Paýtagtymyzdaky Ýyldyz myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2015-2020-nji ýyllar üçin Milli Hereketleriň Meýilnamasynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.Oňa degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň hem-de ýurdumyzda resmi taýdan bellenen halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuşa geçirilýän ösüşlere beslenen özgertmeler syýasaty onuň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, adamlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň hem-de türkmenistanlylaryň ýokary ýaşaýyş-durmuş derejesiniň üpjün edilmegi üçin milli kanunçylyk-hukuk binýadynyň toplumlaýyn özgerdilmegine gönükdirilendir.
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we umumy kabul edilen halkara hukugynyň kadalaryna laýyklykda, erkekler we aýallar üçin deň hukuklary we azatlyklary döretmek döwletiň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendir. Biziň ýurdumyz jyns alamatlary boýunça islendik çäklendirmelere ýol bermezlik syýasatyny yzygiderli alyp barýar. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda hukuk ulgamynda iň oňat dünýä tejribesiniň öwrenilişine hem-de milli kanunçylygyň häzirki zaman talaplaryna laýyk getirilişine ähmiýet berlişi aýratyn bellenildi.
BMG-niň doly hukukly agzasy bolan türkmen döwleti, esasy halkara konwensiýalaryna, şol sanda aýallar babatda hukuk kemsitmeleriň ähli görnüşlerini aradan aýyrmak baradaky Konwensiýa hem-de aýallaryň ýagdaýy boýunça Bütindünýä maslahatyna goşulmak bilen, bu resminamalaryň düzgünnamalaryny ýerine ýetirmek babatda anyk çäreleri görýär. Abraýly dünýä guramalarynyň resminamalaryna goşulmak bilen, şolara laýyklykda öz borçnamalaryna pugta eýerip, Türkmenistan umumy ykrar edilen hukuk kadalaryny milli kanunçylyga we işe ornaşdyrýar.
Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar Aýallaryň deň hukuklylygynyň döwlet kepillikleri hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň ähmiýetini aýratyn bellediler. Bu Kanun BMG-niň zenanlar babatda islendik görnüşli kemsitmeleri aradan aýyrmak hakynda Konwensiýasynyň düzgünlerini şöhlelendirýär. Şu kanunçylyk namasyna laýyklykda, gender çemeleşmesini nazarda tutup, döwlet maksatnamalarynyň işlenip düzülmegi zenanlaryň bähbidine döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Mejlisinde ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady we medeni ösüşinde häzirki gazanylanlary göz öňünde tutup, ýokarda agzalan kanunyň täze görnüşini işläp taýýarlamak boýunça Işçi topar döredildi.
Nygtalyşy ýaly, halkara guramalary, ilkinji nobatda, BMG we onuň düzümleýin bölümleri bilen netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň wajyp ugurlarynyň hatarynda çykyş edýär. Şu babatda Türkmenistanyň BMG-niň Ilat gaznasy bilen köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlarda, şol sanda gender deňligi ulgamynda anyk wezipeleriň durmuşa geçirilmegine gönükdirilendigi bellenildi.
UNFPA bilen netijeli özara hereketleriň çäklerinde birnäçe bilelikdäki taslamalar durmuşa geçirildi. Häzirki tapgyrda nobatdaky uzakmöhletleýin maksatnamanyň üstünde işlenilýär. BMG-niň şu düzümleýin bölüminiň maslahat-goldaw bermeginde Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2015-2020-nji ýyllar üçin Milli Hereketleriň Meýilnamasy işlenip düzüldi, ol şu ýylyň ýanwar aýynda Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanyldy.
Bu resminama ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik, durmuş-ykdysady we medeni-gumanitar ulgamlarynda amala aşyrylýan işlere erkekler bilen deň hatarda zenanlaryň gatnaşmagyny giňeltmek üçin zerur bolan şertleri döretmek maksady bilen kabul edildi. Nygtalyşy ýaly, döwlet syýasatynyň wajyp ugurlaryny nazara alyp, taýýarlanan gender deňligi boýunça hereketleriň Milli meýilnamasynyň kabul edilmegi Türkmenistanyň öz üstüne alan borçnamalaryna ygrarlydygyny, şeýle hem zenanlaryň hukuklarynyň iş ýüzünde berjaý edilişini hem-de olaryň öz hukuklaryndan peýdalanmak mümkinçilikleriniň ýokarlanyşyny nobatdaky gezek görkezdi.
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2015-2020-nji ýyllar üçin Milli Hereketleriň Meýilnamasyny beýan edip, tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar onda döwlet syýasatynyň gender deňligi babatda esasy ugurlarynyň kesgitlenendigini nygtadylar. Bu resminama esasy wezipeleriň 14-sinden ybarat bolup, 60-dan gowrak çäreleriň geçirilmegini göz öňünde tutýar. Meýilnamanyň möhüm düzgünleriniň hatarynda gender meseleleri boýunça habarlylygy ýokarlandyrmak, bu ulgamda Türkmenistanyň kanunçylygyny has-da kämilleşdirmek we beýlekiler bar.
Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar agzalan resminamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň gürrüňsiz suratda Türkmenistanda gender syýasatynyň mundan beýläk-de durmuşa geçirilmegine, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine ýardam etjekdigini bellediler.