15.9 C
Aşkabat
24.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidenti Marokko Patyşalygynyň Premýer-Ministri Bilen Duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynda geçirilýän VII Bütindünýä suw forumyna gatnaşmagynyň barşynda Marokko Patyşalygynyň Premýer-ministri Abdelila Benkiran bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Marokko Patyşalygynyň Hökümetiniň Başlygy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşmak üçin dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirip, bar bolan tejribeleri we köpugurly mümkinçilikleri nazara almak bilen, özara peýdaly hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň barşynda premýer-ministr Abdelila Benkiran Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli syýasatyna ýokary baha berip, onuň Merkezi Aziýa sebitinde durnuklylygyň möhüm şertidigini belledi. Marokko Patyşalygynyň Hökümetiniň Baştutany Türkmen döwletiniň Lideriniň Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden yzygiderli öňe sürýän we ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň üpjün edilmegine, ykdysady, durmuş hem-de ekologiýa meseleleriniň çözgüdiniň çäklerindäki tagallalaryň utgaşdyrylmagyna gönükdirilen döredijilikli halkara başlangyçlaryny doly goldaýandygyny nygtady.

Söhbetdeşligiň barşynda tutuş dünýäde ekologiýa abadançylygynyň  üpjün edilmeginde möhüm şert bolan bu wajyp ugurda dünýä bileleşiginiň tagallalaryny mundan beýläk-de utgaşdyrmagyň ýolunda wajyp ädimi alamatlandyrýan Bütindünýä suw forumynyň gün tertibine girizilen meseleler boýunça pikir alşyldy.  

Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň doly möçberli döwletara gatnaşyklaryny ýola goýmaga bolan gyzyklanmalary aýan edildi we özara peýdaly hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary kesgitlenildi. Maýa goýum, söwda-ykdysady, dynç alyş we syýahatçylyk ulgamlary hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary hökmünde görkezildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Premýer-ministr Abdelila Benkiran ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirmäge aýratyn üns çekip, Türkmenistan bilen Marokko Patyşalygynyň arasynda medeni, ylym-bilim hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak we giňeltmek barada aýtdylar. 

Duşuşygyň ahyrynda taraplar türkmen-marokko gatnaşyklarynyň iki dostlukly ýurduň halklarynyň hoşniýetli erki we döwletara hyzmatdaşlygynyň bar bolan ägirt uly mümkinçilikleri esasynda üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Degişli makalalar

Watanymyzy Bagy-Bossanlyga Öwürmek Bag Ekmek Maksatnamasynyň Esasy Maksadydyr

turkmenhabargullugy

Ýük Daşaýjylar Üçin Onlaýn-Hyzmatlar

«Türkmenstandartlary» Gullugy Halkara Akkreditasiýasyny Tassyklady

turkmenhabargullugy