Şu gün türkmen paýtagtynda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen komitetleriniň bilelikdäki dokuzynjy mejlisi geçirildi, oňa gatnaşmak üçin Aşgabada Ýaponiýa tarapyndan komitete başlyklyk ediji «Itoçu Korporeýşn» kompaniýasynyň baş geňeşçisi jenap Sumitaka Fudzita we Ýaponiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary jenap Banno Ýutaka tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän wekilçilikli delegasiýa geldi.
Paýtagtymyzdaky sergi köşgüniň konferens-zalynda geçirilen mejlise ýygnananlar bu komitetleriň geçen ýylyň dekabrynda Tokio şäherinde bilelikdäki sekizinji mejlisiniň geçirilen wagtyndan bäri edilen işleriň netijelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Ýola goýlan netijeli döwletara gepleşiginiň geljekki mümkinçilikleri we ileri tutulýan ugurlary barada gyzykly pikir alyşmagyň barşynda mejlise gatnaşyjylar geçen ýylyň dekabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa resmi saparynyň türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrandygyny bellediler, şol saparyň netijeleri boýunça möhüm ylalaşyklaryň birnäçesi gazanyldy.
Mejlise gatnaşyjylar iki döwletiň arasynda ýola goýlan işjeň hyzmatdaşlygyň yzygiderli we sazlaşykly ýagdaýda ösdürilýändigini nygtap, bu gepleşigiň birnäçe ugurlaryň toplumy, şol sanda biziň ýurdumyzyň howa şertlerinde ulanmaga örän ýaramlydygyny görkezen ýörite tehnikany ibermek bilen bagly bolan adaty ulgam boýunça üstünlikli ösdürilýändigini bellediler. Ýakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyny hyzmatdaşlygyň netijelidigine şaýatlyk edýän mysallaryň hatarynda görkezmek bolar, şol Karara laýyklykda Ýaponiýanyň «Komatsu» zawodynyň Türkmenistandaky resmi wekili hasaplanýan «Itoshu Sorpotion» kompaniýasy Türkmenistanyň nebitgaz pudagy üçin ýol-gurluşyk tehnikasynyň nobatdaky uly tapgyryny getirer.
Delegasiýalaryň agzalary däbe öwrülen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine bildirilýän özara islegiň barha artýandygyny kanagatlanma bilen belläp, hususan-da, nebitgaz, himiýa senagaty we balyk hojalygy, aragatnaşyk, transport, bank ulgamy, dokma pudagy boýunça bilelikdäki maýa goýumly taslamalary amala aşyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Mejlise gatnaşyjylar iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň häzirki derejesiniň artdyrylmagy üçin örän uly we potensial mümkinçilikleriň bardygyny belläp, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň mundan beýläk-de işjeňleşdirilmeginiň maksada laýyk gelýändigini bellediler. şunuň bilen baglylykda taraplar bu ugurda özara arkalaşykly hereket edilmeginiň intensifikasiýalaşdyrylmagyna ýardam berjek söwda-ykdysady sergileri, forumlary we ýarmarkalary yzygiderli ýagdaýda geçirmegiň meslelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Ýapon tarapynyň wekilleri oňaýly mümkinçiliklere eýe bolup durýan we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde uly at-abraý gazanan Türkmenistan bilen doly möçberli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna uly gyzyklanma bildirilýändigini belläp, türkmen hyzmatdaşlary bilen bilelikde, Türkmenistan bilen ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleriniň çözülmegine Ýaponiýanyň maliýe we bank ulgamlarynyň gatnaşmagynyň mümkinçiliklerine garadylar.
Pikir alyşmalaryň barşynda kadrlary taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurdygyna aýratyn üns berildi. Ýaponiýanyň dünýäde kämil tehnologiýalar boýunça öňdebaryjylaryň biri bolup durýandygy göz öňünde tutulyp, türkmen hünärmenleri üçin ýokary tehnologiýalar, nanotehnologiýalar, ykdysadyýet we önümçilik boýunça tejribe alyşmak bilen baglanyşykly seminarlaryň geçirilmegi babatda özara gyzyklanma bildirildi. Mejlisiň çäklerinde hukuk we ykdysady seljerişe degişli kadalaşdyryjy namalar bilen bagly meselelere garalyp, bular boýunça maglumat alşyldy.
Mejlisiň aharynda taraplar iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň we hemmetaraplaýyn giňeltmegiň barşynda bu komitetleriň işiniň wajyp ähmiýete eýe bolup durýandygyny aýratyn bellediler, şondan soňra Teswirnama gol çekildi, şonda duşuşygyň barşynda orta atylan çözgütler we gazanylan ylalaşyklar öz beýanyny tapdy.
Şu gün türkmen paýtagtynda bolmagyň çäklerinde Ýaponiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary jenap Banno Ýutaka Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi.
referans: www.turkmenistan.gov.tm