15.9 C
Aşkabat
22.11.2024
DURMUŞ

Ahalteke Bedewleriniň Gözellik Bäsleşigi

Aşgabadyň sport toplumynda ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşiginiň birinji saýlama tapgyry geçirildi. Oňa Türkmenistanyň ähli künjeklerinde ösdürilip ýetişdirilen we çeýe bedewleri gatnaşdyrylýar. Mlli Liderimiziň tabşyrygy esasaynda geçirilýän bäsleşigi “Türkmen atlary” döwlet birleşigi guraýar.

Bäsleşigiň baş maksady diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem tutuş adamzadyň guwanjyna öwrülen ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzündäki şöhratyny has-da belende götermekden, ýurdumyzda atçylyk ulgamynyň ösdürilmegini höweslendirmekden ybaratdyr.

Atyň köpsanly muşdaklary ady rowaýata öwrülen “behişdi bedewleriň” saýlama wekilleri bilen tanyşmak mümkinçiligine eýe boldular. Bäsleşikde her bir atyň beden gurluşy, onuň aýratynlyklary we dürli tälimleri ýerine ýetirmek ukyplary görkezildi. Bedewler özüniň ajaýyplygy we deňi-taýy bolmadyk gözelligi bilen tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. 

Bedewleriň dürli öwüşgindäki reňkleri, gelşikli aýaklary, owadan boýny, olaryň beden gurluşy, ýeňil gopuşy we çydamlylygy atşynaslaryň, seçgiçileriň we seýisleriň köp sanly nesilleriniň döredijilikli we yhlasly zähmetiniň netijesidir. Atşynaslyk bilen baglanyşykly ýörelgeler 
nesilden-nesle geçip, ony häzirki döwürdäki ýokary netijeli hünärmerler, 
öz işiniň ussatlary döredijilikli dowam edýärler. 

“Türkmen atlary” döwlet birleşiginde Türkmenistanyň Döwlet habarler agentliginiň habarsçysyna habar berlişi ýaly, gözellik bäsleşgine ahalteke bedewdäki tohumlaryň 3 ýaşdan 10 ýaşa çenli bolan aralygyndakylary gatnaşdyrylýar. Paýtagtymyzdaky atçylyk toplumynda bar bolan, ýurdumyzyň ministrliklerine, obasenagat toplumynyň edaralarynyň, şeýle hem hususy hojalyklara degişli athanalaryň hersinden bir bedew bäsleşge gatnaşdyrylýar.  

“Türkmen atlary1 döwlet birleşiginde döredilen ýörite topara gözellik bäsleşigine gatnaşmak üçin isleg bildirýänlerden onlarça teklipler gelip gowuşdy. Geçen ýyllarda bolşy ýaly, toparyň düzümine ýurdumyzyň belli atşynaslaryndan başga-da, döredijilik işgärleriniň wekilleri girizildi.

Bäsleşigiň birinji tapgyrynda ajaýyp ahalteke bedewleriniň 50-den gowragy görkezildi. Toparyň agzalary olaryň beden gurluşyna, gözelligine,  tohum arassalygyna baha bermek bilen, “ýylyň bedewi” adyna mynasyp dalaşgärleri saýladylar. 

Bäsleşige çykarylan bedewleriň içinden has owadanyny, has gelşiklisini saýlap almak ýeňil düşmedi. Bu ýerde görkezilen bedewleriň hiçisini owadanlykda peslär ýaly däl. Şeýle-de bolsa, bäsleşik bäsleşik bolýar. 

Onuň jemleri boýunça birinji tapgyrda owadan atlaryň 20-si saýlanyp alyndy. Olar indiki tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Döwlet Baştutanymyzyň kabul eden Kararyna  laýyklykda, bäsleşigiň jemleýji tapgyry däp boýunça aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde, ýurdumyzda Türkmen bedewiniň baýramçylygynyň giňden bellenilýän gününde  geçiriler. 

Ahalteke bedewleriniň muşdaklarynyň arasynda uly meşhurlyga eýe bolan we atşynaslaryň arasynda hünär bäsleşigi saýylýan gözellik bäsleşiginiň her ýylda geçirilmegi Türkmenistanda atçylygyň ösdürilmegine, arassa ganly ahalteke bedewleriniň saklanmagyna we olaryň baş sanynyň artdyrylmagyna, ajaýyp bedewleriň mundan beýläk-de wagyz edilmegine, türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan bedewleriň dünýä ýüzündäki abraýynyň belende galmagyna aýratyn ähmiýet berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. 

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Özbegistandaky Ilçihanasy Tarapyndan Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 25-ýyllygyna Bagyşlanan Leksiýa Gurnaldy

Milli Mirasyň Sarpasy Belent Tutulýar

syrach

Gutlag