2015-nji ýylyň 7-nji aprelinde Aktau şäheriniň 3-nji orta mekdebiniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň şanly 20-ýyllygy hem-de 2015-nji ýylyň Bitaraplyk we Parahatçylyk Ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli dostluk okuw sapagy geçirildi.
Sapaga Aktau şäher häkimliginiň bilim bölüminiň hünärmenleri, ýerli metbugat wekilleri, mekdebiň mugallymlary we 9-10-njy synp okuwçylary gatnaşdylar. Türkmenistanyň konsuly M.Dowdanow Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygy we türkmen-gazak gatnaşyklary barada leksiýa okady. Soňra ýygnananlara Türkmenistanyň häzirki zaman gazananlaryna bagyşlanan wideofilm görkezildi. Esasy böleginden soňra sapak “sowal-jogap” görnüşinde dowam etdirildi.
Sapagyň ahyrynda mekdebiň direktory A.Karabaýewa minnetdarlyk sözleri bilen çykyş etdi we okuwçylaryň birnäçesi türkmen we gazak dillerinde goşgy okadylar. Şeýle-de sapagyň dowamynda tapawutlanan okuwçylara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.