Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza gelen Ýewropa Komissiýasynyň Başlygynyň orunbasary Maroş Şefçowiçi kabul etdi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, Ýewropa Bileleşiginiň ählumumy abadançylygyň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen netijeli daşary syýasaty durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Jenap Maroş Şefçowiç özüniň bu saparynyň Aşgabada ilkinji saparydygyny aýdyp, ak mermerli binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen türkmen paýtagtynyň özünde ýatdan çykmajak täsir galdyrandygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi gatnaşyklarynyň okgunly ösýändigini kanagatlanmak bilen belledi. Şol gatnaşyklar bolsa soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykaryldy. Milli Liderimiz ýewropaly hyzmatdaşlarymyz bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmegiň ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, Bitarap Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi oňa agza ýurtlar bilen köptaraplaýyn, şeýle hem ikitaraplaýyn görnüşde däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge taýýardygyny nygtady.
Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanymyz we Ýewropa Komissiýasynyň Başlygynyň orunbasary ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar. Söwda-ykdysady we gumanitar-medeni ulgamlar ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, özara gatnaşyklaryň oňyn tejribesiniň dürli ulgamlarda täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin oňat esasy döredýändigi bellenildi.
Ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlyk etmek meseleleri hem gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşyldy. Ägirt uly serişdeler we senagat kuwwatyna eýe bolan ýurdumyz bu ulgamda özüniň energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna, şol sanda Ýewropa ugry boýunça çykarmagyň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagyň strategiýasyny durmuşa geçirýär. Şol strategiýada bolsa köpugurly turbageçiriji düzümi döretmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, Ýewropa Bileleşiginiň bu öňdengörüjilikli strategiýany, şeýle hem häzirki döwrüň ýagdaýlaryna laýyk gelýän täze energiýa howpsuzlyk binýadyny döretmek boýunça türkmen Lideri tarapyndan öňe sürlen başlangyçlary goldaýandygy nygtaldy.
Myhman Ýewropa Bileleşiginiň ýurdumyz bilen ýangyç-energetika toplumynda özara bähbitli gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň wekilleriniň gatnaşmagynda Aşgabatda geçiriljek dört taraplaýyn duşuşygyň bu strategiki ulgamda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmäge we degişli düzümleýin taslamalary iş ýüzünde amala aşyrmagyň geljegini kesgitlemäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Şunuň bilen birlikde, ulag-üstaşyr ulgamda hem netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikler açylýar. Munuň özi ählumumy durmuş-ykdysady ösüşiň möhüm şerti bolup durýar.
Dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek, ählumumy durnukly ösüş üçin şertleri döretmek işinde tagallalary birleşdirmek özara gatnaşyklaryň möhüm meseleleriniň hatarynda görkezildi. Şunda Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň döredijilik häsiýete eýedigi bellenildi. Munuň özi häzirki döwrüň wajyp meselelerini deňagramly çözgütlerini işläp taýýarlamakda ýurdumyzyň eýeleýän işjeň ornunda äşgär görünýär. Milli Liderimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň we beýleki iri wekilçilikli forumlaryň münberlerinden öňe süren oňyn teklipleri hem muňa şaýatlyk edýär.
Döwlet Baştutanymyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Rezolýusiýasy esasynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagyna şu ýyl 20 ýyl dolýandygyny nygtap, Ýewropa Bileleşiginden hyzmatdaşlarymyzy bu şanly senä bagyşlanan dabaraly çärelere gatnaşmaga çagyrdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan parahatçylyk söýüji syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, özüniň döredijilik kuwwatyny tutuş adamzadyň hyzmatyna goýmaga çalyşýar, bu ugurda anyk we netijeli ädimleri ädýär.
Pursatdan peýdalanyp, jenap Maroş Şefçowiç milli Liderimizi sebit we ählumumy möçberde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmekde möhüm orna eýe bolan türkmen Bitaraplygynyň 20 ýyllygy, şeýle hem ýurdumyzyň kosmos döwletleriniň hataryna girmegini alamatlandyran taryhy ähmiýetli waka Türkmenistanyň ilkinji «TürkmenÄlem 52oE» aragatnaşyk emeli hemrasynyň uçurylmagy bilen gutlady.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman deňhukuklylyk, özara bähbitlilik we uzakmöhletleýin esasda guralýan köpugurly Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.
Duşuşyga Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistanda işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Dionisios Daniilidis gatnaşdy.