2015-nji ýylyň 1-nji maýynda Daşoguz şäherindäki Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň zalynda 2015-nji ýylyň “Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly” diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 20 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Daşoguz welaýaty boýunça wekilhanasynyň, Daşoguzyň Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň bilelikde guramagynda «Bitarap, Berkarar ýurdum bagtyýar» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Maslahata jemi 370 adam gatnaşyp, onuň işine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Daşoguz welaýaty boýunça wekilhanasynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň wekilleri, şeýle-de Daşoguzyň Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymlary we talyplary işjeň gatnaşdylar.
Maslahatyň işini Daşoguzyň Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň direktorynyň w.w.ýe.ýe. M.Meredow açdy we soňra Türkmenistanyň döwlet senasy ýaňlandy.
Ylmy-amaly maslahatda ilki bilen Türkmenistanyň DIM-niň Daşoguz welaýaty boýunça wekilhanasynyň ýolbaşçysynyň w.w.ýe.ýe. K.Saparaliýewiň “Berkarar döwletimiziň Bitaraplygy-parahatçylygyň durnuklylygyň we ösüşiň gözbaşydyr” atly çykyşy diňlenildi. Sonra M.Meredow sözi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň başlygy Ýa.Ataýewe berdi. Ol “Berkarar Watanymyzyň Bitaraplygy – bagtyýarlygyň gözbaşydyr” atly temada çykyş etdi. Soň söz gezegi Daşoguzyň Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy S.Jumaýewe berildi. Ol “Bitarap, parahat Watanym” atly tema boýunça çykyş etdi.
Ylmy-amaly maslahatda çykyş eden Daşoguzyň Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň talyplary G.Akmädowa we Ş.Baýarow Milli Liderimiziň halkara gatnaşyklarynda daşary ýurt döwletleri bilen medeni-gumanitar ulgamyndaky hyzmatdaşlyk dogrusynda çykyş etdiler.
Ylmy-amaly maslahatdaky çykyşlardan soňra mugallymçylyk mekdebiniň çeper höwesjeň talyplarynyň gatnaşmagynda aýdym-sazly konsert geçirildi. Maslahatyň soňunda Hormatly Prezidentimize alkyşlar aydyldy we maslahat öz işini tamamlady.