Daşoguz welaýat häkimliginiň uly zalynda 2015-nji ýylyň “Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly” diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 20 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Daşoguz welaýaty boýunça wekilhanasynyň başlangyjy esasynda, Daşoguz welaýat häkimligi we jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygy: parahatçylygyň, durnuklylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Bu geçirilen ylmy-amaly maslahatyň işine welaýat, etrap häkimlikleriniň işgärleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, bilim, saglyk, medeniýet, sport, syýahatçylyk ulgamlaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem gatnaşdylar.
Ylmy-amaly maslahatynyň işini Daşoguz welaýat häkiminiň orunbasary G. K. Ataýewa açdy we soňra Türkmenistanyň döwlet senasy ýaňlandy.
Ilki bilen maslahatda Türkmenistanyň DIM-niň wekilhanasynyň ýolbaşçysynyň w.w.ýe.ýe. K.Saparaliýewyň “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygy: Parahatçylygyň, durnuklylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly nutugy diňlenildi. Soňra Daşoguz welaýat häkiminiň orunbasary G.K.Ataýewa çykyş edip, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy ählumumy parahatçylygyň we dostlugyň hatyrasyna ösüşi barada gürrüň etdi.
Maslahatyň barşynda çykyş edenler Türkmenistanyň hormatly Prezidenti G.M.Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynyň saýasynda Bitarap Türkmenistanyň saýlap alan ugruna we mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegine ýokary baha berdiler. Olar Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesi ýurdumyzyň parahatçylyksöýüjilikli daşary syýasatynyň, onuň hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we özara düşinişmek we açyklyk ýörelgesine eýerýändiginiň nyşanydyr diýip bellediler.
Maslahatyň soňunda oňa gatnaşanlar Hormatly Prezidentimize berk jan saglygyny, uzak ömür menzillerini we halk bähbitli alyp barýan işlerinde rowaçlyklary arzuw edip, maslahatyň işini tamamladylar.