Şu gün irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasyna döwlet saparyny tamamlap, Seuldan gaýdyp gelen badyna paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden VIP zalynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Onuň barşynda hormatly Prezidentimiziň Koreýa Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklara, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipelerine hem-de döwlet durmuşyna degişli käbir meselelere garaldy.
Iş maslahatyna gatnaşyjylar gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda ýaýbaňlandyrylan çäreleriň netijeleri hem-de durmuş ulgamynda düýpli özgertmeler maksatnamasynyň amala aşyrylyşy barada hasabat berdiler. Şeýle hem ýurdumyzyň ähli künjeklerinde we paýtagtymyzda ilatyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak, durmuş üpjünçiligini gowulandyrmak, gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginini has-da artdyrmak boýunça öňde durýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada aýdyldy.
Hususan-da, döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň kanunçylyk ulgamyny kämilleşdirmek boýunça Mejlisiň kanunçykaryjylyk işiniň barşy, şeýle hem ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna öňde baryjy tejribeleri we kämil tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi.
Şeýle hem hasabatlaryň çäklerinde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda alnyp barylýan işler, harby özgertmeleriň barşy hem-de döwlet Baştutanymyzyň harby we hukuk goraýjy düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýdyldy.
Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentiniň Koreýa Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde geçirilen gepleşikleriň ýokary netijeliligini bellediler. Munuň özi kabul edilen bilelikdäki resminamalaryň uly toplumynda öz beýanyny tapyp, uzakmöhletleýin geljege niýetlenen türkmen-koreý gatnaşyklarynyň halkara-hukuk binýadynyň pugtalandyrylmagynda uly goşanda öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurtda geçirilen gepleşikleriň jemlerine ünsi çekip, olaryň türkmen-koreý gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany ýazandygyny belledi. Milli Liderimiz Koreýa Respublikasyna döwlet saparynyň barşynda gazanylan ylalaşyklaryň ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady meýilnamasynyň hem-de milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda durmuşa geçirilýän özgertmeler maksatnamasynyň wezipelerini ýerine ýetirmekde, halkara hyzmatdaşlygyny işjeň ösdürmekde möhüm ähmiýetiniň bardygyny nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň Koreýa Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklardan gelip çykýan wezipeler we olary ýerine ýetirmegiň ugurlary babatda Ministrler Kabinetiniň ýakynda boljak mejlisinde degişli ugurlar boýunça anyk hasabatlary taýýarlamagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, şol sanda medeni-gumanitar ulgamda işjeň halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginiň, dünýäniň öňdebaryjy tejribeleriniň, kämil ýörelgeleriniň önümçilige işjeň ornaşdyrylmagynyň ýurdumyzyň täze taryhy eýýamda öňe sürýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydygyny belledi. Milli Liderimiz bu ugurda alnyp barylýan işleriň Garaşsyz, Bitarap türkmen döwletiniň daşary syýasy ugruny has-da ýaýbaňlandyrmakda, 2015-nji ýylyň Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginde has-da ähmiýetlidigine ünsi çekip, degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmelidigini aýratyn nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylara öňde durýan wezipeleri durmuşa geçirmekde üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz Halkara howa menzilinden çykyp, ýolugra paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işlere gözegçilik etdi. Milli Liderimiz A.Nyýazow şaýoly bilen Hojaahmet Ýasawy köçesiniň çatrygynda ýerleşýän önümçilik binalarynyň ýanynda saklanyp, bu ýerdäki Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine degişli “Argaç” ýüň egriji hem-de derini gaýtadan işleýän “Gön” kärhanalarynyň enjamlarynyň könelişendigini, önümçilik kuwwatlyklarynyň döwrüň talabyna laýyk gelmeýändigini aýdyp, bu önümçiligiň döwrebap düzümini kemala getirmek maksady bilen olaryň täzeden gurulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylara önümçilik toplumynyň ýerleşjek ýerlerini kesgitlemegi we bu babatda teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.
Milli Liderimiz şäheriň bu künjeginiň sazlaşykly ösýändigine ünsi çekip we täze Halkara howa menziliniň gurulýandygyny, paýtagtymyza gelýän adamlaryň sanynyň artýandygyny nazara alyp, şu ýerde, könelişen önümçilik desgalarynyň ornunda täze döwrebap myhmanhananyň gurulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy hem-de ony gurmak boýunça halkara bäsleşigini geçirmek we iň gowy kompaniýany seçip almak boýunça degişli işleri geçirmek barada anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz täze myhmanhanyň milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirkizaman tejribeleriniň utgaşdyrylmagynda guralmalydygyny, onda ähli amatly şertleriň üpjün edilmelidigini, paýtagtymyzyň binagärlik keşbi bilen sazlaşmalydygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz degişli ýolbaşçylara bu ýerde guruljak täze myhmanhananyň ilkinji gezek hususy telekeçiler tarapyndan dolandyrylmagy bilen baglanyşykly wezipeleri öwrenmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz munuň ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamyna we myhmanhanalar toplumyna işi dolandyrmagyň täze usulyny ornaşdyrmagyň ýolunda möhüm ädime öwrüljekdigini aýtdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz bu ýere ýygnananlara işlerinde üstünlikler arzuw edip, bu ýerden ugrady.