17.9 C
Aşkabat
22.11.2024
SPORT

Faina Zaripowa konkura gatnaşýan ýeke-täk gyzdyr

Konkur boýunça bäsleşik geçirilende bu türgen gyz her sapar aýratyn özüne çekýär: Faina Zaripowa häzirlikçe erkekleriň arasynda at bäsleşiginiň bu görnüşine gatnaşýan ýeke-täk gyzdyr. 

Her ýylda türkmen bedewine bagyşlanyp geçirilýän baýramçylyk günlerinde paýtagtyň aýlawlarynyň meýdançasynda konkur boýunça görkezme çykyşlar we bäsleşikler geçirilýär. Gözelligiň we takyklygyň, owadanlygyň we çeýeligiň sazlaşmagy päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça geçirilýän ýaryşlary has hem gyzykly görkezýär. 

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň guramaçylyk komitetiniň, Aziýa olimpiýa geňeşiniň we Okeaniýa ýurtlarynyň Milli olimpiýa komitetiniň arasynda Memoranduma gol çekmek dabarasynda Aziýa olimpiýa geňeşi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibi boýunça Aziada-2017-ä Okeaniýa ýurtlarynyň 17-niň gatnaşmagy we Aziada-2017-ň sanawyna 19-nyň üstüne ýene-de ikisini – göreş we konkur görnüşleri goşuldy. Sportuň bu görnüşleri ýaşlaryň arasynda barha uly meşhurlyga eýe bolýar. 



…Haçan-da birnäçe ýyl mundan ozal Faina ata münende onuň güýjüni duýdy hem-de ata diňe düýbünden ynanaňda bu güýje erk edip boljakdygyna göz ýetirdi. Atlara mähremlik we uly söýgi bilen garamagy onuň buýsançly ahalteke bedewleriniň söýgüsini gazanmagyna şert döretdi. Uzak wagtlap argynsyz çekilen zähmetiň netijesinde türgeniň we atlaryň arasynda inçeden özara düşünişmek ýagdaýy emele geldi. Netijede bolsa 2013-nji ýylda konkur boýunça geçirilen ýaryşda baş baýraga eýe bolmak başartdy. 

Dokuz ýyl mundan ozal, Fainanayň sport durmuşyna ýaňy gadam basan wagtlary, onuň halypasy, sport ussady we tejribeli çapyksuwar Durdymyrat Kanaýew onuň güýjüne we başarnyklaryna birbada ynanmady. Ýaş türgeniň türgenleşiklerine syn etmek bilen, bu gyzyň atçylyk sportumyň kynçylyklaryny ýeňip geçjekdigine ynanmady. Ýöne Fainanayň erjelligi, onuň atlara bolan gatnaşygy we zehini geljegi uly bolan bolan türgeniň tälimçiniň berk ünsünde bolmagyna itergi berdi. Tälimçi bu günki gün ony iň gowy okuwçylarynyň biri diýip hasap edýär. 



– Çykyş etmäge taýýarlanmak bilen, elmydama men özüm we ýaryşa bile gatnaşýan akylly we owadan bedew bilen diňe ýeňiş gazanmaga çalyşýaryn. Işlän dokuz ýylymyň içinde men birnäçe atlar bilen işleşdim, olaryň her biri biri bilen işleşmegiň öz aýratynlyklary we olaryň her birine özüçe çemeleşmeler bar. Ýöne olaryň hersi bilen baýrakly orunlary eýelemek başartmaýar. Şowsuzlyklar boldy, ýalňyşlyklar boldy, atdan ýykylan wagtlarym hem boldy, ýöne olaryň her biri seniň häsiýetiňi terbiýeleýär. Konkurda ajaýyp türkmen bedewleriniň mümkinçilikleri we başarnyk örän aýdyň görünýär. Haçanda meniň atym uly ýeňillik bilen çylşyrymly päsgelçilikden geçende, meniň göwnüme bolmasa, ol bökende wagt saklanyp galan ýaly boldy. Bu pursatlar durmuşy öz ajaýyplyklary bilen bezeýär, kalbyňy we ýüregiňi ajaýyp duýgular bilen doldurýar.

Degişli makalalar

“Daýhanbank” Bilen “Köpetdag” Ýaryş Tertibinde Öňdäki Orunlary Eýeleýärler

Aşgabatda syýahatçylyk we sport ulgamynda halkara forum açylýar

syrach

Dünýäde Iň Gadymy Sport Görnüşi Wideo

turkmenhabargullugy