Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň şu ýylyň 11 aýynda durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri ara alyp maslahatlaşyldy we döwletiň durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere hem-de resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Ilkinji nobatda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Japarowa söz berildi, ol hasabat döwründe Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň netijeleri barada hasabat berdi. Wise-premýeriň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryny sazlaşykly ösdürmekde, raýatlarymyzyň durmuş-ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmakda alnyp barylýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeler netijesinde 2010-njy ýylyň 11 aýynyň netijeleri boýunça ýurdumyzyň makroykdysady görkezijileri durnukly ösüşe eýe boldy.
Şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynyň netijeleri boýunça jemi içerki önümiň ösüş depgini ep-esli artdy. Bu görkeziji senagat pudagynda —102,3 göterim, gurluşykda — 122,6 göterim, ulag we aragatnaşyk pudagynda — 115,3 göterim, söwdada—111,4 göterim, oba hojalygynda —107,5 göterim we hyzmatlar ulgamynda 105,4 göterim boldy.
Şu ýylyň 11 aýynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende elektrik energiýasynyň, gazyň, nebitiň we nebit önümleriniň, mineral dökünleriň, sementiň, magdan däl gurluşyk materiallarynyň, pagta süýüminiň, nah ýüplükleriň, tikinçilik we örülen önümleriň, aýakgabyň, eýlenen deriniň, derman serişdeleriniň, şeýle hem balyk we balyk önümleriniň, çörek we çörek önümleriniň, süýt we beýleki oba hojalyk önümleriniň, mineral suwlaryň we alkogolsyz içgileriň öndürilişi artdy.
Şeýle hem wise-premýer Demirýol ulaglary ministrliginiň «Demirgazyk—Günorta» transmilli demir ýolunyň «Bereket—Buzhun» böleginiň gurluşygy bilen bagly taslamany maleleşdirmek üçin Aziýanyň ösüş bankyndan karz almak işiniň guralyşy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösýändigini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga niýetlenen maksatnamalaryň ählisiniň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini kanagatlanmak bilen belledi. Munuň şeýledigine şu ýylyň 11 aýynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda gazanylan ýokary netijeler hem şaýatlyk edýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R. Meredow ýurdumyzyň DIM-niň şu ýylyň 11 aýynda geçiren işiniň netijeleri barada aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça oňyn bitaraplygyň, parahatçylygy söýüjiligiň, hoşniýetli goňşuçylygyň we dünýäniň ähli döwletleri bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine esaslanýan oýlanyşykly, ähli taraplara bähbitli daşary syýasy strategiýasynyň Türkmenistanyň halkara derejesinde uly at-abraýa eýe bolmagyny şertlendirýändigini belledi. Hasabat döwründe milletiň Lideriniň daşary ýurtlara saparlary, şol sanda möhüm ähmiýetli halkara forumlaryna gatnaşmak maksady bilen amala aşyrylan saparlary bu öňden görüjilikli syýasatyň üstünlige getirýändigini görkezýän subutnama öwrüldi.
Wise-premýer hasabat bermegiň barşynda 1-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlyk etmeginde, Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň ÝeHHG agza bolup durýan ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň sammitine gatnaşmak üçin, Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherine iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi. Türkmen Lideri halkara forumynda eden taryhy çykyşynda Türkmenistanyň bu abraýly halkara guramasynyň iş ýöredýän giňişliginde hyzmatdaşlyk etmek, şeýle hem onuň beýleki döwletler bilen özara gatnaşyklary babatdaky çemeleşişini aýan edip delillendirilen başlangyçlaryň birnäçesini öňe sürdi. Hususan-da, türkmen döwletiniň Baştutany ÝeHHG-niň Türkmenistanyň Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk etmek boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 65-nji sessiýasynda ýokary derejedäki Forumy esaslandyrmak barada öňe süren başlangyjyna goşulmagy, şeýle hem energiýa serişdeleri boýunça ÝeHHG-niň çäklerinde gepleşigiň işjeňleşdirilmegi hakynda aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ählumumy howpsuzlygy, durnuklylygy we kadaly ösüşi üpjün etmek maksady bilen biziň ýurdumyzyň ÝeHHG bilen mundan beýläk-de netijeli hyzmatdaşlyk etmäge çalyşýandygyny tassyklap, Türkmenistanyň bu guramanyň işiniň kämilleşdirilmegine gönüden-göni gatnaşmaga taýýardygyny hem-de munuň häzirki döwürde ýüze çykýan ýagdaýlar bilen baglylykda bu guramanyň öňünde durýan möhüm wezipeler bilen şertlendirilendigini aýtdy.
Şeýle hem hökümetiň Baştutanynyň orunbasary şanly baýramçylyk—Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 15 ýyllygynyň senesi mynasybetli DIM-niň geçirýän çäreleri hakynda hasabat berdi.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyna degişli meseleler boýunça işjeň häsiýetde bolmak bilen, geljekde-de milli bähbitlere, şeýle hem ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän konstruktiw we özara peýdaly hyzmatdaşlyga esaslanýan ugra gyşarnyksyz eýerjekdigini hem-de şu maksatlar üçin, sebitdäki esasy halkara guramalary bilen gepleşigi pugtalandyrjakdygyny we giňeltjekdigini belledi. Milletiň Lideri şu meselä degişli gürrüňi dowam edip, Türkmenistanyň ÝeHHG-niň ýedinji sammitinde öňe süren we häzirki döwürde dünýä derejesinde wajyp ähmiýete eýe bolan meseleleriň has oňaýly çözgütleriniň işlenip düzülmegine gönükdirilen başlangyçlarynyň möhümdigini aýtdy hem-de olary durmuşa geçirmek boýunça işleriň yzygiderli ýagdaýda amala aşyrylmagynyň zerurdygyny nygtady.
Milletiň Lideri ýetip gelýän taryhy waka—Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 15 ýyllygynyň şanly senesi bilen bagly mesele barada durup geçip, «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk etmek» atly Halkara maslahatynyň hem-de bu şanly senä bagyşlanan beýleki çäreleriň ählisiniň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzyň kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, ýurdumyzda döwrebap, halkara hukugy boýunça hemmeler tarapyndan ykrar edilen kadalara laýyk gelýän kanunçylyk-hukuk binýadyny döretmek boýunça geçirilen işler barada aýtdy. Milli parlamentiň ýolbaşçysy welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň agzalygyna saýlawlary geçirmek boýunça görlen taýýarlyk we Türkmenistanda Saýlawlary we sala salyşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň täze binasynyň açylyş dabarasyny guramaçylykly geçirmek boýunça düzülen meýlnamalar hakynda habar berdi.
Hormtly Prezidentimiz ýurdumyzyň kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek babatda alnyp barylýan işleriň yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygy hakynda aýdyp, welaýat, etrap we şäher halk maslahatynyň agzalygyna saýlawlaryň ýokary derejede we belent ruhda geçirilmelidigini belledi hem-de bu möhüm medeni maksatnamasynyň göwnejaý düzülmelidigini tabşyrdy. Şeýle hem milletiň Lideri Türkmenistanda Saýlawlary we sala salyşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň ýolbaşçylaryny hem-de ähli işgärlerini täze binanyň açylmagy bilen gutlady.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Muhammedow gözegçilik edýän pudaklary bilen baglylykda, gün tertibine degişli esasy mesele boýunça hasabat berdi. Wise-premýeriň habar berşi ýaly, jemi haryt dolanyşygynyň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 118 göterim ösdi. Şol sanda bölek-satuw söwda dolanyşygynyň möçberi 115 göterim, lomaý söwda dolanyşygynyň möçberi bolsa 112 göterim ösdi. Hökümet Baştutanynyň orunbasary hasabat döwründe dokma we haly önümlerini öndürmegiň oňyn depgininiň bardygyny hem habar berdi. Şunuň bilen birlikde Döwlet haryt-çig mal birżasynda geleşikleriň sanynyň artýandygy bellenilip geçildi.
Türkmenistanyň Prezidenti dokma önümçiliginiň milli ykdysadyýetiň ileri tutulýan we eksporta gönükdirilen pudaklarynyň biri bolup durýandygyny belläp, ýurdumyzda ýokary hilli dokma önümleriniň möçberlerini we görnüşlerini mundan beýläk-de artdyrmagyň, bu önümleri dünýä bazarlarynda ýerlemek üçin döwrebap marketingiň täze usullaryny işjeňlik bilen ornaşdyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz daşary döwletlerde söwda-ykdysady öýleriniň açylmagyny ýaýbaňlandyrmak hem-de onuň işiniň gerimini giňeltmek bilen, Türkmenistanyň öndürýän önümleriniň daşary bazarda işjeň ýerlenilmegi boýunça tabşyryklar berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Orazow özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň 11 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Ulgamda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende oňyn ösüş hasaba alyndy. Ýurdumyzyň paýtagtynda we welaýatlarynda gurluşyklaryň möçberiniň artyşy ýaly, hemişe ösýän islegi nazara almak bilen, gurluşyk materiallarynyň önümçiligi hem ýokarlandy diýip, wise-premýer habar berdi.
Elektroenergetika pudagy hem ýokary görkezijilere eýe bolýar, bu pudakda täze önümçilik kuwwatlyklarynyň işe girizilýändigi, düzümiň ösmegi bilen pudagyň mümkinçilikleriniň giňeýändigi, türkmen elektro energiýasyny eksport etmegiň hasabyna walýuta serişdeleriniň ýokary möçberleriniň gelip gowuşmagynyň üpjün edilýändigi aýdyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti pudagyň ýolbaşçylaryna gurluşyk senagatynyň sazlaşykly ösýän milli ykdysadyýetimizde möhüm orny eýeleýändigine aýratyn üns bermegi tabşyryp, täze desgalar gurlanda işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň, olaryň häzirki zaman halkara ülňülerine doly laýyk gelmeginiň, aýratyn-da potratçylary saýlamaga örän jogapkärçilikli çemeleşilmeginiň zerurdygyny belledi. Paýtagtymyzda we welaýatlarda durmuşa geçirilýän iri möçberli taslamalary amala aşyrmakda ygtybarly, özüni gowy tarapdan görkezen kompaniýalar seçilip alynmalydyr. Döwlet Baştutany pudagyň öňünde durýan wezipeler barada aýtmak bilen, olaryň hatarynda türkmen paýtagtynyň ýol-ulag infrastrukturasynyň ösdürilmegini görkezdi. Milletiň Lideri şu görkeziji boýunça Aşgabadyň Ýer ýüzündäki has ösen uly şäherleriň hataryna goşulmalydygyny, munuň ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmek boýunça işlenip taýýarlanylýan maksatnamada degişli derejede görkezilmelidigini belledi. Ýakyn geljekde giň gerime eýe boljak bu işlerde dünýäniň öňdebaryjy tejribesi, inżenerçilik pikirlenmeleri, iň täze gazananlary hasaba alynmalydyr. Hususan-da, häzirki zaman şäher gelşigine degişli talaplary göz öňünde tutup, paýtagtymyzda dürli şekil we maglumat görkezijileri ýerleşdirmegiň meselelerine oýlanyşykly çemeleşilmelidir, şonda iň täze tehnologiýalardan has giňden peýdalanylmalydyr diýip döwlet Baştutanymyz belledi.
Soňra ýurdumyzyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy M.Şamuhammedow ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutany ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda sazlaşykly ösüşi üpjün edýän özgertmeleri yzygiderli durmuşa geçirmegiň zerurdygyny belläp, gazanylan ösüşlere päsgelçilik berýän nogsanlyklara ýol berilmeli däldigini, munuň üçin bolsa ähli pudaklarda doly derejeli seljerme işlerini yzygiderli geçirmegi hem-de berk gözegçilik alyp barmagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmek boýunça şu ýylyň 11 aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri hem-de Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen komitetleriniň 29-njy noýabrda Aşgabatda geçirilen bilelikdäki mejlisiniň esasy netijeleri barada hasabat berdi.
Wise-premýeriň belleýşi ýaly, toplumy ösdürmegiň önümçilik we ykdysady görkezijileri 2010-njy ýylyň on bir aýynyň jemleri boýunça nebitiň, gaz kondensaty bilen çykarylyşynyň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 102,4 göterime deň boldy. Hasabat döwründe nebiti gaýtadan işlemegiň ösüş depgini hem 102,4 göterime barabar boldy. Şol döwürde tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşynyň ösüş depgini 111,9 göterime, «mawy ýangyjyň» daşary ýurtlara ugradylmagynyň ösüş depgini bolsa 121,1 göterime deň boldy. Hasabat döwründe dökünleriň ähli görnüşleriniň öndürilişiniň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 101,3 göterime barabar boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz pudagynda önümçilik görkezijileriniň oňyn ösüşe eýe bolandygyny kanagatlanmak bilen belläp, uglewodorod çig malyny, hususan-da, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän tebigy gazy çykarmagyň depginlerini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Döwletiň energetika syýasaty durmuşa geçirilende gaz pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny, şol sanda Aziýa sebitiniň ýurtlary bilen gatnaşyklary çuňlaşdyrmak we giňeltmek üçin bar bolan ähli mümkinçiliklerden doly peýdalanmak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara şu aýda Aşgabatda Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan (TOPH) gaz geçirijisini gurmagyň meseleleri boýunça döwlet we hökümet baştutanlarynyň gatnaşmagynda guraljak duşuşygy geçirmäge ýokary derejede taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Öňümizdäki duşuşygyň örän netijeli geçmegi we bu transaziýa gaz geçirijisiniň gurluşygyny çaltlandyrmagyň ýolunda täze ädim bolmagy üçin ähli meseleleriň üstünde jikme-jik işläp geçmek möhümdir diýip, milletiň Lideri aýtdy. Bu gaz geçirijisi diňe bir sebitleýin energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmak bilen çäklenmän, eýsem Aziýa yklymynyň ýurtlarynda ykdysady we durmuş-ýaşaýyş durnuklylygyny üpjün etmegiň möhüm şerti bolar.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň 11 aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle hem şu döwürde Türkmenistanyň daşary ýurtlarda geçirilen Medeniýet günleri we daşary ýurtlaryň biziň döwletimizde guralan Medeniýet günleri barada habar berdi. Ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň işi barada aýdylanda bolsa, gazetleriň we żurnallaryň sanynyň artandygy bellenildi. Wise-premýer şeýle hem döwlet Baştutanymyzy dekabr aýynda ýurdumyzda geçiriljek çäreleriň, şol sanda Goňşokara baýramy, Bitaraplyk güni we Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli guraljak dabaralaryň tertibi bilen tanyşdyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky Medeniýet günlerine we beýleki ýurtlaryň Türkmenistandaky Medeniýet günlerine taýýarlyk görmäge we geçirmäge degişli guramaçylyk meseleleriniň ählisiniň üstünde jikme-jik işlemegiň möhümdigine ünsi çekdi. Çünki, şeýle çäreler medeniýetara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, döwletleriň we halklaryň arasynda hyzmatdaşlygyň täze usullaryny ýola goýmaga we dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam edýär.
Milletiň Lideri şeýle hem öňümizdäki baýramçylyklar mynasybetli geçiriljek medeni çäreleri ýokary derejede guramak babatda anyk tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz baýramçylyk dabaralarynyň ählisiniň, her bir türkmen toýuna mahsus bolşy ýaly, şatlyk-şagalaňlylyk, myhmansöerlik ýagdaýynda geçirilmeginiň möhümdigini aýtdy. Munuň özi hemmeleriň—çagalaryň, ulularyň söýgüli baýramçylygy bolan Täze ýyl baýramçylygyna hem degişlidir. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara dürli çäreleriň maksatnamasynyň örän baý bolmagyny üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle hem täze ýyly garşylamak mynasybetli geçiriljek dabaralar täsirli bolmalydyr, seýilgähler we meýdançalar hakyky baýramçylyk lybasyna beslenmelidir diýip beldedi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyny mynasyp garşylamaga taýýarlyk işleriniň öz wagtynda geçirilmelidigini hem aýratyn belledi. Ýurdumyzyň bu esasy baýramy giň möçberli dabaralar bilen bellenilip geçilmelidir. Olar özleriniň çuň many-mazmunlylygy we gyzykly çärelere beslenenligi bilen ýatdan çykmajak täsir galdyrmalydyr. Baýramçylyk dabaralary bolsa türkmen halkynyň jebisligini we agzybirligini, onuň ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly barýandygyny, täze Galkynyş we beýik özgertmeler zamanasynyň ägirt uly döredijilik mümkinçiliklerini açyp görkezmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G. Mezilow şu ýylyň 11 aýynda ylym ulgamyndaky işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Häzirki wagtda türkmen alymlary ösen senagat ulgamly hem-de iň täze tehnologiýalara we dolandyryş boýunça awtomatiki usuldaky ulgama esaslanýan kuwwatly milli ykdysadyýetiň döredilmegine ýardam berilmegine gönükdirilen köp sanly ylmy barlaglary geçirýärler.
Milletiň Lideri döwletiň geljekde-de ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň meselelerine aýratyn üns berjekdigini hem-de alymlaryň öňünde ýurduň giň mümkinçiliklerini göz öňünde tutanyňda, dolulygyna amala aşyrylyp bilinjek täze we wajyp wezipeleri hem-de maksatlary goýjakdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňdebaryjy ylmy gazanylanlaryň ulanylmagynyň häzirki döwürde ýokary derejede ösen döwletleriň öňe tarap okgunly hereket etmeginiň hökmany şerti bolup durýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda ylmy has-da ösdürmek boýunça öňe sürlen başlangyçlar durmuş-ykdysady taýdan uly ähmiýete eýe bolup durýar diýip belledi.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Hazar deňzinde nebitgaz ulgamyna degişli taslamalar boýunça edilýän teklipleri seljermegiň häzirki zaman ylmy ýörelgelerini işläp taýýarlamak hem-de bu teklipleriň ylmy taýdan esaslandyrylmagyny üpjün etmek boýunça işiň netijeliligini artdyrmagy tabşyrdy. Milletiň Lideri G.Mezilowa wise-premýerler H.Saparlyýew we B.Hojamuhammedow bilen bilelikde deňizde geçirilýän ähli işlere yzygiderli gözegçilik etmegi hem-de bu işleriň ekologiýa howpsuzlygyna degişli ölçeglere dolulygyna laýyk gelmelidigini belledi we bu babatda halkara maslahatyny geçirmekligi çaltlandyrmagy tabşyrdy.
Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Şagulyýew şu ýylyň 11 aýynda özüniň gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk pudaklaryndaky işleriň netijeleri baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Şonda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, awtoulag, demir ýol, howa we deňiz ulaglary kärhanalarynda, telekommunikasiýalar ulgamynda esasy görkezijileriň oňyn ösüş depginine eýe bolandygy bellenildi. Hususan-da hasabat döwründe geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde ilata edilýän tölegli hyzmatlaryň 17,4 göterim we ulaglaryň ähli görnüşleri bilen ýolagçylary gatnatmak hyzmatlarynyň 14,3 göterim artandygy habar berildi. Şeýle hem wise-premýer döwlet Başutanyna Aşgabatda gurulýan täze telewizion minara üçin enjamlary satyn almak boýunça halkara bäsleşigini geçirmegiň netijeleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilen ulgamlarda gazanylan ykdysady görkezijileriň ulag we aragatnaşyk pudaklarynyň mümkinçiliginiň durnukly ýagdaýda pugtalandyrylýandygyna şaýatlyk edýändigini, döwletiň bu pudaklara ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan üstünlikli ösüşini üpjün etmekde möhüm ähmiýet berýändigini belledi. Şol bir wagtyň özünde milletiň Lideri ulagyň ähli görnüşlerinde ýolagçylary we ýükleri daşamak, şeýle hem aragatnaşygyň döwrebap görnüşleri boýunça teklip edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak bilen bagly meselelere berk gözegçilik edilmelidigine ünsi çekdi.
Döwlet Baştutany paýtagtymyzda gurulýan telewizion minara üçin enjamlary satyn almak barada degişli ýolbaşçylara uly möçberli maýa goýumly taslamanyň bellenilen möhletde amala aşyrylmagyny üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi we bu taslama milli telewideniýe arkaly görkezilýän gepleşikleri hil taýdan täze derejä ýetirmelidir diýip belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Saparlyýew gözegçilik edýän ulgamynda görkezilen döwürde alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Wise-premýer şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň mümkinçilikleri çäkli çagalara bilim, terbiýe bermek we lukmançylyk hyzmatlaryny amala aşyrmak üçin amatly şertleri döretmek barada beren tabşyrygyna laýyklykda welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri, pudaklaýyn ministrlikler we edaralar bilen bilelikde paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda 420 orunlyk saglygy dikeldiş merkezli mekdep-internatlary gurmak boýunça degişli taslamanyň taýýarlanandygyny habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp we degişli Karara gol çekip, görkezilen bu desgalaryň aýratyn ähmiýete eýedigini nygtady. Bu desgalar häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen çagalar baglaryny, mekdepleri, okuw we ýaşaýyş binalaryny, saglygy dikeldiş merkezini, dürli sport desgalaryny özünde jemlemelidir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Türkmenistanyň Baştutany Umumymilli «Galkynyş» hereketine girýän jemgyýetçilik guramalarynyň işleri bilen baglanyşykly meseleler barada aýratyn durup geçip, döwleti we jemgyýeti ösdürmegiň häzirki zaman wezipelerine laýyklykda olaryň işini işjeňleşdirmegi talap etdi. Jemgyýetçilik guramalary döwür bilen deň gadam urmalydyr, täze Galkynyş we beýik özgertmeler zamanasynyň özgertmeleriniň öň hatarynda bolmalydyr, olaryň many-mazmunyny we ähmiýetini giňden düşündirmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Ýaşlary watançylyk terbiýesine, türkmenistanlylaryň ýaş neslini ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmek işine giňden çekmek meselelerine aýratyn üns berilmelidir diýip, milletiň Lideri aýtdy.
Hökümetiň Baştutanynyň orunbasary M.Akmämmedow şu ýylyň 11 aýynyň netijeleri boýunça hasabat berip, ýurdumyzyň oba senagat toplumyndaky işleriň ýagdaýy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, şol sanda ekilen güýzlük galla ideg etmegiň, şeýle hem maldarçylyk hojalyklarynyň gyşa taýýarlanmagynyň barşy barada aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri barada durup geçip, bu pudakdaky özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin her bir meselä oýlanyşykly çemeleşilmelidigini, ýurdumyzyň oba senagat toplumyny ösdürmegiň örän uly mümkinçiliklerinden has netijeli peýdalanmak üçin ýerlerdäki işleriň ýagdaýyny jikme-jik öwrenmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutany oba hojalyk ulgamynyň düşewüntliligini ýokarlandyrmagyň möhüm şerti hökmünde oba senagat toplumyny dolandyrmagyň kämil usullaryny, döwrebap tehnologiýalary we ylymda gazanylanlary iş ýüzünde ornaşdyrmagyň, oba hojalygyna degişli ähli düzümleriň ösüşini höweslendirmegiň wajyp ähmiýete eýedigini nygtady. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň bagy-bossanlyga öwrülmegi, hususan-da, köpçülikleýin täze nahallaryň ekilmegi boýunça anyk tabşyryklary berdi.
Mejlisiň barşynda ýurdumyzyň durmuşyna degişli beýleki meseleleriň hem birnäçesine garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň jemini jemläp we käbir möhüm meseleler barada durup geçip, Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň ýokary derejedäki mejlisine gatnaşandygyna ýygnananlaryň ünsüni çekdi. Biziň ýurdumyz mejlisde bu Guramanyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça başlangyçlaryň birnäçesi bilen çykyş etdi diýip, milletiň Lideri aýtdy. Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynda agza bolmak bilen, onuň işine ýakyndan gatnaşmak biziň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolupdy we şeýle bolmagynda hem galýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Biz bu Guramanyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerini aýdyň görýäris. Aýratyn-da, soňky ýyllarda bu ugurdaky öňe gidişliklere ýokary baha berýäris diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdirdi. Häzirki döwürde ÝeHHG-niň öňünde durýan wezipeler onuň işini dünýäde bolup geçýän özgerişlere laýyklykda mundan beýläk-de kämilleşdirmekden, bu Guramanyň bölümlerini hem-de edaralaryny döwrüň talaplaryna laýyklykda oýlanyşykly özgertmekden ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň bu ugurda alnyp barylýan işlere ýakyndan gatnaşmaga taýýardygyny aýtdy. ÝeHHG-ni özgertmek boýunça geçirilýän işleriň manysyny bu Guramanyň dünýädäki ornunyň ýokarlandyrylmagynda, onuň ägirt uly mümkinçiliklerini ileri tutulýan ugurlara we häzirki döwrüň ählumumy ösüşiniň anyk wezipelerini çözmäge gönükdirmekde görýäris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Biziň döwletimiziň içeri syýasaty barada aýdanymyzda bolsa, Konstitusiýamyza laýyklykda ýurdumyzda demokratik özgertmeleriň gerimini giňeltmek, hususy telekeçiligi giňden goldamak hem-de garaşsyz köpçülikleýin habar beriş serişdelerini döretmek boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Türkmenistanda eýýäm hususy gazet çap edilip başlandy, ýakyn günlerde bolsa, hususy żurnaly neşir etmäge hem taýýarlyk görülýär.
Soňra döwlet Baştutanymyz 5-nji dekabrda ýurdumyzda örän möhüm syýasy çäräniň — welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlarynyň geçiriljekdigini aýdyp, öň geçen saýlawlar ýaly, bu saýlawlaryň hem alternatiw esasda, demokratik, doly bäsleşik, açyklyk we aýdyňlyk ýörelgelerine laýyklykda geçiriljekdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda milletiň Lideri Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak üçin bu Topara abatlanylan, welaýat saýlaw toparlary bilen elektron aragatnaşygy ýola goýlan, kompýuterler bilen enjamlaşdyrylan, ähli zerur gulluklar bilen üpjün edilen binanyň ulanmaga berlendigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, saýlawlara ýerli synçylardan başga-da, daşary ýurtly synçylaryň hem çagyrylandygyny habar berdi. Milletiň Lideri geçiriljek bu saýlawlaryň ýurdumyzda demokratik özgertmeleriň täze bir tapgyry hökmünde biziň jemgyýetimiziň durmuşynda halk häkimiýetiniň ýörelgeleriniň giňden ornaşdyrylmagynyň ýolunda nobatdaky möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň içeri syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary barada durup geçip, onuň, öňküsi ýaly, ilatymyzyň ýokary ýaşaýyş-durmuş derejesini üpjün etmäge gönükdirilendigi bilen häsiýetlenýändigini aýtdy. Milletiň Lideri ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösýändigini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga niýetlenen maksatnamalaryň ählisiniň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini kanagatlanmak bilen belläp, şu döwürde jemi içerki önümiň möçberiniň 7 göterimden gowrak ösendigini we bu görkezijiniň mundan beýläk-de artmagyna garaşylýandygyny belledi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ösüşiň ýokary depgini saklanyp galýar.
Ýurdumyzyň Döwlet býujeti hem, öňküsi ýaly, girdejili bolmagynda galýar. Häzirki döwürde Döwlet býujetiniň girdejileriniň möçberi onuň çykdajylaryndan ep-esli artýar. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ykdysadyýetimize goýlan maýa goýumlarynyň möçberi hem 115 göterime barabar boldy. Ilatymyzyň zähmet haklarynyň möçberi hem 112,4 göterim köpeldi. Kabul edilen meýilnamalara laýyklykda göz öňünde tutulan senagat desgalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, söwda merkezleriniň hem-de beýleki köp sanly desgalaryň ählisi gurlup, ulanmaga berildi.
Biz geljek üçin gowy Döwlet býujetini kabul etdik diýip pikir edýärin diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Halkymyzyň şu ýylda çeken yhlasly, tutanerli zähmetiniň netijesinde gazanylan üstünlikler täze ýylda Döwlet býujetiniň çykdajy bölegini 28,3 göterim ýa-da 5 milliard amerikan dollaryna golaý möçberde artdyrmaga mümkinçilik berdi. Gazanylan bu netijeler bolsa «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň», halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen beýleki möhüm maksatnamalaryň çäklerinde amala aşyrylýan, ýurdumyzyň medeni-durmuş ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri has çaltlandyrmaga hem-de döwletimiziň ykdysadyýetini yzygiderli ösdürmäge mümkinçilik berer.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, täze ýylda bilim ulgamynda özgertmeleri amala aşyrmaga 741 million amerikan dollary möçberdäki serişdeler gönükdiriler. Bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende 18,5 göterim köpdür. Saglygy goraýyş ulgamyna 245 million amerikan dollary möçberdäki serişdeler gönükdirilip, bu ulgama goýberilýän serişdeleriň möçberi 20,7 göterim ýokarlanar. Medeniýet ulgamyna hem 84 million amerikan dollary goýberilip, bu ulgama gönükdirilýän maýa serişdeleriniň möçberi 23,2 göterim artar. 2011-nji ýylda döwlet durmuş üpjünçilik ulgamyna 724 million amerikan dollary möçberdäki serişdeleri gönükdirmek göz öňünde tutulýar, bu bolsa geçen ýyldaky görkeziji bilen deňeşdirilende 35,4 göterim ýokarydyr. Täze ýylda ýurdumyzda pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň möçberlerini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak üçin hem köp möçberde maýa serişdelerini goýbermek göz öňünde tutulýar.
Döwlet Baştutanymyz milli energetika ulgamy barada durup geçip, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek baradaky syýasatyň hem meýilnamalara laýyklykda amala aşyrylýandygyny aýtdy. Mysal üçin, 28-nji noýabrda Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda kuwwatly gaz geçiriji işe girizildi. Bu gaz geçiriji ýakyn wagtlarda «mawy ýangyjyň» Eýrana eksport edilýän möçberlerini 20 milliard kub metre çenli ýetirmäge we tebigy gazy beýleki ýurtlara-da ibermäge mümkinçilik berer. Şu aýda «Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan» gaz geçirijisini gurmak baradaky resminamalara hem gol çekmegi göz öňünde tutýarys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Munuň özi türkmen döwletiniň energetika syýasatyny iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň ýolunda ýene-de bir möhüm ädim bolar.
Şu geçirilýän işleriň netijesinde biz dünýä ykdysady çökgünligi döwründe ýurdumyzyň tebigy gazy eksport etmek boýunça pese düşen mümkinçiliklerini ýakyn wagtlarda diňe bir öňki derejesine çykarmak bilen çäklenmän, eýsem tebigy gazyň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini has-da artdyrarys diýip pikir edýärin diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Milletiň Lideriniň bu sözleri şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk, abadançylyk, alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.
referans:www.turkmenistan.gov.tm