13.9 C
Aşkabat
21.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

ÝHHG-niň Aşgabatda Geçiren Seminary Saýlawlara Degişli Borçnamalara we Standartlara Seredip Geçdi

2015-nji ýylyň 22-nji aprelinde Aşgabatda saýlaw işiniň hukuk esaslarynyň ara alnyp maslahatlaşylan seminary tamamlandy. ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň we ÝHHG-niň Demokratik institutlary we adam hukuklary boýunça Edarasynyň guran iki günlük seminaryna 25 adam, şol sanda Türkmenistanyň Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça Merkezi toparyň, ýerli saýlaw toparlarynyň, Adalat ministrliginiň we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky demokratiýa we adam hukuklary baradaky Milli institutyň wekilleri, şeýle-de Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary we Türkmenistanyň Zenanlar Birleşiginiň, Ýaşlar guramasynyň we syýasy partiýalarynyň wekilleri gatnaşdylar. 

ÝHHG-niň Demokratik institutlary we adam hukuklary boýunça Edarasynyň bilermenleri saýlaw edaralarynyň agzalarynyň bellenilmegi we işi, saýlawçylaryň hukuklary we saýlawçylary hasaba almak ulgamy, dalaşgärleri hasaba almak, saýlaw kampaniýasynyň geçirilmegi we saýlaw günündäki işler ýaly meseleleri açyp görkezdiler. Seminara gatnaşyjylar saýlaw edaralarynyň garaşsyzlygynyň nähili ähmiýete eýedigi, saýlawlara aýallaryň gatnaşygy we jemgyýetçiligiň MST-nyň işi barada habarlylygy, şeýle hem ýuridiki kömek almaga hukuk hakynda pikir alyşdylar.    

ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň Ynsan ölçegleri bölüminiň başlygy Wardon-Deňzi Hojanyň belläp geçişi ýaly, “Bu seminar saýlawlara degişli bolan ÝHHG-niň borçnamalarynyň we halkara standartlarynyň düşündirilmegi üçin zerur bolan saýlaw toparlarynyň hünärmenleriniň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak maksady bilen guraldy. Bu çäräniň kabul edýän Hökümetiň saýlaw ulgamynyň geljekde hem kämilleşdirilmegine gönükdirilen tagallalaryna ýardam eder diýip ynanýarys”.

ÝHHG-niň Demokratik institutlary we adam hukuklary boýunça Edarasynyň saýlawlar boýunça uly Geňeşçisi Riçard Lappiniň belleýşi ýaly, “Biz bu seminary geçirmek baradaky başlangyjy we Türkmenistanyň biziň maslahatlarymyzy üns merkezine almaga görnetin taýýarlygyny goldaýarys. ÝHHG-niň Demokratik institutlary we adam hukuklary boýunça Edarasy saýlaw işlerini mundan beýläk hem kämilleşdirmek meselelerinde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyny dowam etdirmäge taýýardyr”. 

Mundan başga-da, çärä gatnaşyjylar saýlaw ulgamynyň we hereket edýän tejribäniň, şeýle hem 2013-nji ýylyň dekabrynda geçirilen parlament saýlawlaryndan soňra ÝHHG-niň Demokratik institutlary we adam hukuklary boýunça Edarasynyň bilermenleriniň öňünde goýlan teklipleriň hukuk binýadynyň seljerilmesiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. 

Degişli makalalar

Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi.

syrach

2016-njy Ýylda Türkmenistanda Lebap Welaýatynyň Farap Etraby Iň Gowy Diýlip Ykrar Edildi

Daşoguz welaýatynda gowacha ekişine girişildi.

syrach