Paýtagtyň “Watan” we “Türkmenistan” kinokonsert merkezlerinde, her ýylda däp bolşy ýaly, tomusky dynç alyş möwsüminiň öňisyrasynda şäheriň Medeniýet müdirliginiň Çagalar sungat mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bu mekdepleriň okuwçylary hasabat saz konserti bilen çykyş etmek bilen, tomaşaçylara bir okuw ýylynyň dowamynda alan endiklerini we bilimlerini görkezýärler.
Saz konsertleriniň möwsümi 1937-nji ýylda döredilen we zehinli sazandarlaryň birnäçe neslini ýetişdiren ýurduň iň baýry mekdepleriň biri bolan 1-nji Çagalar sungat mekdebiniň okuwçylarynyň çykyşy bilen açyldy. Soňra olaryň köpüsi ýurduň halk we at gazanan artistleri diýen hormatly atlara mynasyp boldular. Mekdebiň bu günki şägirtleri hem öz halypalarynyň mysalynda ösüp ýetişýärler. Ýylyň dowamynda okuwda gowy netijeleri görkezip, okuwçylar jemleýji konsertde örän gowy çykyş etdiler. Olaryň çykyşlary tomaşaçylar üçin milli we daşary ýurt saz dünýäsine örän gyzykly syýahat hökmünde boldy.
Bu günlerde 3-nji we 4-nji ÇSM okuwçylarynyň öz konsertini Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlap eden çykyşlary aýratyn tapawutlandy. Paýtagtyň bu ýaş mekdepleri şu ýyl özüniň döredilmeginiň ilkinji ýubileý 5 ýyllyk toýuny bellediler. Mekdebiň döredilmeginiň bäş ýyllyk toýuny Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2010-njy ýylyň 1-nji aprelinde kabul eden Karary esasynda ýurt boýunça esaslandyrylan beýleki ÇSM okuwçylary hem garşyladylar.
Paýtagtyň 2-nji çagalar sungat mekdebi hem hasabat saz konsertini taýýarlady. Bu mekdebiň çykyşy maý aýynyň ahyrynda bolup, ol Çagalary goramagyň Bütindünýä gününe bagyşlanar. 1983-nji ýylda döredilen bu mekdep saz ugrundan zehinlileriň baýry merkezi bolup, olaryň köpüsi döredijilik ýolunda ykrar edilip, ýokary derejelere ýetdiler.
Umuman, paýtagtyň ÇSM dördüsiniň okuwçylarynyň ajaýyp çykyşlary türkmen we dünýä ajaýyp saz eserlerinden, halk sazlaryndan we mukamlaryndan, häzirki zaman kompozitorlaryň eserlerinden ybaratdyr. Olardan Nury Halmämmedowy, Çary Nurymowy, Aman Agajykowy, Durdy Nuryýewi, şeýle hem E.Grigi, W.Mosarty, F.Şopeni, A.Haçaturýany we beýleki awtorlary görkezmek bolar. Konsertleriň her biri onlarça sany öz içine alýar, saz dünýäsiniň ýatdan çykmajak jadylaýjy dünýäsine gaplap alýar.