Ženewa şäherinde Maýyplaryň hukuklary baradaky Komitetde Türkmenistanyň ilkinji milli hasabatyna garaldy.
Bu çärä Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň orunbasary S.Akmämmedowyň baştutanlygyndaky wekiliýet gatnaşdy.
Türkmenistanyň wekiliýeti bilen Komitetiň agzalarynyň arasynda halkara Konwensiýanyň talaplaryny türkmen milli kanunçylygyna girizmek we olary iş ýüzünde ýerine ýetirmek bilen bagly meseleler boýunça işjeň gepleşikler geçirildi. Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary ýurtda maýyplaryň hukuklaryny goramakda gazanylan üstünlikler barada Komitetiň agzalaryna jikme-jik gürrüň berdiler.
Komitetiň agzalary Türkmenistanda halkyň durmuş hal-ýagdaýynyň derejesini ýokarlandyrmaga niýetlenen we şol bir wagtda maýyp bolan adamlaryň hem bähbitlerini göz öňünde tutýan milli we Prezident maksatnamalarynyň çarçuwasynda amala aşyrylýan çäreleri oňladylar. Komitetiň agzalary tarapyndan Türkmenistanyň Maýyplaryň hukuklary baradaky Konwensiýa Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda ilkinji we ýeke-täk bolup goşulandygy aýratyn makullama mynasyp boldy.
Ara alnyp maslahatlaşmalaryň jemleri boýunça Komitetiň agzalary bu Konwensiýanyň talaplaryny durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň Hökümetine üstünlikleri arzuw etdiler.