21-nji aprelde Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy tarapyndan Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň ýanyndaky Diplomatik instituty bilen bilelikde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp “Türkmenistanyň bitaraplyk derejesi häzirki zaman dünýäsinde we diplomatiýada” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Maslahatyň işine Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary Daniel Ionisa, Rumyniýanyň Parlamentiniň, Buharestde akkreditirlenen diplomatik korpusyň, ýerli jemgyýetçilik we ylmy toparlaryň wekilleri, şeýle hem türkmenistanly talyplar gatnaşdylar. Maslahat Rumyniýanyň Diplomatik institutynyň maslahatlar zalynda geçirildi.
Maslahatda Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary Daniel Ionisa, Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň ýanyndaky Diplomatik institutynyň Baş direktory Dan Petre, Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory E.Aýdogdyýew, Rumyniýanyň Parlamentiniň deputaty, Rumyniýanyň Parlamentindäki Rumyniýa-Türkmenistan dostluk toparynyň agzasy Petru Mowila, Rumyniýanyň Türkmenistandaky öňki Ilçisi Ion Porožan, Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçisi Ş.Jumaýew, Buharest Döwlet uniwersitetiniň aspiranty Kristian Kirke we beýlekiler çykyş etdiler.
Ähli çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň daşary syýasatyna ýokary baha berdiler, şeýle-de halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginde Türkmenistanyň bitaraplyk derejesiniň derwaýys ähmiýetini belläp geçdiler. Çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan howpsuzlyk, energetika, ulag we ekologiýa ýaly ugurlarda öňe sürülýän halkara başlangyçlaryna ýokary baha berdiler we bu başlangyçlaryň parahatçylygy saklamaklyga we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmeklige gönükdirilendigini belläp geçdiler.
Maslahatyň ahyrynda Ilçihana tarapyndan myhmanlar üçin furşet guraldy we “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy” ýadygärlik nyşanlary gowşuryldy.