9.9 C
Aşkabat
23.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidentine Mähirli Gutlaglar

Ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň «TürkmenÄlem 520E» milli aragatnaşyk emeli hemrasynyň älem giňişligine çykarylyş dabarasy boldy. Bu şanly waka uly seslenme döredip, türkmen halkynyň ýürek buýsanjyna öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet we jemgyýetçilik işgärleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy bu ajaýyp waka bilen mähirli we tüýs ýürekden gutlaýarlar hem-de milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür we ýurdumyzyň rowaçlygyny, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmagyň ýolunda täze üstünlikleri arzuw edýärler.

Şanly waka mynasybetli döwlet baştutanymyzy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary M.Artykow, Ş.Durdylyýew, A.Goçyýew, B.Ereşow, B.Hojamuhammedow, R.Meredow, S.Satlykow, P.Taganow, S.Toýlyýew, A.Ýazmyradow,  M.Ýazmuhammedowa, mähirli we tüýs ýürekden gutladylar.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy A.Nurberdiýewa gutlady.

Milli Liderimize mähirli gutlaglaryny we tüýs ýürekden çykýan arzuwlaryny Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri Ş.Durdylyýew, W.Hramow, G.Hojaberdiýew, K.Çaryýardurdyýew, A.Žadan, Y.Paromow beýan etdiler.

Döwlet Baştutanymyz  Gurbanguly Berdimuhamedowy ýurdumyzyň ähli sebitleriniň ýaşaýjylarynyň adyndan Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedow, Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedow, Daşoguz welaýatynyň häkimi E. Orazgeldiýew, Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew, Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow, Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedow gutladylar.

Milli hemranyň üstünlikli uçurylmagy mynasybetli milli Liderimizi Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary gutladylar. 

Hormatly Prezidentimiziň adyna gutlag hatlaryny Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň başlygy G.Myradow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy K. Babaýew, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy O.Mämmedow, Türkmenistanyň  Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy R.Bazarow, Türkmenistanyň Uruş weteranlary guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy G.Nepesow, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy G.Baýramowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy Ö.Enermyradow, Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň Başlygynyň orunbasary A. Täşliýew, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň orunbasary M. Abilow, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy M.Saryýewa we beýlekiler iberdiler.

Degişli makalalar

Türkmenistan Internet ulgamynda “Nowruz baýramy” atly saýtyny açdy.

syrach

Prezidentimiz Karara gol çekdi.

syrach

ESCAP-iň Wekilleri Bilen Duşuşyk

syrach