Fewral aýynda Stambulda geçiriljek gol çekişlik dabrasynyň öň ýanynda Türkiýe degişli taýarlyklaryň depgini güýçlendirdi.
Türkiýäniň, İordaniýanyň, Siriýanyň we Liwanyň arasynda geçen iýun aýynda kabul edilen kararlardan soň başlanan işleriň netijelendirilmegi üçin uly tagalla edilýär.
4 ýurduň arasynda erkin söwda we erkin wiza ulgamynyň döredilmegine eslanýan erkin dolanşygyň döredilmegi göz öňünde tutulýar.
4 ýurt 4 sany esasy pudakda iş alyp barmak barasynda karar kabul etdi.
Daşary işler ministrliginde geçirilen ýygnakda 4 sany esasy pudaga ýolbaşçylyk edýän ministrler pikir alyşdy.
Daşary işler ministri Ahmet Dawutogly, Transport ministri Binali Ýyldyrym, Ernergetika ministri Taner Ýyldyz bilen Medeniýet we syýahatçylyk ministri Ertugrul Günaý býurokratlaryň habarnamalaryny seljerdi.
DİM Ahmet Dawutogly “Biz bu ulgamyň sebitimiz üçin iňňän möhümdigini pikir edýäris. Sebitimiziň indi çaknyşyklar bilen däl, eýsem hyzmatdaşlyk bilen gün tertibine gelmegini, ähli taraplaryň bähbidine bolan işleri durmuşa geçirmek isleýäris” diýdi.
Fewral aýynda Stambulda geçiriljek sammitde 4 taraplaýyn erkin söwda sebitiniň döredilmegi baradaky karar güýje girer.
referans: www.trtturkmen.com