17.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Stambul Şӓherinde Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 20 Ýyllygy Mynasybetli Ylmy Maslahat Geçirildi

2015-nji ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasynyň Stambul şӓherindӓki Baş konsullygy tarapyndan “Hilton Stambul Bosfors” myhmanhanasynda 2015-nji ýylyň “Bitaraplyk we Parahatçylyk” ýyly diýilip yglan edilmegi şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 20 ýyllygy mynasybetli ylmy maslahat geçirildi.

Maslahata Baş konsullygyň diplomatlary, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň prorektory Baba Saryýew, Stambul şӓheriniň hӓkimi Wasip Şahin, welaýat hӓkiminiň orunbasary Erman Tunjer, Türkiýӓniň Daşary işler ministrliginiň Stambul bölüminiň ýolbaşçysy Ilçi Kenan Ipek şeýle hem Stambul şӓherinde ýerleşen daşary ýurtlaryň Baş konsullary we Halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Ylmy maslahatyň dowamynda, Stambul şӓheriniň hӓkimi Wasip Şahin, Welaýat hӓkiminiň orunbasary Erman Tunjer, Türkiýӓniň Daşary işler ministrliginiň Stambul bölüminiň ýolbaşçysy Ilçi Kenan Ipek, Özbegistan Respublikasynyň Baş konsuly Gulýamow Abror, Azerbaýjan Respublikasynyň Baş konsuly Zeýnalow Hasan we Slowakiýa Respublikasynyň Baş konsuly Jofer Sestak dagylar çykyş etmek bilen, 2015-nji ýylyň Türkmenistanda “Bitaraplyk we Parahatçylyk” ýyly diýilip yglan edilmegi şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 20 ýyllygy mynasybetli gutladylar.

Mundan başgada hӓzirki wagtda okgunly ösýӓn türkmen-türk gatnaşyklarynyň netijeliligi köp babatda iki halkyň taryhy-medeni gatnaşyklary we ruhy umumylygy bilen berk baglaşan dostlukly halklaryň özara düşünişmeginiň we ynanyşmagynyň ýokary derejesi bilen şertlendirilendigi, Türkmenistan we Türkiýe köp asyrlyk doganlyk dӓplerine ygrarlydyklaryny görkezýӓndiklerini, bilelikdӓki işiň baý tejribesini, milli ykdysadyýetleriň ӓgirt uly kuwwatyny we üstünliklerini nazara almak bilen, döwletara hyzmatdaşlygy hil taýdan tӓze derejelere  çykaryljakdygy barada bellenilip geçildi.   

Şeýle hem bu çӓrӓ gatnaşanlara türkmeniň dӓp-dessuryna görӓ duz tagamlary hödür edildi. 

Degişli makalalar

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti Wezipesine Dalaşgärlige Bellige Alyndy

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Mejlisinde duşuşyk

syrach

Türkmenistan Kataryň Ulag-Logistika Kompaniýalaryny Bilelikde Işlemäge Çagyrdy