6.9 C
Aşkabat
22.11.2024
TEHNOLOGİÝA

Elektron Hyzmatlar

Şu gün türkmen paýtagtynda “Elektron döwlet hyzmatlary: halkara we milli tejribe” mowzugy boýunça “tegelek stoluň” başynda duşuşyk geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň professor-mugallymlar düzümi we diňleýjileri, Mejlisiň deputatlary, degişli ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, ýerli häkimiýet edaralarynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, şeýle hem BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) wekilleri, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlara hyzmat etmek we durmuş innowasiýalary baradaky döwlet agentliginiň (ASAN) wekiliýetiniň agzalary gatnaşdylar.

Türkmen hünärmenleriniň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, innowasiýalary döwlet düzümleriniň işine giňden ornaşdyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda täze taryhy eýýamda durmuşa geçirilýän netijeli syýasatyň esasy wezipeleriniň biridir.  Türkmenistanda döwrebap maglumat – kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ulanylmagy   ýaşaýyş-durmuşyň hilini ýokarlandyrmak, häkimiýet edaralarynyň netijeli işlemegi, döwletiň we raýatlaryň has netijeli gatnaşyk etmegi, milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin uly ähmiýete eýedir. 

Türkmen döwletiniň hökümeti tarapyndan bu ulgamda daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tejribesini öwrenmäge uly üns berilýär. Soňky ýyllarda bu ugurda toplumlaýyn işler, şol sanda elektron hökümeti döretmek we elektron hyzmatlary etmegiň gerimini giňeltmek boýunça işler alnyp barylýar. Dürli pudaklary ösdürmegiň maksatnamalarynda döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmaga we awtomatlaşdyrylan dolandyryş ulgamlaryny ulanmaga gönükdirilen çäreleri geçirmäge aýratyn orun berilýär. 

Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar bu ulgamda daşary ýurt tejribesine syn berip, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlara hyzmat etmek we durmuş innowasiýalary baradaky döwlet agentliginiň işiniň esasy ugurlary bilen hem tanyşdylar. Bu agentlik döwlet edaralarynyň işiniň açyklygyny ýokarlandyrmak, raýatlara has ýokary hilli hyzmat etmek maksady bilen döredildi. Nygtalyşy ýaly, maglumat tehnologiýalarynyň ulanylmagy anyk durmuş ugruna gönükdirilendir. Şeýle hem Amerika, Aziýa, ÝB, GDA ýurtlarynyň mysalynda elektron hökümeti konsepsiýasynyň çäklerinde ilata döwlet tarapyndan hyzmatlar ulgamyny işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak boýunça nusgalar bilen tanyşdyryldy we ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Hünärmenler raýatlyk ýagdaýy  hakyndaky namalaryň döwlet tarapyndan bellige alynmagy, kepillendiriş işi, şahsyýet şahadatnamalaryny bermek we çalyşmak, ýer kadastry hem-de öýleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagynyň maglumatlary  hakyndaky güwänamalary resmileşdirmek, täjirçilik ýuridiki şahslary we salgyt töleýjileri bellige almak, zähmet pensiýalaryny kesgitlemek, şahsy hem-de ýuridiki taraplara arhiw güwänamalaryny bermek, gümrük deklarasiýalaryny, gümrük taýdan resmileşdirmegiň degişli resminamalaryny kabul etmek ýaly elektron hukuk hyzmatlaryna ilatyň uly isleg bildirýändigine ünsi çekdiler. 

Pikir alyşmalaryň çäklerinde çykyş edenler şeýle hyzmatlaryň ornaşdyrylmagynyň döwlet dolandyryşynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryşyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, ykdysadyýetdäki hem-de jemgyýetdäki prosesleriň monitoringi hem-de bu prosesleri kadalaşdyrmak boýunça çözgütleriň öz wagtynda kabul edilmegi üçin düýbünden täze mümkinçilikleri döretmäge ýardam etmelidigini nygtadylar. Galyberse-de, Türkmenistanyň dünýäniň kommunikasiýalary we standartlar ulgamyna çalt goşulyşmagy üçin zerur şertler dörediler. 

Duşuşygyň ahyrynda ýygnananlar özara peýdaly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň möhümdigini bellediler, şeýle hem bu ugurda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. 

Degişli makalalar

Aşgabatda Innowasiýa Tehnologiýaly Stomatologiýa we Oftalmologiýa Ylmy Merkezleri Açyldy

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Milli Hemra Aragatnaşyk Ulgamy Iş

syrach

Türkmenistanda Internet Ulanyjylaryň Sany 4 Esse Artdy

syrach