2015-nji ýylyň 29-njy aprelinde Aşgabatda ÝHHG-niň (Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk) «Gender deňligi we aýallaryň jemgyýetçilik durmuşyna gatnaşygy» atly seminar geçirildi. Bu birgünlik çäräniň guramaçylary bolup Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky demokratiýa we adam hukuklary baradaky Milli instituty bilen hyzmatdaşlykda ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi we ÝHHG-niň Demokratik institutlary we adam hukuklary boýunça Edarasy çykyş edýärler.
Seminar syýasatyň işlenilip taýýarlanylmagyna jogapkär adamlar we Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri üçin gender şertlerini girizilmegi we aýallaryň hukuklarynyň hem-de mümkinçilikeriniň giňledilmegi ulgamynda olaryň bilermenlik mümkinçilikleriniň ýokarlandyrylmagy maksady bilen guraldy.
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, hukuk goraýjy edaralarynyň, ylmy-barlag we bilim edaralarynyň hünärmenleri, şeýle hem Zenanlar Birleşiginiň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri aýallaryň jemgyýetçilik durmuşynda has işjeň gatnaşygyny wagyz etmekde aýallary we raýat jemgyýetiniň ähmiýetiniň öňe sürülmegi ulgamynda öňdebaryjy tejribäni ara alyp maslahatlaşdylar.
ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň Ynsan ölçegleri bölüminiň başlygy Wardon-Deňiz Hojanyň belläp geçişi ýaly, “Türkmenistan aýallaryň hukuklaryna we gender deňligine degişli bolan halkara-hukuk gurallarynyň birnäçesini ratifisirledi we ýerine ýetirmek boýunça borçnamalary öz üstüne aldy. Biziň seminarymyz gender deňligi meselesiniň milli kanunçylyga, strategiýalara we okuw maksatnamalaryna goşulmagynyň möhüm ähmiýetini belläp geçýär we biz bu çäräniň ýurduň netijeli strategiýalary işläp taýýarlamaga we durmuşa geçirmeklige gönükdirilen tagallalaryna ýardam eder diýip umyt edýäris”.
Jenap Hoja seminara jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynyň uly ähmiýete eýedigini belledi, çünki gender deňligine ýardam bermek raýat jemgyýeti bilen bir hatarda ähli gyzyklanma bildirýän taraplaryň gatnaşygyny we hyzmatdaşlygyny talap edýär.
Seminary ÝHHG-niň Demokratik institutlary we adam hukuklary boýunça Edarasynyň we Latwiýadan gelen bilermenler geçirdi, olar gender deňligine we gender alamatlary boýunça hukuklaryň kemsidilmeginiň we ejir çekdirmeleriň öňüniň alynmagyna degişli halkara standartlaryny we ÝHHG-niň borçnamalaryny beýan etdiler. Şeýle-de aýallaryň syýasata gatnaşygyny işjeňleşdirmek boýunça strategiýa ara alnyp maslahatlaşyldy we saýlaw wezipelerinde gender deňligi boýunça alty basgançakly çäreleriň meýilnamasy görkezildi.
Mundan başga-da seminar aýallaryň jemgyýetçilik durmuşyna gatnaşygyny öňe ilerletmekde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ähmiýetine, gender-duýgy meseleleriniň görkezilmegine we KHBS-de aýallaryň we erkekleriň syýasy işleri hakyndaky materiallaryň berilmegine hem seredip geçdi.