10.9 C
Aşkabat
23.11.2024
YKDYSADYÝET

Türkmen-Italýan Işewürler Maslahaty

Paýtagtymyzyň “Mizan” täjirçilik merkezinde geçirilen nobatdaky türkmen-italýan işewürler maslahaty ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde we mundan beýläk-de giňeltmekde möhüm ädim boldy.Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan duşuşyga gatnaşmak üçin Italiýa Respublikasynyň oba hojalyk ministri jenap Maurisio Martiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabada geldi.

Wekiliýetiň düzüminde Daşary söwda boýunça italýan agentliginiň (IСE), “Federunaсoma” oba hojalyk tehnikasyny öndürýän italýan federasiýasynyň, “Assofoodteс” assosiasiýasynyň, “Сonfagriсoltura”, “Agriсonsulting”, “Legaсoop Agroalimentare”, “INALСO”, “Masсhio Gaspardo S.p.A”, “Teсniсo AIA” kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri bar. Duşuşyga gatnaşyjylaryň hatarynda nebitgaz ulgamynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň netijeli tejribesini toplan “ENI” kompaniýasynyň wekilleri hem bar.

Türkmen tarapyndan işewürler maslahatyna pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň wekilleri, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary we hünärmenleri, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen döwlet oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Milli önümleriniň haryt dolanyşygyny öwreniş institutynyň wekilleri gatnaşdylar. 

Şu işewürler maslahatynyň milli senenamanyň ajaýyp senesi—Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli guralan uly toý dabaralarynyň hem-de bu senä gabatlanylyp şu gün paýtagtymyzdaky Sergi köşgünde açylan “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly Halkara sergi ýarmarkasy we VII Halkara ylmy maslahatynyň dowam edýän günlerinde geçirilýändigini bellemelidiris.  Daşary ýurtly myhmanlaryň arasynda Italiýanyň işewürler toparlarynyň wekilleri hem bar. “Galkynyş” at üstündäki oýunlar toparynyň  üstünlikli çykyşy italiýan tarapynyň bu ulgamda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge bolan gyzyklanmasyny has-da artdyrdy. Bu topar geçen ýylyň oktýabr aýynda Italiýanyň Latina şäherinde geçirilen sirk sungatynyň ХVI halkara festiwalynyň baş baýragyna mynasyp boldy. 

Türkmen-italýan işewürler maslahatyna gatnaşyjylaryň pikirine görä, Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministri Matteo Renşiniň geçen ýylyň noýabr aýynda Türkmenistana bolan sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda möhüm waka boldy. Bu sapar türkmen-italýan syýasy we ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmekde täze tapgyry alamatlandyrdy.  Ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň barşynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň, şol sanda nebitgaz pudagynda, energetika, gurluşyk ulgamlarynda, dokma we himiýa senagatynda, oba hojalygynda, gumanitar ulgamda we beýlekilerde hyzmatdaşlyk etmegiň geljegi uly ugurlary kesgitlenildi. 

Türkmenistanyň maý aýynyň başynda Italiýanyň Milan şäherinde dabaraly ýagdaýda açyljak “EKСPO-2015” Bütindünýä sergisine gatnaşmagy döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine kuwwatly itergi bermek babatda goşmaça mümkinçilik bolar. Bu serginiň esasy mowzugy oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmek bilen baglanyşyklydyr. 

Italiýaly işewürleriň türkmen kärdeşleri bilen şu gezekki duşuşygy hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmagyň täze tekliplerini we çemeleşlerini ara alyp maslahatlaşmaga, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge, şol sanda azyk ulgamynda özara haryt dolanyşygynyň hilini ýokarlandyrmaga, oba hojalyk pudagynda bilelikdäki maýa goýum taslamalarynyň paýyny artdyrmaga ýardam etjek göni hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga gönükdirilendir. 

Dostlukly ýurduň oba hojalyk ministri Maurisio Martiniň belleýşi ýaly, ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak  nukdaý nazaryndan, şeýle hem Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky işjeň ösýän gatnaşyklary nazara almak bilen, möhüm ähmiýete eýe bolan şu duşyşyk däp bolan gatnaşyklary giňeltmäge we hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny anyklaşdyrmaga mümkinçilik berer. Bähbitleriň deňagramlylygyny, serişdeler we maýa goýum mümkinçiliklerini nazara almak bilen agrar ulgamy, oba hojalyk önümlerini we ýokary hilli azyk önümlerini öndürmek söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin geljegi uly ugurlaryň biri bolup durýar.

Duşuşuga gatnaşyjylara görkezilen wideofilmde ýurdumyzda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeler, ykdysadyýetde amala aşyrylýan milli maksatnamalar we taslamalar, şol sanda oba senagat toplumynda gazanylan üstünlikler barada gürrüň berildi. Bu wideofilm Italiýanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň häzirki türkmen döwleti bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berdi.

Türkmenistan dünýäniň ykdysady giňişligine goşulyşmak ugruna eýerip, okgunly ösýän döwletleriň sanawynda mynasyp orny eýeledi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny  pugtalandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmagy gönükdirilen möhüm çözgütleriň birnäçesine beslendi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan wezipeleriniň hatarynda ýurdumyzda dürli oba hojalyk we azyk önümlerini   öndürmegiň möçberlerini artdyrmagyň hasabyna azyk bolçulygyny ýokarlandyrmak wezipesi bar. Munuň özi eksport ugruna hem gönükdirilendir.

Oba hojalygyny düýpli özgertmek boýunça toplumlaýyn çäreleriň görülmegi, işjeň maýa goýum syýasatynyň geçirilmegi, kärendeçileri, daýhan hojalyklaryny, azyk ulgamynda işleýän döwlet we hususy kärhanalary döwlet tarapyndan goldamagyň we maliýe taýdan höweslendirmegiň netijeli gurallarynyň ornaşdyrylmagy netijesinde bu ulgamda uly üstünlikler gazanyldy. Maýa goýum syýasatynyň çäklerinde oba senagat toplumynyň we azyk senagatynyň önümçilik düzümini döwrebaplaşdyrmaga uly möçberdäki maýa serişdeleri goýberilýär.

Bu strategiýa kuwwatly telekeçilik düzümleriniň döredilmegine, önümleriň köp görnüşleriniň öndürilişini höweslendirmäge, eýeçiligiň ähli görnüşindäki kärhanalaryň arasynda sagdyn bäsleşigi döretmäge gönükdirilen netijeli çäreleriň toplumyny kesgitläp, hususy telekeçilige döredijilik başlangyçlary, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmak üçin uly mümkinçilikleri açýar.

Italýan wekiliýetiniň agzalary milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň häzirki depginleri we aýry-aýry pudaklaryň ösüşiniň görkezijileri,  önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmagyň meýilnamalary bilen tanşyp, esasy ugurlarda, şol sanda galla, gök we miwe önümlerini, maldarçylyk önümlerini öndürmek we ýerlemek ulgamynda  bilelikdäki taslamalara gatnaşmaga meýillidiklerini ýene-de bir gezek tassykladylar. 

Öz nobatynda, türkmen tarapynyň wekilleri ýurdumyza öňdebaryjy tehnologiýalaryň we nou-haularyň çekilmegine, Italiýada öndürilen, dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap tehnikalaryň we enjamlaryň getirilmegine daşary söwda dolanyşygynyň artdyrylmagyna uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar.

Forumyň çäklerinde  italiýaly myhmanlaryň Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi. Olaryň barşynda türkmen-italýan hyzmatdaşlygynyň ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynda uly mümkinçilige eýedigi bellenildi.

Maslahatyň ahyrynda myhmanlar çäräni guramaga oňyn we işjeň çemeleşilendigi üçin hoşallyk bildirdiler. Munuň özi nobatdaky maksatlary we geljek üçin wezipeleri anyklaşdyrmaga mümkinçilik berdi.

Degişli makalalar

Ukrainanyň OKKO Kompaniýasy Türkmenistandan Nebit Önümlerini Import Etmegi Meýilleşdirýär

Gresiýa 28 milliard ýewrolyk kredit böleginiñ berilmegi bardaky karar tassyklandy.

syrach

Brent Nebitiniň Barreliniň Bahasy 56,18 Dollara, WTI-niňki 53,76 Dollara Çenli Arzanlady