8.9 C
Aşkabat
26.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidenti Jenap

Serž Sargsýan,
Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti:

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 70 ýyllygy– hemmämiz üçin beýik we mukaddes baýramçylyk bilen tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul ediň.

Faşizm bilen bolan göreşde deňsiz-taýsyz gahrymançylyk görkezip, häzirki we geljekki nesiller üçin nusgalyk mekdebe öwrülen adamlar Ermenistanda we Türkmenistanda çuňňur hormat bilen ýatlanylýar.

Uruş ýyllarynda  halklarymyzyň görkezen dostlugynyň we birek-birege eden goldawynyň mundan beýläk-de  ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň yzygiderli ýola goýulmagy üçin pugta binýat bolup hyzmat etjekdigine ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa abadançylyk we gülläp ösüş arzuw edýärin.

*** 

Mahmud Abbas,
Palestina döwletiniň Prezidenti: 

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz! 

 Palestina döwletiniň we halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňizi we Türkmenistanyň halkyny Ýeňiş güni  bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. 

Biziň ýurtlarymyzyň arasynda ýola goýlan pugta dostluk gatnaşyklaryna buýsanç duýgulary bilen, bu gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynanýaryn we Size hem-de tutuş türkmen halkyna gülläp ösüş, rowaçlyk arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz,  tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy,  berk jan saglyk we bagt baradaky arzuwlarymy kabul ediň. 

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentine Mähirli Gutlaglar

syrach

Ýurdumyzyň Futzal Boýunça Naýbaşy Ligasy Ýaýbaňlandyrylar

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga Gol Çekdi