtymyzda 2-4-nji aprel aralygynda  «Aziada-2017 we Türkmenistanyň ösüşiň hem-de parahatçylygyň bähbidine sportda tutýan orny» atly halkara maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk hakynda habar berdi. 


Bellenilişi ýaly, bu iri maslahata V Aziýa oýunlarynyň sport maksatnamasyna girýän sport görnüşleri boýunça Aziýa federasiýalarynyň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem bilermenleriň,  Sport media-forumynyň ikinji tapgyryna gatnaşyjylaryň, daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleriniň, ýurdumyzyň hem-de daşary döwletleriň habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Halkara maslahatyny ýokary guramaçylykly geçirmek üçin degişli meýilnama taýýarlanyldy. Onuň açylyş dabarasy 2-nji aprelde Milli sport we syýahatçylyk institutynda geçiriler,  bölümçe maslahatlary bolsa şol institutda we Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebinde geçiriler. Maslahatyň çäklerinde 3-nji aprelde Sport media-forumyny geçirmek göz öňünde tutul    ýar. Şonuň bilen birlikde, türkmen tarapynyň wekilleriniň daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň geçirmek meýilleşdirildi. Daşary ýurtly myhmanlar üçin paýtagtymyzda gurulýan Olimpiýa şäherçesine baryp görmek göz öňünde tutulýar, onuň binalarynda Aziada—2017-niň ýaryşlary geçiriler.

 

Wise-premýer hasabatynyň dowamynda 28-nji martda geçiriljek “Arkadagyň ak ýolunda öňe barýar bagtly ýaşlar” atly ýurdumyzyň ýaşlarynyň maslahatyna taýýarlyk görmek boýunça  alnyp barylýan işler hakynda habar berdi.


Mälim bolşy ýaly, eziz Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesil hakynda alada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda taýýarlanan “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015-2020-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasy” munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Ol geçen hepdede geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Karary bilen tassyklandy. Bu maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi ýaşlara hemmetaraplaýyn goldaw bermäge, şol sanda hukuk we durmuş goraglylygyny üpjün etmäge, ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi, bilim almagy we iş bilen üpjün edilmegi üçin  oňaýly şertleri döretmäge, ýaşlaryň intellektual we döredijilik mümkinçiliklerini amala aşyrmaga gönükdirilendir. 

 

Ýurdumyzyň ýaşlarynyň täze taryhy döwrüň belent maksatlarynyň töwereginde has-da jebisleşmegine ýardam etjek maslahat paýtagtymyzyň “Mekan” köşgünde geçiriler. Oňa ýurdumyzyň ýaş nesliniň wekilleri, şeýle hem döwlet ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmäge dahylly bolan ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, ylym, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, sport we syýahatçylyk ulgamlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşar. Maslahatyň gün tertibine ady agzalan döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň meseleleri hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ýaşlarynyň öňünde durýan wezipeler giriziler. Onuň barşynda biziň ýaşlarymyzyň—talyplaryň, harby gullukçylaryň, daýhanlaryň, alymlaryň, hünärmenleriň we beýlekileriň hasabatlary diňlener.


 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Aziada-2017-ä bagyşlanan Halkara maslahatyna ünsi çekip, ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziada oýunlary biziň ýurdumyz üçin taryhy waka bolup durýar diýip belledi. Şonuň üçin bu abraýly sport ýaryşlaryny we onuň bilen bagly çäreleri ýokary derejede guramak we geçirmek üçin ähli tagallalary etmek zerurdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz sportuň dürli görnüşlerini, şol sanda olimpiýa görnüşlerini ýurdumyzda  giňden wagyz etmek, türgenlerimizi täze sport belentliklerini eýelemäge höweslendirmek, şeýle hem eziz Watanymyzyň abraýyny dünýäniň sport giňişliginde has-da artdyrmak babatda  Aziada-2017-niň ähmiýetini belledi.


Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz paýtagtymyzda geçiriljek, sporty ösdürmek babatda ýurdumyzyň gazananlary bilen giňden tanyşdyrmaga, bu möhüm ugurda netijeli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýardam etjek, dünýäde parahatçylygy we oňyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň aýrylmaz şerti bolup durýan sport forumynyň ähmiýetini belledi. Bu barada aýtmak bilen  hormatly Prezidentimiz wise-premýere maslahatyň we onuň çäklerinde geçiriljek çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

 

Ýaşlar maslahaty baradaky meselä geçmek bilen, döwlet Baştutanymyz düýpli özgertmeler we innowasion ösüşiň ýoluna düşen eziz Watanymyzyň öz ýaşlaryna, olaryň toplumlaýyn durmuş-ykdysady maksatnamalaryny amala aşyrmaga işjeň gatnaşmagyna aýratyn üns berýändigini belledi. Şol maksatnamalar biziň ýurdumyzy belent sepgitlere çykaryp, halkymyzyň abadan we bagtyýar geljegini üpjün etmäge gönükdirilendir. 


 

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, döwletimiz ýaş nesle bilim bermek, onuň döredijilik mümkinçiliklerini amala aşyrmak, ýaşlaryň saýlap alan hünärlerine eýe bolmagy, ylym bilen meşgullanmagy üçin ähli şertleri döretmek bilen bagly meselelere uly üns berýär. Döwlet ýaşlar syýasaty şol möhüm wezipeleri çözmäge gönükdirilip, ol ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamagyň, olaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramagyň kepili bolup durýar. Ýaş türkmenistanlylar özleri hakda edilýän alada mynasyp jogap bermek bilen öz güýçlerini, bilimlerini, zehinlerini we ukyplaryny eziz Watanymyzyň bähbidine gönükdirmäge çalşyp, hakyky watançylygyň, zähmetsöýerligiň we ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerine wepalylygyň aýdyň nusgasyny görkezýärler.    


Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz öňde boljak maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyryp, wise-premýere bu babatda degişli görkezmeleri berdi. 

Mejlisiň barşynda şeýle hem döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewe paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň düzümini abadanlaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak bilen bagly anyk tabşyryklary berip, ähli meýilleşdirilen işleri öz wagtynda we ýokary hilli geçirmegiň zerurdygyny aýtdy. 

 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew ministrlikler we pudak edaralary tarapyndan  Aşgabat şäherini ösdürmegiň  15-nji tapgyrynyň desgalaryny gurmak boýunça geçirilen bäsleşigiň netijeleri barada hasabat berdi. Bäsleşigiň netijeleri boýunça döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny, mekdepleri, çagalar baglaryny, söwda merkezlerini, awtomobil ýollaryny gurmak, durmuş-medeni maksatly desgalaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak boýunça birnäçe kompaniýalar seçilip alyndy.  Olar bu babatda öz tekliplerini berdiler. 


Hasabatyň çäklerinde 2015-nji ýylda türkmen paýtagtynyň etraplarynda ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hem habar berildi. Häzirki wagtda paýtagtymyzyň ýol-ulag ulgamyny kämilleşdirmek boýunça düýpli abatlamak işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, dürli düzümleýin desgalary, inženerçilik ulgamlaryny, aragatnaşyk we energetika ulgamlaryny hem-de beýleki desgalary döwrebaplaşdyrmak işleri yzygiderli alnyp barylýar. 

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  hasabaty diňläp, ýurdumyzyň baş şäherini toplumlaýyn ösdürmegiň maksatnamasynyň we umuman Türkmenistanda amala aşyrylýan şähergurluşyk syýasatynyň bu ulgamda öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasiýalary ulanmaga, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuşy, olaryň döredijilikli zähmeti we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmäge  gönükdirilendigini belledi. Bu ugurda geçirilýän işleriň ählisi yzygiderli häsiýete eýe bolmalydyr we täze taryhy eýýamda paýtagtymyzda hem-de tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň many-mazmunyna we wezipelerine laýyk gelmelidir diýip, milli Liderimiz nygtady. 


Gurluşyk kompaniýalarynyň tekliplerine garalanda ähli zat, bezeg we ekologiýa meseleleri, geljekki desgalaryň maksady göz öňünde tutulmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýere bäsleşigiň ýeňijileriniň taslamalaryny degişli pudagara toparynyň garamagyna ibermegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem paýtagtymyzda gurulýan desgalarda işleriň hiline we olaryň ulanmaga berilmeli möhletine berk gözegçiligi amala aşyrmagy talap etdi.  
 

 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Wise-premýer «Deňiz söwda floty» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi we milli Liderimiziň garamagyna degişli resminamany hödürledi. 


Habar berlişi ýaly, ýurdumyzyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň düzümleriniň işini kämilleşdirmek, olara öňdebaryjy usullary we dünýäniň iň kämil tejribelerini işjeň çekmek boýunça giň möçberli çäreler durmuşa geçirilýär. Şeýle hem wise-premýer ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk pudaklarynyň işini döwrüň talabyna laýyk derejede üýtgedip guramak babatda ýaýbaňlandyrylan işler barada habar berdi 

Ýurdumyzyň deňiz söwda flotunyň dolandyryş ulgamyna häzirki zaman usullarynyň we tehnologiýalarynyň giňden çekilmelidigini bellemek bilen, munuň özi döwlet düzümleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmekde döwrüň möhüm talaby we şerti bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  belledi hem-de degişli Karara gol çekdi.

 

Soňra döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda durmuşa geçirilýän giň möçberli şäher maksatnamasynyň ileri tutulýan ugurlary barada aýtmak bilen, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň çäklerini abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işlere, gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň ýagdaýyna ünsi çekip, häzirki zaman ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki binalaryň gurluşygynda adamlaryň döredijilikli zähmeti we oňaýly dynç alşy, göwnejaý ýaşaýşy üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigini aýtdy. Paýtagtymyzda döwrebap şäher gurşawynyň we degişli düzümiň kemala getirilmegi möhümdir diýip, milli Liderimiz aýtdy. 


Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Artykow awtomobil ýollarynyň ýeke-täk döwlet sanawyny düzmegiň we ýöretmegiň düzgünlerini hem-de awtomobil ýollaryna kybaplaşdyryş san belgilerini bermegiň düzgünleri taýýarlamak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Bu resminamada awtomobil ýollarynyň ýerleşýän ýeri, ady, derejesi, uzynlygy we tehniki häsiýetnamalary baradaky maglumatlar jemlener. 

Hasabatyň çäklerinde Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynda energiýa üpjünçilik ulgamlaryny, ýaşaýyş jaýlaryny, awtomobil ýollaryny gurmak we öňden bar bolanlarynyň durkuny täzelemek boýunça işleriň alnyp barylýandygy habar berildi. 

 

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp we ýol gurluşyk ulgamynda durmuşa geçirilýän maksatnamalara ünsi çekip, täze ýollaryň gurulmagynyň we öňden  bar bolanlarynyň durkunyň täzelenmeginiň möhümdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu meselä toplumlaýyn we oýlanyşykly çemeleşmek maksady bilen, degişli çäreleri görmegiň wajypdygyny belledi we ýol-ulag düzümini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly wezipeler çözülende degişli düzümleriň sazlaşykly işlemegini üpjün etmek babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. 


Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýeti mundan beýläk-de okgunly ösdürmek üçin awtomobil ýollarynyň uly ähmiýetiniň bardygyny nygtady we wise-premýere şu mesele boýunça gelip gowuşýan teklipleriň ählisini içgin öwrenmegi tabşyrdy. 

Milli Liderimiz M.Artykowa paýtagtymyzyň Köpetdag etrabyny abadanlaşdyrmak we bagy-bossanlyga öwürmek, şäheriň suw we energiýa üpjünçilik ulgamlaryny täzelemek, binalaryň öňüni bezemek babatda hem anyk görkezmeleri berdi. 

 

Nobatdaky mejlisiň jemlerini jemläp, döwlet Baştutanymyz şu ýylyň birinji çärýeginiň tamamlanyp barýandygyny belledi. Ministrler Kabinetiniň 3-nji aprelde geçiriljek giňişleýin mejlisinde birinji çärýekde ähli ugurlar boýunça ýurdumyzda alnyp barlan işleriň netijelerine jikme-jik garalar. Şol mejlise ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazet-žurnallaryň redaktorlary hem-de telewideniýäniň we radionyň ýolbaşçylary çagyrylar. Giňişleýin mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň we aýry-aýry ýolbaşçylaryň hasabatlary diňlener diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de bu mejlise oňat taýýarlyk görmegi tabşyrdy.


Ministrler Kabinetiniň mejlisinde şeýle hem döwlet durmuşynyň beýleki birnäçe möhüm meselelerine garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk, Berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.    

Degişli makalalar

Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistan Bilen Ulag Gatnaşyklaryny Giňeltmegiň Geostrategiki Ähmiýetini Belledi

Türkmenistanyň Prezidenti Wideoşekilli Iş Maslahatyny Geçirdi

syrach

Türkmen-Owgan Hyzmatdaşlygyny Ösdürmegiň Ugurlary Kesgitlenildi

turkmenhabargullugy