15.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Prezidentimiz Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasynyň Baş Sekretaryny Kabul Etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasynyň (GHweGÝJHF) Baş sekretary jenap Elhaj As Sini kabul etdi.

Myhman wagt tapyp, kabul edendigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, dünýäniň çalt depginler bilen ösýän döwletleriniň biri bolan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistana gelip görmek mümkinçiligine örän şatdygyny aýtdy. Şunda  Türkmen döwletiniň sebitde we dünýäde parahatçylygy hem-de durnuklylygy berkitmäge, durnukly ösüş üçin şertleri döretmäge gönükdirilen daşary syýasatynyň döredijilikli orny bellenildi. 

Döwlet Baştutanymyz myhmana mähirli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň iri halkara jemgyýetçilik guramalary bilen däbe öwrülen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady. Milli Liderimiz Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň alyp barýan, türkmen halkynyň häsiýetine mahsus bolan dostluk, rehimlilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanan işiniň möhümdigini belläp, onuň ýurdumyzyň amala aşyrýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelip, “Döwlet adam üçindir!” diýen şygar bilen sazlaşýandygyny aýtdy.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň öz wezipesini täze taryhy döwürde ýurtda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmelere işjeň gatnaşmak bilen ýerine ýetirýändigi bellenildi. TGÝMJ öz işiniň esasy wezipesini oňyn özgertmeleriň we umumymilli ähmiýetli taslamalaryň amala aşyrylmagynda görýär. Olar türkmen jemgyýetinde ynsanperwer ýörelgeleriň berkidilmegine, ilatyň bähbitleriniň hemmetaraplaýyn goralmagyna, maşgala gymmatlygynyň derejesiniň berkidilmegine, durmuş ulgamynyň kämilleşdirilmegine gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, jenap Elhaj As Si döwlet Baştutanymyza Türkmenistan—GHweGÝJHF hyzmatdaşlygynyň çäklerinde taslamalaryň birnäçesiniň amala aşyrylmagyna berilýän goldaw üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasynyň Türkmenistanda hukuk ýagdaýy hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasynyň arasyndaky Ylalaşygyň möhümdigini” belledi. Bu resminama degişli guramanyň ýolbaşçysynyň Türkmenistana saparynyň barşynda gol çekmek göz öňünde tutulýar. Ol netijeli gatnaşyklar üçin hukuk binýady bolup hyzmat eder. 

Ilata tebigy betbagtçylyklar we adatdan daşary ýagdaýlar bilen bagly bolan kömegi bermek GHweGÝJHF-nyň esasy wezipesi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň BMG-niň howandarlygynda ýöriteleşdirilen edarany–Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek başlangyjy bilen çykyş edendigini nygtady. 

Döwlet Baştutanymyz tebigy betbagtçylyklar babatda sebit derejesinde alyp barýan işlerini giňeltmek bilen bir hatarda ýurdumyzyň ýakyn wagtda tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini azaltmak boýunça Hereketleriň milli strategiýasyny döretmek üçin zerur bolan toplumlaýyn çäreleri işläp taýýarlamagy göz öňünde tutýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň milli strategiýasynyň mazmunynyň bu ugurdaky köptaraplaýyn resminamalaryň düzgünlerine hem-de olary ornaşdyrmagyň halkara tejribesine esaslanýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, milli strategiýany işläp taýýarlamak boýunça çäreler aşakdaky ugurlary: birinjiden–degişli kanunçylyk binýadyny döretmegi; ikinjiden–döwlet dolandyryşynyň utgaşdyryjy edarasyny, şeýle hem işiň ugurlary boýunça ylmy edarany, bilermenler we tehniki iş toparlaryny döretmegi; üçünjiden—häzirki zaman gaýragoýulmasyz lukmançylyk gullugyny döretmegi;  dördünjiden—ýertitremesiniň howpsuzlygyny berkitmäge, şeýle hem çölleşmäge garşy göreşmäge gönükdirilen çäreleri; bäşinjiden—tebigy betbagtçylyklaryň dörän halatynda ilata öz wagtynda habar bermek we ilatyň bu ugurda düşünjesini ýokarlandyrmak ulgamyny;  altynjydan–halkara we sebit derejesinde hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmegi we berkitmegi öz içine alýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyna yzygiderli ygrarlydygyny tassyklap, dürli ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk etmegiň ynsanperwer ugrunyň wajypdygyny nygtady.

Türkmen döwleti Owganystanda parahatçylygyň dikeldilmegine gatnaşyp, onuň durmuş-ykdysady taýdan galkynmagyna ýardam edýär. Hususan-da, Türkmenistan birnäçe ýyllaryň dowamynda goňşy ýurda ykdysady hem-de ynsanperwer ýardamy berip, bilim we ylym ulgamynda owgan raýatlaryna hususan-da, durmuş üpjünçilik ulgamlarynyň desgalarynyň—hassahanalaryň we mekdepleriň gurluşygyny amala aşyryp kömek berýär. Biziň ýurdumyz hereket edýän ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň çäklerinde ulag-kommunikasiýa taslamalaryny amala aşyryp, Owganystanyň ykdysady gatnaşyklaryň dünýä ulgamyna goşulyşmagyna ýardam berýär.

Hormatly Prezidentimiz bu baradaky gürrüňini dowam edip, Türkmenistanyň Stambul prosesiniň çäklerinde “Sebit üpjünçilik ulgamlary” atly ynanyşmagy pugtalandyrmak çäreleriniň hereket ediş meýilnamasyny durmuşa geçirýändigini nygtady. Milli Liderimiz, Hususan-da, Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy, türkmen hünärmenleriniň 2013-nji ýylyň iýun aýynda gurluşygyna girişen Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýoluny çekmek, şeýle hem Owganystana türkmen elektrik energiýasyny ibermegiň möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berýän degişli kuwwatly düzümi gurmak ýaly iri sebit üpjünçilik ulgamlarynyň taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz üstümizdäki ýylyň ýurdumyz üçin BMG-niň Bas Assambleýasynyň ýörite karary bilen berkidilen hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 20 ýyllygyna beslenendigini aýdyp, myhmany bu şanly senä bagyşlanan dabaraly çärä gatnaşmaga çagyrdy. 

Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasynyň Baş sekretary hormatly Prezidentimiziň başlangyçlaryny we tekliplerini, şeýle hem Türkmenistana  berlen Bitaraplyk derejesini dünýäniň ähli ýurtlary bilen birlikde özleriniň hem doly goldaýandyklaryny nygtap, şu ýylyň dekabrynda belleniljek ýurdumyzyň Bitaraplygynyň  20 ýyllygy, şeýle hem ilkinji “TürkmenÄlem 520E” milli aragatnaşyk hemrasynyň älem giňişligine çykarylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. 

Milli Liderimiziň ýöredýän syýasatynda ynsanperwerlik ýörelgelerine üns bermek bilen, myhman Türkmenistanyň başlangyçlary dünýäniň halklarynyň we tutuş adamzadyň durmuş derejesini gowulandyrmaga gönükdirilendir diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, adamlaryň tebigy betbagtçylyklar barada öňünden habarly bolmaklary, şeýle hem sebitde degişli düzümi döretmek, gurmak we ösdürmek, adamlaryň biri-biri bilen ýakyndan gatnaşmaklary üçin şert döretmek, olara dürli goldawlary bermegiň möhümdigi bellenildi. Munuň özi Türkmen döwletiniň alyp barýan syýasatynda hem-de GHweGÝJHF-niň maksatlarynda  öz beýanyny tapýar.  

Şu günki duşuşygyň möhümdigi barada aýtmak bilen jenap Elhaj As Si   Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasy türkmen Lideriniň GHweGÝJHF-niň işine berýän goldawyna ýokary baha berýär diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, myhman Merkezi Aziýanyň we Gündogar Ýewropanyň wekilleriniň gatnaşmagynda Gyzyl Hajyň  we Gyzyl Ýarymaýyň meýilleşdirilen Sebit derejesindäki duşuşygynyň gün tertibinde beýleki döwletlere ynsanperwerlik kömegini bermek, sebitde parahatçylyk söýüjilikli gatnaşyklary ösdürmek boýunça Türkmenistanyň hökümeti bilen hyzmatdaşlygy berkitmek babatda bilelikdäki meýilnamalara garalar diýip habar berdi. 

Türkmenistanda adamyň saglygy üçin howply keselleriň, şol sanda poliomiýelitiň ýokdugy, zähmet we dynç alyş şertleriniň gowulandyrylmagy, adamyň ömrüniň dowamlylygynyň artmagy hakynda halkara sertifikatlarynyň gowşurylmagy—bularyň hemmesi milli saglygy goraýyş ulgamynyň dünýä derejesine çykandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar. 

Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasynyň Baş sekretary Türkmenistanyň durmuşa geçirýän sebit we milli ähmiýetli uly möçberli taslamalaryň ähmiýetini nygtap, döwrüň möhüm meseleleriniň çözülmeginde öňdäki orunlary eýeleýändigi üçin Türkmen döwletiniň Baştutanyna hoşallyk bildirdi. Jenap Elhaj As Si Türkmenistan dünýä möçberinde umumadamzat ösüşine ýaramaz täsir edip biljek ýagdaýlaryň öňüni almakda gazanýan üstünlikleri bilen buýsanmaga haklydyr diýip belledi hem-de 189 ýurtda bölümleri bolan Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasynyň mundan beýläk hem özüniň asylly ynsanperwer maksadyny mynasyp ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy. 

Türkmenistanyň Prezidenti we myhman hoşlaşanlarynda, biri-birine oňat arzuwlaryny aýdyp, ählumumy bähbitleriň ugrunda netijeli hyzmatdaşlygyň has-da ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

syrach

Gyýanlydaky GHT-niň Gurluşyk Işleri Ýokary Depginler Bilen Alnyp Barylýar