17.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Geňişleýin Mejlisi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň birinji çärýeginde alnyp barlan işleriň jemleri jemlendi, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine garaldy.

Mejlise Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, welaýatlaryň we etraplaryň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazetleriň we žurnallaryň redaktorlary, şeýle hem beýleki ýolbaşçylar çagyryldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisi açmak bilen, onda degişli hasabatlaryň diňleniljekdigi, aýry-aýry ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, welaýat häkimlikleriniň işiniň seljeriljekdigini, olaryň alyp baran işleriniň netijelerine baha beriljekdigini, şeýle hem ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere serediljekdigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň gün tertibine geçip, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň şu ýylyň birinji çärýeginiň görkezijileri barada hasabat bermek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe söz berdi.    

Wise-premýeriň belleýşi ýaly, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy  2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda” bellenilen wezipelere laýyklykda milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösüşine, sebitleriň döwrebaplaşdyrylmagyna, täze önümçilik desgalarynyň döredilmegine gönükdirilen toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär.

Şeýle hem hasabatda bu ugurda alnyp barylýan işleriň hemmesiniň ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň sazlaşykly ösüşine, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlanmagyna gönükdirilendigi bellenildi. Şunlukda, 2015-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda ýurdumyzyň makroykdysady  görkezijileri jemi içerki önümiň durnukly we sazlaşykly ösýändigini alamatlandyrýar. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende jemi öndürilen önümiň ösüş depgini 110,2 göterime deň boldy. Milli ýkdysadyýetimiziň ähli pudaklary diýen ýaly ýokary önümçilik görkezijilerine eýe boldy. 

Hasabat döwründe bölek söwdanyň görkezijisi 2014-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 16,9 göterim ýokarlandy. 

Şeýle hem hasabat döwründe geçen ýylyň degişli döwri deňeşdirilende maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlaryň  möçberleri ýokarlandy. Düýpli maýa goýumlaryň möçberleriniň jemi içerki önüme bolan gatnaşygy 36,5 göterim möçberinde boldy. 

Hasabat döwründe möhüm maliýe resminamasy bolan ýurdumyzyň Döwlet býujeti üstünlikli ýerine ýetirildi. Býujet serişdeleriniň agramly bölegi durmuş ulgamyny maliýeleşdirilmäge gönükdirildi, aýlyk haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda doly maliýeleşdirildi.  

Şu ýylyň birinji çärýeginiň gazanylan netijeleri ýurdumyzy 
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny şertlendirdi.  

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ýkdysadyýetimiziň köpugurly esasda ösdürilmegine, onuň döwrebaplaşdyrylan, ýokary tehnologiýaly senagata daýanýan gaýtadan  işleýän innowasion düzüme öwrülmegine gönükdirilen wezipeleriň öz wagtynda ýerine ýetirilişine yzygiderli gözegçilik etmegi tabşyrdy. 

Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy A.Mämmedow 2015-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda ýurdumyzyň ministrlikleri we pudak edaralary tarapyndan alnyp barlan işeriň netijeleri hem-de gazanylan ykdysady görkezijiler barada hasabat berdi.

Şu ýylyň birinji çärýeginde 2014-nji ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende pudaklaryň köpüsinde ýokary görkezijileriň gazanylandygy bellenildi. Hasabat döwründe elektrik energiýasynyň öndürilişiniň ösüş depgini 102,9 göterim, tebigy gazyň çykarylyşy 105 göterim, nebitiň çykarylyşy 110 göterim, benziniň öndürilişi 100,9, kerosiniň öndürilişi 100,4, çalgy ýaglarynyň öndürilişi 102,5 göterim, suwuklandyrylan gazyň öndürilişi 101,1, polipropileniň öndürilişi 100,2 göterim, nebit koksunyň öndürilişi 100,4 göterim, nebit bitumynyň çykarylyşy 118,4 göterim, plasmassadan edilen we aýna süýümli turbalaryň çykarylyşy 108,7 göterim, mineral dökünleriň öndürilişi 192,5 göterim, ýod önümçiligi 103,1 göterim, sementiň çykarylyşy 111,2 göterim, magdan däl gurluşyk materiallarynyň önümçiligi 126,8 göterim, nah ýüplükleriň çykarylyşy 109,8 göterim, nah matalaryň öndürilşi 110,2 göterim, derman serişdeleriniň çykarylyşy 108,9 göterim artdy.

Obasenagat toplumy üçin hem oňyn ösüş depginleri häsiýetlidir. 2014-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende oba hojalyk önümleriniň, hususan-da, etiň, süýdüň, ýumurtganyň we gök önümleriň önümçiliginiň ösüşi üpjün edildi. 2015-nji ýylyň 1-nji aprelindäki ýagdaýa görä iri şahly mallaryň we dowarlaryň, guşlaryň baş sanynyň köpelendigi bellenilýär.

Gurluşyk pudagynda iri maýa goýum taslamalaryň durmuşa geçirilmegi netijesinde ýokary görkezijiler gazanyldy. Garalýan döwürde ýerine ýetirilen gurluşyk işleriniň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 14,2 göterim artdy. 

Ulaglaryň ähli görnüşleri bilen ýerine ýetirilen ýük daşalyşynyň möçberiniň ösüşi geçiriji turba ulagyny hasaba almanyňda 4,6 göterime ýetdi, ýolagçylaryň gatnadylyşy bolsa 102,5 göterime deň boldy. Aragatnaşyk ulgamynda ilata edilýän hyzmatlar üçin girdejileriň möçberi 2014-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 8,2 göterim ýokarlandy.

2015-nji ýylyň birinji çärýeginiň dowamynda nebitgaz we himiýa pudaklarynyň, energetika, obasenagat toplumynyň, ulag-aragatnaşyk pudagynyň hem-de söwda we hyzmatlar ulgamynyň iri senagat desgalarynyň gurluşyklary we durkuny täzelemek işleri yzygiderli depginler bilen berjaý edildi. Şular bilen birlikde ýurdumyzyň sebitlerinde ýaşaýyş-durmuş we düzümleýin ähmiýetli desgalaryň gurluşyk işleri alnyp barylýar. Şeýle hem ykdysadyýetiň döwlete degişli däl ulgamynyň ösdürilmegine gönükdirilen toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirildi. 

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Statistika baradaky  döwlet komitetiniň işinde birnäçe kemçilikleriň bardygyny belledi. Statistiki seljermeleri geçirmegiň usullaryny, statistiki hasabatlary halkara ulňülerine laýyklykda taýýarlamagy kämilleşdirmek maksady bilen zerur bolan çäreler görülmelidir diýip nygtady. Statistiki işleriň döwrüň talabyna doly laýyk gelmelidigini aýdyp,  hormatly Prezidentimiz statistika baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi. 

Soňra Türkmenistanyň maliýe ministri M.Muhammedow Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň ýerinpe ýetirilişi, şeýle hem 2015-nji yylyň ýanwar-mart aýlarynda gözegçilik edýän düzümlerinde ýerine ýetirilýän işleriň netijeleri barada hasabat berdi.   

Hasabat döwründe Döwlet býujeti girdejiler boýunça 104,4 göterim, çykdajylar boýunça bolsa meýilnama 91,2 göterim möçberinde ýerine ýetirildi. Şeýle hem şu döwürde býujet serişdeleriniň 77,3 göterimi durmuş ulgamyna gönükdirildi. 

Ýerli býujetler girdejiler boýunça 103,7 göterim, çykdajylar bolsa 93,6 göterim ýerine ýetirildi. 

Şeýle hem hasabatyň çäklerinde hormatly Türkmenistanyň Prezidentiniň “Balans toparlarynyň işini kämilleşdirmek hakyndaky” Kararyny ýerine ýetirmek boýunça alnyp barlan işler barada aýdyldy.  Bellenilişi ýaly, şu ýylyň birinji çärýeginde Merkezi, pudaklaýyn we sebitleriň balans toparlarynyň 29 mejlisi geçirildi we olarda 33 ministrligiň, pudaklaýyn edaralaryň, şeýle hem 45 kärhananyň maliýe-ykdysady görkezijileri seljerildi we degişli çözgütler kabul edildi.

Habar berlişi ýaly, häzirki döwürde Türkmenistanyň Býujet kodeksiniň düzgünlerini amala aşyrmak boýunça çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, kadalaşdyryjy-hukuk namalaryň taslamalaryny işläp taýýarlamak, 
maliýe-býujet pudagynyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak we täze býujet ulgamyna geçmäge taýýarlyk görmek boýunça okuw maslahatlary, degişli işler alnyp barylýar. 

Şeýle hem maliýe ministri ätiýaçlandyryş işini we gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek, buhgalterçilik hasaba alnyşynyň milli ulgamyna geçmek maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler barada aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, maliýe pudagynyň guramaçylyk-edara ediş işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Maliýe durnuklylygyny üpjün etmek, makroykdysady deňeçerligi saklamak ykdysady syýasatyň möhüm wezipeleri bolup durýar diýip bellemek bilen, ykdysadyýetde ähli serişdeleriň netijeli peýdalanylmagy bu işleriň üstünlige beslenmegini şertlendirer diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we bu babatda ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz wezipe borçlaryny kanagatlanarsyz ýerine ýetirmegi bilen baglylykda malie ministrine nägilelik bildirip, ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi talap etdi. Döwlet Baştutanymyz M.Muhammedowa berk käýinç yglan edip, degişli Buýruga gol çekdi. 

Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministri W.Abdylhekimow gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işler barada hasabat berip,  Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada durup geçdi.  

Habar berlişi ýaly, şu maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde 2015-nji ýylyň birinji çärýeginde özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň möçberiniň ýyllyk meýilnamasy 35,7 göterim ýerine ýetirildi. Bu görkeziji Ahal welaýaty bounça 28 göterime, Balkan welaýaty boýunça 25,5 göterime, Daşoguz welaýaty boýunça 37,7 göterime, Lebap welaýaty boýunça 56,6 göterime, Mary welaýaty boýunça 33,8 göterime barabar boldy.  Ýanwar-mart aýlarynyň dowamynda göz öňünde tutulan durmuş-medeni maksatly binalardan we desgalardan 4-si gurlup, ulanmaga berildi, häzirki wagtda olaryň 148-sinde gurluşyk işleri alnyp barylýar. Mundan başga-da, 91,6 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlarynyň, 228,1 kilometr suw geçirijileriniň, 44 kilometr awtomobil ýollarynyň, 325,3 kilometr gaz geçirijileriniň, 513,4 kilometr elektrik geçirijileriniň, 604,5 kilometr telefon ulgamynyň gurluşygy tamamlandy. 

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,  Milli özgertmeler maksatnamasynda kesgitlenen möhüm wezipelere ünsi çekdi. Onuň esasy maksady, ilkinji nobatda, halkymyzyň ýokary ýaşaýyş-durmuş derejesini üpjün etmekden, sebitlerde döwrebap durmuş düzümini döretmekden ybaratdyr diýip, milli Liderimiz nygtady we döwletimiziň göz öňünde tutulan işleriň ýerine ýetirilmegine ägirt uly býujet serişdelerini gönükdirýändigini belledi. 

Muňa garamazdan, Ykdysadyýet we ösüş ministrligi bu giň möçberli maksatnamany durmuşa geçirmäge gönükdirilen maýa goýumlarynyň özleşdirilişine ýeterlik derejede gözegçiligi amala aşyrmaýar diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Milli Liderimiz  B.Abdylhekimowyň wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmändigi babatda nägilelik bildirip, oňa berk käýinç yglan edildi. Döwlet Baştutanymyz degişli Buýruga gol çekip, ýol berlen kemçilikler gysga wagtda düzedilmese, onuň eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygyny duýdurdy.                 

Soňra Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdüriýetiniň başlygy   A.Annadurdyýew bank ulgamynda şý ýylyň üç aýynda ýerine ýeririlen işleriň netijeleri, milli manadymyzyň durnuklylygyny saklamak üçin durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Şeýle hem ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň hasabyna şu ýylyň birinji çärýeginde gelip gowşan daşary ýurt pulunyň möçberleri barada hasabat berildi. Bellenilişi ýaly,  bu görkeziji hasabat döwründe 101,4 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bank ulgamynyň edaralaryna döwrebap tehnologiýalary, öňdebaryjy tejribeleri çekmek, maliýe hasabatyny halkara ülňülerine laýyk derejede alyp barmak, ýokary hünärli bank işgärlerini taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleriň yzygiderli dowam etdirilmelidigini belledi. 

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň möçberli taslamalaryň ýerine ýetirilmegi üçin özara peýdaly esasda maliýe serişdelerini çekmek maksady bilen, halkara maliýe guramalary bilen gatnaşyklary mnudan beýläk-de işjeňleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi we bu babatda Merkezi bankyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa milli parlamentiň şu ýylyň birinji çärýegindäki işiniň  jemleri barada aýtdy. Şu döwürde Mejlisiň bir maslahaty geçirildi, şonda Kanunlaryň 26-sy we Kararlaryň 19-sy kabul edildi, bular döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlar bilen baglylykda we milli Liderimiziň başlangyjy esasynda hukuk boýunça amala aşyrylýan özgertmeleriň çäklerinde milli kanunçylyk binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilendir. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň giň gerimli maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň, türkmen jemgyýetiniň mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrylmagyna ýardam bermegiň hukuk esasynyň has-da pugtalandyrylmagyna gönükdirilen täze kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamak dowam etdirilýär.

Şeýle hem milli Parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler barada aýtdy, şonuň çäklerinde raýatlardan, döwlet edaralaryndan we beýleki guramalardan gelip gowuşýan teklipleri seljermek, öwrenmek we tertipleşdirmek amala aşyrylýar. 

Şeýle hem Geňeş agzalarynyň nobatdaky ýedinji çagyrylyşynyň saýlawlaryny geçirmek bilen bagly iş dowam etdirilýär.

Türkmenistanyň Mejlisiniň BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri, ÝHHG we beýleki abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýe bolup durýandygy hem bellenildi. Beýleki ýurtlar bilen parlamentara gatnaşyklary işjeň ýagdaýda ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň daşary ýurtlaryň milli parlamentleri bilen parlamentara dostluk toparlaryny döretmek hakyndaky kararynyň kabul edilendigi bellenildi.  

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşy diňläp, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleri mundan beýläk-de sazlaşykly amala aşyrmak maksady bilen, milli kanunçylyk –hukuk binýadyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmak boýunça Mejlisiň işiniň, deputatlaryň Türkmengistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça Konstitusion toparyň işine işjeň goşulyşmagynyň möhüm ähmiýetlidigini belledi. 

Milli Liderimiz möhüm ugurlaryň birnäçesi boýunça kanunçykaryjylyk işini işjeňleşdirmegiň möhümdigi barada aýdyp, bu ýerde häzirki döwürde strategiki maksatlar we döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary, şeýle hem halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary esasy görkeziji bolmalydyr diýip belledi.  

Türkmenistanyň Prezidenti deputatlaryň ýerlerdäki işine ünsi çekip, olaryň ýerli häkimiýet edaralary, jemgyýetçilik guramalary bilen özara arkalaşykly hereket etmeginiň, şeýle hem parlamentarileriň öz saýlawçylary bilen yzygiderli duşuşmagynyň möhümdigini aýtdy.   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Minstrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew şu ýylyň birinji çärýeginde Aşgabatda maýa goýumlary we gurluşyk boýunça hem-de paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alnyp barylýan  işleriň netijeleri barada hasabat berdi. 

Hususan-da, Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna meýilnama 1459,92 million manat bolup, hakykatda 1898,03 million manatlyk maýa goýum özleşdirildi, ýagny degişli meýilnama 130 göterim möçberinde ýerine ýetirildi hem-de geçen ýylyň degişli döwründäkisi bilen deňeşdireiňde şu görkeziji boýunça ösüş depgini 110,3 göterime deň boldy.

2015-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda merkezleşdirilen býujet serişdeleriniň hasabyna maýa goýumlaryny özleşdirmegiň ösüş depgini 
101,8 göterime barabar boldy. Şäheri abadanlaşdyrmak boýunça maksatlaýyn ýygymlara degişli meýilnama 157,3 göterim, döwlet serişdeleriniň hasabyna meýilnama 123,9 göterim möçberinde berjaý edildi. 

Aşgabat şäheriniň häkimliginiň öz serişdeleriniň hasabyna göz öňünde tutulan maýa goýumlary 3 esse artyk möçberde özleşdirildi, munuň özi geçen ýylyň degişli döwründäkä garanyňda 9 esse köpdür. 

2015-2016-njy ýyllarda paýtagtymyzy ösdürmegiň konsepsiýasynyň çäklerinde şäheriň etraplarynda ýaşaýyş jaýlarynyň, birnäçe edara binalarynyň, bazarlaryň we söwda merkezleriniň durky täzelenilýär hem-de inženerçilik-aragatnaşyk ulgamlary döwrebaplaşdyrylýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  hasabaty diňläp, öňde goýlan maksatlara ýetilmeginiň we wezipeleriň berjaý edilmeginiň Aşgabadyň dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin amatly şäherleriniň biri hem-de sebitdäki we dünýädäki halkara durmuşynyň merkezi hökmündäki derejesiniň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz şu ugurda entek çözülmedik meseleleriň birnäçesiniň bardygyny hem-de ak mermerli paýtagtymyzda senagat we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynyň barşyna, gurluşyk işleriniň hiline berk gözegçilik etmegiň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz ähli gulluklaryň dolandyrylmagyny meýilleşdirmegiň netijeli ulgamyny we usullaryny, bazar gatnaşyklary, maýa goýumlary çekmek, şu ugurdaky öňdebaryjy daşary ýurt tejribesini ulanmak üçin oňaýly şertleri  döretmegiň  şäher hojalygyny özgertmegiň esasy ýörelgelerine öwrülmelidigini belledi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen  işleriň netijeleri barada hasabat berdi. 

Wise-premýeriň habar berşi ýaly,  hasabat döwründe ulaglar we aragatnaşyk toplumy tarapyndan ýük daşamak, ýolagçy gatnatmak we aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 112 göterime, ösüş depgini bolsa 115,8 göterime barabar boldy. 

Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 113,8 göterime deň boldy. Bu görkeziji ýükleri daşamakda 100,1 göterime, ýolagçylary gatnatmakda bolsa 101,1 göterime barabar boldy. Habar berlişi ýaly, içki demir ýollary, inžener-tehniki desgalary döwrebaplaşdyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Hususan-da, Türkmenbaşy-Türkmenabat demir ýolunyň bir böleginiň durky düýpli täzelendi. Atamyrat-Ymamnazar-Akina halkara demir ýolunyň gurluşyk işleri güýçli depginde dowam etdirilýär, Balkanabat şäheriniň demir ýol menzili hem gurlup, ulanmaga berildi. 

Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 129,3 göterime deň boldy. 

2015-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda Aragatnaşyk ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 105 göterim üpjün edildi. Şol döwürde ýurdumyzda aragatnaşyk hyzmatlaryna bolan islegleri kanagatlandyrmak maksady bilen, 159 müň, şol sanda 148 müň öýjükli belgi, 4,5 müň radiotelefon belgi we 6,5 müň ýerli telefon nokady gurnalyp, meýilnama 2,4 esse ýerine ýetirildi.  Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, hasabat döwründe 637,9 kilometr aragatnaşyk ulgamy çekildi. 

“Türkmenhowaýollary”  döwlet milli gullugy boýunça hasabat döwründe  awiahyzmatlary ýerine ýetirmegiň ösüş depgini 120 göterime barabar boldy. Bu görkeziji ýük daşamakda 106,1 göterime, ýolagçy gatnatmakda 100,1 göterime deň boldy. 

Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 135 göterime barabar boldy. 

Habar berlişi ýaly, hasabat döwründe Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat-Farap demir ýol köprüsiniň, Aşgabat we Türkmenabat halkara howa menzilleriniň we Türkmenbaşy şäherindäki täze halkara deňiz portunyň, 12 gatly ýaşaýyş jaýynyň, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda 5 ýyldyzly myhmanhananyň gurluşygy meýilnama laýyklykda alnyp baryldy. 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp,  köp ugurly ulag-aragatnaşyk düzüminiň ösdürilmeginiň ýurdumyzyň ykdysady, maýa goýum, üstaşyr, serişdeler kuwwatyndan netijeli peýdalanmagyň möhüm şerti bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz  Türkmenistanyň iri halkara ulag merkezleriniň biri hökmündäki derejesini tassyklamak üçin bar bolan mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmagyň wajypdygyny aýtdy.                              

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 
döwletimiziň bu ulgamy tehnologiýa taýdan enjamlaşdyrmaga hemmetaraplaýyn üns berýändigini nygtap, wise-premýere bu pudagyň kärhanalarynyň işiniň ýokary hilini üpjün etmek babatda gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy. Bu pudagy dünýä ülňüleriniň derejesine çykarmak üçin innowasion çemeleşmeler we sazlaşykly işlemek wajypdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy. 
  
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Artykow gözegçilik edýän ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýanwar-mart aýlarynda ýerine ýetirilen işleriniň netijeleri hem-de hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň berjaý edilişi barada hasabat berdi. 

Hususan-da, Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan hasabat döwrunde önümleri öndürmek, işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça meýilnama 135,5 göterim berjaý edildi.

Energetika ministrligi boýunça 2015-nji ýylyň birinji çärýeginde önüm öndürmek işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça ösüş depgini 137,3 göterim, elektrik energiýasyny öndürmek boýunça ösüş depgini 107,7 göterim boldy.

“Türkmenawtoýollary” döwlet konserni boýunça agzalýan döwürde degişli görkezijiler boýunça ösüş depgini 105,8 göterimden ybarat boldy.

Jemagat hojalygy ministrligi tarapyndan işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça meýilnama 111,3 göterim berjaý edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletiň iri pudaklaýyn taslamalary durmuşa geçirmäge uly maýa goýumlary gönükdirip, ýurdumyzyň gurluşyk senagatyny täze sepgitlere çykarmak üçin hemme şertleri döredýändigini belledi. Diňe bir senagat kuwwatlyklaryny ösdürmän, eýsem-de, ýurdumyzyň gurluşykçylarynyň berjaý edýän işleriniň ýokary derejesini gazanmaga toplumlaýyn çemeleşmäni üpjün etmeli guramaçylyk çärelerini güýçlendirmek zerurdyr.

Awtoýollaryň düzümini ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak barada aýdyp, milli Liderimiz häzirki zamanda uly awtomobil ýollaryny gurmak boýunça täze taslamalaryň uly gerim bilen amala aşyrylýandygyny nygtady hem-de şunuň bilen baglylykda ýol-ulag düzüminiň kämilleşdirilmegi bilen baglanyşykly bolan wezipeler ýerine ýetirilende degişli düzümleriň sazlaşykly işlerini üpjün etmek boýunça wise-premýere birnäçe tabşyryklar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  ilatyň durmuş-hal ýagdaýynyň derejesini has-da ýokarlandyrmagyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň bir bolup durýandygyny belläp,  adamlaryň ýokary derejeli ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmek boýunça ähli zerur şertleriň ýola goýulmaldygyny nygtady.
 
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow gözegçiligindäki senagat pudagynyň düzümleriniň işleri, şu ýylyň ilkinji üç aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri boýunça onuň pudaklarynyň görkezijileri barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Senagat ministrligi boýunça önüm öndürilişiniň meýilnamasy 125,6 göterim berjaý edilip, ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 118,1 göterime deň boldy. Hususan-da, semendiň öndürilişi boýunça 111,2 göterim, magdan däl materiallaryň öndürilişi boýunça 136,3 göterim, keramzidiň öndürilişi boýunça 109,3 göterim, gurnama demir-beton önümleriniň öndürilişi boýunça 112 göterim ösüş depgini gazanyldy. 

Dokma senagaty ministrligi boýunça önümçilik meýilnamasy 113,1 göterimi berjaý edilip, çykarylan önümleriň möçberiniň ösüş depgini 101 göterim boldy. Onuň aýry-aýry görnüşlerini, ýagny nah ýüplügini öndürmekde 109,8 göterim, nah matalarynyň önümçiliginde 110,2 göterim, tikin we trikotaž önümleriniň öndürilişi boýunça 104,1 göterim, ýüpek matalarynyň öndürilişi boýunça 100,5 göterim ösüş depgini gazanyldy.

“Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň kärhanalary tarapyndan ýanwar-mart aýlarynda öndürilen önümleriň ösüş depgini 112,5 göterime deň boldy. Çärýek meýilnamasy 113,6 göterim berjaý edildi. Pudagyň kärhanalary tarapyndan 10 müň 515 inedördül metr haly önümleri dokalyp, gazanylan ösüş 11 göterimden geçdi. 

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň şu ýylyň ilkinji üç aýy boýunça önümçilik meýilnamasy 127,1 göterim ýerine ýetirildi, ösüş depgini 228, 4 göterime deň boldy, ýagny çykarylýan himiýa önümleriniň möçberi 2,3 esse diýen ýaly artdy: mineral dökünleriniň öndürilişi boýunça 1,9 esse, tehniki ýoduň öndürilişi boýunça 103,1 göterim, tehniki uglerodyň öndürilişi boýunça 105,4 göterim we natriý sulfatynyň öndürilişi boýunça 110,6 göterim ösüş depgini gazanyldy. 

Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komiteti boýunça öndürilen önümleriň umumy möçberiniň ösüş depgini 136,6 göterime, hususan-da, balyk tutmak boýunça 144,1 göterime, gaýtadan işlenilen önümleri çykarmak boýunça 118,4 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  ýurdumyzyň senagat toplumyny ösdürmek babatda döwlet strategiýasynyň baş maksadynyň ilatyň iş bilen meşgullanmagynyň hem-de durmuş hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň, sebitleriň durmuş-ykdysady mümkinçiliginiň we ýurdumyzyň senagat kuwwatynyň üpjün edilmegi bolup durýandygyny belläp, çig mal serişdelerini netijeli özleşdirmegiň ylmy çemeleşmeler hem-de hojalygy yhlasly dolandyrmagyň döwrebap usullary esasynda alnyp barylmalydygyny aýtdy. 

Şu babatda wagt bizden senagat pudaklarynyň toplumlaryny ösdürmegi hukuk, maglumat, serişdeler we dolandyryş taýdan üpjün etmek boýunça aýgytly çözgütleri we ylalaşykly hereketleri talap edýär diýip, milli Liderimiz nygtady hem-de senagat pudagynda ösüşi has işjeň höweslendirmek üçin bar bolan mümkinçilikleri we ýagdaýlary örän düýpli häsiýetde seljermegi tabşyrdy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz wise-premýere ýurdumyzyň dokma senagatynyň ýokary hilli önümleriniň daşary ýurtlara eksport edilişiniň möçberlerini has-da artdyrmak boýunça işleri durmuşa geçirmegiň takyk meýilnamalaryny işläp düzmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedowa söz berildi. Ol Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi we ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň  şu ýylyň birinji çärýeginde gazanan görkezijileri barada hasabat berdi. 

Bellenilişi ýaly, nebitiň gaz kondensaty bilen çykarylyşynyň ösüş depgini 110 göterime,  tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşynyň ösüş depgini 105 göterime, daşary ýurtlara ugradylýan tebigy gazyň möçberiniň ösüş depgini bolsa 106,5 göterime barabar boldy. Nebiti gaýtadan işlemek boýunça meýilnama 103,6 göterim ýerine ýetirildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende nebit önümleriniň, şol sanda awtomobil benzininiň, polipropileniň, çalgy ýaglarynyň, suwuklandyrylan gazyň öndürilişi ýokarlandy. Buraw işleriniň möçberi 76,8 göterim artdy. Hasabat döwründe Ruhabatdaky turba zawodynda polietilen we aýna süýümli turbalaryň öndürilişi artyp, ösüş depgini 108,3 göterim üpjün edildi. 

Şeýle hem nebitgaz ulgamynda maýa goýumlarynyň özleşdirilişi we kärhanalarda, edaralarda we guramalarda, şeýle hem ýaşaýyş jaýlarynda gaz hasaplaýjy enjamlaryň oturdylyşy barada habar berildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premeýre nebitgaz senagatynyň düzümleýin edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga degişli anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, täze tehnologiýalary ornaşdyrmaga, iri düzümleýin taslamalara, şol sanda täze ýangyç ýataklaryny özleşdirmek, energiýa geçirijileriniň we döwrebap gazhimiýa toplumlaryny gurmak, şeýle hem nebiti gaýtadan işleýän kärhanalary tehniki taýdan döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamalara daşary ýurt maýalaryny çekmäge aýratyn üns berilmelidir. 

Dünýäniň energetika döwletleriniň hataryna girýän Türkmenistanyň ägirt uly uglewodorod serişdeleriniň netijeli ulanylmagy milli ykdysadyýetimiziň ägirt uly kuwwatyny durmuşa geçirmäge, türkmen halkynyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga, şeýle hem energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerini çözmäge ýardam etmelidir. Munuň özi  sebit we ählumumy möçberlerde okgunly durmuş-ykdysady ösüşiň möhüm şerti bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.  

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň birinji çärýeginde alnyp barlan işleriň netijeleri, garamagyndaky edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça görülýän çäreler, bilim we ylym, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlaryny ösdürmegiň maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň netijeleri barada hasabat berdi. 

Wise-premýeriň habar berşi ýaly, hasabat döwründe okuw kitaplarynyň we gollanmalaryň golýazmalarynyň 164-si taýýarlanyldy we çapa iberildi, olardan 53-si neşir edildi. 

Mart aýynda mekdep okuwçylarynyň arasynda “Altyn asyryň altyn zehinleri”  atly okuw dersleri boýunça we taslama bäsleşikleriniň döwlet tapgyry geçirilip, oňa mekdep okuwçylarynyň 824-si gatnaşdy. Mundan başga-da,  ýurdumyzyň zehinli mekdep okuwçylary halkara ders bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, 11 medal, şol sanda 1 altyn, 5 kümüş we 5 bürünç medal gazandylar. Daşary ýurt döwletleriniň bilim ulgamynyň guralyşyny öwrenmek, bilim babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek, halkara maslahatlaryna gatnaşmak üçin ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we wekilleri Ýaponiýada, Hytaý Halk Respublikasynda,  Beýik Britaniýada, Türkiýe Respublikasynda,  Azerbaýjan Respublikasynda, Pakistan Yslam Respublikasynda gulluk iş saparynda boldular. 

Hasabatda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşiniň görkezijileri hem getirildi. Hususan-da,  ýurdumyzyň derman senagatynda öndürilen önümiň möçberi 149  göterime barabar boldy. Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň buýurmasy boýunça 11 desganyň, şol sanda 9 sany saglyk desgasynyň, döwrebap derman ammarynyň we ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy alnyp barylýar. 

Ýurdumyzda sporty we syýahatçylygy ösdürmek boýunça maksada laýyk işler dowam etdirilýär. Häzirki wagtda  Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň edara binasynyň we 44 öýli ýaşaýyş jaýynyň, şeýle hem “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda seýilgähiň gurluşygy alnyp barylýar. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe gelýän syýahatçylaryň sany artdy, syýahatçylara edilýän hyzmatyň hilini ýokarlandyrmak boýunça wezipeler çözülýär.  

Şu ýylyň geçen üç aýynyň dowamynda Türkmenistanda jemi 54 sany içerki ýaryş we 26 sany köpçülikleýin sport çäreleri geçirildi. Türgenlerimiz halkara sport ýaryşlarynyň 42-sine gatnaşdylar we jemi 87 medal, şol sanda 22 altyn, 23 kümüş we 42 bürünç medal gazandylar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanda amala aşyrylýan, milli ylym, bilim we saglygy goraýyş ulgamlaryny mundan beýläk-de, kämilleşdirmäge, sporty we syýahatçylygy ösdürmäge gönükdirilen giň möçberli özgertmelere degişli wezipeleriň ählisiniň öz wagtynda çözülmeginiň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz  bu ulgamlaryň işgärler düzümini kemala getirmäge, degişli düzümi we maddy-enjamlaýyn binýady dörwrebaplaşdyrmaga,  dünýä tejribesini öwrenmäge we ornaşdyrmaga toplumlaýyn hem-de oýlanyşykly çemeleşmegiň wajypdygyny nygtady we wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi. 

Sport barada aýdylanda bolsa, milli Liderimiz dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynda Watanymyza mynasyp wekilçilik etmäge ukyply ýaş zehinli türgenleri ýüze çykarmak we terbiýelemek, ýokary hünärli tälimçileri taýýarlamak, bu ulgamda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmek boýunça maksada laýyk işiň dowam etdirilmeginiň zerurdygyny belledi.  Munuň özi  Aşgabatda geçiriljek Aziada –2017 babatda aýratyn ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiz  wise-premýere degişli tabşyryklary berip, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak, türkmenistanlylary  köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hereketine çekmek boýunça ädilýän ädimleriň ähmiýetini nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganow gözegçilik edýän pudaklary bolan içeri we daşary söwdanyň hem-de milli ykdysadyýetimiizň hususy ulgamynyň şu ýylyň birinji çärýegindäki işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça ýanwar-mart aýlarynda haryt dolanyşygynyň umumy möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ösüş depgini 120,9 göterime deň boldy. Bölek satuw haryt dolanyşygy boýunça bu görkeziji 107 göterim derejesinde hasaba alyndy, lomaý haryt dolanyşygy boýunça bolsa ösüş depgini 128,3 göterime deň boldy. Gazanylan girdejileriň ösüş depgini 119,7 göterimden ybarat boldy. 2015-nji ýylyň birinji çärýeginde maýa goýumlaryny özleşdirmekde 113 göterim ösüş depgini gazanyldy. 

Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçen üç aýda birža söwdalarynyň 59-sy geçirilip, umumy bahasy 119 milliard 509,8 million manat bolan 5 müň 93 sany şertnama hasaba alyndy. Şol sanda eksport-import şertnamalarynyň  bahasy 4 milliard 905,4 million manada, gurluşyk şertnamalarynyň bahasy 12 milliard 843,5 million manada deň boldy. Daşary ýurt pulunda gelip gowşan serişdeleriň möçberi 9 million 852,4 müň amerikan dollaryndan ybarat boldy.

Söwda-senagat edarasy boýunça şu döwürde edilen hyzmatlardan alnan girdejileriň ösüş depgini 117,2 göterime deň boldy, gazanylan peýdadan 139 göterim ösüş depgini üpjün edildi. Daşary ýurt pulunda gelip gowşan serişdeleriň möçberi 605 müň amerikan dollaryna barabar bolup, 169 göterim ösüş depgini gazanyldy. Hasabat döwründe Söwda-senagat edarasynyň gatnaşmagynda sergileriň 6-sy we maslahatlaryň 9-sy geçirildi. 

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalary tarapyndan hasabat döwründe senagat önümleriniň önümçiliginiň ösüş depgini 112 göterime, oba hojalyk önümleriniň ösüş depgini 153 göterime deň boldy. Telekeçileriň ýerine ýetiren gurluşyk-gurnama işleriniň möçberi 20 göterim artdy. Şunda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça umumy haryt dolanyşygynyň ösüş depgini 131 göterime, ilata edilen hyzmatlaryň möçberiniň ösüş depgini 126 göterime barabar boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda söwda ulgamynyň milli ykdysadyýetdäki üýtgeşmeleri, bazar gatnaşygyna geçilýän şertlerde onuň aýratynlyklaryny şöhlelendirýän hojalyklaryň has depginli ösýän ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Haryt dolanyşygynyň artýan möçberleri, onuň düzümi ilatyň hal-ýagdaýynyň we durmuş derejesiniň ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýär. Bazar ykdysadyýetiniň durmuş ugurly esasy düzümleriň biri bolmak bilen, söwda toplumy sarp edijileriň bähbitlerini goramagyň, islegleri öwrenmegiň, halkyň sarp edýän harytlarynyň bazarynda sagdyn bäsdeşligiň kemala getirilmeginiň zerurulygy ýaly meseleleri çözmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň birinji çärýeginde alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. 
Ýurdumyzda umumymilli baýramçylyklaryň we şanly seneleriň hormatyna, şeýle hem täze desgalaryň  ulanmaga berilmegine bagyşlanan medeni-köpçülikleýin çäreleriň geçirilişi barada habar berildi. Wise-premýer hasabat döwründe ýurdumyzda, şeýle hem daşary ýurtlarda geçirilen iri halkara möçberindäki çäreler barada durup geçdi. 

Habar berlişi ýaly, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, milli medeniýeti giňden wagyz etmek, şeýle hem ýurdumyzyň döredijilik işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak, olaryň dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmegi maksady bilen, medeniýet we sungat işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri daşary ýurtlarda iş saparlarynda boldular. Olar Hindistanyň paýtagty Nýu-Deli şäherinde türkmen Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna hem-de ýurdumyzda 2015-nji ýylyň Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýip yglan edilmegine bagyşlanan çärelere gatnaşdylar. Halkara Nowruz baýramy mynasybetli sungat ussatlarymyz Germaniýada we Fransiýada çykyş etdiler. Häzirki wagtda 24-28-nji aprel aralygynda  ýurdumyzda geçirilmegi meýilleşdirilýän Birleşen Arap Emirlikleriniň Medeniýet günlerini, şeýle hem Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly mynasybetli Hytaýda, Gazagystanda we Täjigistanda geçiriljek medeni çäreleri guramaçylykly geçirmek boýunça işler alnyp barylýar. 

Wise-premýer teatrlaryň, muzeýleriň we kitaphanalaryň işi barada habar berip, hasabat döwründe sahna ussatlarynyň teatr sungatyny ösdürmek boýunça netijeli işleri alyp barandygyny, muzeýleriň hünärmenleriniň ýurdumyzda, şeýle hem daşary ýurtlarda sergileriň birnäçesini gurandygyny, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine degişli merkezi kitaphanalarda bitewi elektron kitaphana ulgamyny döretmek boýunça işleriň alnyp barylýandygyny belledi. 

Wise-premýeriň  habar berşi ýaly, şu ýylyň birinji çärýeginde Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň işi işjeňleşdi. Bu gulluk tarapyndan kitap önümleriniň 80 görnüşi çap edildi. Şeýle hem nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň we häzirki zaman ýazyjy-şahyrlarymyzyň eserleri neşir edildi. Paýtagtymyzda dünýäniň ösen talaplaryna laýyk gelýän Metbugat öýi toplumynyň täze binasynyň gurluşyk işleri tamamlandy. Bu ýerde döwrebap enjamlarda işlejek hünärmenlerimiz Germaniýada kämilleşdiriş okuwlarynda bolup geldiler.  

Wise-premýer Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň işi barada hasabat berip, hasabat döwründe Milli telewideniýäniň işini kämilleşdirmek boýunça işleriň alnyp barlandygy belledi. Şeýle hem Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Aziýa-Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň habarlar gullugyna agza bolandygy bellenildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýäniň öňdebaryjy tejribesini nazara almak bilen, medeniýet ulgamynyň edaralaryny we köpçülikleýin habar beriş serişdelerini mundan beýläk-de innowasion taýdan ösdürmegiň, şeýle hem tehniki ösüşe laýyk gelýän işiň täze usullaryny gözlemegiň, ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleri döredijilik taýdan üpjün etmegiň we olaryň ähmiýetini ilat köpçüligine düşündirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. 

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz telewideniýede we radioda taýýarlanylýan gepleşikleriň döwrüň ruhuna laýyk derejede bolmalydygy, olaryň hiliniň we çeperçiliginiň yzygiderli ýokarlandyrylmalydygyny, şeýle hem  köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde mahabat işiniň netijeliliginiň artdyrylmalydygyny belläp, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

Milli Liderimiz 2015-nji ýylyň Bitaraplyk we parahatçylyk ýyl diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýurdumyzda we daşary ýurtlarda çäreleri geçirmek meselesi barada durup geçip, wise-premýere şunuň bilen baglylykda meýilleşdirilen, Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň durmuşa geçirýän oňyn daşary syýasat ugrunyň many-mazmunyny we ähmiýetini  giň köpçülige  düşündirmäge ýardam edýän döredijilikli çäreleriniň ählisiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegini tabşyrdy. 

Hormatly Prezidentimiz mejlisi dowam etmek bilen, hasabat bermek üçin  welaýatlaryň häkimlerine söz berdi. 

Ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedow hasabat döwründe sebitde ýerine ýetirilen işler we oba hojalygyndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. 

Hususan-da, ol şu ýylyň birinji çärýeginde ýerli býujetiň girdeji bölegi 351 million 201 müň manada we çykdajy bölegi 313 million 310 müň manada barabar bolandygyny habar berdi. Senagat kärhanalarynda welaýat boýunça 1 milliard 966 million manatlyk senagat önümleri öndürildi. Şunda sementiň öndürilişi 106,5 göterim, elektrik energiýasynyň öndürilişi 144,3 göterim, magdan däl gurluşyk materiallaryň öndürilişi 150,3 göterim, ilata satylýan senagat harytlaryň öndürilişi 112,9 göterim köpeldi. 

Salgytlar boýunça jemi 440 million 456 manat möçberinde serişde gelip gowuşdy. Bu baradaky meýilnama 105,9 göterim ýerine ýetirildi. Bölek satuw haryt dolanyşygy hyzmatlarynyň möçberi 116,8 göterim artdy. Welaýatda ulaglar bilen ýük daşamak 106,1 göterim, ýolagçylaryň gatnadylyşy 103,6 göterim ýokarlandy. 

Welaýat häkimi oba hojalyk pudagyndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berip, häzirki wagtda  bugdaý meýdanlarynda agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda, ösüş suwlaryny tutmak, organiki we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, hapa-haşal otlaryň hem-de zyýan beriji mör-möjekleriň garşysyna göreşmek işleriniň dowam etdirilýändigini habar berdi. Däne oragyna taýýarlyk görmek çäklerinde däne orýan kombaýnlary we gaýry oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak işleri alnyp barylýar. 

Gowaça ekiljek 120 müň gektar meýdan doly ekişe taýýarlanyp, gowaça ekişi giňden ýaýbaňlandyryldy, şu güne çenli 8 müň 407 gektardan gowrak meýdanda gowaça ekişi geçirildi. Häzirki güne çenli 6 müň 626 gektar meýdanda beýleki ekinler ekildi. 

Häkim şeýle hem dowarlardan owlak-guzy almak möwsüminiň üstünlikli dowam edýändigini aýdyp, maldarlaryň önüm alyşynyň ýokardygyny belledi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 101 göterime deň boldy. 

Welaýatyň häkimi sebitde alnyp barylýan gurluşyk işleri barada hasabat berip, şu ýylyň birinji çärýeginde 156 million 216 müň manatlyk maýa goýumlarynyň özleşdirilendigini, bu baradaky meýilnamanyň 28 göterim ýerine ýetirilendigini aýtdy. Derweze etrabynda gysga wagtyň içinde döwrebap durmuş maksatly desgalary öz içine alýan “Täze zaman”  obasynyň birinji tapgyry dabaraly ýagdaýda açyldy. Häzirki wagtda bu döwrebap obanyň ikinji we üçünji tapgyrlarynyň, şeýle hem Ak bugdaý etrabynyň Gäwers geňeşliginiň çäginde düýbi tutulan täze şäherçäniň gurluşygy dowam etdirilýär. Welaýat boýunça bank karzynyň hasabyna 
3 müň 664 ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy alnyp barylýar, 1998 jaýyň gurluşygy tamamlandy. 

Häkimiň belleýşi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda dowam edýän “Sagdynlyk we bagtyýarlyk”  atly biraýlygyň çäklerinde  dürli bedenterbiýe-sagaldyş  we medeni-köpçülikleýin çäreler geçirilýär, şeýle hem “Suw damjasy-altyn dänesi”  baýramyny we Türkmen bedewiniň baýramyny guramaçylykly geçirmäge taýýarlyk görülýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, sebitiň ilatynyň ýaşaýyş derejesini has-da gowulandyrmak, täze iş orunlaryny döretmek, durmuş-medeni maksatly desgalary gurmak boýunça işleriň geçirilmegine ünsi çekdi. Milli Liderimiz halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtap, bu ugurda amala aşyrylýan işlere jogapkärli çemeleşmegiň wajypdygyny belledi. 

Döwlet Baştutanymyz obasenagat toplumynyň wezipelerine ünsi çekip, gowaça ekişini guramaçylykly we ýokary hilli geçirmek hem-de pagtaçy kärendeçileriň işiniň netijelliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, degişli çäreleriň görülmeginiň wajypdygyny nygtady.    

Öz gezeginde Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedow  şu ýylyň birinji çärýeginde günbatar welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň netijeleri barada hasabat bermek bilen, sebitde öndürilen senagat önümleriniň umumy möçberiniň 2878,4 million manada barabar bolandygyny aýtdy. 2014-nji ýylyň degişli döwründäkisi bilen deňeşdireniňde, bölek haryt dolanyşygy 16,9 göterim artdy. 

Mallaryň we guşlaryň baş sanyny artdyrmak, maldarçylyg

Degişli makalalar

Hyundai Engineering Co.,Ltd Kompaniýasy Täze Okuw Kurslaryny Açdy

8-nji Mart Aýal-Gyzlar Güni

turkmenhabargullugy

GUTLAG

syrach