6.9 C
Aşkabat
25.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidenti Şagryýet Güni Mynasybetli Gutlaglary Kabul Etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyndan, Ministrler Kabinetiniň Bşlygynyň orunbasarlaryndan, şeýle hem ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryndan ýurdumyzda giňden bellenilýän Konstitusiýa we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli gutlaglary kabul etdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň Baş Kanunynyň kabul edilen gününi we dünýä belli şahyr, XVIII asyrda Gündogaryň görnükli akyldary Magtymguly Pyragynyň şygryýetine hormat goýulýan pursatlary özünde jemleýän bu ählihalk baýramy türkmen halkynyň pederlerimiziň beýik mirasyna, Konstitusiýada öz beýanyny tapan üýtgewsiz gymmatlyklara bolan hormat-sarpasyny alamatlandyrýar.

Her ýylyň 18-nji maýynda ýurdumyzda giňden we dabaraly bellenilýän bu goşa baýram türkmen halkynyň Garaşsyz, erkin döwlet baradaky köp asyrlyk arzuwynyň hasyl bolandygyny, milletiň bitewiligini, onuň belent ruhunyň galkynmagyny özünde jemleýär. Bu asylly ýörelgeleri öz  goşgularynda beýan edip, halky agzybirlige çagyran Magtymguly Pyragynyň kalbynyň  aýdymyna öwrüldi. Indi 300 ýyla golaý wagt bäri dünýäniň halklary tarapyndan çuňňur hormat goýulýan beýik akyldaryň wesýetleri    nesillere watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň we beýik ahlagyň nusgalyk mekdebi bolup hyzmat edýär. 

Hoşniýetli gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Konstitusiýa we Magtymgulynyň şygryýet gününiň ägirt uly ähmiýetiniň bardygyny belledi. Munuň özi dost-doganlyk ýörelgelerine ygrarly pederlerimiziň wesýetlerine wepalylygyň nyşany bolmak bilen çäklenmän, eýsem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne gadam goýan türkmen döwletiniň täze taryhynda gazanan ýeňişleriniň aýrylmaz nyşanyna öwrüldi. 

Bellenilişi ýaly, döwletimiziň we jemgyýetimiziň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşi ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli milli özgertmeler maksatnamasynyň we durmuş-ykdysady strategiýasynyň anyk netijesidir. Bu bolsa özüniň saýlap alan döredijilik we ösüş ýolunda bedew bady bilen ynamly gadam urýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň sazlaşykly ösüşini üpjün edýär.

Umumy ykrar edlen halkara hukuk kadalaryna we halk häkimliliginiň köp asyrlyk ýörelgelerine, türkmen halkynyň parahatçylyk, ynsanperwerlik we adalatlylyk hakyndaky gadymy beýik esaslaryna laýyklykda kämilleşdirilýän  Konstitusiýanyň düzgünlerine eýermek arkaly şu ýyllaryň dowamynda biz ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we abadançylygyň maksatlaryna hemmetaraplaýyn laýyk gelýän işjeň syýasaty yzygiderli durmuşa geçirýäris dýiýip, döwlet Baştutanymyz belledi we munuň özi özygtyýarly türkmen döwletiniň dünýä giňişligindäki abraýynyň mundan beýläk-de ýokarlanmagyny şertlendirdi.

Türkmenistanyň Konstitusiýsynyň täze taslamasyny taýýarlamaga örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn girişmegiň zerurdygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iň ýokary gymmatlyk adam, onuň bagtyýarlygy, abadançylygy diýlip yglan edilen ýurdumyzyň Esasy  Kanuny kanuny ýörelgeleriň berk berjaý edilýän demokratik döwletinde raýatlara parahatçylykly we döredijilikli durmuşy kepillendirmelidir.

Bu ýere ýygnananlary ýetip gelýän baýramçylyk bilen ýene bir ýola gutlap we olara mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw edip, milli Liderimiz şu günler tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan dabaralaryň täze taryhy eýýamyň belent maksatlaryna tarap ynamly gadam urýan mähriban halkymyzyň durmuşyny has-da nurlandyrmalydygyny belledi. 

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Daşkentdäki Çempionatda Ökdeler Öňe Saýlanýar

Türkmenistanyň Prezidenti: Dünýäde Ulag Ulgamyndaky Meseleleriň Çözgüdini Tapmakda Tagallalaryň Birleşdirilmeginiň Zerurdygyna Düşünmek Derejesi Ýokarlanýar