17.9 C
Aşkabat
22.11.2024
SPORT

Halkara Atçylyk Sport Toplumyndaky Dabaralar

Ýurdumyzda Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli ählihalk dabaralaryna giň gerim berildi.Ol şanly senä bagyşlanan şanly wakalaryň jemini jemledi. Düýn hepdäniň şenbe güni baýramçylyk çäreleri Aşgabat atçylyk sport toplumynda boldy. Onda ýokary derejede ilkinji gezek ýetginjek çapyksuwarlaryň bäsleşigi guraldy. Bäsleşige döwlet Baştutanymyz hem tomaşa etdi. Şu gün bolsa Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Halkara atçylyk sport toplumy esasy dabaralaryň geçýän ýerine öwrüldi. Bu ýere säher bilen müňlerçe türkmenistranlylar, ýurdumyzyň köpsanly myhmanlary, daşary ýurtlaryň wekiliýetleriniň agzalary ýygnandylar.

Ir bilen şanly sene mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmazdan öňürti hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň binasynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirýän Rustam Minnihanowyň duşuşygy boldy. Myhman Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli guralan dabaralara gatnaşmak üçin iş sapary bilen Aşgabada geldi.

R.Minnihanow  Türkmenistana gelip görmäge iberilen çakylyk hem-de  bu ýerde görkezilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, ýurdumyz bilen ýola goýulýan netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän we ählumumy rowaçlyga hem-de  parahatçylyga we ykdysady ösüşe gönükdirilen oňyn  syýasatyna ýokary baha berilýän hem-de onuň hemmetaraplaýyn goldanylýan ýurdy bolan Tatarystan üçin möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi. 

Milli Liderimiz R.Minnihanowy mähirli garşylap, hoşniýetli dostlarymyzy we döwrüň synagyndan geçen ygtybarly hyzmatdaşlarymyzy Türkmenistanda görmäge hemişe şatdygyny aýtdy. Russiýa Federasiýasy bilen dostluk hem-de özara peýdaly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagy Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine durmuşa geçirýän daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugry bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, goňşy ýurduň birnäçe sebitleri, şol sanda taryhy taýdan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna, birek-birege hormat goýmak hem-de goldamak ýörelgelerine esaslanýan ykdysady we medeni gatnaşyklaryň berkidilmegi Tatarystan bilen ýola goýulýan netijeli hyzmatdaşlygyň baş şertidir. 

Dostlukly ýagdaýda geçen gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljekki ösüş ugurlary boýunça netijeli pikir alyşmalar boldy. Şonda soňky ýyllarda amala aşyrylan bilelikdäki taslamalaryň netijesinde gazanylan ägirt uly mümkinçilikleri, oňyn tejribeleri we hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan gyzyklanmalary nazara almak bilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ägirt uly geljeginiň bardygy  bellenildi.  

Tatarystanyň “KamAZ”,  “Tatneft”  açyk paýdarlar jemgyýeti, Kazanyň dikuçar zawody we beýlekiler ýaly iri kompaniýalary bilen Türkmenistanyň köpýyllyk özara peýdaly gatnaşyklary bar bolan mümkinçilikleriň netijeli peýdalanylmagyna hyzmat edýär. 

Myhman hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa  ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlyk we Türkmenistanda işleýän tatar kompaniýalaryna goldaw berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Tatarystanyň işewür toparlarynyň  ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigini  aýratyn nygtady. 

Söhbetdeşler soňky ýyllarda  kuwwatly ösüşe eýe bolan özara gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp,  taraplaryň giň ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda, ozal gazanylan ylalaşyklary çalt durmuşa geçirmek we bilelikdäki işiň möhüm meýilnamalaryny kesgitlemek boýunça anyk ugurlar ara alyp maslahatlaşyldy. 

R.Minnihanow Tatarystanyň  işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda öz orunlaryny giňeltmäge gyzyklanma bildirýändikleri barada aýdyp,  ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýynyň  we dünýäniň işewür düzümlerinde ygtybarly hyzmatdaş, boýun alan borçnamalaryna birkemsiz eýerýän Türkmenistanyň halkara abraýynyň  ilerlemeginiň möhüm şertidigini nygtady. 

Söhbetdeşleriň pikirine görä, köpugurly türkmen-tatar gatnaşyklarynyň gün tertibinde söwda-ykdysady ugurda, hususan-da, ýangyç-energetika toplumynda, ulag ulgamynda, oba hojalyk, ýeňil we agyr senagat pudaklarynda hyzmatdaşlyk aýratyn ähmiýete eýedir. 

Döwlet Baştutanymyz we myhman söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň ýokary depginlerine, umuman, kanagatlanma bildirip,  Türkmenistanyň hem-de Tatarystan Respublikasynyň halklarynyň arasynda dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hyzmat edýän medeni- gumanitar ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini bellediler. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, Türkmenistanda ylym hem-de bilim babatda hyzmatdaşlygy giňeltmäge, hususan-da, bilelikdäki ylmy barlaglary geçirmäge, Russiýa Federasiýasynyň ylmy merkezlerinde we türkmen talyplarynyň bilim alýan ýokary okuw mekdeplerinde ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak meselelerine ilkinji derejeli üns berilýär, Russiýa Federasiýasynda köpsanly türkmen talyplary bilim alýar.  

Türkmenistanda hem, Tatarystanda hem ösdürilmegine uly üns berilýän sport ulgamynda tejribe alyşmagyň mümkinçilikleri pikir alyşmalaryň aýratyn meselesine öwrüldi.  Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek, häzirki zaman sport düzümini kemala getirmek, şol sanda atçylyk sportuny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýtmak bilen, 2013-nji ýylda Bütindünýä tomusky uniwersiadany ýokary derejede geçiren hem-de häzirki wagtda 2015-nji ýylyň tomsunda sportuň suwdaky görnüşleri boýunça dünýä çempionatyny we 2018-nji ýylda futbol boýunça dünýä çempionatyny geçirmäge taýýarlyk görýän Tatarystan bilen tejribe alyşmaga uly gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi, şunda ýurdumyzda aprel aýynda her ýyl geçirilýän “Sagdynlyk we bagtyýarlyk”  biraýlygynyň bedenterbiýe-sport hereketini ösdürmäge uly ýardam berýändigi bellenildi. 

Myhman 2017-nji ýylda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň geçirilmegi bilen baglylykda, sport ulgamy boýunça ýygjam gatnaşyklary ýola goýmagyň möhümdigini belläp, Tatarystanyň iri halkara ýaryşlaryny guramakda tejribe alyşmaga, türkmen türgenleriniň hem-de tälimçileriniň ussatlyk we hünär derejesini ýokarlandyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardygyny aýtdy. 

Iki tarapyň hem pikirine görä,  atşynaslyk we atçylyk sportuny ösdürmek ulgamynda netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin uly mümkinçilikler açylýar, bu ulgam türkmen hem-de tatar halklarynyň medeniýetiniň we milli gymmatlyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Tatarystanda  hem  ýurdumyzda hem gadymy däp-dessurlary gaýtadan dikeltmek, atçylyk pudagyny ösdürmek we degişli düzümleri döretmek boýunça uly işler alnyp barylýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň tatarystanly hyzmatdaşlar bilen köptaraply bilelikdäki işleri geçirmäge taýýardygyny tassyklap, öňden gelýän hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesiniň milli we sebit ähmiýetli täze özara bähbitli taslamalaryň hasabyna dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi. 

Döwlet Baştutanymyz Tatarystanyň ýolbaşçysyna Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşýandygy we doganlyk türkmen hem-de tatar halklarynyň köpasyrlyk dostluk we hoşnýietli goňşuçylyk däplerini pugtalandyrmaga goşýan şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi we şu ýylyň sentýabr aýynda Tatrystan Respublikasynyň Prezidentligine geçiriljek saýlawlarda üstünlik arzuw etdi. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine hem-de  Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedewe  mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. 

Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirýän R.Minnihanow öz nobatynda  bu ýerde bildirilen myhmansöýerlik üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, milli Liderimizi ählihalk baýramy bilen gutlady, bu baýramçylyk türkmen halkynyň dünýä ösüşiniň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygyna öwrülen meşhur bedewlere belent sarpa goýýandygynyň  subutnamasydyr. 

R.Minnihanow şu gün doganlyk türkmen halky bilen buýsanjyny paýlaşmaga hem-de gadymy döwürlerden bäri ýer ýüzünde uly şöhrat gazanan ajaýyp ahalteke bedewleriniň gözelliginden lezzet almaga döredilen mümkinçilik  üçin şatdygyny nygtady. Tatarystanyň baştutany şu gezekki baýramçylyk dabaralarynyň geriminiň we ajaýyp öwüşgininiň özünde ýatdan çykmajak täsir galdyrandygyny aýtdy. Myhman hormatly Prezidentimize bagt, parahatçylyk, durnuklylyk we Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, tutuş türkmen halkyna bolsa abadançylyk baradaky arzuwlaryny beýan etdi.  

Söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Rustam Minnihanow birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny aýdyp, ikitaraplaýyn uzakmöhletleýin bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge uly gyzyklanma bildirilýändigini ýene-de bir gezek tassykladylar. 

Duşuşyk tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirýän Rustam Minnihanow Halkara atçylyk sport toplumyna  ugradylar. Bu ýerde Türkmen bedewiniň şu gün bellenilýän baýramy mynasybetli esasy dabaralar geçirilýär.  

Ýolugra Köpetdag şaýolunyň ýakasynda baýramçylyk äheňinde bezelen ak öýler oturdylypdyr. Olaryň ýanynda ýaşlar döredijilik toparlary, tansylar türkmen toýlaryna mahsus çykyşary ýaýbaňlandyrýarlar.

Ýöne esasy baýramçylyk dabaralary Halkara atçylyk sport toplumynda guraldy. Bu ýerde belent mertebeli myhmanlaryň gelmegine sabyrsyzlyk gaarşylýar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirýän Rustam Minnihanowyň ulagy toplumyň merkezi girelgesiniň ýanynda saklandy. 

Bu ýerde milli Liderimizi we belent mertebeli myhmany Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň  ýolbaşçylary, Ahal welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleri garşyladylar. Dabara gatnaşyjylar iki döwletiň Baştutanlaryny mähirli mübäreklediler. Şeýle hem bu ýerde daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Türkmen bedewiniň baýramçylygy mynasybetli gurlan dabaralara gatnaşmak üçin biziň ýurdumyza gelen Tatarystanyň baştutanyny wezipesini ýerine ýetirýän R.Minnihanowyň ýanynda bolýan wekiliýetiň agzalary, şeýle hem baýramçylygyň öňüsyrasynda Aşgabatda geçirilen halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň V mejlisine, halkara sergi-ýarmarkasyna, “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly halkara ylmy maslahatyna gatnaşyjylar, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar bar. 

Toplumyň merkezi girelgesiniň öňündäki meýdançada ýurdumyzyň ýaşajyk artistlerinden, aýdymçylaryndan we  tansçylaryndan düzülen döredijilik toparlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berldimuhamedow we Rustam Minnihanow ugrunda dürli sergiler, aýdym-sazly çykyşlar, sport bäsleşikleri ýaýbaňlandyrylan ýol bilen toplumyň çägine girýärler.

Bu ýerde ýurdumyzyň  bäş welaýatynyň we paýtagtymyzyň guran ak öýleri oturdylypdyr, olarda ähli dessurlary özünde jemleýän türkmen obasynyň durmuşy janlandyrylýar. Zenanlar haly dokaýarlar, tikin-çatyn edýärler we keçe basýarlar. Zergärler şaý-sepleri, ahalteke bedewleriniň esbaplaryny, milli saz gurallaryny ýasaýarlar. Olaryň işleri dutaryň ýakymly owazy bilen utgaşýar.

Şeýle hem bu ýerde amaly-haşam sungatynyň eserleri, senetkärleriň önümleri, ajaýyp halylar, milli lybaslar, zergärçilik önümleri görkezilýär.    Ýeri gelende aýtsak,  sergide  her welaýata mahsus ýörelgeler öz beýanyny tapypdyr. Bu bolsa halkymyzyň milli mirasynyň baýlygynyň dürli görnüşlerini, zehinini aýdyň görkezýär. 

Şeýle hem bu ýerde guralan şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň sergilerinde ahalteke bedewleriniň keşbi möhüm orny eýeleýär. Olarda Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli yglan edilen döwlet bäsleşiginde ýeňiji bolanlaryň işleri görkezilýär. 

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Rustam Minnihanow toplumyň tomaşaçylar üçin münberine barýarlar we özleri üçin niýetlenen ýere geçip oturýarlar.

Dabarany alypbaryjy medeni çäreleriň başlanýandygyny yglan edýär hem-de hemmeleri Türkmen bedewiniň baýramy bilen gutlaýar, dabara gatnaşyjylara üstünlik arzuw edýär. 

Aýlawyň çäginde bezegli düýeleriň toý kerweni peýda bolýar.  Ony uçganaklap duran ahalteke bedewlerine atlanan ýigitler ugradýarlar. Deprekleriň sazlaşykly owazy baýramçylyga özboluşly öwüşgün çaýýar. Gadymy döwürlerde deprekçiler dabaraly çäreleriň, körçülikleýin baýramçylyklaryň açylyşyna gatnaşypdyrlar. Olar özleriniň sazlaşykly owazy bilen adamlaryň ruhuny göteripdirler.

Jarçylar hemmeleri türkmen toýuna çagyrýarlar. Bu ýerde guralan dabara ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň atlanan arabalarynyň geçmegi bilen dowam edýär. Olar gezekli-gezegine watansöýüjilikli aýdymlary ýerine ýetirýärler. Şol pursatda edebi-sazly çykyş ýaýbaňlandyrylýar. Oňa gatnaşýan     atly ýigitler dürli şekilleri janlandyrýarlar we çylşyrymly hereketleri ýerine ýetirýärler.

Häzirki döwürde Türkmenistanda bedew ählihalk söýgüsine, ýurdumyzyň baş nyşanyna, asyrlaryň we nesilleriň baglanyşygyny, yhlasy we ýeňşi, zähmetiň, döredijiligiň hem-de galkynyşyň sazlaşygyny alamatlandyrýan mukaddeslige öwrüldi. Ahalteke bedewleriniň dünýädäki şöhratynyň saklanmagynda we artdyrylmagynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn goşandy bardyr. Milli Liderimiziň tagallasy netijesinde ýurdumyzyň atçylyk pudagy täze belentliklere çykdy. Bu pudagy ösdürmek, arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak, halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, atçylyk sportuny we at çapmagyň milli däplerini wagyz etmek boýunça ägirt uly işler amala aşyrylýar.

“Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň görkezme çykyşlary baýramçylyk maksatnamasynyň üstüni ýetirdi. Hormatly Prezidentimiziň      tagallasy bilen döredilen bu topar ýurdumyzda bolşy ýaly, dünýäniň birnäçe ýurtlarynda ägirt uly abraýa eýe boldy. “Galkynyş” topary Russiýada, Ukrainada, Belarusda we beýleki ýurtlarda üstünlikli çykyş edip, talapkär tomaşaçylaryň sylag-hormatyna mynasyp boldular. Olar birnäçe halkara bäsleşiklerinde we sirk sungatynyň festiwallarynda ýeňiş gazandylar.

Ýigitleriň we gyzlaryň ajaýyp bedewler bilen sazlaşykly hereketleri joşgunly sazlar bilen utgaşyp, tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirler galdyrdy. Toparyň agzalarynyň at üstündäki çalasyn hereketleri, örän çylşyrymly çykyşlary,  dürli oýunlary ýerine ýetirmegi we Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny belentde tutup görkezýän çykyşlary  ýaýbaňlandyrylan şanly wakalara özboluşly öwüşgün çaýdy. Atly ýigitleriň çalasyn hereketleri tomaşaçylarda we ýurdumyzyň myhmanlarynda uly täsir galdyryp, olar üçin gaýtalanmajak tomaşalary görkezdiler. Türkmen bedewleri asyrlaryň dowamynda ajaýyplygy, ýyndamlygy bilen dünýäniň halklaryny haýran galdyrmagyny dowam edýär.

Şu günlerki ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly, joşgunly tansly we çekeleşikli at çapyşykly dabaraly çäreler hut türkmen bedewleriniň şanyna guralýar. 

Şeýlelikde, Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli guralýan jemleýji çärelere – at çapyşyklaryna badalga berilýär. Çapyşyklarda ahalteke bedewleriniň aýratynlygy has-da äşgär duýulýar. Ýyndamlyk bedewlere özboluşly gözellik, haýran galdyrýan çeýelik, kuwwat, erk maksadaokgunly häsiýet berýär. Munuň özi örän tejriberli seýisleriň tälim bermeginde, çapyksuwarlaryň ussatlygynda has-da äşgär duýulýar.

Ine-de, ýyndam bedewler çapuw ýodasyna çykdylar. Olar peýkamdan sypan ok mysaly pellehana tarap süýndüler. Bedewleriň çapyksuwarlar bilen sazlaşygy, olaryň ýeňşe bolan ynamyny pugtalandyrýar. Ahalteke bedewleriniň ýerleý uçýan mysaly çapyşyklary görenlerde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar. 

Ýurdumyzyň dürli pudaklary tarapyndan goýlan baýraklar we Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragy ugrundaky baýramçylyk bäsleşiklerinde ýedi çapyşyk geçirildi.   Oňa saýlama bedewler we ussat çapyksuwarlar gatnaşdylar.

Her çapyşygyň öňüsyrasynda tomaşaçylar we bedew janköýerleri haýsy atyň öň geljekdigi baradaky jedele goşuldylar. Olaryň tejribesi, bedewleriň kuwwatyna baha berip bilmek ukyby köp halatlarda dogry hem bolýar.

Birinji çapyşykda dört we uly ýaşar bedewler 1800 metr aralyga goşuldylar. Ikinji, üçünji we dördünji çapyşyklarda hem üç ýaşar bedewleriň menzili 1800 metr boldy. Dört we uly ýaşar bedewler 2000 metr we 2200 metr,  2400 metr aralyga goşuldylar. Şonda bedewler baş baýrak ugrunda bäsleşdiler. Bu çapyşyk has-da gyzykly geçdi.

Aýlawyň münberlerini dolduryp oturan tomaşaçylar, ýüzlerçe telekameralar we suratçylar çekeleşikli çapyşyklaryň bir pursadyny hem sypdyrmadylar. Ajaýyp ahalteke bedewleriniň çapyşyklary gözelligiň, ýyndamlygyň we çeýeligiň senasyna öwrüldi. Çünki olar diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň buýsanjydyr.

Soňra baýramçylyk çapyşyklarynyň we ýakynda uzak aralyga geçirilen     marafon ýaryşlarynyň, konkur bäsleşikleriniň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. 

60 kilomet aralyga geçirilen marafon bäsleşiginde Şagadam atly gyr at ýeňiji boldy. Ony Myrat Doýdonow çapdy. 2007-nji ýylda doglan bu bedew Gyrguşuň we Ýelmigiň neslindendir. Ol Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişlidir. Ikinji orna bolsa Gatlaklynyň we Keýmirçiniň nesli bolan 2008-nji ýylda doglan Gazaply atly gara at mynasyp boldy. Ony “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň Milli atçylyk sport merkeziniň  çapyksuwary Daňatar Ataýew çapdy. Üçünji baýrakly orna Edepli diýen dor at eýe boldy. 2005-nji ýylda doglan Edepli Gapbaryň we Gülýaýlanyň neslindendir. Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine degişli bu bedewi Nury Nunnaýew çapdy.

Konkur boýunça geçirilen bäsleşiklerde Baky we Damana diýen atlaryň nesli, 1994-nji ýylda doglan Böri birinji ýeri eýeledi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli bu bedewe Begli Garajaýew erk etdi. Bu bäsleşikde ikinji orun Ýerbent we Kesgirli diýen atlaryň nesli we 2004-nji ýylda doglan Ýerbent-2 atly bedewiň paýyna düşdi. “Türkmen atlary”   döwlet birleşiginiň Milli atçylyk sport merkezine degişli bu bedewiň çapyksuwary Faina Zaripowadyr. Üçünji baýrakly orna bolsa Akyldar we Arçyn diýen bedewleriň neslinden bolan  Akylly atly gara at mynasyp boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli bu bedewi  Durdymyrat Kanaýew çapdy.

Bu ýaryşlara eminlik edenleriň hatarynda daşary ýurtly hünärmenleriň bardygyny bellemeli. Olar Türkmenistanyň atçylyk sportunyň uly geljeginiň bardygyny nygtadylar. Ahalteke bedewleri diňe bir ýyndamlykda ýokary netije görkezmän, eýsem, päsgelçilikleri ýeňip geçmäge-de ukyplydyr. Mundan başga-da, olar saza goşup, dürli hereketleri ýerine ýetirýärler, buýsançly ädim urýarlar we tomaşaçylara baş egýärler. Türkmen türgenleriniň münüş öwretmek we konkur boýunça halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, dünýäniň atçylyk sportuna mynasyp bäsdeşlik edip başlajak wagtlary indi daşda däl. Şeýle hem at çapyşyklaryna olimpiýa derejesiniň berilmegi-de bellärliklidir.  

Belarusuň olimpiýa atçylyk sporty we atşynaslyk respublikan merkeziniň Türkmenistanda bolan hünärmenleri şu pikiri gaýtaladylar. Ýewropada iň iri merkezleriň biri bolan bu ýerde   münüş öwretmekde, konkur we toplumlaýyn ýaryşlar boýunça türgenleri taýýarlamakda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Bu merkeziň tälimçileri ýurdumyzyň atçylyk sportunyň düzümleri bilen tanyşdylar. Olar düzümiň häzirki zaman derejesine, türkmen çapyksuwarlarynyň üstünligine we bu pudakdaky hyzmatdaşlygyň geljegine ýokary baha berdiler. Myhmanlar  çapyksuwarlarymyz bilen bilelikde iş alyp baramaga, işjeň gatnaşyklary ýola goýmaga, türkmen kärdeşleri bilen tejribe alyşmaga uly gyzyklanma bildirdiler.

Şeýle hem bu ugurda Germaniýa, Gollandiýa, Fransiýa ýaly Ýewropa ýurtlarynyň   ugurdaş merkezleri bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak babatda degişli işler alnyp barylýar. 

Soňra Halkara atçylyk sport toplumynda geçirilýän baýramçylyk  şu günki çapyşyklarda ýeňiji bolanlary sylaglamak dabarasy bilen dowam etdi.

Şeýlelikde, çapyşyklarda baýrakly orunlara düşen bedewler, olaryň çapyksuwarlary ýörite sylaglara mynasyp boldular. Birinji çapyşykda Türkmenistanyň maliýe-ykdysadyýet we bank ulgamynyň baýragyna  Keýmirdon atly bedewde B.Agamyradow  mynasyp boldy. Onuň görkezen wagty 2 minut. Ikinji orna Serkerde atly bedewde M.Seýidow düşdi. Ol bu aralygy 2 minut 1,5 sekuntda geçdi. Bellenilen aralyga 2 minut 02,6 sekunt wagt görkezen Garazat bolsa üçünji baýrakly orna düşdi. 

Ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň baýragyny almak ugrunda geçirilen ikinji bäsleşikde Begendik atly bedew birinji boldy. Bu aralygy 2 minut 00,6 sekuntda geçen bedewi Y.Saparow çapdy. E.Kiçigulowyň çapan Keşde atly bedewi bellenilen aralygy 2 minut 01,7 sekuntda geçip, ikinji orna mynasyp boldy. Üçünji baýrakly orny Senemgül atly bedew eýeledi. Bu aralygy 2 minut 01,9 sekuntda geçen bedewi B.Amansähedow çapdy. 

Türkmenistanyň Söwda toplumynyň baýragy ugrunda geçirilen  üçünji çapyşykda bellenilen aralygy 2 minut 01,3 sekuntda geçen Ülker ýeňiji boldy. Ony Y.Saparow çapdy.  J.Hydyrowyň çapan Keremli atly bedewi bellenilen aralygy 2 minut 01,7 sekuntda geçip, ikinji orna mynasyp boldy. Üçünji baýrakly orny bolsa bellenilen aralygy 2 minut 02,9 sekuntda geçen Uçgun eýeledi. Onuň çapyksuwary B.Allanazarow.

Türkmenistanyň ulag we aragatnaşyk toplumynyň baýraklary dördünji çapyşykda ýeňiş gazananlara gowşuryldy. Şonda B.Amansähedowyň çapan Nesip atly bedewi bu aralygy 2 minut 04,8 sekuntla geçip, birinji ýeri eýeledi. Ikinji orna M.Mämmedowyň çapan Körpäm atly bedewi mynasyp boldy. Ol bu aralygy 2 minut 04,9 sekuntda geçdi. Üçünji baýrakly orny bolsa Görkli atly bedew eýeledi. M.Kiçigulowyň çapan bedewi bellenilen aralyga 2 minut 05,2 sekunt wagt sarp etdi. 

Bäşinji çapyşykda ýurdumyzyň gurluşyk-energetika toplumynyň baýragyna bellenilen apalygy 2 minut 17,0 sekuntda geçmegi başaran Kemer mynasyp boldy. Ony B.Agamyradow çapdy. Ö.Ýalkabowyň çapan Garlawaç atly bedewi bu aralygy 2 minut 18,0 sekuntda geçip, ikinji orny eýeledi. Bellenilen aralyga 2 minut 19,3 sekunt wagt sarp eden Gumman üçünji baýrakly orna düşdi. Onuň çapyksuwary B.Begliýew. 

Ýurdumyzyň senagat toplumynyň baýraklary altynjy çapyşygyň ýeňijilerine gowşuryldy. Onda Abraýly atly bedew bilen G.Agamyradow ýeňiji boldy. Olaryň görkezen wagty 2 minut 30,4 sekunda deň boldy. Ö.Ýalkabowyň çapan Polat atly bedewi bellenilen aralygy 2 minut 36,4 sekuntda geçip, ikinji orny eýeledi. Üçünji baýrakly orna bolsa bu aralygy 2 minut 36,9 sekuntda geçen Jaňlygara mynasyp boldy. Ony B.Amansähedow çapdy.

Şeýlelikde nobat Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragyny almak ugrunda geçirilen ýedinji çapyşygyň ýeňijilerine ýetýär. Milli Liderimiz bu çapyşykda ýeňiş gazanan çapyksuwara öz eli bilen baýraklary gowşurýar. 

Bu çapyşykda 2400 metr aralygy 2 minut 50,5 sekuntda geçen Dalbedew birinji geldi. Onuň çapyksuwary B.Agamyradow. M.Agamyradowyň çapan Gurgun atly bedewi bellenilen aralygy 2 minut 51,1 sekuntda geçip, ikinji orny eýeledi. Üçünji baýrakly orna E.Kiçigulowyň çapan Ýyldyz atly bedewi düşdi. Onuň görkezen wagty 2 minut 52,2 sekunda deň boldy. 

Baýrakly orunlara düşenleriň hemmesine awtoulaglaryň açarlary gowşuryldy. 

Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistanyň  ussat halypa çapyksuwary” diýen hormatly ady dakmak hakyndaky Permany okalýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow atçylyk pudagynyň ösmegine mynasyp goşant goşan atşynaslara degişli nyşanlary gowşurdy. 

Mälim bolşy ýaly, atşynaslaryň yhlasly zähmetine mynasyp baha bermek maksady bilen, ýakynda “Türkmenistanyň halk atşynasy” diýlen hormatly at döredildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda bu hormatly ada mynasyp bolanlara hem milli Liderimiz degişli nyşanlary gowşurdy. 

Soňra ýurdumyzyň atçylyk pudagynyň ösmeginde bitiren hyzmatlaryny, dünýäde  türkmen atçylyk sportunyň abraýynyň ýokary galmagyna goşan goşandyny nazara almak bilen, ýurdumyzyň Mejlisinyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa “Türkmenistanyň halk atşynasy” diýen hormatly ady dakmak hakyndaky karary kabul edendigi yglan edilende dabarada höküm sürýän baýramçylyk ýagdaýy has-da uly joşguna eýe boldy.  

Mejlisiň karary okalýar hem-de dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda döwlet Baştutanymyza degişli nyşan we  şahadatnama gowşurylýar.

Soňra ýurdumyzyň tejribeli atşynaslarynyň biri hormatly Prezidentimizden Gyrhan atly ajaýyp bedewi sowgat hökmünde kabul etmegi haýyş edýär. 

Baýramçylyk dabaralarynyň ahyrynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sylaglamak dabarasyna gatnaşyjylar bilen ýadygärlik surata düşdi. 

Bu ýerde, Halkara atçylyk spor toplumynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hökümet agzalaryndan ýurdumyzda her ýyl aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellinilýän Türkmen bedewiniň baýramy, şeýle hem “Türkmenistanyň halk atşynasy” diýen hormatly adyň dakylmagy mynasybetli gutlaglary kabul etdi. 

Ýygnananlar – milli parlamentiň başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary hormatly adyň dakylmagy we halkymyzyň ahalteke bedewleriniň gözelligine hormat-sarpa hem-de ägirt söýginiň alamatyna öwrülen şu günki baýramçylyk mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar we döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň hem-de abadançylygynyň bähbidine başy başlanan iri möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginde täze üstünlikler arzuw etdiler.  

Dabara gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özüniň yzygiderli üns bermegi we tagallalary netijesinde milli atşynaslyk sungatynyň ösüşine hem-de meşhur ahalteke bedewleriniň dünýäde wagyz edilmegine täze itergi berildi. Olaryň hatarynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegini, tutuş ýurdumyz boýunça häzirkizaman aýlawlarynyň we iri atçylyk sport toplumlarynyň bina edilmegini, abraýly umumymilli bäsleşikleriň geçirilmegini görkezmek bolar. Olaryň netijesinde ýelden ýüwrük bedewleriň köpasyrlyk şöhraty günsaýyn artýar, dünýäniň dürli künjeklerinde ahalteke bedewiniň muşdaklarynyň sany barha köpelýär. 

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler we gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewleriniň gadymy şöhratynyň dikeldilmegi, atçylyk pudagynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi, atçylyk sportuny ösdürmek, şeýle hem türkmen atşynaslarynyň yhlasly zähmetiniň höweslendirilmegi üçin ýurdumyzda geljekde hem ähli şertleriň dörediljekdigini aýtdy. 

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara  gatnaşyjylary bilen hoşlaşdy we Halkara atçylyk sport toplumyndan ugrady. 

*** 

Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli dabaralar ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda giňden ýaýbaňlandyryldy. Olaryň maksatnamasyna  aýdym-sazly çykyşlar, sergiler, edebi-sazly hem-de şahyrana agşamlar, ýurdumyzyň atşynaslaryny we seýislerini sarpalamak çäreleri girizildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň  baştutanlygynda milli atşynaslyk mekdebimizi ösdürmek boýunça alnyp barylýan ägirt uly işler we bedewleriň şanyna guralan şu gezekki dabaralar Türkmenistanyň atşynaslyk babatda iri halkara merkezine öwrülýändigini alamatlandyrýar. Türkmen halky ajaýyp ahalteke bedewlerini döredip, olary häzirki döwürde dünýäniň medeni gymmatlygy hökmünde geljekki nesiller üçin aýawly saklap, bu ugurda ägirt uly işleri bitirýär. 

Degişli makalalar

“Lebap” Topary Futbol Boýunça Ýetginjekleriň Arasynda Türkmenistanyň Çempiony Boldy

turkmenhabargullugy

Türkmen Talyplary Futbol Bäsleşigine Gatnaşýar

syrach

Arkalaşyk Kubogy.

syrach