Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy maksatlaryny we wezipelerini düşündirmek maksady bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan döredilen «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» ylmy-amaly žurnalynyň şu ýyldaky birinji sany çapdan çykdy.
Milli Liderimiziň daşary ýurtlaryň döwlet Baştutanlary we iri halkara guramalarynyň hem-de sebit düzümleriniň ýolbaşçylary bilen geçirýän köpsanly duşuşyklarynyň örän netijeli bolmagy Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň ählumumy bähbitlere laýyklykda giň möçberli gatnaşyklara ygrarlydygyny aýdyňlyk bilen görkezýär.
Geçen ýylyň birinji çärýeginde geçirilen ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşiklere aýratyn bölümiň berlendigi bellärliklidir. Žurnal bilen tanyşlyk hem şu bölümden başlanýar. Şu bölümde Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň Türkmenistana ilkinji döwlet sapary (21-22-nji ýanwar), Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýe Respublikasyna iki günlük resmi sapary (3-4-nji mart), Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň Türkmenistana döwlet sapary (10-11-nji mart), Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa iş sapary (13-14-nji mart) ýaly möhüm ähmiýetli wakalar jikme-jik şöhlelendirilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýa bolan saparynyň barşynda bu ýurduň Sendaý şäherinde guralan «Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak» atly III Bütindünýä maslahatyna gatnaşdy.
Mälim bolşy ýaly, 9-njy ýanwarda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde milli Liderimiz Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynyň çäklerinde ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilmegi göz öňünde tutulýan çäreleriň hem-de dabaralaryň maksatnamasyny makullady we tassyklady. Žurnalyň aýratyn bölümi Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we ýurdumyzyň Türkiýedäki, Azerbaýjandaky, Russiýadaky, Ukrainadaky, Belarusdaky, Saud Arabystanyndaky, Malaýziýadaky, Pakistandaky, Hindistandaky, Beýik Britaniýadaky we beýleki ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarymyz tarapyndan guralan baýramçylyk çäreleriniň synyna bagyşlanýar. Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygynyň hormatyna köpsanly duşuşyklar, tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlikler, okuw maslahatlar we ylmy maslahatlar, sergiler, aýdym-saz dabaralary, sport çäreleri we mowzuklaýyn bäsleşikler geçirilýär.
«Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» žurnalynyň sahypalarynda meşhur syýasatçylaryň, ylym we jemgyýetçilik işgärleriniň, diplomatlaryň makalalaryna möhüm orun berilýär. Olar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze belent sepgitlere tarap ynamly öňe barýan Türkmenistanyň ösüşi, gazanýan üstünlikleri barada öz pikirlerini aýdýarlar.
Bu toplum Türkiýe Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekçiniň makalasy bilen açylýar. Onuň pikirine görä, soňky ýyllarda iki doganlyk ýurduň arasynda ýola goýlan ykdysady hyzmatdaşlyga Merkezi Aziýada netijeli we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mysaly hökmünde baha bermek bolar.
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-türk hökümetara toparynyň türk tarapyndan başlygy bolup durýan Türkiýäniň ykdysadyýet ministri iki döwletiň Baştutanlarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň hem-de soňky ýyllarda syýasy, ykdysady we medeni-gumanitar ulgamlarda ýola goýlan ikitaraplaýyn netijeli hyzmatdaşlygyň döwletara gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýandygyny belledi.
Şanly senesi ýylyň başyndan bäri diňe biziň ýurdumyzda däl-de, eýsem, dünýäniň ähli yklymlarynda giňden we dabaraly ýagdaýda bellenilýän Türkmenistanyň oňyn Bitaraplygy alymlarda we syýasatşynaslarda uly gyzyklanma döredýär.
Hytaýyň döwlet geňeşiniň Ösüş barlag merkeziniň ýanyndaky Ýewropa we Aziýa ýurtlarynyň durmuş taýdan ösüş institutynyň direktorynyň orunbasary Çžao Çansin «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» Rezolýusiýasynyň türkmen halkynyň häzirki zaman taryhyndaky möhüm ähmiýetli resminama öwrülendigini belleýär. Munuň özi jemgyýetde durnuklylygy saklap galmaga, türkmen döwletiniň mundan beýläk-de ösmegine ýardam etdi. Hytaýly alym hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylyk edýän Türkmenistan döwletiniň diňe bir özüniň ösmegi üçin tagallalary etmän, eýsem, bütin dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmaga ýardam edýändigini, sebit boýunça goňşy ýurtlarda, ilkinji nobatda, Owganystanda syýasy we ykdysady ýagdaýyň kadalaşmagyna işjeň gatnaşýandygyny nygtaýar.
Mälim bolşy ýaly, geçen asyryň 90-njy ýyllarynda Türkmenistan Aşgabatda täjigara we owganara gepleşikleriniň üstünlikli geçirilmeginde möhüm orun eýeledi. Täjigistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň Dil, edebiýat, gündogary öwreniş we ýazuw mirasy institutynyň edebiýat bölüminiň müdiri, filologiýa ylymlarynyň doktory, professor Abdunabi Sattorzodanyň makalasynda ýurdumyzyň täjigara gepleşiklerini geçirmekdäki möhüm orny barada gürrüň berilýär.
Žurnalyň sahypalaryndan okyjylara ýüzlenen Katar Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Halifa Bin Ahmed Al Suwaidi hem Türkmenistan bilen öz ýurdunyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň açylýandygyny belledi. Bu hyzmatdaşlyk 1996-njy ýylda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagy bilen kuwwatly ösüşe eýe boldy.
Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasynyň prezidenti Giorgi Kwesitadze «Bitaraplyk Türkmenistanyň howpsuzlygyny we ykdysady durnuklylygyny üpjün etmek üçin özboluşly diplomatik gurala öwrüldi» diýip belleýär. Onuň pikirine görä, milli döwlet galkynyşynyň gymmatlyklarynyň bähbidine durnukly ösüşiň ileri tutulmagy türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň esasy maksadyna hem-de wezipesine öwrüldi. Bitaraplyk bu meýilnamalary hem-de maksatlary durmuşa geçirmegiň oňyn nusgasyna öwrüldi.
Däp bolşy ýaly, žurnalyň bu sany diplomatiki durmuşyň syny bilen tamamlanýar. Onda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikler, daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky syýasy geňeşmeler, daşary ýurtlaryň we iri halkara guramalarynyň köpsanly wekiliýetler bilen duşuşyklar, hökümetara toparlarynyň mejlisleri, şeýle hem ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynyň möhüm wakalary yzygiderli beýan edilýär.
***
«Türkmen arhiwi» taryhy-dokumental, ylmy-taglymat we usulyýet žurnalynyň çapdan çykan nobatdaky sany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2014-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde geçirilen Ýaşulularyň maslahatynda sözlän sözi bilen açylýar. Şol çykyşda ýakyn geljek üçin döwlet ösüşiniň gaýragoýulmasyz wezipeleri kesgitlenildi.
Soňra geçen ýyl kabul edilen resminamalaryň toplumy çap edilýär. Olaryň hatarynda hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim ulgamyna degişli Permanlary we Kararlary, şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynyň Kararlary bar.
Žurnalyň «Täze neşirler» diýen bölüminde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýyl çap edilen eserleri barada maglumatlar berilýär. Şol eserler bolsa häzirki wagtda täze taryhy eýýamyň belent sepgitlerine tarap ynamly öňe barýan türkmen halkynyň medeni we taryhy däplerine, ruhy-ahlak gymmatlyklaryna düşünmegiň özboluşly açary bolup hyzmat edýär.
Neşirde arhiwleriň meseleleri we arhiw işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işlere hem möhüm orun berilýär. Munuň özi ýaş arhiw işgärleri üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Hünärmenlere Türkmenistanyň merkezi döwlet arhiwiniň 85 ýyllygyna hem-de ýurdumyzda 1992-2013-nji ýyllarda arhiw işiniň ösüşiniň taryhyna degişli makalalar hem gyzykly bolup biler.
Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllygyna bagyşlanan ylmy makalalar neşirde aýratyn orun tutýar. Bu sene 2014-nji ýylda ýurdumyzda hem-de beýik türkmen şahyrynyň döredijiligine uly sarpa goýulýan daşary ýurtlaryň ençemesinde giňden we dabaraly ýagdaýda bellenilip geçildi.
Arhiw resminamalary esasynda ýazylan Aşgabadyň taryhy, Türkmenistanda XX asyryň 20-40-njy ýyllarynda ylmyň ösüşi, ilkinji sazçylyk okuw mekdepleri barada makalalar hem giň okyjylar köpçüligine gyzykly bolar.
Žurnalyň bu sanynda Türkmenistanyň ylmynyň ösüşinde uly yz galdyran alymlaryň we medeniýetde, sungatda öz ussatlygy bilen halk köpçüliginiň söýgüsini gazanan sungat ussatlarynyň durmuş hem-de döredijilik ýollaryny şöhlelendirýän makalalar hem hödürlenýär.
Arhiw suratlary bilen bezelen gyzykly makalalar toplumy diňe bir tanyşdyryş häsiýetine eýe bolman, ilkinji nobatda, ol ýurdumyzyň we türkmen halkynyň şöhratly geçmişine, häzirki gününe hem-de bagtyýar geljegine buýsanç duýgusyny döredýär.